Ebedi söz jan-ten bolýar
1:1 Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. 2 Ol ozal-başda Hudaýdady. 3 Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. 4 Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň nurudy. 5 Bu nur garaňkylykda parlaýandyr, garaňkylyk ony öçürip bilen däldir.
6 Hudaý tarapyndan iberilen bir adam bardy, onuň ady Ýahýady. 7 Ol güwälik etmäge, hemmeleriň özi arkaly iman etmegi üçin Nur hakda güwälik etmäge gelipdi. 8 Onuň özi nur däldi, ol diňe nur hakda güwälik etmelidi. 9 Ähli ynsanlary ýagtylandyrýan hakyky nur dünýä geldi.
10 Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady. 11 Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler. 12 Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hukugyny berdi. 13 Olar gandan, bedeniň islegi bilen ýa-da adamyň islegi bilen dogulman, eýsem, Hudaýdan doguldylar.
14 Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady; biz Onuň şöhratyny, Atasynyň ýalňyz Oglunyň merhemetden, hakykatdan doly şöhratyny gördük.
15 Ýahýa Ol hakda güwä geçip gygyrdy: «Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýenim, ine, Şudur». 16 Onuň dolulygyndan biziň hemmämiz merhemet üstüne merhemet aldyk. 17 Çünki Musa arkaly Mukaddes Kanun berildi, Isa Mesih arkaly bolsa merhemet we hakykat peýda boldy. 18 Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Ony bize Atasynyň gujagynda bolan ýalňyz Ogly tanatdy.
Çokundyryjy Ýahýa
19 Ýehudylar Iýerusalimden ruhanylary, lewileri iberip, Ýahýadan: «Sen kim?» diýip soranlarynda, onuň güwäligi şeýle boldy. 20 Ol ykrar etdi, inkär etmedi. «Men Mesih däl» diýip ykrar etdi. 21 Onsoň olar: «Onda, sen Ylýasmy?» diýip soradylar. Ol: «Ýok» diýdi. «Şol geljek pygambermi?» diýdiler. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi. 22 «Onda sen kim? Biz özümizi bu ýere ýollanlara näme jogap bereli, sen özüň hakda näme diýýärsiň?» diýip soradylar. 23 Ýahýa: «Men, Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly, Rebbiň ýoluny dogrulaň diýip, çölde gygyrýanyň sesi» diýdi. 24 Iberilen adamlar fariseýlerdendiler. 25 Olar ondan: «Eger sen Mesih, Ylýas ýa-da şol pygamber däl bolsaň, onda näme üçin çokundyrýarsyň?» diýip soradylar. 26 Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Men suw bilen çokundyrýaryn, ýöne siziň araňyzda biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz. 27 Menden soňra geljek Şoldur. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin».
28 Bu Iordan derýasynyň aňyrsynda, Beýtaniýada, Ýahýanyň çokundyrýan ýerinde boldy.
Hudaýyň guzusy
29 Ertesi gün Ýahýa özüne tarap gelýän Isany görüp: «Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusydyr» diýdi. 30 Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýip aýdanym, ine, Şudur. 31 Men Ony tanamaýardym, ýöne Ol Ysraýylda aýan bolsun diýip, suw bilen çokundyrmaga geldim». 32 Ýahýa güwä geçip, şeýle diýdi: «Men Ruhuň Gökden kepderi ýaly inip, Onuň üstünde duranyny gördüm. 33 Men Ony tanamaýardym, ýöne meni suw bilen çokundyrmaga ýollan Hudaý maňa Ruhuň inip, kimiň üstünde duranyny görseň, Mukaddes Ruh bilen çokundyrjak Şoldur diýdi. 34 Men görüp, Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýat boldum».
Isanyň ilkinji şägirtleri
35 Ertesi gün Ýahýa ýene öz şägirtleriniň ikisi bilen durdy. 36 Ol gezip ýören Isany görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýdi. 37 Onuň aýdanlaryny eşiden iki şägirt Isanyň yzyna eýerdi. 38 Isa yzyna garap, arkasyndan gelýänleri gördi we olara: «Näme gözleýärsiňiz?» diýdi. Olar Ondan: «Mugallym, Sen nirede ýaşaýarsyň?» diýip soradylar. 39 Isa olara: «Geliň, görüň» diýdi. Olar baryp, Isanyň nirede ýaşaýanyny gördüler we şol gün Onuň ýanynda galdylar. Gündiz sagat dördüň töweregidi. 40 Ýahýanyň aýdanlaryny eşidip, Isanyň yzyndan giden iki adamyň biri Simun Petrusyň dogany Andreasdy. 41 Ol ilki öz dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi (ýagny Hristosy) tapdyk» diýdi. 42 Ony Isanyň ýanyna alyp bardy. Isa oňa garap: «Sen ― Ionanyň ogly Simun. Seniň adyň Kefas (terjime edilende Petrus, ýagny Gaýa diýmekdir) bolar» diýdi.
43 Ertesi gün Isa Jelilä gitjek bolup, Filipusy tapdy, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. 44 Filipus hem Andreas we Petrus ýaly Betsaýda şäherindendi. 45 Filipus Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň kanunynda, pygamberleriň ýazgysynda ýazylan Ýusubyň ogly nasyraly Isany tapdyk» diýdi. 46 Natanaýel oňa: «Nasyradan oňly zat çykarmyka?» diýdi. Filipus hem oňa: «Gel-de, gör» diýdi. 47 Isa Natanaýeliň Özüne tarap gelýänini görüp, ol hakda: «Ine, hilesiz, hakyky ysraýylly» diýdi. 48 Natanaýel Oňa: «Sen meni nireden tanaýarsyň?» diýdi. Isa oňa: «Filipus seni çagyrmazyndan öň, men seni injir agajynyň aşagyndakaň gördüm» diýip jogap berdi. 49 Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň, Sen Ysraýylyň Patyşasysyň» diýdi. 50 Isa oňa: «Seni injir agajynyň aşagyndakaň gördüm diýip aýdanym üçin Maňa iman edýärsiňmi? Sen mundan uly zatlary görersiň» diýdi. 51 Onsoň oňa şeýle diýdi: «Men size, hakykatdan-da, dogrusyny aýdýaryn, mundan beýläk siz Gögüň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň üstüne inip-çykyşyny görersiňiz».
Isanyň ilkinji mugjyzasy
2:1 Şondan iki gün soň, Jeliläniň Kana şäherinde nika toýy boldy. Isanyň ejesi-de şol ýerdedi. 2 Isa we Onuň şägirtleri-de toýa çagyrylypdylar. 3 Şerap ýetmezlik edende, Isanyň ejesi Oňa: «Şeraplary ýok» diýdi. 4 Isa oňa: «Eý hatyn, Meniň işimiň saňa näme dahyly bar? Meniň wagtym entek gelip ýetenok» diýdi. 5 Ejesi hyzmatkärlere: «Size näme diýse, şony ediň» diýdi. 6 Şol ýerde ýehudylaryň täret kylmak üçin ulanylýan, her biri iki ýa üç ölçeg tutýan alty sany daşdan ýasalan suw küýzesi bardy. 7 Isa hyzmatkärlere: «Küýzeleri suw bilen dolduryň» diýdi. Olary agyzlaryna çenli doldurdylar. 8 Onsoň hyzmatkärlere: «Indi şulardan guýup, toýuň guramaçysyna äkidiň» diýdi. Olar hem äkitdiler. 9 Toýuň guramaçysy şeraba öwrülen suwy dadyp görende, onuň nireden gelenini bilmän, (muny diňe suw guýan hyzmatkärler bilýärdi) öýlenýän ýigidi çagyryp, oňa şeýle diýdi: 10 «Her kes öňi bilen gowy şeraby, köp içenlerinden soň bolsa erbedini berýändir, emma sen gowy şeraby henize çenli saklap goýupsyň».
11 Şeýlelikde, Isa ilkinji alamatyny Jeliläniň Kana şäherinde ýüze çykaryp, Öz şöhratyny görkezdi. Şägirtleri Oňa iman etdiler. Isa söwdegärleri ybadathanadan kowýar.
12 Şondan soň Isa ejesi, doganlary we şägirtleri bilen Kapernauma gitdi. Ol ýerde birki gün galdylar. 13 Ýehudylaryň Pesahy ýakynlaşanda, Isa Iýerusalime gitdi. 14 Ol ybadathanada sygyr, goýun, kepderi satýanlary, pul çalşyp oturanlary gördi. 15 Ýüpden bir dürre örüp, goýunlardyr sygyrlary bilen birlikde baryny ybadathanadan kowdy, pul çalyşýanlaryň pullaryny dökdi, öňlerindäki tekjelerini ýykdy. 16 Kepderi satýanlara: «Bulary bu ýerden äkidiň, Atamyň öýüni dükana öwürmäň» diýdi. 17 Şonda şägirtleriň ýadyna Mukaddes Ýazgydaky «Seniň öýüňe bolan yhlasym Meni iýer» diýlen sözler düşdi.
18 Ýehudylar garşy çykyp, Ondan: «Sen şeýle etmäge ygtyýaryň barlygyna bize näme alamat görkezersiň» diýip soradylar. 19 Isa olara: «Siz şu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günüň içinde dikelderin» diýip jogap berdi. 20 Ýehudylar Oňa: «Bu ybadathana kyrk alty ýylda salyndy, Sen ony üç günde dikeldersiňmi?» diýdiler. 21 Ýöne Isa ybadathana diýip, Öz bedenine aýdýardy.
22 Isa direlenden soň, şägirtleri Onuň aýdanyny ýatlap, Ýazga, Isanyň sözlerine iman etdiler. 23 Pesah baýramynda Iýerusalimdekä Isanyň görkezen alamatlaryny görenleriň köpüsi Onuň adyna iman etdiler. 24 Emma Isa ähli adamlary tanaýanlygy üçin, olara Özüni ynanmaýardy. 25 Ol adam babatda hiç kimiň güwäligine mätäç däldi, çünki ynsanda näme bardygyny Özi bilýärdi.
Isa bilen Nikodimos
3:1 Fariseýleriň arasynda Nikodimos atly bir adam bardy, ol ýehudylaryň başlyklaryndandy. 2 Bu adam gijäniň içinde Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Mugallym, biz Seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris, çünki Hudaý Özi bilen bolmasa, hiç kim Seniň görkezen alamatlaryňy görkezip bilmez». 3 Isa oňa: «Hakykatdan-da, saňa dogrusyny aýdýaryn, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi. 4 Nikodimos Oňa: «Garran adam gaýtadan nähili doglup biler? Ol ýene-de enesiniň göwresine girip doglup bilermi?» diýdi. 5 Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, suwdan we ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyna girip bilmez. 6 Bedenden doglan bedendir, ruhdan doglan ruhdur. 7 Saňa gaýtadan dogulmalysyňyz diýýänime geň galma. 8 Ýel islän ýerinde öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Ruhdan doglanlaryň ählisi hem şeýledir». 9 Nikodimos Ondan: «Bu nähili bolup biler?» diýip sorady. 10 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolup-da, bulary bilmeýärsiňmi?
11 Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny diýýärin, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize güwä geçýäris, ýöne siz biziň güwäligimizi kabul etmeýärsiňiz. 12 Meniň ýerdäki zatlar barada aýdýanlaryma ynanmasaňyz, onda Gökdäki zatlar barada aýtsam, nähili ynanarsyňyz? 13 Hiç kim Göge çykan däldir; oňa diňe Gökden inen we Gökde bolan Ynsan Ogly çykandyr. 14 Musanyň çölde ýylany ýokaryk galdyryşy ýaly, Ynsan Ogly-da ýokaryk galdyrylmalydyr. 15 Şeýlelikde, Oňa ynanýanlaryň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowşar. 16 Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi. 17 Hudaý Ogluny dünýäni höküm etsin diýip däl-de, eýsem, dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. 18 Oňa ynanýan höküm edilmez, ynanmaýan bolsa, Hudaýyň ýekeje Oglunyň adyna iman etmeýänligi üçin eýýäm höküm edilendir. 19 Höküm şundan ybarat: dünýä nur indi, ýöne adamlar garaňkylygy nurdan gowy gördüler, çünki olaryň işleri ýamanlykdy. 20 Şer iş edýän nury ýigrenýändir, ol işleriniň äşgär bolmazlygy üçin nura gelýän däldir. 21 Emma hak iş edýän işleriniň Hudaý arkaly edilýändigi äşgär bolsun diýip nura gelýändir».
Isa bilen Çokundyryjy Ýahýa
22 Şundan soň Isa şägirtleri bilen Ýahuda ülkesine gidip, birnäçe wagtlap olar bilen şol ýerde galyp çokundyrdy. 23 Ýahýa hem Salymyň golaýyndaky Enonda çokundyrýardy, çünki ol ýerde suw boldy, adamlar hem baryp çokundyrylýardylar. 24 Çünki Ýahýa entek zyndana atylmandy.
25 Ýahýanyň şägirtleri bilen käbir ýehudylar arasynda täret meselesinde jedel çykdy. 26 Olar Ýahýanyň ýanyna gelip: «Mugallym, Iordanyň aňyrsynda seniň ýanyňda bolan, seniň güwälik eden adamyň, ine, çokundyrýar, hemmeler Oňa barýarlar» diýdiler. 27 Ýahýa olara jogap berip, şeýle diýdi: «Adam Gökden berilmedik hiç bir zady alyp bilmez. 28 „Men Mesih däl, ýöne Ondan öň iberildim" diýenime siziň özüňiz şaýatsyňyz. 29 Kimiň gelinligi bar bolsa, ol giýewdir. Emma giýewiň dosty onuň ýanynda durup, sesini eşidip, onuň owazyna gaty şatlanýandyr. Meniň bu şatlygym-da häzir ýerine ýetdi. 30 Ol beýgelmelidir, men peselmelidirin. 31 Ýokardan gelen hemmeden ýokarydyr. Ýerden bolan ýeriňkidir, ýerdäkiler ýaly gepleýändir. Gökden gelen hemmeden ýokarydyr. 32 Ol görenine, eşidenine güwälik edýär, ýöne Onuň güwäligini hiç kim kabul etmeýär. 33 Emma Onuň güwäligini kabul eden Hudaýyň hakykatdygyny tassyklaýandyr. 34 Çünki Hudaý tarapyn Ýollanan Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Ruhy ölçeg bilen bermeýär. 35 Ata Ogly söýýär we Ol ähli zady Onuň eline berendir. 36 Ogla iman eden ebedi ýaşar. Ogla iman etmedik ýaşaýyş görmez, Ol Hudaýyň gazabyna sezewar bolar».
Isa bilen samariýaly aýal
4:1 Ýahýa garanda, Özüniň köp şägirt edinenligi we çokundyrýanlygy barada fariseýlere habar ýetendigini Isa bildi. 2 (Hakykatda, Onuň Özi däl-de, şägirtleri çokundyrýardy.) 3 Ýahudany terk edip, Ol ýene Jelilä gitdi. 4 Onuň Samariýadan geçmegi gerekdi. 5 Şeýlelikde, Ol Ýakubyň öz ogly Ýusuba beren ýeriniň golaýyndaky Samariýanyň Sihar diýen şäherine geldi. 6 Bu ýerde Ýakubyň guýusy bardy. Ýol ýöräp ýadan Isa guýynyň başynda oturdy; günortana golaýdy. 7 Samariýaly bir aýal suw çekmäge geldi. Isa oňa: «Maňa içmäge suw bersene» diýdi. 8 Isanyň şägirtleri iýmit satyn almak üçin şähere gidipdiler. 9 Samariýaly aýal Oňa: «Sen ýehudy bolup, men samariýaly aýaldan içmäge suwy nähili dileýärsiň?» diýdi. Çünki ýehudylar samariýalylar bilen gatnaşyk etmeýärdiler. 10 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Hudaýyň peşgeşiniň nämedigini, özüňe „Maňa içmäge suw ber" diýýäniň kimdigini bilsediň, onda suwy seniň özüň Ondan dilärdiň, Ol-da saňa dirilik suwuny bererdi». 11 Aýal Oňa şeýle diýdi: «Eý Aga, Seniň suw çeker ýaly gowaň ýok, guýy-da çuň, dirilik suwuny nireden aljak?
12 Bu guýyny bize beren, mundan özi-de, çagalary we dowarlary-da suw içen atamyz Ýakupdan Sen ulumy?» 13 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Bu suwdan içen ýene-de suwsar. 14 Ýöne Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz, tersine, Meniň oňa berjek suwumyň içinde ebedilik ýaşaýyş çeşmesi bolar». 15 Aýal Oňa: «Eý Aga, maňa şol suwdan bersene, suwsamaýyn, suw çekmäge bu ýere gelmäýin» diýdi. 16 Isa oňa: «Onda, git-de, äriňi çagyryp gel» diýdi. 17 Aýal Oňa: «Meniň ärim ýok» diýdi. Isa-da oňa: «Ärim ýok diýip, dogry aýtdyň. 18 Seniň bäş äriň bardy, ýöne häzirkiň öz äriň däl, muny dogry aýtdyň» diýdi. 19 Aýal Oňa şeýle diýdi: «Eý Aga, görýärin welin, Sen pygamber öýdýän. 20 Biziň atalarymyz şu dagda sežde etdiler, ýöne siz ýehudylar, sežde edilmeli ýer Iýerusalimdedir diýýärsiňiz». 21 Isa oňa şeýle diýdi: «Naçar, Maňa ynan, wagt geler, Ata ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde edersiňiz. 22 Siz tanamaýanyňyza sežde edýärsiňiz, biz tanaýanymyza sežde edýäris, çünki gutulyş ýehudylardan gelýär. 23 Emma hakyky sežde edijileriň Ata ruhda, hakykatda sežde etjek wagtlary geler, eýýäm geldi hem, çünki Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar. 24 Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda, hakykatda sežde etmelidir». 25 Aýal Oňa: «Hristos diýilýän Mesihiň geljegini bilýärin, Ol gelende bize ähli zady bildirer» diýdi. 26 Isa oňa: «Seniň bilen gepleşip duran Şol» diýdi. 27 Şu pursatda Isanyň şägirtleri geldiler, Onuň bir aýal bilen gepleşip duranyna olar haýran galdylar. Ýöne olaryň hiç biri «Näme isleýärsiň?» ýa-da «Bu aýal bilen näme üçin gepleşýärsiň?» diýmedi. 28 Onsoň ýaňky aýal küýzesini goýdy-da, şähere baryp, halka: 29 «Ýörüň, meniň ähli eden işlerimi aýdyp beren Adamy görüň. Ol Mesih bolaýmasyn» diýdi. 30 Olar şäherden çykyp, Isanyň ýanyna bardylar. 31 Şu aralykda şägirtleri Ondan: «Mugallym, iý!» diýip haýyş etdiler. 32 Ýöne Isa olara: «Mende iýere zat bar, ýöne siz ony bilmeýärsiňiz» diýdi. 33 Onsoň şägirtleri: «Oňa biri iýere zat getiren däldir-ä?» diýişdiler. 34 Isa olara: «Iýmitim ― Meni Ýollanyň islegini berjaý etmek, Onuň işini ýerine ýetirmekdir diýdi. 35 Siz oraga ýene dört aý bar diýmeýärsiňizmi? Emma Men size gözüňizi galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm oraga taýýar diýýärin. 36 Eken-de, oran-da bilelikde şatlanar ýaly, oran hakyny alýar, ebedi ýaşaýyş üçin hasyl toplaýar. 37 Çünki bu ýerde „Biri eker, biri orar" diýilýän söz dogrudyr. 38 Men sizi zähmet çekmedik hasylyňyzy ormaga iberdim; başgalar zähmet çekdiler, siz bolsa olaryň zähmetiniň hasylyna girdiňiz». 39 «Meniň ähli eden işlerimi aýdyp berdi» diýip, güwälik eden aýalyň sözi sebäpli, ol şäherdäki samariýalylaryň köpüsi Isa iman etdiler. 40 Şonuň üçin-de samariýalylar Isanyň ýanyna gelenlerinde, Ondan öz ýanlarynda galmagyny haýyş etdiler. Ol şol ýerde iki gün galdy. 41 Onuň sözüni diňlän ýene-de köp adamlar Oňa iman etdi. 42 Ol aýala bolsa olar: «Biz indi seniň aýdanlaryň sebäpli iman etmeýäris; özümiz eşitdik, Onuň dünýäniň çyn Halasgäri, Mesihdigini bilýäris» diýdiler.
Bir gullukçynyň ogly sagaldylýar
43 Iki günden soň Isa ol ýerden Jelilä gitdi. 44 Çünki Ol pygamberiň öz ýurdunda gadyrynyň ýoklugyna güwälik edipdi.
45 Jelilä baranda, Isanyň Iýerusalimdäki baýramda eden ähli işlerini gören jelileliler Ony kabul etdiler, çünki olaryň özleri-de şol baýrama gidipdiler. 46 Şeýlelikde, Isa ýene-de Özüniň suwdan şerap ýasan ýeri bolan Jeliläniň Kana şäherine gaýdyp geldi. Kapernaumda patyşanyň bir gullukçysynyň ogly syrkaw ýatyrdy. 47 Bu adam Isanyň Ýahudadan Jelilä gelenini eşidende, Onuň ýanyna baryp, ölüm ýassygynda ýatan ogluny sagaltmagy Ondan haýyş etdi. 48 Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi. 49 Patyşanyň gullukçysy Oňa: «Eý Aga, oglum ölmänkä barsana!» diýdi. 50 Isa oňa: «Gidiber, ogluň sagaldy» diýdi. Ol hem Isanyň sözüne ynanyp gitdi. 51 Ol entek ýoldaka, hyzmatkärleri öňünden çykyp: «Ogluň sagaldy» diýdiler. 52 Ol hyzmatkärlerinden oglunyň gowulanyp başlan sagadyny anyklamak isledi. Olar oňa: «Düýn gündiz sagat birde gyzgyny gaýtdy» diýdiler. 53 Şeýlelikde, munuň Isanyň «Ogluň sagaldy» diýen sagadynda bolandygyny bilip, ol bütin içersi bilen birlikde Oňa iman etdi. 54 Bu Isanyň Ýahudadan Jelilä gelenden soň görkezen ikinji alamatydy.
Howuz başyndaky bir oturanyň sagaldylmagy
5:1 Şundan soň ýehudylaryň bir baýramy bardy. Isa hem Iýerusalime gitdi. 2 Iýerusalimde Goýun derwezesiniň ýanynda iwritçe Beýtesta diýilýän bäş eýwanly bir howuz bardy. 3 Şol ýerde gaty köp syrkawlar, körler, agsaklar, oturalar suwuň çaýkanmagyna garaşyp ýatyrdylar. 4 Çünki wagtal-wagtal Rebbiň bir perişdesi şol howza girip, suwy çaýkaýardy, suwuň çaýkanmagynyň yzysüre ilkinji bolup suwa giren öz keselinden saplanýardy. 5 Şol ýerde otuz sekiz ýyl bäri dert çekip ýatan bir adam bardy. 6 Isa onuň ýatanyny görende, uzak wagtdan bäri keseldigini bilip oňa: «Sagalmak isleýärsiňmi?» diýdi. 7 Syrkaw Oňa şeýle jogap berdi: «Eý Aga, suw çaýkanan wagty meni howza saljak adam ýok, men barýançam, başga biri menden öň howza giräýýär». 8 Isa oňa: «Tur, düşegiňi al-da, ýöre!» diýdi. 9 Ýaňky adam derrew sagalyp, düşegini aldy-da, ýöräp başlady. Bu waka ýehudylaryň ybadat edýän güni ― Sabat güni boldy. 10 Munuň üçin ýehudylar sagalan adama: «Bu gün Sabat güni, saňa düşegiňi götermek bolmaz» diýdiler. 11 Sagalan: «Meni sagaldan Adam maňa „Düşegiňi al-da, git" diýdi» diýip, olara jogap berdi.
12 «Saňa „Düşegiňi al-da, git" diýen Adam kim?» diýip, ondan soradylar. 13 Ýöne sagalan adam Onuň kimdigini bilmeýärdi, çünki Isa şol ýerdäki märekäniň arasyna girip gidipdi. 14 Soňra Isa ybadathanada oňa gabat gelip: «Ine, sagaldyň, mundan beýläk günä etme, saňa has ýaman zat bolaýmasyn» diýdi.
15 Şeýlelikde, ýaňky adam baryp, özüni sagaldanyň Isadygyny ýehudylara aýtdy. 16 Bu işi Sabat güni edenligi üçin ýehudylar Isany yzarladylar, Ony öldürjek boldular. 17 Emma Isa olara: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin» diýip jogap berdi. 18 Şu sebäpden ýehudylar öňküden-de beter Ony öldürmegiň küýüne düşdüler, çünki Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi.
Ýaşaýyş berýän Isa
19 Isa olara şeýle jogap berdi: «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Atasynyň eden zatlaryny görmese, Ogul Özünden hiç zat edip bilmez, çünki Ata näme etse, Ogul-da şony edýändir. 20 Çünki Ata Ogly söýýär, ähli edýän zatlaryny Oňa görkezýär. Sizi haýran galdyrjak has beýik zatlary-da Ol Oňa görkezer. 21 Atanyň ölüleri direldişi ýaly, Ogul-da islän adamlaryny direlder. 22 Ata hiç kimiň üstünden höküm çykarýan däldir, Ol ähli hökümi Ogla tabşyrandyr. 23 Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony ýollan Ata-da hormat goýýan däldir. 24 Men size hakykatyny aýdýaryn, Meniň sözümi diňläp, Meni Ýollana iman edene ebedi ýaşaýyş bardyr, onuň üstünden höküm çykarylmaz. Ol ölümden ýaşaýşa göçendir. 25 Men size hakykatyny aýdýaryn, Hudaýyň Oglunyň sesini ölüleriň eşitjek wagty geler, bu wagt eýýäm geldi. Onuň sesini eşidenler ýaşar. 26 Çünki Ata Özünde ýaşaýyş bolşy ýaly, Ogla-da ýaşaýyş ojagy bolmaklygy berendir. 27 Ol höküm çykarmak ygtyýaryny-da Oňa berdi, çünki Ol Ynsan Ogludyr. 28 Muňa geň galmaň, çünki gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagtlary geler. 29 Haýyr iş edenler ýaşamak üçin, şer iş edenler bolsa höküm üçin direler.
Isa barada güwälik
30 Men Öz-Özümden hiç bir zat edip bilmeýärin; eşidişime görä höküm çykarýaryn. Meniň hökümim hakdyr, çünki Men Öz islegimi däl-de, Meni ýollan Atanyň islegini amala aşyrmaga dyrjaşýaryn. 31 Eger Men Özüm hakda güwälik bersem, onda bu güwäligim hak däldir. 32 Men hakda güwälik berýän başga biri bar, onuň Özüm hakdaky güwäliginiň dogrudygyny Men bilýärin. 33 Siz Ýahýanyň ýanyna adamlar ýolladyňyz, ol-da hakykata güwälik etdi. 34 Emma Men ynsan güwäligini kabul etmeýärin, Men diňe siziň halas bolmagyňyz üçin bulary aýdýaryn. 35 Ol ýanyp duran, nur saçýan çyradyr. Siz az salym onuň yşygyna guwanmak islediňiz. 36 Emma Mendäki güwälik Ýahýadakydan has uludyr, çünki ýerine ýetirmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny Meniň edýän işlerim Meni Atanyň iberenligine güwä geçýär. 37 Men hakda Meni iberen Atanyň Özi güwälik etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz. 38 Onuň sözi sizde galmaýar, çünki siz Onuň Iberenine iman etmeýärsiňiz. 39 Siz Mukaddes Ýazgylary agtaryşdyrýarsyňyz, çünki ebedi ýaşaýyş şolardadyr öýdýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda güwälik edýärler. 40 Ýöne siz ömrüňiz bolar ýaly, Maňa gelmek islemeýärsiňiz. 41 Men ynsanlardan öwgi kabul etmeýärin. 42 Sizi-de tanaýaryn. Sizde Hudaýyň söýgüsi ýok. 43 Men Atamyň adyndan geldim, siz bolsa Meni kabul etmeýärsiňiz. Ýöne başga biri öz adyndan geläýse, siz ony kabul edersiňiz. 44 Ýeke-täk Hudaýdan öwgi gözlemän, biri-biriňizden öwgi kabul edýärkäňiz, siz nähili iman edip bilersiňiz? 45 Atanyň öňünde Men sizi aýyplar öýtmäň. Sizi aýyplajak öz umyt baglaýanyňyz Musadyr. 46 Siz Musa iman eden bolsadyňyz, onda Maňa-da iman ederdiňiz, çünki ol Men hakda ýazdy. 47 Onuň ýazanlaryna ynanmaýan bolsaňyz, onda Meniň aýdýanlaryma nähili iman edersiňiz?»
Isa bäş müň adamy doýurýar
6:1 Şundan soň Isa Jelilä, ýagny Tiberiýa kölüniň aňyrsyna gitdi. 2 Onuň syrkawlar barada eden alamatlaryny gören halaýyk Onuň yzyna düşdi. 3 Isa daga çykyp, şägirtleri bilen oturdy. 4 Ýehudylaryň Pesah baýramy ýakyndy. 5 Isa töweregine gözüni aýlady we Öz ýanyna köp halaýygyň gelýänini görüp, Filipusa: «Bular iýer ýaly çöregi nireden satyn alarys?» diýdi. 6 Ol muny Filipusy synamak üçin sorapdy, çünki näme etjegini Özi bilýärdi. 7 Filipus Oňa: «Iki ýüz dinarlyk çörek olaryň her biriniň bir döwüm almagyna-da ýetmez» diýdi. 8 Şägirtleriň biri, Simun Petrusyň dogany Andreas Oňa şeýle diýdi: 9 «Bu ýerde bir oglanda bäş arpa çöregi bilen iki balyk bar, ýöne şeýle köp märekä bu näme bolar?» 10 Isa: «Halaýygy oturdyň» diýdi. Ol ýerde ot köpdi, bäş müňe golaý adam oturdy. 11 Isa çörekleri alyp, şükür edeninden soň, olary oturanlara paýlady. Balyklardan-da näçe isleseler, olara berdi. 12 Olar doýanlaryndan soň, Isa şägirtlerine: «Artan döwümleri ýygnaşdyryň, hiç zat zaýalanmasyn» diýdi. 13 Şeýlelikde, bäş sany arpa çöreginden iýen adamlardan artyp galan döwümleri ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
14 Isanyň bu alamatyny gören halaýyk: «Hakykatdan-da, dünýä geljek pygamber Şudur» diýişdiler.
15 Isa olaryň gelip, patyşa etmek üçin Özüni zor bilen tutjak bolýandyklaryny aňansoň, ýene-de ýeke Özi daga çykyp gitdi.
Isa suwuň ýüzünden ýöreýär
16 Agşamara Onuň şägirtleri köle geldiler. 17 Bir gaýyga münüp, kölüň aňyrsyndaky Kapernauma ugradylar. Garaňky düşse-de, Isa entek olaryň ýanyna gelmändi. 18 Güýçli ýel turup, köl tolkun atyp başlady. 19 Gaýyk bilen, takmynan, bäş-alty kilometr ýüzenlerinden soň, Isanyň suwuň ýüzünden ýöräp, gaýyga ýakynlaşyp gelýänini görüp, olar gorkdular. 20 Emma Isa olara: «Bu ― Men, gorkmaň» diýdi. 21 Olar Ony gaýyga mündürjek boldular, ýöne gaýyk şol pursatda kenara gelip ýetdi.
22 Ertesi gün kölüň beýleki kenarynda galan halaýyk Isanyň şägirtleriniň münen gaýygyndan başga hiç bir gaýygyň ýokdugyna we Isanyň Öz şägirtleri bilen şol gaýyga münmändigine, şägirtleriň ýeke gidendiklerine göz ýetirdiler. 23 Şu aralykda, Rebbiň şükürinden soň çörek iýen ýerleriniň golaýyna Tiberiýadan gaýyklar geldi. 24 Isanyň-da, şägirtleriň-de ol ýerde ýokdugyny gören halaýyk gaýyklara münüp, Isany gözlemäge Kapernauma bardy. 25 Ony kölüň aňyrsyndan tapyp: «Mugallym, bu ýere haçan geldiň?» diýip soradylar.
Ýaşaýyş çöregi
26 Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, siz Meni alamat göreniňiz üçin däl, çörek iýip doýanyňyz üçin agtarýarsyňyz. 27 Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, ebedi ýaşaýşa çenli galýan iýmit üçin çalşyň. Ony size Ynsan Ogly berer, çünki Oňa Ata Hudaý Öz möhürini basandyr». 28 «Biz Hudaýyň işlerini berjaý etmek üçin näme etmeli?» diýip, Ondan soradylar. 29 Isa olara: «Hudaýyň işi şu: Onuň Iberenine iman ediň» diýip jogap berdi. 30 Olar şeýle diýdiler: «Biz görüp, Saňa iman eder ýaly, Sen nähili alamat görkezersiň? Sen näme edersiň? 31 „Ol Gökden iýer ýaly çörek berdi" diýip, Ýazgyda ýazylyşy ýaly, biziň atalarymyz manna iýdiler». 32 Isa olara şeýle diýdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, size Gökden çörek beren Musa däl, hakyky çöregi Gökden size Atam berýär. 33 Çünki Gökden inip, dünýä ýaşaýyş berýän Hudaýyň çöregidir». 34 Olar Oňa: «Ýa Reb, şol çöregi bize hemişe ber» diýdiler. 35 Isa olara şeýle diýdi: «Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla aç bolmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz. 36 Aýdyşym ýaly, siz Meni gördüňiz, ýöne Maňa iman etmeýärsiňiz. 37 Atamyň Maňa berenleriniň bary Maňa geler, Men Özüme gelenleri asla kowmaryn. 38 Çünki Men Öz islegimi däl-de, Meni Ibereniň islegini berjaý etmek üçin Gökden indim. 39 Meni Ibereniň islegi bolsa Maňa tabşyranlarynyň hiç birini ýitirmän, olary ahyretde gaýtadan direltmegimdir. 40 Atanyň islegi Ogly görüp, Oňa iman eden her kesiň ebedi ýaşaýşynyň bolmagydyr. Men ahyret güni ony gaýtadan direlderin».
41 Onuň «Gökden inen çörek ― Men» diýeni üçin, ýehudylar garşy çykyp, hüňürdeşdiler. 42 «Bu Ýusubyň ogly Isa dälmi? Biz Onuň kakasyny-da, ejesini-de tanaýarys. Ol nähili „Men Gökden indim" diýýär?» diýişdiler. 43 Isa olara şeýle diýdi: «Özara hüňürdeşmäň. 44 Meni iberen Atam Maňa tarap çekmese, hiç kim Meniň ýanyma gelip bilmez. Men ony ahyret güni direlderin. 45 Pygamberleriň ýazgylarynda: „Olaryň hemmesine Hudaý tarapyndan tälim berler" diýilýändir. Atamdan eşidip, Ondan tälim alan her kes Maňa geler. 46 Bu ― biri Atany görendir diýildigi däldir. Atany diňe Hudaýdan Gelen görendir. 47 Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman edeniň ebedi ýaşaýşy bardyr. 48 Ýaşaýyş çöregi Mendirin. 49 Siziň atalaryňyz çölde manna iýip öldüler. 50 Bu çörek bolsa ondan iýen ölmez ýaly, Gökden inendir. 51 Gökden inen diri çörek Mendirin. Bu çörekden iýen adam ebedi ýaşar. Dünýäniň ýaşaýşy üçin Meniň berjek çöregim Öz tenimdir». 52 Onsoň ýehudylar: «Bu Adam Öz tenini bize iýmäge nähili berip biler?» diýşip, özara jedelleşdiler. 53 Isa olara şeýle diýdi: «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Oglunyň tenini iýip, ganyny içmeseňiz, sizde ýaşaýyş bolmaz. 54 Meniň tenimi iýip, ganymy içeniň ebedi ömri bolar. Ahyret güni Men ony direlderin. 55 Çünki Meniň tenim hakyky iýmit, ganym hakyky içgidir. 56 Meniň tenimi iýip, ganymy içen Mende galar, Men hem onda. 57 Diri Atanyň Meni iberişi, Meniň hem Ata arkaly ýaşaýşym ýaly, Meni iýen-de Men arkaly ýaşar. 58 Gökden inen çörek budur. Ol atalaryňyzyň iýen mannalary ýaly däldir, olar öldüler, bu çöregi iýen bolsa ebedi ýaşar».
59 Ol bu sözleri Kapernaumda sinagogada sapak berýärkä aýtdy.
Köp adamlar Isany terk edýär
60 Şägirtleriň köpüsi muny eşidip: «Bu sözler agyr. Muny kim diňläp biler?» diýişdiler. 61 Isa şägirtleriň muňa hüňürdeşýänini Öz içinden bilip, olara şeýle diýdi: «Bu sizi aljyradýarmy? 62 Onda siz Ynsan Oglunyň owal bolan ýerine gaýtadan çykanyny göräýseňiz näme diýerkäňiz? 63 Ýaşaýyş berýän ruhdur, bedeniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim ruh hem ýaşaýyşdyr. 64 Ýöne siziň araňyzda käbir iman etmeýänler bar». Çünki Isa iman etmeýänleriň kimdigini, Özüni kimiň tutup berjekdigini öňünden bilýärdi. 65 Ol: «Atanyň gönükdirmedik adamy Maňa gelip bilmez diýip, Men size şonuň üçin aýdypdym» diýdi. 66 Şol wagtdan başlap, şägirtleriniň köpüsi Ondan ýüz öwürdiler, Onuň bilen tirkeşmegi goýdular.
67 Şondan soň Isa Onkilerden: «Siz hem Meni terk edersiňizmi?» diýip sorady. 68 Simun Petrus Oňa şeýle jogap berdi: «Ýa Reb, biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn. 69 Biz Seniň Mesihdigiňe, diri Hudaýyň Ogludygyňa iman etdik, muny açyk bilýäris». 70 Isa olara: «Siz Onkileri Özüm saýlap almadymmy? Muňa garamazdan, siziň biriňiz şeýtan» diýip jogap berdi. 71 Ol muny Simunyň ogly Iuda Iskariota kakdyryp aýdýardy, çünki Ol Onkileriň biridi. Soňra ol Isa haýynlyk etdi.
Isa Iýerusalime gidýär
7:1 Şondan soň Isa ondan-oňa gatnap, Jelilede gezdi. Ýehudylar Ony öldürmegiň kastynda bolansoňlar, Ol Ýahudada gezmek islemeýärdi. 2 Ýehudylaryň Çatma baýramy ýakynlapdy. 3 Doganlary Oňa şeýle diýdiler: «Bu ýerden aýrylyp, Ýahuda git, edýän işleriňi şägirtleriň görsün. 4 Özüni açyk tanatmak isleýän adam gizlin iş edýän däldir. Sen bu zatlary edýän bolsaň, Özüňi dünýä görkez». 5 Çünki doganlary-da Oňa iman etmeýärdiler. 6 Isa olara jogap berdi: «Meniň wagtym entek gelenok, ýöne siziň üçin elmydama wagtdyr. 7 Sizi dünýä ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, çünki Men onuň işleriniň erbetdigine güwä geçýärin. 8 Siz baýrama gidiň, Men bu baýrama gitjek däl, çünki Meniň wagtym entek dolanok». 9 Ol bu zatlary olara aýdyp, Jelilede galdy. 10 Emma doganlary baýrama gidenlerinden soň, Ol-da gitdi, ýöne aç-açan däl-de, gizlin gitdi. 11 Ýehudylar baýramda Ony agtaryp: «Ol nirede?» diýişýärdiler. 12 Halaýygyň arasynda Ol hakda köp gürrüň boldy. Käbirleri «Ol gowy adamdyr» diýse, başgalary «Ol halky azdyrýar» diýýärdi. 13 Ýöne ýehudylardan gorkup, hiç kim Ol hakda açyk gürrüň edip bilmeýärdi.
14 Baýramyň ýarysy geçende, Isa ybadathana baryp, sapak bermäge durdy. 15 Ýehudylar haýran galyp: «Bu adam hiç ýerde okamazdan, Mukaddes Ýazgylary nireden bilýärkä?» diýişýärdiler. 16 Isa olara şeýle jogap berdi: «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňki. 17 Biri Hudaýyň islegini berjaý etmek isleýän bolsa, onda Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyny ýa-da Özümden sözleýändigimi ol biler. 18 Özünden sözleýän özi üçin şöhrat agtarýandyr. Özüni Iberen üçin şöhrat agtarýan bolsa dogruçyldyr, onda nädogrulyk ýokdur. 19 Mukaddes Kanuny size Musa bermedimi? Muňa garamazdan, siziň hiç biriňiz kanuny berjaý etmeýärsiňiz. Näme üçin Meni öldürjek bolýarsyňyz?» 20 Halaýyk Oňa: «Sen jynly, kim Seni öldürjek bolýar?» diýdi. 21 Isa olara şeýle jogap berdi: «Men bir iş etdim, oňa hemmäňiz haýran galdyňyz. 22 Musa size sünneti berdi, ýöne bu Musadan däl-de, ata-babalardandyr ― siz Sabat güni adam sünnetleýärsiňiz. 23 Musanyň kanuny bozulmasyn diýip, Sabat güni sünnet edilýän bolsa, onda Sabat güni bir adamy büs-bütin sagaldandygym üçin Meni ýazgarmaňyz näme? 24 Daş görnüşe görä höküm çykarman, adyllyk bilen höküm çykaryň».
Isa Mesihmidir?
25 Bu ýerde iýerusalimlileriň käbiri: «Öldürjek bolýanlary bu Adam dälmi? 26 Bu, ine, açyk gürrüň berip dur, Oňa hiç zat diýmeýärler, biziň başlyklarymyz Munuň Mesihdigini, hakykatdan hem bilýän bolaýmasynlar?! 27 Ýöne biz bu Adamyň nirelidigini bilýäris. Mesih gelende bolsa Onuň nirelidigini hiç kim bilmez» diýişdiler. 28 Onsoň Isa ybadathanada sapak berip durka, şeýle diýip gygyrdy: «Siz Meni hem tanaýarsyňyz, hem nirelidigimi bilýärsiňiz. Ýöne Men Öz-Özümden gelemok, Meni Iberen hakdyr, siz Ony tanamaýarsyňyz. 29 Men Ony tanaýaryn, çünki Men Ondandyryn. Meni iberen Oldur».
30 Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el uzatmady, çünki Onuň wagty entek gelmändi. 31 Halaýygyň köpüsi Oňa iman edip, şeýle diýdi: «Mesih gelende, Şunuňkydan köp alamat görkezermi?» 32 Fariseýler Isa hakda halk arasyndaky bu pyşyrdylary eşitdiler. Onsoň baş ruhanylar, fariseýler Ony tutmak üçin serkerdeleri ýolladylar. 33 Isa şeýle diýdi: «Men ýene az salym siziň ýanyňyzda galyp, soňra Özümi Iberene giderin. 34 Siz Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz. Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz». 35 Onsoň ýehudylar biri-birine: «Bu Adam, biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dagap gidenleriň ýanyna baryp, greklere sapak berjekmikä? 36 Munuň „Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, Meniň barjak ýerime baryp bilmersiňiz" diýýäni nämekä?» diýişdiler.
37 Baýramyň soňky uly gününde Isa ör turup gygyrdy: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelsin, içip gansyn. 38 Kim Maňa iman etse, Ýazgyda aýdylyşy ýaly, onuň içinden dirilik suwunyň bulaklary akar». 39 Ol muny Özüne iman edenleriň soňra aljak Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, çünki Isa entek şöhratlandyrylmandy. 40 Halaýykdan käbirleri bu sözi eşidip: «Bu, hakykatdan hem, şol geljek pygamberdir» diýdiler. 41 Başgalary: «Bu Mesihdir» diýdiler, emma käbirleri: «Mesih Jelileden gelmelimidi? 42 Ýazgyda „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň obasy Beýtullahamdan geler" diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler. 43 Şeýlelikde, halaýygyň arasynda Isa barada agzalalyk döredi. 44 Olardan käbirleri Ony tutmak islediler, ýöne hiç kim Oňa el degirmedi.
Ýehudy ýolbaşçylarynyň imansyzlygy
45 Serkerdeler gaýdyp gelenlerinde, baş ruhanylar, fariseýler olardan: «Näme üçin Ony getirmediňiz?» diýip soradylar. 46 Serkerdeler: «Hiç kim hiç haçan bu Adamyňky ýaly geplemändi» diýip jogap berdiler. 47 Fariseýler olara şeýle diýdiler: «Siz-de aldandyňyzmy? 48 Başlyklardan ýa fariseýlerden Oňa iman eden barmy? 49 Mukaddes Kanuny bilmeýän bu halka nälet!» 50 Içlerinden biri, ozal Isanyň ýanyna baran Nikodimos olara: 51 «Kanunymyz bir adamy öňürti diňlemän, onuň näme edenini bilmän, höküm edýärmi?» diýdi. 52 Oňa: «Sen-de jelilelimi? Mukaddes Kitaba seret: Jelileden hiç wagt pygamber çykmaz» diýdiler. 53 Soňra hemmesi öýli-öýüne gitdi.
Zynada tutulan aýal
8:1 Isa Zeýtun dagyna gitdi. 2 Daňdan ýene ybadathana bardy. Ähli halk Onuň ýanyna geldi; Isa olara sapak bermäge başlady. 3 Kanunçylar bilen fariseýler zyna üstünde tutulan bir aýaly alyp geldiler. Olar ony ortada duruzdylar we Isa ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Mugallym, bu aýal zyna üstünde tutuldy. 5 Musa kanunda bular ýalylary daşlap öldürmegi buýrupdyr. Sen näme diýýärsiň?» 6 Olar muny Isany synap, aýyplamak üçin bir tutaryk tapjak bolup aýtdylar. Emma Ol eglip, barmagy bilen ýere bir zatlar ýazýardy. 7 Ondan soramagy dowam etdirenlerinde, Isa dikelip: «Siziň araňyzda kimiň günäsi ýok bolsa, bu aýala daşy ilki şol atsyn» diýdi. 8 Ol ýene-de eglip ýere ýazmaga durdy. 9 Muny eşidenlerinde, wyždanlary ynjalyksyzlandy, ýaşulusyndan başlap soňkusyna çenli ýeke-ýekeden gitdiler. Isa ýeke galdy, aýal hem şol ýerdedi. 10 Isa dikelende, aýaldan başga hiç kimi görmänsoň oňa: «Naçar, ýaňkylar hany? Saňa hiç kim jeza bermedimi?» diýdi. 11 Aýal: «Eý Aga, hiç kim» diýdi. Isa: «Onda, saňa Men hem jeza bermeýärin, gidiber, ýöne indi günä iş etme» diýdi.
Hak güwälik
12 Isa ýene-de halka ýüzlenip şeýle diýdi: «Men dünýäniň nurudyryn. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar». 13 Fariseýler Oňa: «Sen Özüň hakda güwälik edýärsiň, Seniň güwäligiň hak däl» diýdiler. 14 Isa olara şeýle jogap berdi: «Özüm hakda güwälik edýän hem bolsam, Meniň güwäligim hakdyr, çünki Men nireden gelip, nirä barýanymy bilýärin, ýöne Meniň nireden gelenimi ýa nirä barýanymy siz bilmeýärsiňiz. 15 Siz tene ― bedene garap höküm çykarýarsyňyz, Men hiç kimiň üstünden höküm çykarmaýaryn. 16 Men höküm çykaraýsam-da, hökümim hakdyr, çünki Men ýeke däl-de, Özümi iberen Ata bilendirin. 17 Iki adamyň güwäliginiň hakdygy bolsa siziň kanunyňyzda ýazylgydyr. 18 Men Özüm hakda güwälik edýärin, Meni iberen Ata-da Men hakda güwälik edýär». 19 Onsoň Oňa: «Seniň Ataň nirede?» diýdiler. Isa olara jogap berip: «Siz ne Meni, ne-de Meniň Atamy tanaýarsyňyz. Meni tanaýan bolsaňyz, Meniň Atamy-da tanardyňyz» diýdi. 20 Ol bu sözleri ybadathanada sapak berip durka, sadaka sandygynyň ýanynda aýtdy, ýöne hiç kim Oňa ýapyşmady, çünki Onuň wagty entek gelmändi. 21 Isa olara ýene: «Men barýaryn, siz Meni agtararsyňyz, günäňiziň içinde ölersiňiz, ýöne Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz» diýdi. 22 Ýehudylar: «Ol Özüni öldürjekmikä? Çünki Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz diýýär» diýişdiler. 23 Isa olara şeýle diýdi: «Siz aşakdansyňyz, Men ýokardandyryn; siz bu dünýädensiňiz, Men bu dünýäden däldirin. 24 Munuň üçin Men size „günäli ölersiňiz" diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäli ölersiňiz». 25 «Sen kimsiň?» diýip, Ondan soradylar. Isa olara şeýle jogap berdi: «Ozal-başdan size näme aýdan bolsam, Şolduryn. 26 Siz hakda aýtjak, höküm etjek zatlarym köp. Meni Iberen hakdyr, Men Ondan eşidenlerimi dünýä aýdýaryn». 27 Olar Onuň Ata barada aýdýandygyna düşünmediler. 28 Soňra Isa olara şeýle diýdi: «Ynsan Ogluny ýokaryk galdyran mahalyňyz, şonda Onuň Mendigimi we Meniň Öz-Özümden hiç zat etmän, diňe Atanyň Maňa öwredenlerini aýdandygymy bilersiňiz. 29 Meni Iberen Meniň bilendir; Ol Meni ýalňyz goýmady, çünki Men hemişe Oňa ýaraýan zatlary edýärin». 30 Bulary aýdanda köp adamlar Oňa iman etdiler.
Ybraýymyň perzentleri ― iblisiň perzentleri
31 Onsoň, Isa Özüne iman eden ýehudylara şeýle diýdi: «Meniň sözümi tutsaňyz, hakykatdan hem Meniň şägirtlerim bolarsyňyz; 32 Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder». 33 «Biz Ybraýymyň perzentleridiris, hiç haçan hiç kime gul bolan däldiris. Seniň „Azat bolarsyňyz" diýýäniň näme?» diýip, olar Onuň Özünden soradylar. 34 Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, günä edýän kişi günäniň guludyr. 35 Gul öýde hemişelik galmaz, ýöne Ogul hemişelik galar. 36 Şonuň üçin hem Ogul sizi azat etse, siz, hakykatdan hem azat bolarsyňyz. 37 Siziň Ybraýymyň perzentleridigiňizi bilýärin, ýöne siz Meni öldürmegiň kastynda, çünki Meniň sözüm siziň içiňizde ýer tutmaýar. 38 Men Atamyň ýanynda görenlerimi aýdýaryn, siz hem öz ataňyzdan görenleriňizi edýärsiňiz». 39 Olar Oňa: «Biziň atamyz Ybraýymdyr» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz Ybraýymyň perzentleri bolýan bolsaňyz, Ybraýymyň işlerini ederdiňiz. 40 Emma siz Meni, Hudaýdan eşiden hakykatyny aýdýan Adamy öldürmäge synanyşýarsyňyz. Ybraýym beýle zady etmändi. 41 Siz öz ataňyzyň işlerini edýärsiňiz». Olar Oňa: «Biz zynadan doglan däl, biziň diňe bir Atamyz bar, Ol hem Hudaý» diýdiler. 42 Isa olara şeýle diýdi: «Hudaý siziň ataňyz bolsady, onda, siz Meni söýerdiňiz, çünki Men Hudaýdan çykyp geldim, Öz-Özümden gelemok, Meni Ol iberdi. 43 Näme üçin Meniň aýdýanlaryma düşünmeýärsiňiz? Çünki siz Meniň sözümi diňläp bilmeýärsiňiz. 44 Siziň ataňyz iblis, siz ataňyzyň dilegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmady, çünki onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlän mahaly öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasy. 45 Maňa bolsa hakykaty aýdýanlygym üçin iman etmeýärsiňiz. 46 Siziň haýsyňyz maňa günä ýöňkäp bilersiňiz? Eger Men hakykaty aýdýan bolsam, onda näme üçin siz Maňa iman etmeýärsiňiz? 47 Hudaýdan gelen Hudaýyň sözlerini diňleýändir. Siz diňlemeýärsiňiz, çünki siz Hudaýdan däl».
Isanyň şöhraty
48 Ýehudylar Oňa: «Sen samariýalysyň, Sen jynly diýýänimiz dogry dälmi?» diýdiler. 49 Isa olara şeýle jogap berdi: «Men jynly däl, Men diňe Atamy hormatlaýaryn, emma siz Meni hormatlamaýarsyňyz. 50 Men Özüme şöhrat agtarmaýaryn, muny agtarýan we höküm çykarýan Biri bar. 51 Men size hakykatyny aýdýaryn, Meniň sözümi tutan adam asla ölüm görmez». 52 Ýehudylar Oňa şeýle diýdiler: «Seniň jynlydygyňy indi bildik. Ybraýym-da öldi, pygamberler-de; ýöne Sen: „Meniň sözümi tutan adam asla ölümden datmaz" diýýärsiň. 53 Sen atamyz Ybraýymdan ulumy? Ol öldi, pygamberler-de öldi. Sen Özüňi kimdirin öýdýärsiň?» 54 Isa olara şeýle jogap berdi: «Men Özümi şöhratlandyrsam, onda bu şöhrat puç bolar. Meni şöhratlandyrýan Meniň Atamdyr; siz Oňa Hudaýymyz diýýärsiňiz. 55 Ýöne Ony tanamaýarsyňyz, Men Ony tanaýaryn. Eger Ony tanamaýaryn diýsem, onda Men hem siziň ýaly ýalançy bolaryn. Men Ony tanaýaryn, Onuň sözüni tutýaryn. 56 Siziň ataňyz Ybraýym Meniň günlerimi görjekdigine şatlanýardy; ol gördi we şatlandy». 57 «Heniz elli ýaşa-da barmadyk halyňa Sen Ybraýymy gördüňmi?» diýip, ýehudylar Ondan soradylar. 58 Isa olara: «Men size hakykatyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň hem Men bardyryn» diýdi. 59 Şonda Oňa zyňmak üçin daş aldylar, emma Isa gizlendi we ybadathanadan çykyp gitdi.
Kör sagaldylýar
9:1 Geçip barýarka, Isa bir doga kör adamy gördi. 2 Şägirtleri Ondan: «Mugallym, bu adamyň kör bolup dogulmagyna kim günäkär, munuň özümi ýa ene-atasy?» diýip soradylar. 3 Isa olara şeýle jogap berdi: «Ne munuň özi günä etdi, ne-de ene-atasy; bu onda Hudaýyň işleriniň görkezilmegi üçin boldy. 4 Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez. 5 Men dünýädekäm, dünýäniň nurudyryn». 6 Ol şeýle diýip, ýere tüýkürdi-de, tüýküliginden palçyk ýasady, palçygy bolsa körüň gözüne sürtdi. 7 Onsoň oňa: «Git-de, Siloam howzunda ýuwun» diýdi. Ol gidip ýuwundy, yzyna gaýdyp gelende, onuň gözi açykdy. 8 Goňşulary we onuň dilegçilik edip ýörenini ozal görenler: «Şu ýerde oturyp, dilegçilik edýän şu dälmidi?» diýdiler. 9 Käbirleri: «Şol» diýdiler; käbirleri: «Ýok, bu diňe şoňa meňzeş» diýdiler. Ýöne onuň özi: «Men» diýdi. 10 Oňa: «Onda gözleriň nähili açyldy?» diýdiler. 11 Ol: «Isa diýilýän adam palçyk ýasap, gözüme sürtdi-de: „Siloama git-de, ýuwun" diýdi. Men hem gidip ýuwundym, gözlerim açyldy» diýip jogap berdi.
12 Oňa: «Ol nirede?» diýdiler. Ol: «Bilmeýärin» diýdi.
Fariseýleriň soraglary
13 Ozal kör bolan bu adamy fariseýleriň ýanyna getirdiler. 14 Isanyň palçyk ýasap, onuň gözüni açan güni Sabatdy. 15 Fariseýler-de onuň gözüniň nähili açylanyny soradylar. Ol olara: «Ol meniň gözüme palçyk sürtdi, onsoň ýuwundym. Indi men görýärin» diýip jogap berdi. 16 Fariseýleriň käbirleri: «Ol adam Hudaýdan däl, çünki Sabat gününi tutmaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Bir günäkär adam beýle alamatlary nähili görkezip biler?» diýdiler. Olaryň arasyna agzalaçylyk düşdi. 17 Olar ýene-de körden: «Gözüňi açan şol Adam barada näme diýýärsiň?» diýip soradylar. Ol hem: «Ol bir pygamber» diýdi. 18 Ýehudylar gözleri açylan adamyň ejesi bilen kakasyny çagyryp soraýançalar, onuň ozal kör bolup, indi gözleriniň açylandygyna ynanmadylar. 19 Olardan: «Kör doguldy diýýän ogluňyz şumy? Indi bu nädip görýär?» diýip soradylar. 20 Onuň ejesi bilen kakasy olara şeýle jogap berdi: «Munuň öz oglumyzdygyny, kör doglandygyny bilýäris. 21 Ýöne onuň indi nädip görýändigini ýa-da onuň gözüni kimiň açandygyny biz bilmeýäris. Ol indi bir ýetişen ýigit, özünden soraň, özi aýdyp bersin». 22 Onuň ejesi bilen kakasy ýehudylardan gorkularyna şeýle diýdiler, çünki ýehudylar Onuň Mesihdigini ykrar eden adamy sinagogadan kowmak barada dil birikdiripdiler. 23 Şonuň üçin onuň ejesi bilen kakasy: «Ol bir ýetişen ýigit, özünden soraň» diýdiler. 24 Şeýlelik bilen, fariseýler ozalky köri ikinji gezek çagyryp, oňa: «Hudaýy şöhratlandyr, biz ol adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler. 25 Ol: «Onuň günäkärdigini ýa däldigini bilmeýärin. Men bir zady bilýärin: ozal kördüm, indi görýärin» diýip jogap berdi. 26 «Ol saňa näme etdi? Gözüňi nädip açdy?» diýip, ondan ýene soradylar. 27 Ol bulara şeýle jogap berdi: «Men ýaňy aýtdym, diňlemediňiz; näme üçin ýene eşitmek isleýärsiňiz? Ýa siz-de Onuň şägirtleri bolmakçymy?» 28 Oňa sögüp, şeýle diýdiler: «Onuň şägirdi ― sen, biz Musanyň şägirtleridiris. 29 Biz Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris; bu Adamyň bolsa nirelidigini-de bilmeýäris». 30 Ýaňky adam olara şeýle jogap berdi: «Haýran galaýmaly! Siz Onuň nirelidigini-de bilmeýärsiňiz, Ol bolsa meniň gözümi açdy. 31 Hudaýyň günäkärleri diňlemeýändigini bilýäris, ýöne biri hudaýhon bolsa, Onuň islegini berjaý etse, Hudaý ony diňleýär. 32 Doga körüň gözüniň açylmagy henize çenli eşidilen zat däl. 33 Bu Adam Hudaýdan bolmadyk bolsa, onda hiç bir zat edip bilmezdi». 34 Oňa: «Sen bütinleý günä içinde doglup, indi bize sapak berjek bolýarsyňmy?» diýdiler. Şeýlelikde, ony kowup goýberdiler.
Ruhy körlük
35 Ony kowup goýberenlerini eşiden Isa ýaňky adamy tapyp: «Sen Hudaýyň Ogluna iman edýärmisiň?» diýdi. 36 Ol hem Oňa jogap berip: «Eý aga, Oňa iman eder ýaly, Ol kim?» diýdi. 37 Isa oňa: «Sen Ony gördüň, Ol seniň bilen gepleşip dur» diýdi. 38 Ol hem: «Ýa Reb, iman edýärin» diýip, Oňa sežde etdi. 39 Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm etmäge geldim» diýdi. 40 Muny diňläp duran fariseýleriň käbiri Oňa: «Onda biz-de körmi?» diýdiler. 41 Isa olara: «Kör bolan bolsaňyz, günäňiz bolmazdy, ýöne görýäris diýýäniňiz üçin günäňiz aýrylmaýar» diýdi.
Oňat çopan
10:1 «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, goýun agylyna gapysyndan girmän, başga ýerinden aşyp girýän ogrudyr, garakçydyr. 2 Gapydan girýän goýunlaryň çopanydyr. 3 Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändir. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary daşaryk çykarýandyr. 4 Goýunlaryny daşaryk çykarandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa onuň yzyna düşýändir. 5 Olar kesekiniň yzyna düşýän däldir, ondan gaçýandyr, sebäbi kesekiniň sesini tanaýan däldirler». 6 Isa olara tymsal aýtdy, ýöne olar onuň manysyna düşünmediler. 7 Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, Men goýunlaryň agylyna gapydyryn. 8 Menden öň gelenleriň ählisi ogrudyr, garakçydyr; ýöne goýunlar olary diňlemediler. 9 Men gapydyryn. Menden giren halas bolar. Ol girer, çykar, öri tapar. 10 Ogry diňe ogurlap öldürmek, heläk etmek üçin gelýändir. Emma Men olarda ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim. 11 Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir.
12 Çopan däl-de, diňe hakyna tutulan adam bolsa möjegiň gelýänini görüp, goýunlar özüniňki bolmansoň, olary taşlap gaçýandyr. Möjek-de olary gapyp dargadýandyr. 13 Çünki ol hakyna tutulandyr. Ol goýunlaryň gamyny iýmez. 14 Men gowy çopandyryn; Özümiňkileri tanaýandyryn, olar-da Meni tanaýandyr. 15 Atamyň Meni, Meniň-de Atany tanaýşym ýaly tanaýandyrlar. Men goýunlar üçin janymy pida edýärin. 16 Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşider. Onsoň bir süri, bir çopan bolar. 17 Janymy gaýtadan almak üçin pida edýänligim sebäpli Ata Meni söýýär. 18 Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň ony pida etmäge-de, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar. Men bu buýrugy Atamdan aldym». 19 Bu sözler sebäpli, ýehudylaryň arasyna ýene-de agzalalyk aralaşdy. 20 Olaryň köpüsi: «Ol jynly, Ol däliräpdir. Näme üçin siz Ony diňleýärsiňiz?» diýdiler. 21 Başgalary bolsa: «Bular jynly adamyň aýtjak sözleri däl. Jyn körleriň gözüni açyp bilermi?» diýdiler.
Ýehudylaryň imansyzlygy
22 Iýerusalimde ybadathananyň açylyşynyň ýyllyk baýramy boldy. Gyşdy. 23 Isa ybadathanada Süleýmanyň eýwanynda gezmeläp ýördi. 24 Ýehudylar Onuň daşyna üýşüp: «Sen haçana çenli bizi alasarmyk edip ýörjek? Mesih bolsaň, açygyny aýt» diýdiler. 25 Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size aýtdym, ýöne siz iman etmeýärsiňiz. Atamyň ady bilen eden işlerim Maňa güwälik edýär. 26 Ýöne siz iman etmeýärsiňiz, çünki size aýdyşym ýaly, siz Meniň goýunlarymdan däl. 27 Meniň goýunlarym sesime gulak asýar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler. 28 Men olara ebedi ýaşaýyş bererin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz. 29 Olary Maňa beren Atam hemmeden uludyr. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez. 30 Atam Ikimiz birdiris». 31 Ýehudylar Ony daşlajak bolup, ýene ýerden daş aldylar. 32 Isa olara: «Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin siz Meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi. 33 Ýehudylar Oňa: «Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys» diýdiler. 34 Isa olara şeýle diýdi: «„Men aýtdym, siz taňrylarsyňyz" diýip, siziň kanunyňyzda ýazylgy dälmi näme? 35 Mukaddes kanun özlerine Hudaýyň sözleri gelenleri taňrylar diýip atlandyran bolsa, şonuň bilen Ýazgy bozulmaýar ahyryn. 36 Şeýle bolsa, Men Hudaýyň Ogly diýýänim üçin siz Atanyň saýlap, dünýä iberen Adamyna näme üçin Hudaýa dil ýetirýär diýýärsiňiz? 37 Men Atamyň işlerini etmeýän bolsam, onda Maňa iman etmäň. 38 Eger-de ol işleri edýän bolsam, onda Maňa ynanmasaňyz-da, Atamyň Mendedigini we Meniň Atadadygymy bilip, oňa göz ýetirer ýaly, edýän işlerime ynanyň». 39 Şonda Ony ýene tutmaga synanyşdylar, ýöne Isa olaryň ellerinden sypyp gitdi. 40 Isa ýene-de Iordanyň aňyrsyna, Ýahýanyň ozallar çokundyrýan ýerine baryp, şol ýerde galdy. 41 Köp adamlar Onuň ýanyna gelip: «Ýahýa hiç hili alamat görkezmedi, ýöne onuň bu Adam hakda aýdanlarynyň bary çyn eken» diýişdiler. 42 Şeýlelikde, köp adamlar ol ýerde Oňa iman etdi.
Lazaryň ölümi
11:1 Merem bilen onuň uýasy Martanyň obasy bolan Beýtaniýadan Lazar atly bir adam syrkawdy. 2 Merem Rebbiň üstüne atyr ysly ýag çalyp, Onuň aýagyny öz saçy bilen süpürip guradan aýaldy. Onuň dogany Lazar syrkawdy. 3 Şeýlelikde, uýalar: «Ýa Reb, Seniň söýýän adamyň syrkaw ýatyr» diýip, Isa habar ýolladylar. 4 Isa muny eşidende: «Bu syrkawlyk ölüm üçin däl-de, Hudaýyň Ogly ol arkaly şöhratlanar ýaly, Hudaýyň şöhraty üçindir» diýdi. 5 Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi. 6 Onuň syrkawdygyny eşidende, Isa şol bolýan ýerinde iki gün galdy. 7 Onsoň şägirtlerine: «Ýene Ýahuda gideliň» diýdi. 8 Şägirtleri Oňa: «Mugallym, ýehudylar Seni ýaňy daşlamaga synanyşdylar, Sen ýene-de şol ýere gitjek bolýarsyňmy?» diýdiler. 9 Isa olara şeýle jogap berdi: «Gündizde on iki sagat bar dälmi? Gündiz gezýän adam büdremez, çünki ol bu dünýäniň nuruny görýändir. 10 Ýöne adam gije gezse, büdrär, çünki onda nur ýokdur». 11 Soňra Isa olara: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr, diňe şony oýarmak üçin barýaryn» diýdi. 12 Şägirtleri Oňa: «Ýa Reb, uklan bolsa sagalar» diýdiler.
13 Isa onuň ölendigi hakda gürrüň edýärdi, ýöne olar adaty ukudyr öýdýärdiler. 14 Şeýlelikde, Isa olara açygyny aýtdy: «Lazar ölüpdir. 15 Men siz iman edersiňiz diýip, şol ýerde bolmanlygyma siziň üçin şat, ýöne indi onuň ýanyna gideliň». 16 Didimos (Ekiz) diýilýän şägirt Tomas ýoldaşlaryna: «Onuň bilen öler ýaly, biz-de gideliň» diýdi.
Marta bilen Merem ýas tutýar
17 Isa gelende, Lazaryň gabyrda ýatanyna dört gün bolan eken. 18 Beýtaniýa Iýerusalimden üç kilometre golaý uzakdady. 19 Doganlarynyň ölümi zerarly, Marta bilen Mereme göwünlik berjek bolup, bu ýere köp ýehudy gelipdi. 20 Marta Isanyň gelýänini eşidip, Ony garşylamaga gitdi, Merem bolsa öýde galdy. 21 Marta Isa: «Ýa Reb, Sen şu ýerde bolan bolsaň, doganym ölmezdi. 22 Häzir hem Hudaýdan näme dileseň, Onuň dilegiňi bitirjegini bilýärin» diýdi. 23 Isa oňa: «Doganyň direler» diýdi. 24 Marta bolsa: «Men ahyret güni boljak kyýamatda onuň direljegini bilýärin» diýdi. 25 Isa oňa şeýle diýdi: «Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de, ýaşar. 26 Her bir ýaşaýan we Maňa iman edýän asla ölmez. Sen muňa ynanýarsyňmy?» 27 Ol Oňa: «Hawa, ýa Reb, men Seniň Hudaýyň dünýä inen Ogly Mesihdigiňe iman etdim» diýdi. 28 Ol muny aýdyp, gitdi-de, uýasy Meremi ýaşyrynlyk bilen çagyryp: «Mugallym şu ýerde, seni çagyrýar» diýdi. 29 Merem muny eşiden badyna tiz ýerinden turup, Isanyň ýanyna gitdi. 30 Isa entek oba barmandy, Ol heniz hem Martanyň garşylan ýerindedi. 31 Öýde Meremiň ýanynda bolup, oňa göwünlik berýän ýehudylar onuň howul-halat ýerinden turup, çykyp gidenini görenlerinde, aglamak üçin gabra tarap barýandyr öýdüp, onuň yzyndan gitdiler. 32 Merem Isanyň duran ýerine gelende, Ony gördi, Onuň aýagyna ýykylyp: «Ýa Reb, Sen şu ýerde bolan bolsaň, doganym ölmezdi» diýdi. 33 Isa onuň we onuň bilen bile gelen ýehudylaryň aglaýanyny görende, çuňňur gynanyp, ýüregi gyýyldy. 34 Ol: «Ony nirede jaýladyňyz?» diýip sorady. Oňa: «Ýa Reb, bar-da, Özüň göräý» diýdiler. 35 Isa aglady. 36 Ýehudylar: «Ol ony, gör, nähili söýýän eken!» diýişdiler. 37 Käbirleri bolsa: «Körüň gözüni açan bu Adam munuň-da ölmezligi üçin bir zat edip bilmezmidi?» diýişdiler.
Isa Lazary direldýär
38 Şol wagt Isa ýene-de gynanyp, gabryň ýanyna bardy. Gabyr bir gowakdy, onuň agzyna bolsa daş goýupdylar. 39 Isa: «Daşy aýryň» diýdi. Merhumyň uýasy Marta Oňa: «Ýa Reb, ol indi porsandyr, onuň gabyrda ýatanyna dört gün boldy» diýdi. 40 Isa oňa: «Men saňa „Iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň" diýmedimmi?» diýdi. 41 Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni Göge dikip, şeýle diýdi: «Eý Ata, dilegimi eşideniň üçin Saňa şükür edýärin. 42 Meni hemişe eşidýändigiňi bilýärin, ýöne Men muny töwerekdäki halaýyk sebäpli, Meni Seniň iberendigiňe ynansynlar diýip aýtdym». 43 Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: «Lazar, daşaryk çyk!» diýip gygyrdy. 44 Elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan öli gabyrdan çykdy. Isa olara: «Onuň daňylaryny çözüň-de, goýberiň, gitsin» diýdi.
Isany öldürmek barada dildüwşük
45 Şeýlelikde, Meremiň ýanyna gelen, Isanyň eden işini gören ýehudylaryň köpüsi Oňa iman etdiler. 46 Birnäçesi bolsa baryp, Isanyň edenlerini fariseýlere aýtdylar. 47 Onsoň baş ruhanylardyr fariseýler mejlis çagyryp, şeýle diýdiler: «Näme etmeli? Bu Adam köp alamat görkezýär. 48 Oňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder, rimliler hem gelip, ýurdumyzy-da, halkymyzy-da eýelär». 49 Olaryň biri, şol ýyl baş ruhany bolan Kaýafa olara: «Siz hiç zady bilmeýärsiňiz. 50 Ähli halkyň heläk bolmagynyň deregine bir adamyň halk üçin ölmeginiň bize peýdalydygyna düşünmeýärsiňiz» diýdi. 51 Ol muny öz-özünden aýtman, eýsem, şol ýyl baş ruhany bolanlygyndan, Isanyň halk üçin öljegini pygamberlik edip aýtdy. 52 Ol diňe halk üçin hem däl-de, Hudaýyň dagynyk perzentlerini birleşdirmek üçin hem ölmelidi. 53 Şeýlelikde, şol günden başlap, Ony öldürmegi ýüreklerine düwdüler. 54 Şondan soň Isa ýehudylaryň arasynda aç-açan gezmän, ol ýerden çöllügiň gyrasyndaky Efraim diýen şähere gidip, şägirtleri bilen bile şol ýerde galdy. 55 Ýehudylaryň Pesah baýramy ýakynlapdy. Ýurduň ähli künjeklerinden gelen köp adamlar Pesahdan öň özlerini tämizlemek üçin Iýerusalime gelipdiler. 56 Olar Isany agtarýardylar, ybadathanada durkalar biri-birlerine: «Näme diýýärsiňiz, Ol baýrama gelmezmikä?» diýişýärdiler. 57 Baş ruhanylar bilen fariseýler Ony tutmak üçin Onuň nirededigini kim bilýän bolsa, görkezsin diýip buýruk beripdiler.
Isa Beýtaniýada
12:1 Isa Pesahdan alty gün öň Beýtaniýa bardy. Ölen we Isa tarapyndan direldilen Lazar şol ýerde ýaşaýardy. 2 Ol ýerde Isanyň hatyrasyna nahar berildi. Marta hyzmat edýärdi, Lazar bolsa Isa bilen saçak başynda oturanlaryň biridi. 3 Onsoň Merem bir gadak gymmat bahaly nardyň sap-arassa ýagyny alyp, Isanyň aýagyna çaldy, saçy bilen süpürip guratdy. Öýüň içi ýagyň ýakymly ysyndan doldy. 4 Şol wagt Onuň şägirtleriniň biri, Oňa haýynlyk etmegi ýüregine düwen Simunyň ogly Iuda Iskariot: 5 «Näme üçin bu ýag üç ýüz dinara satylyp, garyplara berilmedi?» diýdi. 6 Ol muny garyplaryň gamyny iýýänligi üçin däl-de, öz ogrulygy üçin aýdýardy. Çünki olaryň pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi. 7 Emma Isa şeýle diýdi: «Naçara degmäň, ol muny Meniň jaýlanjak günüm üçin saklady. 8 Çünki garyplar hemişe siziň ýanyňyzda bolar, ýöne Men hemişe siziň ýanyňyzda bolmaryn». 9 Ýehudylardan bir uly märeke Isanyň ol ýerdedigini eşidip, diňe bir Isany däl, eýsem, Onuň ölümden direlden Lazaryny-da görmäge geldiler. 10 Baş ruhanylar Lazary-da öldürmegi maslahatlaşypdylar.
11 Çünki ol sebäpli köp ýehudylar Isa iman edýärdiler.
Isanyň Iýerusalime girişi
12 Ertesi gün baýrama gelen köp halaýyk Isanyň Iýerusalime gelýänini eşidende, 13 hurma şahalaryny alyp, Ony garşylamaga çykdy. Adamlar: «Hosanna! Rebbiň adyndan gelýän Ysraýyl patyşasy gutly bolsun!» diýip gygyryşdylar. 14 «Gorkma, eý Sion gyzy! Ine, seniň patyşaň taýhara münüp gelýär» diýip, Ýazgyda ýazylyşy ýaly, Isa bir taýhar tapyp, oňa mündi. 16 Şägirtleri ilki bu zatlara düşünmediler, ýöne bularyň Ol hakda ýazylandygy we bu zatlary Oňa özleriniň edendigi Isa şöhratlandyrylandan soň ýatlaryna düşdi. 17 Indi Isanyň Lazary gabyrdan çagyryp, ony ölümden direlden mahaly ýanynda bolan halaýyk güwä geçýärdi. 18 Onuň bu alamaty görkezenini eşiden halaýyk-da, bu sebäpden Ony garşylamaga çykdy. 19 Şeýlelikde, fariseýler: «Görüň, hiç zada peýdaňyz degmeýär, ine, ähli dünýä Onuň yzyna eýerdi!» diýişýärdiler.
Isa öljegini öňünden aýdýar
20 Baýramda ybadat etmäge Iýerusalime gelenleriň arasynda birnäçe grek-de bardy. 21 Olar Jeliläniň Betsaýda şäherinden bolan Filipusyň ýanyna gelip: «Eý aga, biz Isany görmek isleýäris» diýip, ondan haýyş etdiler. 22 Filipus hem muny Andreasa aýtdy. Onsoň Andreas bilen Filipus ikisi baryp, Isa aýtdylar. 23 Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi. 24 Men size hakykatyny aýdýaryn, bugdaý dänesi ýere gaçyp ölmese, ýalňyz galar, ýöne öläýse, köp hasyl berer. 25 Janyny söýýän ony ýitirýändir, bu dünýäde janyny ýigrenýän bolsa ony ebedi ýaşaýyş üçin saklaýandyr. 26 Maňa hyzmat etjek adam yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat edeni Atam hormatlar. 27 Häzir Meniň ýüregim gysýar. Men näme diýeýin? „Eý Ata, Meni şu pursatdan halas et" diýeýinmi? Men bu pursata şonuň üçin geldim ahyryn. 28 Eý Ata, adyňy şöhratlandyr». Şonda Gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym we ýene-de şöhratlandyraryn» diýen ses geldi. 29 Muny eşiden ol ýerdäki halaýyk: «Gök gürledi» diýdi; başgalary bolsa: «Onuň bilen bir perişde gepleşdi» diýdiler. 30 Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu ses Meniň üçin däl-de, siziň üçin geldi. 31 Indi bu dünýäniň höküm wagty boldy. Bu dünýäniň Hökümdary indi kowlup çykarylar. 32 Ýerden ýokary göterilenimde, Men ähli ynsanlary Özüme çekerin». 33 Isa muny nähili ölüm bilen öljegine yşarat edip aýtdy. 34 Indi: «Biz Mesihiň ebedi galjagyny Mukaddes Kanundan eşitdik, Sen nähili „Ynsan Ogly ýokary göterilmelidir" diýýärsiň? Bu Ynsan Ogly diýýäniň kim?» diýip, halaýyk Ondan sorady. 35 Isa olara şeýle jogap berdi: «Ýene bir az wagtlap nur siziň araňyzda bolar. Nur barka, geziň, üstüňizi tümlük basaýmasyn, çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir. 36 Nuruň ogullary bolmak üçin nuruňyz barka nura iman ediň». Isa bulary aýdansoň, olaryň ýanyndan gidip gizlendi.
Ýehudylaryň kesirligi
37 Ýöne Isa olaryň gözleriniň alnynda şunça alamat görkezen hem bolsa, olar Oňa iman etmediler. 38 Çünki Işaýa pygamberiň: «Ýa Reb, biziň beren habarymyza kim ynandy? Rebbiň gudratly goly kime göründi?» diýen sözleri berjaý bolmalydy. 39 Olar şu sebäpden iman edip bilmeýärdiler, çünki Işaýa ýene-de şeýle diýipdi: 40 «Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Beýle bolmadyk bolsa, olar görerdiler, ýürekleri bilen syzardylar we Maňa tarap öwrülerdiler. Men bolsa olara şypa bererdim». 41 Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bulary Ol hakda aýdypdyr. 42 Muňa garamazdan, başlyklaryň köpüsi Oňa iman etdiler, ýöne welin sinagogadan kowulmazlyk üçin, fariseýler zerarly, Ony ykrar etmediler. 43 Çünki olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler. 44 Isa bolsa gygyryp şeýle diýdi: «Maňa iman edýän Maňa däl-de, Meni Iberene iman edýändir. 45 Meni görýän, Meni Ibereni-de görýändir. 46 Maňa iman edýänleriň garaňkylykda galmazlary ýaly, Men dünýä nur bolup geldim. 47 Sözlerimi eşidip, olary tutmadyk adamyň üstünden hem Men höküm çykarmaryn. Çünki Men dünýäniň üstünden höküm çykarmaga däl-de, ony halas etmäge geldim. 48 Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäniň üstünden höküm çykarjak bardyr; Meniň aýdan sözüm ahyret güni ony höküm eder. 49 Çünki Men Öz-Özümden geplemedim. Näme aýtmalydygymy, näme sözlemelidigimi Özümi iberen Ata Maňa buýurdy. 50 Onuň buýrugynyň ebedi ýaşaýyşdygyny Men bilýärin. Şoňa görä, Ata Maňa näme buýuran bolsa, Men diňe şony aýdýaryn».
Isa şägirtleriniň aýagyny ýuwýar
13:1 Pesah baýramynyň öň ýanyndaky gündi. Özüniň bu düne bilen hoşlaşmaly we Atanyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini Isa bilýärdi. Özüniňkileri bu dünede nähili söýen bolsa, Ol olary iň soňky deme çenli hem hut şonuň ýaly söýdi.
2 Agşam nahary çagydy. Isa haýynlyk etmegi Simunyň ogly Iuda Iskariotyň ýüregine iblis eýýäm guýupdy. 3 Atanyň ähli zady Öz eline berendigini, Özüniň Hudaýdan gelip, Hudaýa gaýtjakdygyny Isa bildi. 4 Nahar başyndan turup, donuny çykardy-da, bir ýaglyk bilen Ol bilini guşady. 5 Onsoň bir legene suw guýdy-da, şägirtleriň aýaklaryny ýuwup, guşanan ýaglygy bilen olary süpürmäge durdy. 6 Ol Simun Petrusyň ýanyna gelende, Petrus Isa garap: «Ýa Reb, meniň aýagymy Sen ýuwmaly bolduňmy?» diýdi. 7 Isa oňa: «Meniň edýän işimi sen entek bilmersiň, oňa sen soň düşünersiň» diýdi. 8 Petrus Oňa: «Men aýagymy Saňa asla ýuwdurmaryn» diýdi. Emma Isa oňa: «Men seni ýuwmasam, onda Meniň bilen üleşigiň bolmaz» diýip jogap berdi. 9 Simun Petrus Oňa: «Ýa Reb, onda diňe aýagymy däl, elimi-de, başymy-da ýuw» diýdi.
10 Isa oňa: «Ýuwnan adamyň diňe aýagyny ýuwmakdan başga hajaty ýokdur, ol bütinleý tämizdir. Siz hem tämizsiňiz, ýöne hemmäňiz däl» diýdi. 11 Çünki Ol Özüne haýynlyk etjegiň kimdigini bilýärdi. Şonuň üçin-de «Hemmäňiz tämiz däl» diýipdi.
12 Olaryň aýaklaryny ýuwup bolanyndan soň, donuny geýdi-de, Ol ýene saçak başynda oturdy we olara şeýle diýdi: «Size näme edenime düşünýärsiňizmi? 13 Siz Maňa „Mugallym" we „Reb" diýip, dogry edýärsiňiz, sebäbi Men şolduryn. 14 Men Reb we Mugallym bolup, siziň aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyny ýuwmalysyňyz. 15 Çünki siz-de Meniň size edişim ýaly edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim. 16 Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, gul agasyndan uly däldir, iberilen-de ony iberenden uly däldir. 17 Bu zatlary bilýändigiňize görä, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.
Isa hyýanat edilmegi
18 Siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn, Men Öz saýlap-seçenlerimi bilýärin, ýöne „Meniň bilen çörek iýen maňa el galdyrdy" diýen Ýazgy berjaý bolmalydyr. 19 Men muny size boljak wakadan öňinçä, şol waka ýüze çykan wagtynda Meniň şol aýdýanymdygyma iman etmegiňiz üçin aýdýaryn. 20 Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn. Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir, Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir». 21 Isa bu zatlary aýdandan soň, ýüregi gyýlyp, güwälik edip: «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, siziň içiňizden biri Maňa haýynlyk eder» diýdi. 22 Şägirtleri Onuň muny kime kakdyryp aýdýanyny bilmän, aljyraňňylyk bilen biri-birlerine seredişdiler. 23 Şägirtlerden biri saçak başynda Isanyň döşüne ýaplanyp ýatyrdy. Isa ony gowy görýärdi. 24 Simun Petrus Onuň kime kakdyryp aýdýanyny soramagy ýaňky şägirde ümledi. 25 Isanyň döşüne ýaplanyp ýatan Oňa: «Ýa Reb, ol kim?» diýdi. 26 «Şu çöregi tabaga batyryp kime bersem, şoldur» diýip, Isa jogap berdi. Onsoň Ol çöregi tabaga batyrdy-da, ony Simunyň ogly Iuda Iskariota berdi. 27 Çöregi alan badyna, Iudanyň içine iblis girdi. Isa oňa: «Näme etjek bolsaň, tiz et» diýdi. 28 Muny Isanyň oňa näme üçin aýdanyna oturanlaryň hiç biri düşünmedi. 29 Pul torba Iudada bolansoň käbirleri Isa oňa «Baýram üçin bize gerek zatlary satyn al» ýa «Garyplara biraz paýla» diýýändir öýtdüler. 30 Iuda çöregi aldy-da, derrew daşaryk çykdy. Gijelikdi.
Täze tabşyryk
31 Ol çykanda, Isa şeýle diýdi: «Ine, indi Ynsan Ogly şöhratlandyryldy, Ol arkaly Hudaý-da şöhratlandyryldy. 32 Hudaý Onda şöhratlansa, Hudaý-da Ony Özünde şöhratlandyrar, hawa, Ony derrew şöhratlandyrar. 33 Çagalar, Men indi siziň bilen uzak wagt bolmaryn. Siz Meni agtararsyňyz, ýöne ýehudylara: „Meniň gitjek ýerime siz baryp bilmersiňiz" diýenimi indi size-de aýdýaryn. 34 Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň. 35 Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler».
Petrusyň Isany inkär etjekdigi öňünden aýdylýar
36 Simun Petrus Oňa: «Ýa Reb, Sen nirä barýarsyň?» diýdi. Isa oňa: «Sen Meniň bilen häzir gidip bilmersiň, ýöne soň baryp bilersiň» diýip jogap berdi. 37 Petrus Oňa: «Ýa Reb, näme üçin men Seniň bilen häzir gidip bilmerin? Men Seniň üçin janymy-da pida ederin» diýdi. 38 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Meniň üçin janyňy pida edersiňmi? Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň.
Isa ― Hudaýa gidýän ýol
14:1 Ýüregiňiz gysmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň. 2 Atamyň öýünde mesgenler köpdür; şeýle bolmasa, Men size „Ýer taýýarlamaga barýaryn" diýermidim? 3 Gidip ýer taýýarlanymdan soň, siziň hem Öz ýanymda bolmagyňyz üçin ýene gelip, sizi Özüm bilen alyp giderin. 4 Siz Meniň nirä barýanymy, ýoly bilýänsiňiz». 5 Tomas Oňa: «Ýa Reb, biz Seniň nirä barýanyňy bilmeýäris, ýoly nädip bileli?» diýdi. 6 Isa oňa şeýle diýdi: «Men ― ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez. 7 Meni tanasaňyz, Atamy-da tanarsyňyz. Siz mundan beýläk Ony tanaýarsyňyz, Ony gördüňiz». 8 Filipus Oňa: «Ýa Reb, Atany bize görkez, bize şol bolýar» diýdi. 9 Isa oňa şeýle diýdi: «Eý Filipus, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň „Atany bize görkez" diýmäň näme? 10 Meniň Atadadygyma, Atanyň hem Mendedigine sen iman etmeýärsiňmi? Men size aýdýan sözlerimi Öz-Özümden aýtmaýaryn, Mende ýaşaýan Ata Öz işlerini edýär. 11 Meniň Atadadygyma, Atanyň-da Mendedigine iman ediň; hiç bolmanda, eden işlerim üçin Maňa iman ediň.
12 Men size hakykatyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, bulardan has ulularyny-da eder, çünki Men Atama barýaryn. 13 Atam Ogulda şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin. 14 Meniň adym bilen bir zat dileseňiz, berjaý ederin.
Mukaddes Ruh wadasy
15 Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň. 16 Men-de Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer. 17 Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar. 18 Men sizi ýetim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin. 19 Az salymdan soň dünýä Meni görmez, ýöne siz görersiňiz, çünki Men ýaşaýaryn, siz-de ýaşarsyňyz. 20 Şol gün Meniň Atamdadygymy, siziň hem Mendedigiňizi, Meniň-de sizdedigimi bilersiňiz. 21 Meniň buýruklarymy tutup, olary berjaý edýän Meni söýýändir. Meni söýýäni Atam-da söýer. Men-de ony söýerin we oňa görnerin». 22 «Ýa Reb, Sen Özüňi dünýä däl-de, bize görkezmek isleýärsiň welin, bu nähili bolýar?» diýip, Iuda (Iskariot däl) Ondan sorady. 23 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi tutar. Atam-da ony söýer, biz oňa baryp, ýanynda mesgen tutarys. 24 Meni söýmeýän Meniň sözümi tutmaz. Siziň bu eşidýän sözleriňiz Meniňki däl-de, Meni iberen Atanyňkydyr. 25 Men bu zatlary size Özüm ýanyňyzdakam aýdýaryn. 26 Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi ― Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar. 27 Men size parahatlyk goýup barýaryn, Öz parahatlygymy size berýärin. Men muny, dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gysmasyn, gorkmaň. 28 „Men barýaryn, ýöne ýanyňyza öwrülip gelerin" diýenimi eşitdiňiz. Meni söýýän bolsaňyz, Meniň Atanyň ýanyna gidýänligime şatlanardyňyz, çünki Ata Menden beýikdir. 29 Men muny size bolan wagty iman edersiňiz diýip, bolmazyndan öň aýtdym. 30 Maňa indi siziň bilen gepleşere köp wagt galmady, çünki bu dünýäniň hökümdary gelýär. Onuň Men barada erk-ygtyýary ýokdur. 31 Ýöne Meniň Atany söýýänligimi, Ata Maňa nähili tabşyryk beren bolsa, şony berjaý edýänligimi dünýä bilmelidir. Turuň, bu ýerden gideliň.
Üzüm agajy we şahalar
15:1 Men hakyky üzüm agajydyryn, Atam bagbandyr. 2 Mendäki miwe bermeýän her bir şahany Ol keser, miwe berýänini bolsa has-da köp miwe bersin diýip timarlar, tämizlär. 3 Meniň size aýdan sözüm arkaly siz indi tämizsiňiz. 4 Siz Mende galyň, Men hem sizde galaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şahanyň öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz. 5 Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende galýan bolsa we Men kimde galýan bolsam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz. 6 Kim Mende galmasa, şaha kimin kesilip taşlanar, gurar. Olary ýygnaşdyryp, oda atarlar, olar hem ýanar. 7 Siz Mende galsaňyz, Meniň sözlerim sizde galsa, islän dilegiňiz biter. 8 Siziň köp miwe bermegiňiz bilen Atam şöhratlanar. Şeýlelikde, siz Meniň şägirtlerim bolarsyňyz. 9 Atamyň Özümi söýşi ýaly, Men-de sizi söýdüm. Meniň söýgimde galyň. 10 Meniň Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsinde galyşym ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgimde galarsyňyz. 11 Size bu zatlary Meniň şatlygym sizde bolsun we şatlygyňyz doly bolsun diýip aýtdym.
12 Meniň buýrugym şu: biri-biriňizi Meniň sizi söýşüm ýaly söýüň. 13 Bir adamyň öz dostlary üçin janyny pida etmeginden uly söýgi hiç kimde ýokdur. 14 Meniň özüňize buýranymy berjaý etseňiz, Maňa dostsuňyz. 15 Mundan beýläk Men size gul diýmerin, çünki gul agasynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýdim, çünki Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym. 16 Siz Meni saýlamadyňyz, Men sizi saýladym, gidip, miwe öndüriň we miwäňiz uzak galsyn diýip, sizi wezipä belledim. Şeýlelikde, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. 17 Meniň size buýrugym şu: biri-biriňizi söýüň.
Dünýäniň ýigrentgisi
18 Dünýä sizi ýigrense, onuň sizden öň Meni ýigrenendigini biliň. 19 Dünýäden bolan bolsaňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Ýöne dünýäden däldigiňiz üçin, Meniň sizi dünýäden saýlap alanlygym üçin, ine, şunuň üçin dünýä sizi ýigrenýär. 20 Meniň size „Gul öz agasyndan uly däldir" diýen sözümi ýada salyň. Olar Meni yzarlan bolsalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi tutan bolsalar, siziňkini-de tutarlar. 21 Olar size bu zatlaryň ählisini Meniň adym sebäpli ederler, çünki olar Meni Ibereni tanamaýarlar. 22 Men gelip, olara aýtmadyk bolsadym, onda günäleri bolmazdy, ýöne indi günäleri üçin ötünçleri ýokdur. 23 Meni ýigrenýän Meniň Atamy-da ýigrenýändir. 24 Men başgasynyň etmedik işlerini olaryň arasynda etmedik bolsam, onda günäleri bolmazdy, ýöne indi görüp, hem Meni, hem-de Atamy ýigrendiler. 25 Kanunlarynda: „Meni nähak ýigrendiler" diýip ýazylan söz berjaý bolmalydyr. 26 Atadan size iberiljek Göwünlik Berijim, ýagny Atadan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda güwälik eder. 27 Siz-de güwälik edersiňiz, çünki başdan Meniň bilen bilediňiz.
16:1 Bu zatlary size aldanyp, ýoldan çykmazlygyňyz üçin aýtdym. 2 Sizi sinagogalardan kowarlar. Hawa, sizi öldüren her kesiň şeýtmek bilen Hudaýa hyzmat edýändirin öýtjek wagty geler. 3 Bu işleri ederler, sebäbi olar ne Atany, ne-de Meni tanaýarlar. 4 Ýöne Men bulary özüňize aýdandygymy wagty gelende ýatlarsyňyz diýip aýtdym. Özüm ýanyňyzda bolanym üçin size bu zatlary başda aýtmandym.
Mukaddes Ruhuň işleýşi
5 Indi bolsa Men Özümi Iberene barýaryn. Sizden hiç kim „Nirä barýarsyň?" diýip soramaýar. 6 Ýöne bu zatlary aýdanym üçin siziň ýüregiňiz gaýgydan dolandyr. 7 Muňa garamazdan, Men size hakykaty sözleýärin: Meniň gitmegim size peýdadyr, Men gitmesem, Göwünlik Beriji size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin. 8 Ol gelende, günä, dogrulyk we höküm babatda dünýäniň ýalňyşandygyny aýan eder. 9 Günä babatda olaryňky nädogry, çünki Maňa iman etmeýärler. 10 Dogrulyk babatda-da olaryňky nädogry, çünki Men Atama barýaryn, mundan beýläk Meni görmersiňiz.
11 Höküm babatda-da olaryňky nädogry, çünki bu dünýäniň hökümdary höküm edilendir. 12 Size aýtjak ýene köp zatlarym bar, ýöne häzir siz olary göterip bilmersiňiz. 13 Emma Hakykat Ruhy gelende, Ol size bütin hakykata tarap ýol görkezer, çünki Ol Öz-Özünden aýtmaz, näme eşitse, şony aýan eder, geljek zatlary size bildirer. 14 Meni şöhratlandyrar, çünki Ol Meniňkiden alyp, size bildirer. 15 Atamyň nämesi bar bolsa Meniňkidir. Şuňa görä-de, Meniňkiden alyp, size bildirer diýýärin. 16 Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, ýene az wagtdan soň Meni görersiňiz, çünki Men Atama barýaryn».
Gaýgyňyz şatlyga öwrüler
17 Şonda Isanyň şägirtleriniň käbirleri biri-birine şeýle diýdiler: «Onuň „Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, ýene az wagtdan soň Meni görersiňiz", „Atama barýaryn" diýenine nähili düşünmelikä? 18 Az wagtdan soň diýdigi nämekä? Onuň aýdýanyna biz düşünmeýäris». 19 Isa Özüne sorag bermek isleýändiklerini bilip şeýle diýdi: «Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, ýene az wagtdan soň Meni görersiňiz diýýänim üçin biri-biriňize sorag berýärsiňizmi? 20 Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, siz möňňürip aglarsyňyz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gaýgylanarsyňyz, ýöne gaýgyňyz şatlyga öwrüler. 21 Aýal dogurjak wagty gam-gussa çekýändir, çünki sagady gelendir, ýöne dogranyndan soň, ol bir adamyň dünýä inendiginiň şatlygy bilen gaýgy-gussany unudar. 22 Siz barada hem şeýle, siziň-de häzir gaýgyňyz bar, emma Men sizi ýene görerin, göwnüňiz galkynar, hiç kim şatlygyňyzy sizden almaz. 23 Şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz. Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Atadan näme dileseňiz, Meniň adymyň hatyrasyna Ol ony size berer. 24 Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar. 25 Men bu zatlary size tymsallar bilen aýtdym, ýöne wagt geler, Men tymsallar bilen geplemän, Ata barada aç-açan gürrüň bererin. 26 Şol gün Meniň adym bilen dilärsiňiz. Men siziň üçin Atadan dilärin diýmeýärin. 27 Çünki Atanyň Özi sizi söýýär, sebäbi, siz Meni söýýärsiňiz, Meniň Atadan gelendigime iman edýärsiňiz. 28 Men Atadan çykyp, dünýä geldim. Indi bolsa dünýäni terk edip, Ata barýaryn». 29 Onuň şägirtleri şeýle diýdiler: «Ine, indi Sen hiç bir tymsalsyz, açyk sözleýärsiň. 30 Biz Seniň ähli zatlary bilýändigiňi indi bilýäris, hiç kimiň Senden soramagyna zerurlyk ýok. Şoňa görä-de, Seniň Hudaýdan gelendigiňe iman edýäris». 31 Isa olara şeýle diýdi: «Indi iman edýärsiňizmi? 32 Ine, wagt geler, hawa, geldi hem, ähliňiz öýüňize-iliňize dagap gidersiňiz, Meni ýeke galdyrarsyňyz. Ýöne Men ýeke däldirin, çünki Ata Meniň bilendir. 33 Bu zatlary Mende parahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, emma mert boluň. Men dünýäni ýeňendirin».
Isa doga edýär
17:1 Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini Göge dikip, şeýle diýdi: «Eý Ata, pursat geldi, Ogluň-da Seni şöhratlandyrar ýaly, Ony şöhratlandyr. 2 Çünki Seniň Oňa berenleriňiň ählisine ebedi ýaşaýyş bersin diýip, Sen Ogla bütin adamzat üstünden häkimiýet berdiň. 3 Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr. 4 Maňa tabşyran işiňi berjaý etmek bilen, Seni Ýer ýüzünde şöhratlandyrdym. 5 Eý Ata, dünýä döremezden öň huzuryňda Maňa bolan şöhrat bilen indi Meni huzuryňda şöhratlandyr. 6 Men dünýäden Maňa beren Öz adamlaryňa Seniň adyňy tanatdym. Olar Seniňkidir, olary Maňa Sen berdiň, olar Seniň sözüňi tutdular. 7 Indi olar Maňa beren ähli zatlaryňyň Sendendigini bilýärler. 8 Çünki Maňa tabşyran sözleriňi olara ýetirdim. Olar kabul etdiler, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler. Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler. 9 Olar üçin ýalbarýaryn. Dünýä üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir. 10 Meniň ähli zadym Seniňkidir, Seniňki-de Meniňkidir, Men olar arkaly şöhratlandym.
11 Indi Men bu dünýäde däl, ýöne olar entek dünýäde. Men Saňa gaýdyp barýaryn. Eý Mukaddes Ata, Maňa berenleriňi Öz adyň bilen gora, olar-da biziň ýaly bolsunlar. 12 Men olar bilen bile bolan wagtym Maňa berenleriňi Seniň adyň bilen gorap sakladym. Ýazgy berjaý bolar ýaly, heläkçilik oglundan başga olaryň hiç biri heläk bolmady. 13 Men indi Saňa barýaryn. Men bu zatlary dünýädekäm şatlygym olarda doly bolsun diýip aýdýaryn. 14 Men olara Seniň sözüňi berdim, dünýä olary ýigrendi, çünki Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler. 15 Olary dünýäden almagyňy däl-de, ýamanlykdan goramagyňy dileýärin. 16 Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler. 17 Olary hakykatyň bilen mukaddes et. Seniň sözüň hakykatdyr. 18 Seniň Meni dünýä iberişiň ýaly, Men-de olary dünýä iberdim. 19 Men Özümi olar üçin niýetleýärin, olar-da hakykat bilen mukaddes bolsun. 20 Men diňe olar üçin däl, eýsem, olaryň sözi bilen Maňa iman etjekler üçin-de dileg edýärin. 21 Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniň-de Sende bolşum ýaly, olar-da bizde bolsun, şeýlelikde, Meni Seniň iberendigiňe dünýä iman eder. 22 Maňa beren şöhratyňy Men-de olara berdim, biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun. 23 Men olarda we Sen Mendesiň. Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütinleý birlikde bolsun. 24 Eý adyl Ata, Seniň Maňa berenleriň-de, bolan ýerimde Meniň bilen bile bolup, Maňa beren şöhratyňy görmeklerini isleýärin, çünki Sen Meni dünýä döremezden öň söýüpdiň. 25 Eý dogry Ata, dünýä Seni tanamady, emma Men Seni tanadym, bular hem Meni Seniň iberendigiňi bildiler. 26 Seniň Maňa bolan söýgiň olarda bolsun, Men-de olarda bolaýyn diýip, adyňy olara bildirdim we bildirerin».
Isa tutulýar
18:1 Bu zatlary aýdansoň, Isa şägirtleri bilen bile Kidron çaýynyň aňyrsyna gitdi. Ol ýerde bir bag bardy. Isa şägirtleri bilen bile şol baga girdi. 2 Oňa haýynlyk eden Iuda-da ol ýeri bilýärdi, çünki Isa şägirtleri bilen, köplenç, şol ýerde duşuşardy. 3 Şonuň üçin-de Iuda bir topar esger bilen birlikde, baş ruhanylardan we fariseýlerden serkerdeler alyp, panusly, çyraly we ýaragly şol ýere bardy. 4 Isa Öz başyna düşjek ähli zady bilensoň, öňe çykyp, olara: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýdi. 5 Olar Oňa: «Nasyraly Isany» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Ol ― Men» diýdi. Oňa haýynlyk eden Iuda-da olar bilen bile durdy. 6 Isa olara «Ol ― Men» diýende, olar yza çekilip, ýere ýykyldylar. 7 Isa olardan ýene: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar-da: «Nasyraly Isany» diýdiler. 8 Isa olara: «Men size „Ol ― Men" diýdim ahyryn, Meni gözleýän bolsaňyz, bulary goýberiň, gitsinler» diýdi. 9 Isa muny «Maňa berenleriňiň hiç birini ýitirmedim» diýen sözi berjaý bolsun diýip aýtdy.
10 Şol wagt Simun Petrus ýanyndaky gylyjy syrdy-da, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň sag gulagyny kesdi. Ol hyzmatkäriň ady Malhusdy. 11 Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal. Atamyň Maňa beren käsesini içmäýinmi?» diýdi. 12 Onsoň esgerler, olaryň baştutany we ýehudylaryň nökerleri Isany tutdular we daňdylar. 13 Ony ilki Hannanyň ýanyna alyp bardylar. Hanna şol ýylky baş ruhany Kaýafanyň gaýynatasydy. 14 Halk üçin bir adamyň ölmegi ýagşydyr diýip, ýehudylara maslahat beren hem Kaýafady.
Petrus Isany inkär edýär
15 Simun Petrus bilen ýene bir şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdiler. Ýaňky şägirt baş ruhany bilen öňden tanyş bolansoň, ol Isa bilen bile baş ruhanynyň howlusyna girdi. 16 Ýöne Petrus daşarda gapynyň agzynda durdy. Onsoň baş ruhany bilen tanyş şägirt daşaryk çykdy-da, gapyny saklaýan aýala bir zatlar aýdyp, Petrusy içerik saldy. 17 Gapyny saklaýan aýal Petrusa: «Sen-de bu Adamyň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýdi. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi. 18 Howanyň sowuklygy üçin hyzmatkärler we nökerler ot ýakyp, çoýunyp durdular. Petrus hem olaryň ýanynda ýylnyp durdy.
Baş ruhany Isany soraga çekýär
19 Baş ruhany Isadan Onuň şägirtleri, taglymaty hakda sorag edýärdi. 20 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Men dünýä aç-açan aýtdym. Hemişe ýehudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda, ybadathanada sapak berdim, gizlin zat aýtmadym. 21 Näme üçin Menden soraýarsyň? Näme aýdanymy eşidenlerden sora, ine, olar Meniň näme aýdanymy bilýändir». 22 Bu zatlary aýdanda, şol ýerde duran nökerleriň biri: «Baş ruhana şeýle jogap berýärsiňmi?» diýip, Isanyň dulugyna urdy. 23 Isa oňa: «Men nädogry aýdan bolsam, nädogrydygyny subut et, eger-de dogry aýdan bolsam, onda, näme üçin Meni urýarsyň?» diýdi. 24 Onsoň Hanna Isanyň elini daňdyryp, Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna iberdi.
Petrus Isany ýene inkär edýär
25 Simun Petrus ol ýerde ýylynyp durdy. Oňa: «Sen hem Onuň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýdiler. Emma ol: «Ýok» diýip inkär etdi. 26 Petrusyň gulagyny kesen adamynyň garyndaşy, baş ruhanynyň hyzmatkärlerinden biri: «Men seni bagda Onuň bilen görmedimmi?» diýdi. 27 Petrus ýene inkär etdi, edil şol wagt horaz gygyrdy.
Isa Pilatusyň öňünde
28 Onsoň Isany Kaýafanyň ýanyndan hökümet köşgüne alyp bardylar. Daňdandy. Arassaçylyk düzgünini berjaý etmek hem-de Pesah naharyny düzgün boýunça iýmek üçin, ýehudylar hökümet köşgüne girmediler. 29 Şeýlelikde, Pilatus olaryň ýanyna gelip: «Bu Adamy nämede aýyplaýarsyňyz?» diýip sorady. 30 Olar: «Bu Adam jenaýatçy bolmadyk bolsa, Ony tutup, seniň ýanyňa getirmezdik» diýip jogap berdiler. 31 Pilatus olara: «Beýle bolsa, Ony alyň-da, öz kanunyňyz boýunça höküm çykaryň» diýdi. Ýehudylar Pilatusa: «Biziň kimdir birini ölüme höküm etmäge hakymyz ýok» diýdiler. 32 Şeýlelik bilen, Özüniň nähili ölüm bilen öljegi barada Isanyň yşarat edip aýdan sözleri berjaý bolmalydy. 33 Pilatus ýene hökümet köşgüne girdi-de, Isany çagyryp Oňa: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» diýdi. 34 Isa oňa: «Muny özüňden aýdýarsyňmy ýa Men hakda başgalar saňa aýtdymy?» diýdi. 35 Pilatus Isa şeýle diýdi: «Eýsem men ýehudymy? Seni Öz halkyň bilen baş ruhanylar tutup getirdiler. Sen näme etdiň?» 36 Isa şeýle jogap berdi: «Meniň patyşalygym bu dünýäden däl. Eger-de Meniň patyşalygym bu dünýäden bolan bolsa, onda hyzmatkärlerim Meni ýehudylaryň eline berdirmejek bolup göreşerdiler, ýöne Meniň patyşalygym bu ýerden däl». 37 Pilatus Oňa: «Onda, Sen patyşamy?» diýdi. Isa şeýle jogap berdi: «Meniň patyşadygymy özüň aýdýarsyň. Men hakykata güwälik etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir kişi Meniň sesimi eşider». 38 Pilatus Oňa: «Hakykat näme?» diýeninden soň, ýene ýehudylaryň ýanyna baryp, olara: «Men Ondan hiç bir ýazyk tapmadym. 39 Ýöne adatyňyz boýunça, Pesahda men bir tussagy boşatmalydyryn. Siz ýehudylaryň patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýdi. 40 Olar ýene gygyryşyp: «Ony däl, Barabbasy!» diýişdiler. Barabbas bolsa bir garakçydy.
Isa ölüme höküm edilýär
19:1 Soňra Pilatus Isany ýençmekligi buýurdy. 2 Esgerler tikenden täç örüp, Onuň başyna geýdirdiler, egnine gyrmyzy don geýdirdiler. 3 Ýanyna baryp: «Salam, eý, ýehudylaryň patyşasy!» diýşip, Onuň dulugyna şarpyk çaldylar. 4 Pilatus ýene daşaryk çykyp, olara: «Onda hiç bir ýazyk tapmanlygymy bilmegiňiz üçin, ine, Ony siziň ýanyňyza getirýärin» diýdi. 5 Isa başy tikenden täçli, gyrmyzy donly daşaryk çykdy. Pilatus olara: «Ine, ol Adam!» diýdi. 6 Baş ruhanylar we nökerler Isany görüp: «Haça çüýläň, haça çüýläň!» diýip gygyryşdylar. Pilatus olara: «Ony äkidip, özüňiz haça çüýläň, çünki men Onda hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi. 7 Ýehudylar oňa şeýle jogap berdiler: «Biziň bir kanunymyz bar, şol kanun boýunça Ol ölmeli, çünki Ol Özüne Hudaýyň Ogly diýýär». 8 Bu sözleri eşiden Pilatus has-da gorkdy. 9 Ol ýene hökümet köşgüne girip, Isadan: «Sen nireli?» diýip sorady. Emma Isa oňa jogap bermedi. 10 Pilatus Oňa: «Sen meniň bilen gepleşmeýärsiňmi? Seni boşatmaga-da, haça çüýlemäge-de meniň ygtyýarymyň bardygyny bilýärsiňmi?» diýdi.
11 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Saňa ýokardan berilmedik bolsa, Maňa hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin-de, Meni seniň eliňe bereniň günäsi has-da uludyr». 12 Şondan beýläk Pilatus Isany boşatmaga synanyşdy, ýöne ýehudylar gygyryşyp: «Ony boşatsaň, sen kaýsaryň dosty dälsiň, kim-de kim özüni patyşa etse, ol kaýsara garşydyr» diýdiler. 13 Pilatus bu sözleri eşidende, Isany daşaryk çykaryp, Daşly Meýdançada, iwritçe Gabbata diýilýän ýerde höküm kürsüsinde oturdy. 14 Pesah baýramyna taýýarlyk güni günortana golaý Pilatus ýehudylara: «Ine, patyşaňyz!» diýdi. 15 Olar: «Ýok et, ýok et, Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilatus olara: «Patyşaňyzy haça çüýläýinmi?» diýdi. Baş ruhanylar: «Biziň kaýsardan başga patyşamyz ýokdur» diýip jogap berdiler. 16 Onsoň Pilatus haça çüýlemek üçin Isany olaryň ygtyýaryna berdi. Olar Isany alyp gitdiler.
Isa haça çüýlenýär
17 Isa Öz haçyny göterip, Kelleçanak ― iwritçe Golgota diýilýän ýere çykdy. 18 Ol ýerde Ony we Onuň ýanynda ýene iki adamy haça çüýlediler: olaryň biri Onuň bu tarapynda, beýlekisi ol tarapyndady, Isa bolsa ortadady. 19 Pilatus bir tagtanyň ýüzüne: «NASYRALY ISA, ÝEHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazdy-da, haçdan asdy. 20 Ýehudylaryň köpüsi bu ýazgyny okadylar, çünki Isanyň haça çüýlenen ýeri şähere ýakyndy. Bu ýazgy iwritçe, grekçe we latynça ýazylypdy. 21 Ýehudylaryň baş ruhanylary Pilatusa: «„Ýehudylaryň patyşasy" diýip ýazma-da, „Bu Adam: Men ýehudylaryň patyşasydyryn diýdi" diýip ýaz» diýdiler. 22 Pilatus olara: «Ýazjagymy eýýäm ýazdym» diýip jogap berdi. 23 Isany haça çüýlän esgerler Onuň egin-eşigini alyp, her esger üçin bir paý edip dört böldüler. Ýene bir köýnek bardy. Bu köýnek tikilgi däl-de, tutuşlygyna dokalgydy. 24 «Egin-eşigimi özara paýlaşdylar, eşigim üçin bije atdylar» diýen Ýazgy berjaý bolar ýaly, esgerler: «Muny ýyrtman, bije atyşalyň, kime düşse, şonuňky» diýişdiler. Şeýle hem etdiler. 25 Isanyň haçynyň ýanynda Onuň ejesi we ejesiniň aýal dogany, Kleopasyň aýaly Merem we magdalaly Merem durdy. 26 Isa ejesini, onuň ýanynda Özüniň gowy görýän şägirdiniň duranyny görüp, ejesine: «Eý hatyn, ine, seniň ogluň» diýdi. 27 Onsoň şägirde: «Ine, seniň ejeň» diýdi. Şondan soň ýaňky şägirt ony öz öýüne aldy.
Isanyň ölümi
28 Onsoň Isa ähli zadyň tamam bolup barýanyny bilip, Mukaddes Ýazgynyň berjaý bolmagy üçin, «Suwsadym» diýdi. 29 Şol ýerde sirkeden doly bir gap durdy. Esgerler bir gubkany sirkä batyrdylar-da, naýza dakyp, Onuň agzyna tutdular. 30 Isa sirkäni dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi-de, başyny egip jan berdi.
31 Sabadyň öň ýanyndaky taýýarlyk güni bolansoň, jesetler Sabat güni haçda galmasyn diýip, (çünki Sabat güni möhüm gündi) ýehudylar Pilatusdan haça çüýlenenleriň injiklerini döwüp, jesetleri aşak düşürtmegi haýyş etdiler. 32 Şeýlelik bilen, esgerler baryp, birinjiniň we onuň bilen bile haça çüýlenen beýlekiniň injiklerini döwdüler. 33 Ýöne Isanyň ýanyna gelip, eýýäm ölendigini görenlerinde, olar Onuň injiklerini döwmediler. 34 Muňa garamazdan, esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi, şol bada-da gan we suw çogduryldy. 35 Gören şaýat boldy, onuň şaýatlygy hakdyr. Ol siz iman eder ýaly, özüniň dogry aýdýanyny bilýändir. 36 Çünki bu iş «Onuň hiç bir süňki döwülmez» diýen Ýazgynyň berjaý bolmagy üçin boldy. 37 Başga bir Ýazgyda bolsa «Bedenini dilen Adamlaryna serederler» diýilýär.
Isanyň jaýlanyşy
38 Onsoň Isanyň şägirdi bolan, ýöne ýehudylardan gorkup, muny ýaşyrýan arimatiýaly Ýusup Onuň jesedini haçdan aýyrmaga Pilatusdan rugsat sorady. Pilatus muňa rugsat berdi. Ol baryp, Isanyň jesedini haçdan aýyrdy. 39 Ozal gijäniň içinde Isanyň ýanyna baran Nikodimos-da ýüz gadaga golaý garyşyk mür we sarysabyr ýagyny alyp geldi. 40 Olar Isanyň jesedini alyp, ýehudylaryň jaýlama adaty boýunça, Ony ýakymly ysly ýag sepilen kepene doladylar.
41 Isanyň haça çüýlenen ýerinde bir bag we bagda heniz hiç kim jaýlanmadyk bir täze mazar bardy. 42 Ýehudylaryň Sabada taýýarlyk güni bolany üçin Isany şol ýerde goýdular, çünki mazar ýakyndy.
Isanyň direlişi
20:1 Hepdäniň ilkinji güni, entek garaňkyka, Magdalaly Merem irden mazara baranda, daşyň mazardan aýrylandygyny gördi. 2 Ol derrew ylgap, Simun Petrusa we Isanyň gowy görýän beýleki şägirdiniň ýanyna bardy-da, olara: «Rebbi mazardan çykaryp äkidipdirler, Ony nirede goýandyklaryny bilmeýäris» diýdi. 3 Petrus bilen beýleki şägirt derrew çykyp, mazara tarap gitdiler. 4 Olaryň ikisi-de ylgaýardy, ýöne beýleki şägirt Petrusdan çalt ylgap, mazara ondan öň bardy. 5 Ol eglip seredende, mazaryň içinde kepen matalaryň ýatandygyny gördi, ýöne içerik girmedi. 6 Şol wagt onuň yzyndan Simun Petrus hem geldi. Ol mazara girip, kepeniň ýerde ýatanyny, ýöne Isanyň başyna oralan ýaglygyň kepen bilen bir ýerde bolman, aýry bir ýerde saralgy ýatanyny gördi. 8 Soňra mazara ondan öň baran şägirt hem mazaryň içine girdi-de, ony görüp iman etdi. 9 Çünki olar Isanyň direljekdigi hakdaky Mukaddes Ýazga henize çenli düşünmändiler.
Isa magdalaly Mereme görünýär
10 Soňra şägirtler öýlerine gaýtdylar. 11 Merem bolsa mazaryň ýanynda aglamaga durdy. Ol aglap durka, eglip mazaryň içine seredende, iki sany ak eşikli perişdä onuň gözi düşdi. Olaryň biri Isanyň jesediniň ýatan ýeriniň başujunda, beýlekisi-de aýagujunda otyrdy. 13 Olar oňa: «Eý naçar, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýdiler. Ol-da olara: «Rebbimi mazardan çykaryp äkidipdirler, Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi. 14 Muny aýdansoň, yzyna seredende, ol Isanyň durandygyny gördi, ýöne Ony tanamady. 15 Isa oňa: «Eý naçar, sen näme üçin aglaýarsyň? Kimi gözleýärsiň?» diýdi. Merem Oňa bagbandyr öýdüp: «Eý aga, mazardan Ony sen äkiden bolsaň, nirede goýanyňy maňa aýt, men Ony alyp gideýin» diýdi. 16 Isa oňa: «Merem!» diýdi. Ol hem Oňa tarap gaňrylyp, iwritçe: «Rebbuni!» diýdi. Bu «Mugallym» diýmekdir. 17 Isa oňa: «Maňa galtaşma, çünki Men entek Atamyň ýanyna çykamok, ýöne doganlarymyň ýanyna bar-da, olara Meniň Atamyň we siziň Ataňyzyň, Meniň Hudaýymyň we siziň Hudaýyňyzyň ýanyna çykyp barýanymy aýt» diýdi. 18 Magdalaly Merem baryp, Rebbi görendigini, Rebbiň özüne aýdanlaryny şägirtlere habar berdi.
Isa şägirtlerine görünýär
19 Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri ýehudylardan gorkularyna gapylary gulplap, bir öýde üýşüşip otyrkalar, Isa geldi. Isa olaryň ortalarynda durup: «Size parahatlyk!» diýip, olara ýüzlendi. 20 Muny aýdyp, olara Öz ellerini, böwrüni görkezdi. Şägirtleri Rebbi görüp şatlandylar. 21 Isa olara ýene: «Size parahatlyk! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men-de sizi iberýärin» diýdi. 22 Soňra bolsa olaryň üstüne üfläp goýberdi-de: «Mukaddes Ruhy alyň. 23 Siz kimiň günäsini bagyşlasaňyz, ol bagyşlanar, kimiň günäsini geçmeseňiz, ol geçilmez» diýdi.
Isa Tomasa görünýär
24 Onkileriň biri bolan Ekiz diýilýän Tomas Isa gelen mahaly olaryň ýanynda däldi. 25 Beýleki şägirtler oňa: «Rebbi gördük» diýdiler. Ýöne ol: «Men Onuň ellerinde çüýleriň yzyny görüp, şol yzlara barmaklarymy degirmesem, böwrüne elimi degirmesem, asla ynanmaryn» diýdi. 26 Sekiz günden soň, şägirtler ýene öýdekäler, Tomas hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa gelip, olaryň ortasynda durdy-da: «Size parahatlyk!» diýdi. 27 Onsoň Isa Tomasyň ýanyna baryp, oňa: «Barmagyňy bu ýere degir, ellerimi gör, eliňi uzat-da, böwrüme degir, imansyz bolma, imanly bol» diýdi. 28 Tomas Oňa: «Rebbim, Hudaýym!» diýdi. 29 Isa oňa: «Sen Meni göreniň üçin iman etdiň. Meni görmän iman edenler nähili bagtly!» diýdi. 30 Isa şägirtleriniň ýanynda bu kitapda ýazylmadyk başga-da köp alamatlar görkezdi. 31 Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.
Isa kölüň kenarynda
21:1 Bulardan soň, Isa Tiberiýa kölüniň kenarynda peýda bolup, ýene şägirtlerine göründi. Ol Özüni şeýle görkezdi: 2 Simun Petrus, Ekiz diýilýän Tomas, Jeliläniň Kana şäherinden bolan Natanaýel, Zebedeýiň ogullary we Isanyň şägirtlerinden ýene ikisi bilelikdediler. 3 Simun Petrus olara: «Men balyk tutmaga gidýärin» diýdi. Olar-da oňa: «Biz-de seniň bilen gitjek» diýdiler. Baryp, gaýyga mündüler, ýöne ol gije hiç zat tutup bilmediler. 4 Ertir ir bilen Isa kenarda durdy, ýöne şägirtleri Onuň Isadygyny bilmediler. 5 Isa olara: «Eý balalar, iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýdi. Olar: «Ýok» diýip jogap berdiler. 6 Isa olara: «Toruňyzy gaýygyň sag tarapyndan sallaň, tutarsyňyz» diýdi. Olar tory salladylar, balygyň köplüginden ýaňa tory çekip çykaryp bilmediler. 7 Şonda Isanyň gowy görýän şägirdi Petrusa: «Bu ― Reb!» diýdi. Simun Petrus Onuň Rebdigini eşiden badyna geýimini biline orap, (ol ýalaňaçdy) özüni köle oklady. 8 Beýleki şägirtler bolsa balyk toruny çekip, gaýyk bilen ýüzüp geldiler, olar kenardan uzak bolman, onuň iki ýüz arçyn çemesi ýakynyndadylar.
9 Olar gury ýere çykanlarynda, kömür odunyň ýanyp durandygyny gördüler, közüň üstünde bolsa balyk bilen çörek bardy. 10 Isa olara: «Indi tutan balyklaryňyzdan getiriň» diýdi. 11 Simun Petrus gaýyga münüp, ýüz elli üç sany ullakan balykdan doly tory kenara çykardy. Balyk şeýle köp bolsa-da, tor ýyrtylmandy. 12 Isa olara: «Geliň, nahar ediniň» diýdi, ýöne şägirtleriň hiç biri Ondan «Sen kim?» diýip soramaga ýürek edip bilmedi, çünki Onuň Rebdigini olar bilýärdiler. 13 Isa geldi-de, çöregi alyp, olara berdi, balygy-da şeýtdi. 14 Bu Isanyň direlenden soň, şägirtlerine üçünji gezek görnüşidi.
Isa, Petrus we Ýahýa
15 Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusa: «Eý, Ýahýanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýdi. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýänligimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa-da oňa: «Guzularymy otlat» diýdi. 16 Isa ikinji gezek ýene oňa: «Eý, Ýahýanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýdi. Ol-da Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýänligimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa-da oňa: «Goýunlarymy bak» diýdi. 17 Isa oňa üçünji gezek: «Eý, Ýahýanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýdi. Petrus Onuň üçünji gezek «Meni söýýärsiňmi?» diýip soranyna gaýgylandy, Oňa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: «Goýunlarymy otlat. 18 Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, ýaşkaň özüň biliňi guşap, halan ýeriňe gidýärdiň, emma garranyňda elleriňi uzadyp durarsyň, seni başga biri guşandyryp, halamaýan ýeriňe alyp gider». 19 Ol muny Petrusa onuň nähili ölüm bilen Hudaýy hormatlajakdygyna yşarat edip aýtdy. Muny aýdandan soň, oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi. 20 Petrus-da öwrülip, Isanyň gowy görýän şägirdiniň, ýagny agşam nahary wagtynda Isanyň döşüne ýaplanyp Oňa: «Ýa Reb, Saňa haýynlyk etjek kim?» diýeniň-de, yzlaryna düşüp gelýänini gördi. 21 Petrus ony görüp, Isa: «Ýa Reb, bu näme bolar?» diýdi. 22 Isa oňa: «Men Özüm gelýänçäm, onuň galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýdi.
23 Şeýlelikde, doganlar arasynda bu şägirt ölmez diýen gürrüň ýaýrady. Emma Isa oňa «Ölmez» diýmän, diňe «Men Özüm gelýänçäm, onuň galmagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýipdi. 24 Bu zatlara şaýat bolup, şulary ýazan şägirt şoldur. Biz onuň şaýatlygynyň hakdygyny bilýäris. 25 Isanyň başga-da eden işleri gaty köpdür. Olar birin-birin ýazylsa, onda ýazylan kitaplar dünýä sygmaz diýip pikir edýärin. Omyn!