1:1 Gadyrly Teofilus, aramyzda ýüze çykan wakalaryn taryhyny köp adamlar basdan öz gözleri bilen görenlerin we Sözün hyzmatçysy bolanlaryn bize aýdysy ýaly edip ýazmaga girisdiler. 2 Muna görä men-de tä basyndan hemmesini üns bilen barlasdyryp, 3 senin özüne öwredilenlerin dogrudygyny bilmegin üçin, 4 ählisini bolsy ýaly, birin-birin sana ýazmaklygy maslahat bildim.
Ýahýanyn doguljagy önünden aýdylýar
5 Ýahuda patysasy Hirodesin zamanynda Abiýa bölüminden Zekerýa atly bir ruhany bardy. Onun aýaly hem Harunyn neslinden bolup, ady Elizabetdi. 6 Bularyn ikisi-de Hudaýyn önünde dogry bolup, Rebbin bütin buýruk hem tabsyryklaryny kemsiz berjaý ederdiler. 7 Olaryn perzendi ýokdy, çünki Elizabet önelgesizdi. Olaryn ikisi-de eýýäm garrylyk ýasyna ýetipdiler. 8 Bir gün Zekerýa öz bölüminin nobatynda Hudaýyn huzurynda ruhanylyk hyzmatyny berjaý edip ýörkä, 9 ruhanylyk adaty boýunça, buhur ýakmak üçin Rebbin ybadathanasyna girmek onun bijesine düsdi. 10 Ähli jemagat buhur ýakylýan sagatda dasarda doga edip durdy. 11 Rebbin buhurdanyn sagynda duran bir perisdesi Zekerýa göründi. 12 Zekerýa ony görende, gorkup aljyrady. 13 Emma perisde ona seýle diýdi: «Eý Zekerýa, gorkma, çünki dogan kabul boldy. Aýalyn Elizabet sana bir ogul dograr, onun adyna Ýahýa dakarsyn. 14 Sen satlanarsyn, begenersin, onun dogulmagyna köp adamlar satlanar. 15 Çünki ol Rebbin nazarynda uly bolar, serap, içgi içmez. Ol heniz enesinin göwresindekä, Mukaddes Ruh bilen dolar. 16 Ysraýyl ogullarynyn köpüsini öz Hudaýlary Rebbe tarap öwrer. 17 Ol atalaryn ýüreklerini ogullara, günälileri dogrulara tarap öwürmek we Rebbe taýýar halk taýynlamak üçin, Rebbin huzurynda Ylýasyn ruhy we gudraty bilen gezer». 18 Zekerýa perisdä: «Men muny nähili bileýin? Çünki men bir garry adam, aýalym-da garrylyk ýasyna ýeten» diýdi. 19 Perisde ona seýle jogap berdi: «Men Hudaýyn huzurynda durýan Jebraýyl. Men senin bilen geplesmek, sana bu hos habary gowsurmak üçin iberildim. 20 Ine, dilin tutulyp, bu zatlar bolýança, gepläp bilmersin. Çünki sen menin bellenen wagtda ýerine ýetjek sözlerime ynanmadyn». 21 Sol wagt halk Zekerýa garasýardy, onun ybadathanada eglenenine genirgenýärdiler. 22 Zekerýa dasary çykanda, olar bilen geplesip bilmedi. Halk onun ybadathanada görnüs görenini bildi. Çünki Zekerýa olara üm bilen ysarat edip, lal galdy. 23 Ol hyzmat günleri dolanda, öýüne gaýtdy. 24 Su günlerden son, onun aýaly Elizabet göwreli boldy. Ol bäs aýlap gözden-ilden çekilip: «Adamlar arasyndaky utanjymy aýyrjak bolup, Reb su günler mana nazaryny saldy, meni seýle etdi» diýýärdi.
Isanyn doguljagy önünden aýdylýar
26 Elizabetin göwreliliginin altynjy aýynda Jebraýyl perisde Hudaý tarapyndan Jelilänin Nasyra atly säherine, 27 Dawudyn neslinden Ýusup atly adamyn adaglysy bolan bir çykmadyk gyzyn ýanyna iberildi. Bu gyzyn ady Meremdi. 28 Perisde onun ýanyna gelip: «Salam, eý, merhemete sezewar bolan! Reb senin bilendir, sen aýallar arasynda mübäreksin!» diýdi. 29 Merem bu sözlere gaty aljyrap, «Bu nähili salam?» diýip içini gepletdi. 30 Perisde ona seýle diýdi: «Gorkma, Merem, sen Hudaýdan merhemet tapdyn. 31 Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyn. Onun adyna Isa dakarsyn. 32 Ol uly bolar, Ona hemmelerden beýik Hudaýyn Ogly diýler. Reb Hudaý Ona atasy Dawudyn tagtyny berer. 33 Ol Ýakubyn öýüne ebedi patysalyk eder, patysalygynyn sony bolmaz». 34 Merem perisdä: «Bu nähili bolar? Men heniz durmusa çykamok» diýdi. 35 Perisde ona seýle jogap berdi: «Mukaddes Ruh senin üstüne iner, hemmelerden Beýigin gudraty senin üstüne kölege salar. Sonun üçin hem doguljaga Mukaddese Hudaýyn Ogly diýler. 36 Ine, senin garyndasyn Elizabetin hem garrylygynda göwresinde oglany bar. Önelgesiz diýilýänin eýýäm altynjy aýy. 37 Çünki Hudaýyn ýanynda bolmajak zat ýokdur». 38 Merem: «Ine, men Rebbin gyrnagy. Mana senin aýdysyn ýaly bolsun» diýdi. Perisde onun ýanyndan gitdi.
Merem Elizabetin ýanyna gidýär
39 Merem sol günlerde turup, gyssanmaç daglyga, Ýahuda ülkesinin bir säherine gitdi. 40 Ol Zekerýanyn öýüne baryp, Elizabete salam berdi. 41 Elizabet Meremin salamyny esidende, göwresindäki çaga gymyldap, Elizabet Mukaddes Ruh bilen doldy. 42 Ol batly gygyryp, seýle diýdi: «Sen aýallar içinde bagtlysyn, senin göwränin miwesi-de bagtlydyr! 43 Bu nähili boldy-da, Rebbimin enesi menin ýanyma geldi. 44 Ine, salamyn gulagyma gelip ýeten badyna, göwrämdäki çaga begençden gymyldady. 45 Iman getiren aýal bagtlydyr! Çünki Reb tarapyndan ona aýdylanlar ýerine ýeter». 46 Merem seýle diýdi: «Janym Rebbi öwgi bilen beýgeldýär, 47 Halasgärim Hudaýa ruhum satlanýar. 48 Çünki Ol Öz gyrnagynyn ejizligini gördi. Mundan beýläk bütin nesiller mana bagtly diýer. 49 Çünki Gudratygüýçli mana uly isler etdi. Onun ady mukaddesdir. 50 Onun rehimi nesilden-nesle Özünden gorkýanlaryn üstündedir. 51 Ol goly bilen güýçli isler etdi, öz ýürek pikirleri bilen magtanýanlary dargatdy. 52 Güýçlüleri tagtlaryndan düsürip, ejizleri galdyrdy. 53 Açlary nygmatlar bilen doýrup, baýlary bos gaýtardy. 54 Atalarymyza beren sözi boýunça, Ybraýym bilen onun nesline mydamalyk rehim etmegi unutman, guly Ysraýyla ýardam etdi». 56 Merem Elizabetin öýünde üç aýa golaý bolup, son öýüne gaýtdy.
Ýahýa pygamberin doglusy
57 Elizabetin güni-sagady dolup, bir ogul dogurdy. 58 Gonsulary hem-de dogan-garyndaslary Rebbin ona uly rehimdarlyk edenini esidip, onun bilen bile satlandylar. 59 Sekizinji güni oglany sünnetlemäge gelenlerinde, onun adyna kakasynyn ady ýaly Zekerýa dakjak boldular. 60 Ýöne ejesi garsy bolup: «Ýok, onun ady Ýahýa bolmalydyr» diýdi. 61 Ona: «Senin garyndaslarynyn arasynda Ýahýa atly adam ýok» diýdiler. 62 Olar oglanyn kakasyna üm bilen düsündirip, onun näme at dakmakçydygyny soradylar. 63 Ol hem bir kiçiräk tagta isläp, «Ady Ýahýadyr» diýip ýazdy. Hemmeler haýran galdylar. 64 Sol bada Zekerýanyn dili açylyp, Hudaýa öwgi aýdyp, geplemäge baslady. 65 Bütin gonsular gorkdular. Ýahuda daglygynyn ähli ýerinde bütin bu wakalaryn gürrüni edildi. 66 Muny esidenlerin bary bu zatlary ýüreklerinde saklap: «Bu çaga näme bolarka?» diýisýärdiler. Çünki Rebbin eli onun bilendi.
Zekerýanyn weliligi
67 Oglanyn kakasy Zekerýa Mukaddes Ruh bilen dolup, welilik edip diýdi: 68 Ysraýylyn Hudaýy Reb mübärek bolsun! Ol Öz halkyny idemäge geldi, ona gutulys gazandyrdy. 69 Ol gadymdan Öz mukaddes pygamberlerinin agzy bilen aýdysy ýaly, bize bendesi Dawudyn neslinden bir güýçli Halasgär çykaryp, dusmanlarymyzdan, bizi ýigrenýänlerin ählisinin elinden gutular ýaly etdi. 72 Ol muny atalarymyza rehim etjek, Öz mukaddes ähtini, 73 bizin atamyz Ybraýyma eden kasamyny ýatlajak bolup etdi. 74 Ol bizi dusmanlarymyzyn elinden halas edip, 75 takwalyk hem dogrulyk bilen, önünde ömürboýy Özüne ybadat etmäge bize mümkinçilik berjekdigini aýdypdy. 76 Eý çaga, sen hem hemmelerden beýik Hudaýyn pygamberi diýen ady alarsyn! 77 Çünki sen Onun ýollaryny taýýarlamak, Onun halkyna günälerinin ötülmegi bilen gutuljakdyklaryny bildirmek üçin, Rebbin önünden ýörärsin. 78 Sebäbi Hudaýymyz ýüreginin rehimliligine görä, garankyda, ölüm kölegesinde oturanlara ysyk bermek üçin, 79 aýaklarymyzy parahatlyk ýoluna gönükdirmek üçin, dogan Gün kimin ýokarlardan bizi idemäge geler». 80 Oglan bolsa ulalyp, ruhy güýçlenýärdi. Ol Ysraýyla görünmeli günlerine çenli çöllerde boldy.
Isanyn doglusy
2:1 Sol günlerde kaýsar Awgust bütin dünýäde ilat ýazuwyny geçirmeli diýen buýrugy çykardy. 2 Bu Kiriniusyn Siriýa häkimlik edýän wagtynda geçirilen ilkinji ýazuwdy. 3 Hemmeler ýazylmak üçin öz säherlerine gitdiler. 4 Ýusup-da Dawudyn öýünden we neslinden bolanson, ol ýerde adyny ýazdyrmak üçin, Jeliledäki Nasyra säherinden ýola düsüp, Dawudyn Ýahudadaky Beýtullaham diýen säherine gitdi. 5 Göwreli adaglysy Merem hem ýanyndady. 6 Olar Beýtullahamdakalar, Meremin dogurmaly güni-sagady geldi. 7 Ol ilkinji ogluny dogrup, gundaga dolady-da, Ony bir ahyrda ýatyrdy. Çünki olara myhmanhanada ýer ýokdy. Çopanlar we perisde 8 Sol töwereklerde çopanlar bardy. Olar gijelerine düzde galyp, sürülerini bakardylar. 9 Ine, Rebbin perisdesi olara göründi, Rebbin ýalkymy das-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. 10 Perisde olara seýle diýdi: «Gorkman, ine, men size bütin halky begendirjek satlygy buslaýaryn: 11 Su gün Dawudyn säherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir. 12 Size alamat seýle: siz ahyrda ýatan, gundaga dolangy bir çagany taparsynyz». 13 Birdenkä perisde bilen birlikde Gökdäki gosundan bir uly mähelle göründi. Olar Hudaýy öwüp diýýärdiler: 14 «In ýokarlarda Hudaýa söhrat, ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hosniýetlilik bolsun!» 15 Perisdeler çopanlaryn ýanyndan aýrylyp, Göge çykanlarynda, çopanlar biri-birlerine: «Beýtullahama gidip, bu bolan wakany, Rebbin bize bildiren zadyny görelin» diýisdiler. 16 Seýlelikde, ylgap baryp, Meremi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar. 17 Muny görenlerinde, bu çaga hakda özlerine aýdylan sözi olara gürrün berdiler. 18 Muny esidenlerin bary çopanlaryn aýdanlaryna haýran galdylar. 19 Merem bolsa bu zatlar hakda ýagsy oýlanyp, bularyn baryny ýüreginde saklaýardy. 20 Çopanlar hemme görüp-esidenlerinin özlerine aýdylysy ýaly bolanlygy üçin, Hudaýy söhratlandyryp, öwüp, yzlaryna öwrüldiler.
Isa ybadathanada Hudaýa hödürlenýär
21 Sekizinji gün dolup, çagany sünnetleme wagty ýetende, enesinin göwresine düsmezden ön, perisdänin aýdysy ýaly, Onun adyna Isa dakdylar. 22 Musanyn kanunynda beýan edilen çile döwri tamam bolanda, Rebbe bagyslamak üçin, Isany Iýerusalime getirdiler. Çünki Rebbin kanunynda: «Ilkinji doglan her bir erkek çaga Rebbe bagyslanmalydyr» diýip ýazylypdyr. 23 Ýene Rebbin kanunynda aýdylysyna görä, olar 24 bir jübüt gumry ýa-da iki kepderi çagasyny gurban etmek üçin gitdiler. 25 Iýerusalimde Simun atly bir adam bardy. Ol dogry hem dindar bolup, Ysraýylyn teselli tapjak wagtyna garasýardy we Mukaddes Ruh onun üstündedi. 26 Ona Rebbin Mesihini görmezden ön ölüm garasyny görmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýdylypdy. 27 Ol Ruhun ýol görkezmesi bilen ybadathana geldi. Isanyn ene-atasy kanunda ýazylan adaty berjaý etmek üçin, çagany içerik getirenlerinde, 28 Simun Ony gujagyna alyp, Hudaýa alkys okap, seýle diýdi: 29 Ýa Reb, beren sözüne görä, indi hyzmatkärini sag-aman goýber. 30 Çünki Senin bütin halklaryn gözünin alnynda taýýarlap goýan, 31 milletleri ýagtyltjak ysygyny, 32 halkyn Ysraýylyn söhraty bolan gutarysyny gözüm gördi». 33 Ýusup bilen çaganyn enesi Ol hakda aýdylýan sözlere haýran galdylar. 34 Simun olara ak pata berip, ejesi Mereme seýle diýdi: «Ine, bu çaga Ysraýylda köplerin ýykylmagy we galmagy üçin, çekismeler turuzjak alamat bolmak üçin bellenendir. 35 Ençeme ýüreklerin pikirleri äsgär bolar ýaly, senin hem janyna bir gylyç sokular». 36 Aser taýpasyndan bolan Fanuilin welilik edýän gyzy Anna-da sol ýerdedi. Onun ýasy garrylyga ýetipdi. Gyzlygyndan sonra äri bilen ýedi ýyl ýasap, 37 indi bolsa ýasy segsen dörde ýeten bu dul hatyn ybadathanadan çykman, gije-gündiz oraza tutup, doga edip, ybadat bilen mesguldy. 38 Ol hem edil sol wagt gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimin gutulmagyna garasýanlaryn baryna bu çaga hakda gürrün berdi. 39 Ýusup bilen Merem Rebbin kanuny boýunça ähli zady berjaý edenlerinden son, Jeliledäki säherleri Nasyra dolandylar. 40 Çaga ulalýardy, güýçlenip akyldarlykda ösýärdi. Hudaýyn merhemeti Onun üstündedi.
Isa ybadathanada
41 Isanyn ene-atasy her ýyl Pesah baýramynda Iýerusalime giderdiler. 42 Ol on iki ýasyndaka, baýram adaty boýunça Iýerusalime gitdiler. 43 Olar baýram günlerini ötürip, yzlaryna dolananlarynda, ýetginjek Isa Iýerusalimde galdy. Ýusup bilen çaganyn ejesi muny bilmeýärdiler. 44 Olar Ony ýolagçylaryn arasyndadyr öýdüp, bir günlük ýoly ýörediler. Onson, Ony dogan-garyndaslaryn, dost-ýarlaryn arasyndan gözläp basladylar. 45 Tapmansonlar, Ony gözläp, yzlaryna Iýerusalime dolandylar. 46 Üç günden son, Ony ybadathanadan tapdylar. Ol mugallymlaryn arasynda oturyp, olara gulak asyp, soraglar berýärdi. 47 Isany dinleýänlerin bary Onun paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar. 48 Ene-atasy Ony görenlerinde gen galdylar, ejesi Ona: «Oglum! Näme beýtdin? Ine, kakan ikimiz Seni gaty gaýgy edip gözledik» diýdi. 49 Isa olara: «Meni nämä gözlediniz? Siz Menin Atamyn öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiniz?» diýdi. 50 Emma olar Onun aýdan bu sözüne düsünmediler. 51 Onson Isa ene-atasy bilen bile Nasyra gaýtdy, olaryn tabynlygynda galdy. Onun ejesi bütin bu zatlary ýüreginde saklaýardy. 52 Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyn hem adamlaryn mährini gazanýardy.
Ýahýanyn wagzy
3:1 Kaýsar Tiberiusyn häkimliginin on bäsinji ýylynda, Pontius Pilatus Ýahudanyn häkimikä, Hirodes Jelile tetrarhy, onun dogany Filipus Iturea we Trahonitis welaýatynyn tetrarhy, Lisaniýas Abilinin tetrarhydy. 2 Hanna bilen Kaýafa hem bas ruhanydy. Sonda çölde Zekerýanyn ogly Ýahýa Hudaýyn sözi geldi. 3 Ol Iordanyn töweregindäki bütin ýurtlara aýlanyp, günälerin ötülmegi üçin toba edip çokundyrylmagy wagyz edýärdi. 4 Sonun ýaly-da, Isaýa pygamberin kitabynda ýazylgydyr: «Çölde gygyrýanyn sesi: Rebbin ýoluny taýýarlan, Onun ýodalaryny dogrulan. 5 Her dere doldurylar, her dag, depe peseldiler, egri ýollar dograldylar, çarkandakly ýollar tekizlener. 6 Bütin adamzat Hudaýyn gutarysyny görer». 7 Ýahýa çokundyryljak bolup ýanyna gelýän halaýyga seýle diýýärdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçmagy size kim salgy berdi? 8 Indi, toba mynasyp miweler öndürin. Içinizden: „Bizin atamyz Ybraýymdyr" diýip baslaman. Çünki men size aýdýaryn: Hudaý Ybraýyma su daslardan-da perzent ýaratmagy basarýandyr. 9 Palta eýýäm agaçlaryn düýbünde ýatyr: onat miwe bermeýän agaç kesilip, oda taslanar». 10 Halaýyk ondan: «Onda, biz näme etmeli?» diýip sorady. 11 Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Azykly hem sonun ýaly etsin» diýdi. 12 Salgytçylar-da çokundyrylmak üçin onun ýanyna gelip: «Mugallym, biz näme etmeli!» diýdiler. 13 Ýahýa olara: «Özünize bellenenden artyk alman» diýdi. 14 Esgerler-de: «Onda, biz näme etmeli?» diýip, ondan soradylar. Olara: «Hiç kimi talaman, hiç kime töhmet atman, öz hakynyza kaýyl bolun» diýdi. 15 Halk garasyp durka, hemmesi Ýahýa hakda öz içlerinden: «Bu Mesihmikä?» diýip oýlanýardylar. 16 Ýahýa hemmesine seýle diýdi: «Men sizi suw bilen çokundyrýaryn, ýöne menden güýçli Biri geler. Men Onun çarygynyn bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruh hem ot bilen çokundyrar. 17 Onun küregi elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy ammaryna üýsürip, samany sönmez otda ýakar». 18 Ol basga-da köp öwüt-ündew edip, halka Hos Habary wagyz edýärdi. 19 Emma Hirodes tetrarh doganynyn aýaly Hirodiýa üçin we öz eden ähli erbet isleri üçin, Ýahýanyn käýinjine sezewar bolany zerarly, 20 bu ähli erbetliklerin üstüne Ýahýany zyndana salmaklygy hem gosdy.
Isa çokundyrylýar
21 Bütin halk çokundyrylyp ýörkä, Isa-da çokundyryldy. Ol doga edip otyrka, Gök açylyp, 22 Mukaddes Ruh jan-ten bolup, kepderi kimin Onun üstüne indi. Gökden: «Sen Menin söýgüli Oglumsyn. Men senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.
Isanyn nesil sejeresi
23 Isa Öz hyzmatyna baslan wagty otuz ýaslaryndady, çak edilisine görä, Ýusup ogly, Eli ogly, 24 Mattat ogly, Lewi ogly, Melki ogly, Ýannaý ogly, Ýusup ogly, 25 Mattatýa ogly, Amos ogly, Nahum ogly, Esli ogly, Naggaý ogly, 26 Maat ogly, Mattatýa ogly, Semeýn ogly, Ýoseh ogly, Ýoda ogly, 27 Ýoanan ogly, Risa ogly, Zerubabel ogly, Sealtiýel ogly, Neri ogly, 28 Melki ogly, Addi ogly, Kosam ogly, Elmadam ogly, Er ogly, 29 Ýesu ogly, Elizer ogly, Ýorim ogly, Mattat ogly, Lewi ogly, 30 Simun ogly, Iuda ogly, Ýusup ogly, Ýonam ogly, Elýakim ogly, 31 Melea ogly, Menna ogly, Mattata ogly, Natan ogly, Dawut ogly, 32 Ýesse ogly, Obed ogly, Boaz ogly, Salmon ogly, Nahson ogly, 33 Aminadap ogly, Ram ogly, Hesron ogly, Peres ogly, Iuda ogly, 34 Ýakup ogly, Yshak ogly, Ybraýym ogly, Teraz ogly, Nahor ogly, 35 Seruh ogly, Reu ogly, Peleg ogly, Eber ogly, Sela ogly, 36 Kainan ogly, Arfaksad ogly, Sam ogly, Nuh ogly, Lamek ogly, 37 Metuselah ogly, Hanok ogly, Ýared ogly, Mahalaleýel ogly, Kainan ogly, 38 Enos ogly, Sit ogly, Adam ogly, Hudaý ogludy.
Isa çölde synalýar
4:1 Isa Mukaddes Ruh bilen dolup, Iordandan yzyna öwrüldi. Ruh ony çöle äkitdi. 2 Iblis Isany kyrk günläp synady. Ol bu günlerin dowamynda hiç bir zat iýmän, olar ötende bolsa ajykdy. 3 Iblis Ona: «Sen Hudaýyn Ogly bolsan, su dasa çörek bol diýip buýur» diýdi. 4 Isa ona seýle jogap berdi: «„Adam dine çörek bilen däl, eýsem, Hudaýyn her sözi bilen hem ýasaýandyr" diýip ýazylgydyr» diýdi. 5 Iblis Ony bir belent ýere çykaryp, bir salymyn içinde dünýänin bütin patysalyklaryny görkezip, 6 seýle diýdi: «Men Sana sularyn hemmesinin ygtyýaryny hem söhratyny bereýin, çünki bular mana tabsyryldy. Men olary islänime berip bilýärin. 7 Sen mana sežde etsen, bularyn bary Seninki bolar». 8 Isa ona seýle jogap berdi: «Menin ýanymdan güm bol, seýtan! Öz Hudaýyn Rebbe sežde et, dine Ona gulluk et diýip ýazylgydyr». 9 Iblis Ony Iýerusalime eltdi, ybadathananyn künresinde oturdyp, Ona seýle diýdi: «Sen Hudaýyn Ogly bolsan, Özüni su ýerden asak zyn. 10 Sebäbi: „Ol Sen hakda Öz perisdelerine Seni gorasynlar diýip buýruk berer". 11 „Olar aýagyn dasa degäýmesin diýip, Seni ellerinde götererler" diýip ýazylgydyr». 12 Isa ona: «„Öz Hudaýyn Rebbi synama" diýlendir» diýdi. 13 Iblis bütin synaglary gutarandan son, birnäçe wagtlap Onun ýanyndan aýrylyp gitdi.
Isa Jelilede
14 Isa Ruhun güýji bilen Jelilä öwrüldi. Ol hakdaky gürrünler bütin sol töwereklere ýaýrady. 15 Ol hemmeler tarapyndan hormatlanyp, olaryn sinagogalarynda sapak berýärdi. 16 Isa Öz önüp-ösen ýeri bolan Nasyra geldi. Endigi boýunça Sabat güni sinagoga bardy we Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin, ýokary turdy. 17 Ona Isaýa pygamberin kitaby berildi. Ol hem kitaby açyp, su sözlerin ýazylan ýerini tapdy: 18 «Rebbin Ruhy üstümdedir. Çünki garyplara Hos Habary bildirmegim üçin Meni mesh etdi; Meni tussaglara azatlygy, körlere gözlerinin açylmagyny yglan etmäge, zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, 19 Rebbin merhemet ýylyny yglan etmäge iberdi». 20 Onson kitaby ýapyp, yzyna ? hyzmatkäre berdi-de oturdy. Sinagogadakylaryn hemmesinin gözi Ona dikildi. 21 Ol bolsa olara gürrün bermäge durdy: «Sizin esiden bu ýazgynyz su gün berjaý boldy». 22 Hemmeler Ony taryplap, Onun agzyndan çykýan mähirli sözlere täsin galyp: «Bu Ýusubyn Ogly dälmi?» diýisýärdiler. 23 Isa olara seýle diýdi: «Siz, hökman, Mana „Tebip, özüne em et!" diýen nakyly aýdarsynyz, „Kapernaumda bolanyny esiden zatlarymyzy su ýerde, Öz ýurdunda-da et" diýersiniz». 24 Ol ýene seýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: hiç bir pygamber öz ýurdunda kabul edilýän däldir. 25 Size dogrusyny aýdýaryn: Ylýasyn zamanynda Ysraýylda birtopar dul hatyn bardy. Gök üç ýyl alty aýlap baglanyp, bütin ýurda açlyk düsende, 26 Ylýas olaryn hiç birinin ýanyna iberilmän, dine Saýdadaky Sarepta säherinde bolan bir dul hatynyn ýanyna iberildi. 27 Elisa pygamberin zamanynda-da Ysraýylda birtopar heýwere keselli adam bardy. Ýöne siriýaly Naamandan basga olaryn hiç biri tämiz bolmady». 28 Bu sözleri esidenlerinde, sinagogadakylaryn hemmesi gahar-gazaba mündüler. 29 Turup, Ony säherden kowdular, säherlerinin ýerlesen dagynyn basyna eltip, sol ýerden asak zynjak boldular. 30 Emma Isa olaryn arasyndan geçip, ýola rowana boldy.
Isa arwah-jyny kowýar
31 Isa Jelilänin bir säheri bolan Kapernauma geldi. Sabat günlerinde halka sapak bererdi. 32 Halk Onun taglymatyna haýran galdy. Çünki Onun sözi erk-ygtyýarlydy. 33 Sinagogada arwah-jynly bir adam bardy. Ol batly ses bilen gygyryp, seýle diýdi: 34 «Goý, bizin bilen näme isin bar, eý, Nasyraly Isa? Bizi heläk etmäge geldinmi? Men Senin kimdigini bilýärin, Sen Hudaýyn Mukaddesisin». 35 Isa ona käýäp: «Sesini çykarma-da, çyk!» diýdi. Jyn hem ol adamy sinagoganyn ortasynda ýere ýykdy-da, hiç bir zyýan ýetirmän, ondan çykdy. 36 Hemmeler haýran galysyp, biri-birlerine: «Bu nähili söz? Ol ygtyýar hem gudrat bilen al-arwahlara buýruk berýär. Olar hem çykýarlar» diýisdiler. 37 Ol hakdaky gürrün sol töwereklerin hemme ýerine ýaýrady.
Isa köp syrkawlary sagaldýar
38 Isa sinagogadan çykyp, Simunyn öýüne bardy. Simunyn gaýynenesini agyr gyzzyrma tutup ýatyrdy. Ol hakda Isa haýys etdiler. 39 Isa onun basujunda durup, gyzzyrma käýedi. Gyzzyrma ondan aýrylyp, ol derrew ör turdy-da, olara hyzmat etmäge durdy. 40 Gün ýasanda, dürli syrkawçylyklary bar adamlary Onun ýanyna getirdiler. Isa hem ellerini her birinin üstüne goýup, olary sagaltdy. 41 Köpüsinden jynlar: «Sen Hudaýyn Ogly Mesihsin!» diýip, gygyrysyp çykýardy. Isa hem käýäp, olary gepletmeýärdi. Çünki Onun Mesihdigini bilýärdiler. 42 Dan atanda, Isa çykyp bir ýere gitdi. Ýöne halaýyk Ony gözläp, ýanyna geldi, ol ýerden gitmez ýaly, olar Isany alyp galjak boldular. 43 Isa olara seýle diýdi: «Hudaýyn Patysalygynyn Hos Habaryny Men beýleki säherlere-de bildirmeli. Çünki Men munun üçin wagyz etdim». 44 Seýdip, Ol Jelilänin sinagogalarynda wagyz edýärdi.
Isanyn ilkinji sägirtleri
5:1 Bir gün halaýyk Hudaýyn Sözüni dinlejek bolup, Isanyn dasyny alyp durka, Ol Jenesaret kölünin kenarynda durdy. 2 Sonda Isanyn gözi kölün ýakasynda duran iki gaýyga düsdi. Balykçylar gaýyklardan düsüp, torlaryny ýuwup durdular. 3 Isa gaýyklaryn birine münüp, gaýygyn eýesi Simundan kenardan biraz uzaklasmagy haýys etdi. Onson gaýykda oturan ýerinden halka sapak bermäge durdy. 4 Sözüni gutaranda Simuna: «Çun ýere gidin-de, aw üçin torlarynyzy suwa zynyn» diýdi. 5 Simun Ona seýle diýdi: «Ussat! Bütin gije zähmet çekip, hiç bir zat tutup bilmedik, ýöne Senin sözün hatyrasyna torlary zynaýyn». 6 Muny edenlerinde, seýle köp balyk tutdular welin, torlary ýyrtylyp ugrady. 7 Beýleki gaýykdaky ýoldaslaryna gelip kömeklesmekleri üçin ellerini bulap ysarat etdiler. Olar hem gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy. 8 Simun Petrus muny görende: «Ýa Reb, menin ýanymdan aýryl, çünki men bir günäkär adam!» diýip, Isanyn dyzyna ýykyldy. 9 Sebäbi tutan balyklarynyn köpdügine ol we ýanyndakylaryn hemmesi ? 10 Simunyn ýoldaslary bolan Zebedeýin ogullary, Ýakup bilen Ýahýa hem haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk ynsanlary tutarsyn» diýdi. 11 Seýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taslap, Onun yzyna düsdüler.
Isa heýwere kesellini sagaldýar
12 Isa säherlerin birindekä, tutus endamy heýwere keselli bir adam geldi. Ol Isany görende, ýüzüni ýere berip, Ona: «Ýa Reb, islesen, meni tämiz edip bilersin» diýip ýalbardy. 13 Isa hem elini uzadyp: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi-de, ona elini degirdi. Heýwere keseli derrew ol adamdan aýryldy. 14 Isa ona: «Muny hiç kime aýtma» diýip tabsyrdy-da: «Ýöne bar-da, özüni ruhana görkez, hemmelere güwälik bolar ýaly, tämizligin üçin Musanyn tabsyrygy boýunça gurban bagys et» diýdi. 15 Isa hakdaky gürrünler barha ýaýraýardy. Isany dinlejek, syrkawlyklaryndan açyljak bolup, Onun ýanyna uly märekeler ýygnanýardy. 16 Emma Ol çöllere çykyp doga edýärdi. Bir ysmazyn sagaldylysy 17 Bir gün Isa sapak berip otyrdy. Jelilänin ähli obalaryndan, Ýahudadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen kanunçylar-da sol ýerde otyrdylar. Rebbin gudraty Onun syrkawlara sypa bersinde özüni görkezýärdi. 18 Sol wagt birnäçe adam bir ysmazy düsegi bilen göterip getirdiler. Ony içerik salyp, Isanyn önünde ýatyrjak boldular. 19 Emma märeke zerarly içerik salmak üçin ýol tapman, öýün üstüne çykyp, üçegin arasyndan ony düsegi bilen orta ? Isanyn önüne düsürdiler. 20 Ol hem olaryn imanyny görüp: «Eý adam, senin günälerin ötüldi» diýdi. 21 Kanunçylar bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri Hudaýdan basga kim ötüp biljek?» diýip, içlerini gepletmäge basladylar. 22 Emma Isa olaryn nämä oýlanýanyny bilip, olara seýle diýdi: «Näme içinizi gepledýärsiniz? 23 Haýsy ansat, „Günälerin ötüldi" diýmekmi ýa-da „Tur, ýöre" diýmek? 24 Emma siz Ynsan Oglunyn ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyn bardygyny biler ýaly...» diýdi-de, ysmaz bolan adama: «Sana diýýärin, tur, düsegini al-da, öýüne git» diýdi. 25 Ol hem derrew olaryn gözlerinin alnynda ör turup, düsegini aldy-da, Hudaýy söhratlandyryp, öýüne gitdi. 26 Hemmeler haýran galysyp, Hudaýy söhratlandyrdylar, gorky bilen dolup: «Bu gün gen zatlar gördük» diýisdiler.
Lewinin sägirtlere gosulysy
27 Isa dasaryk çykanda, gümrükhanada oturan Lewi atly salgytçyny gördi. Ol ona: «Menin yzyma düs!» diýdi. 28 Ol hem bar zady taslap, turdy-da, Onun yzyna düsdi. 29 Lewi öz öýünde Isa üçin bir uly zyýapat berdi. Saçagyn basynda olar bilen oturan birtopar salgytçy we basga köp adam bardy. 30 Fariseýler bilen olaryn kanunçylary Onun sägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiniz?» diýip hünürdesdiler. 31 Isa olara: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir. 32 Men dogry adamlary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýip jogap berdi.
Oraza barada sorag
33 Olar hem Ona seýle diýdiler: «Näme üçin Ýahýanyn sägirtleri ýygy-ýygydan oraza tutup, doga edýärler, fariseýlerinki hem seýle, ýöne Senin sägirtlerin iýip-içip ýörler?» 34 Isa seýle jogap berdi: «Giýew ýanlaryndaka, siz toýdakylara oraza tutduryp bilersinizmi? 35 Emma giýewin olaryn ýanyndan alynjak günleri geler, olar sonda, sol günlerde oraza tutarlar». 36 Isa olara bir tymsal aýtdy: «Hiç kim täze esikden bir bölek ýyrtyp alyp, köne esige ýamalyk etmez. Ýogsa, ol täzäni ýyrtar hem-de täzeden alnan ýamalyk köne esige gelismez. 37 Hiç kim-de täze seraby köne mesiklere guýmaz. Ýogsa, täze serap mesikleri ýaryp, dasary döküler, mesikler zaýalanar. 38 Täze serap täze mesiklere guýulmalydyr. Seýlelikde, ikisi-de aman galar. 39 Hiç kim-de köne seraby içenson täzäni küýsemez, çünki „Könesi onat" diýer».
Sabat güni barada sorag
6:1 Pesahyn ikinji gününden sonky ilkinji sabat güni Isa bugdaýlygyn arasyndan geçip barýarka, sägirtleri bugdaý baslaryny ýolup, aýalarynda owup iýýärdiler. 2 Fariseýlerin käbirleri olara: «Näme üçin Sabat güni etmesiz zady edýärsiniz?» diýdiler. 3 Isa olara seýle diýdi: «Siz özi we ýanyndakylar aç galanlarynda, Dawudyn näme edenini okamadynyzmy? 4 Ol Hudaýyn öýüne bardy-da, Hudaýa hödürlenen, ruhanylardan basga hiç kimin iýmeli däl çöreklerini alyp iýdi we ýanyndakylara hem berdi». 5 Olara: «Ynsan Ogly sabat gününin hem Rebbidir» diýdi. 6 Ýene bir sabat güni Isa sinagoga baryp, sapak bermäge durdy. Ol ýerde sag eli gurap, inçelen bir adam bardy. 7 Kanunçylar bilen fariseýler Ony aýyplajak bolup, «Sabat güni sypa edermikä?» diýip, Ony antadylar. 8 Isa olaryn pikirlerini bilip, eli gurap, inçelen adama: «Ýokary gal-da, ortada dur» diýdi. Ol hem ýokary galyp durdy. 9 Onson Isa olara seýle diýdi: «Sizden soraýaryn: Sabat güni näme etmek dogry, ýagsylyk etmekmi ýa ýamanlyk etmek? Jan halas etmekmi ýa öldürmek?» 10 Onson töweregindäkilerin hemmesine seretdi-de, ýanky adama: «Elini uzat!» diýdi. Ol hem seýle etdi we eli beýlekisi ýaly sagaldy. 11 Olar bolsa gahar-gazaba münüp, Isa näme etmelidigi barada öz aralarynda gürrüne basladylar.
Isa on iki resulyny saýlaýar
12 Sol günlerin birinde Isa doga etmäge daga çykyp, uzyn gijäni Hudaýa doga etmek bilen geçirdi. 13 Gündiz bolanda sägirtlerini ýanyna çagyrdy. Olardan on ikisini saýlap, resullar adyny dakdy. Saýlanlary sulardyr: 14 Petrus adyny bereni Simun we onun dogany Andreas, Ýakup we Ýahýa, Filipus we Bartolomeus, 15 Matta we Tomas, Alfeusyn ogly Ýakup we Watançy diýilýän Simun. 16 Ýakubyn ogly Iuda we sonra Ona haýynlyk eden Iuda Iskariot. 17 Isa olar bilen asak inip, bir tekiz ýerde durdy. Ol ýerde sägirtlerinden ybarat bir uly märeke we bütin Ýahudadan, Iýerusalimden, Saýdanyn we Surun kenar ýakalaryndan Ony dinlemäge, syrkawlygyndan açylmaga gelen uly halk köpçüligi bardy. 18 Al-arwahlardan yza çekýänler-de sypa tapýardylar. 19 Bütin märeke Ona el degirjek bolup dyrjasýardy. Çünki Ondan güýç çykyp, hemmesine sypa berýärdi.
Bagtlylar we bagtsyzlar
20 Isa sägirtlerine garap, seýle diýdi: «Eý garyplar, siz bagtlysynyz, çünki Hudaýyn Patysalygy sizinkidir. 21 Häzirki açlar, siz bagtlysynyz, çünki doýarsynyz. Häzirki aglaýanlar, siz bagtlysynyz, çünki gülersiniz. 22 Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagtlary, size sögüp, adynyzy ýamana çykaran wagtlary siz bagtlysynyz! 23 Sol gün satlanyn, begençden bökün, çünki Gökde aljak sylagynyz uludyr. Olaryn atalary-da pygamberlere seýle edendirler. 24 Emma waý size, eý baýlar! Çünki siz öz tesellinizi alansynyz. 25 Waý size, eý, häzirki doklar! Çünki siz aç galarsynyz. Waý size, eý, häzirki gülýänler! Çünki siz ýas tutup aglarsynyz. 26 Ähli adamlar sizi taryplan mahaly waý halynyza! Çünki olaryn atalary ýalan pygamberlere-de seýle edendirler».
Dusmanlarynyzy söýün
27 Emma, eý, Meni dinleýänler, size diýýärin, dusmanlarynyzy söýün, özünizi ýigrenýänlere ýagsylyk edin. 28 Özünize gargaýanlar barada ýagsy dilegde bolun, özünizi ynjydýanlara doga edin. 29 Bir ýanagyna urana ol ýanagyny-da tut. Donuny alandan köýnegini hem gaýgyrma. 30 Sana dileg salana ber, özünden bir zat alandan yzyna dileme. 31 Adamlaryn özünize näme etmegini isleýän bolsanyz, siz-de olara seýle edin. 32 Siz özünizi söýýänleri söýýän bolsanyz, munun bilen näme abraý gazanýarsynyz? Çünki günäkärlär-de özlerini söýýänleri söýýärler. 33 Siz özünize ýagsylyk edýänlere ýagsylyk edýän bolsanyz, munun bilen näme abraý gazanýarsynyz? Çünki günäkärler-de muny edýärler. 34 Yzyna almak tamasy bilen karz berýän bolsanyz, munun bilen näme abraý gazanýarsynyz? Çünki günäkärler-de doly yzyna almak niýeti bilen günäkärlere karz berýärler. 35 Dusmanlarynyzy söýün, ýagsylyk edin, yzyna almagy umyt etmän karz berin. Seýlelikde, baýragynyz uly bolup, Hemmelerden Beýik Bolanyn ogullary bolarsynyz. Çünki Ol gadyr bilmezlere-de, ýamanlara-da mähribandyr. 36 Atanyzyn rehimdar bolsy ýaly, siz-de rehimdar bolun». Basgalaryn üstünden höküm çykarman 37 Basgalaryn üstünden höküm çykarman, sizin-de üstünizden höküm çykarylmaz. Is kesmän, size-de is kesilmez. Bagyslan, siz-de bagyslanarsynyz. 38 Berin, size-de berler. Gujagynyza basylyp silkelenip, pürepür, onat ölçeg bilen berler. Çünki haýsy ölçeg bilen ölçeseniz, size-de sol ölçeg bilen ölçeler». 39 Isa olara bir tymsal hem aýtdy: «Kör köri idip bilermi? Ikisi hem guýa gaçaýmazmy. 40 Sägirt öz mugallymyndan ýokary däldir, ýöne kämillesenson, her kes öz mugallymy ýaly bolar. 41 Näme üçin sen doganynyn gözündäki çöpi görýärsin-de, öz gözündäki agajy saýgarmaýarsyn? 42 Ýa-da öz gözündäki agajy görmän, doganyna nädip: „Dogan! Gel, senin gözündäki çöpi çykaraýyn" diýjek? Eý ikiýüzli! Ilki öz gözünden agajy çykar. Sonda doganynyn gözündäki çöpi çykarmak üçin onat saýgararsyn».
Agaç we onun miwesi
43 Onat agajyn erbet miwe bermeýsi ýaly, erbet agaç-da onat miwe bermez. 44 Agaç öz miwesinden tanalýandyr. Sebäbi ne tikenden injir alynýandyr, ne-de çalydan üzüm ýygylýandyr. 45 Onat adam ýüreginin onat hazynasyndan onat zat çykarýandyr. Erbet adam-da ýüreginin erbet hazynasyndan erbet zat çykarýandyr. Çünki onun agzy ýüreginden josanyny sözleýändir. 46 Näme üçin Mana „Ýa Reb! Ýa Reb!" diýip-de, aýdanlarymy etmeýärsiniz? 47 Menin ýanyma gelýän, Menin sözlerimi esidip, olary berjaý edýän adamyn kim ýalydygyny Men size aýdaýyn. 48 Ol bir öý salan adam ýalydyr. Bu adam ýeri çun gazyp, binany bir gaýanyn üstünde tutdy. Sil gelende bolsa derýa ol öýe urup, ony gymyldadyp bilmedi. Çünki onun binasy gaýanyn üstünde tutulypdy. 49 Ýöne Menin sözlerimi esidip-de, berjaý etmedik topragyn üstünde binýatsyz öý salan adam ýalydyr. Derýa ol öýe uran badyna, öý ýykylyp, onun dargaýsy gorkunç boldy».
Ýüzbasynyn imany
7:1 Isa bu sözleri halka esitdirip bolandan son, Kapernauma bardy. 2 Bir ýüzbasynyn eziz görýän hyzmatkäri syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. 3 Ýüzbasy Isa baradaky gürrünleri esidende, baryp, hyzmatkärini sagaltmagy Ondan haýys etsinler diýip, ýehudylaryn birnäçe ýasulusyny Onun ýanyna iberdi. 4 Olar hem Isanyn ýanyna gelenlerinde, Ona çyny bilen ýalbaryp, seýle diýdiler: «Ol muny etmegine mynasypdyr. 5 Çünki ol bizin milletimizi söýýär, sinagogany-da bize sol salyp berdi». 6 Isa olar bilen bile gitdi. Ol onun öýüne golaýlanda, ýüzbasy dostlaryny iberip, Ona seýle diýdi: «Ýa Reb, zähmet çekme. Senin öýüme gelmegine men mynasyp däl. 7 Sonun üçin hem men özümi Senin ýanyna gelmäge mynasyp görmedim, ýöne bir söz aýt, menin hyzmatkärim sagalar. 8 Çünki men bir gol astyndaky adam, menin gol astymda hem esgerler bar, birine: „Git" diýýärin, gidýär, ýene birine: „Gel" diýýärin, gelýär, hyzmatkärime: „Suny et" diýýärin, edýär». 9 Isa muny esidende, ona haýran galdy, yzyna düsüp gelýän halaýyga ýüzlenip, seýle diýdi: «Size diýýärin: Men hatda Ysraýylda-da beýle imany göremok». 10 Iberilenler öýe gaýdyp gelenlerinde, syrkaw hyzmatkär sagalan eken.
Isa bir dul hatynyn ogluny direldýär
11 Ertesi Isa Nain diýen sähere gitdi. Sägirtlerinin köpüsi we uly märeke hem Onun bilen bile gitdi. 12 Isa säherin derwezesine golaýlanda, ine, bir ölini ugradyp barýardylar. Ol dul galan ejesinin ýalnyz ogludy. Säher halkynyn birtopary hem aýalyn ýanyndadylar. 13 Reb enäni görende, ona haýpy gelip: «Aglama!» diýdi. 14 Baryp tabyda elini degirdi, gölegçiler hem durdular. Ol diýdi: «Eý, ýas ýigit! Sana diýýärin, tur!» 15 Öli ýerinden galyp oturdy-da, geplemäge baslady. Isa ony enesine gowsurdy. 16 Hemmelere gorky aralasdy. Olar: «Aramyzda bir uly pygamber peýda bolupdyr, Hudaý Öz halkyny idemäge gelipdir» diýip, Hudaýy söhratlandyrdylar. 17 Isa hakdaky bu gürrün bütin Ýahuda, dumly-dusa ýaýrady.
Isa we Çokundyryjy Ýahýa
18 Ýahýanyn sägirtleri bularyn ählisini ona habar berdiler. 19 Ýahýa-da öz sägirtlerinden ikisini ýanyna çagyryp, Rebden: «Sen sol geljek Mesihmi ýa biz basga birine garasmalymy!» diýip soramaga Onun ýanyna iberdi. 20 Olar Onun ýanyna gelip, seýle diýdiler: «Çokundyryjy Ýahýa bizi Senin ýanyna: „Sen sol geljek Mesihmi ýa biz basga birine garasmalymy?" diýip soramaga iberdi». 21 Edil sol wagt Isa birtopar adamlary syrkawlyklardan, dertlerden we erbet ruhlardan sagaltdy. Köp körlerin gözüni açdy. 22 Seýlelikde, Ol olara seýle diýdi: «Gidin-de, görüp-esidenlerinizi Ýahýa habar berin: körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler esidýär, ölüler direlýär, garyplara Hos Habar wagyz edilýär. 23 Men sebäpli büdremedik bagtlydyr!» 24 Ýahýanyn iberen adamlary gidenden son, Isa halaýyga Ýahýa hakda gürrün bermäge durdy: «Çöle näme görmäge gitdiniz? Ýelin yraýan gamsynymy? 25 Eýsem, näme görmäge gitdiniz? Nepis esikler geýnen bir adamymy? Nepis esikler geýnip, zowky-sapada ýasaýanlar patysalaryn kösklerindedir. 26 Eýsem, näme görmäge gitdiniz? Bir pygamberimi? Hawa, size aýdýaryn: ol pygamberden hem artykdyr. 27 „Ine, Men Öz habarçymy Senin önünden iberýärin. Ol önden gidip, Senin ýoluny taýýarlar" diýip ýazylan sudur. 28 Size diýýärin: aýaldan doglanlaryn arasynda Çokundyryjy Ýahýadan uly pygamber ýok, ýöne Hudaýyn Patysalygynda in kiçi hem ondan uludyr». 29 Ony dinlän bütin halaýyk hem salgytçylar Hudaýyn ýoluny onladylar. Sebäbi Ýahýa tarapyndan çokundyryldylar. 30 Ýöne fariseýler bilen kanunçylar onun tarapyndan çokundyrylman, Hudaýyn özleri hakdaky niýetinden boýun gaçyrdylar. 31 Sonda Isa olara seýle diýdi: «Bu neslin adamlaryny Men kime menzedeýin? Olar kime menzeýär! 32 Olar bazar ýerinde oturyp, öz ýoldaslaryna: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediniz, agy etdik, aglamadynyz" diýip gygyrýan çagalara menzeýärler. 33 Çünki Çokundyryjy Ýahýa geldi, ol ne çörek iýýär, ne-de serap içýär, siz bolsa ona „jynly" diýýärsiniz. 34 Ynsan Ogly geldi, iýýär hem içýär, siz: „Ine, horan, arakhor, salgytçy, günäkärlerin dosty" diýýärsiniz. 35 Ýöne akyldarlyk özünin ähli çagalary tarapyndan tassyklandy».
Isa we günäkär aýal
36 Fariseýlerden biri Isadan özi bilen bile nahar iýmegini haýys etdi. Ol hem ýanky fariseýin öýüne baryp, saçak basynda oturdy. 37 Ol säherde bir günäkär aýal bardy. Ol Isanyn fariseýin öýünde saçak basynda oturandygyny esidende, bir ak mermer gapda atyr ysly ýag getirdi. 38 Ol aýal yzda, Isanyn aýagyna ýakyn durup, aglap, gözýaslary bilen Onun aýagyny ýuwmaga durdy. Onson öz saçy bilen süpürip, aýaklaryndan öpüp, ysly ýag bilen ýaglady. 39 Isany öýüne çagyran fariseý muny görende: «Bu Adam pygamber bolsa, onda Özüne elini degirýän aýalyn kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal bir günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi. 40 Isa ona: «Simun! Sana bir aýtjak zadym bar» diýdi. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym» diýdi. 41 Isa seýle diýdi: «Iki adam bir karz berijä bergilidi. Birinin bäs ýüz dinar, birinin hem elli dinar bergisi bardy. 42 Olaryn bermäge zatlary bolmanson, karz beriji ikisinin hem bergisini geçdi. Indi Mana aýt, olaryn haýsysy ony köp söýer?» 43 Simun: «Menin pikirimçe, köpräk karzy geçilen bolsa gerek» diýdi. Isa: «Dogry pikir etdin» diýdi. 44 Onson aýala tarap öwrülip, Simuna seýle diýdi: «Bu aýaly görýänmi? Men senin öýüne geldim, sen Mana aýagym üçin suw-da bermedin. Emma ol Menin aýagymy gözýaslary bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi. 45 Sen meni öpmedin, emma bu aýal gelelim bäri, yzyny üzmän aýaklarymdan öpüp otyr. 46 Sen Menin basymy zeýtun ýagy bilen-de ýaglamadyn, emma bu aýal aýaklarymy ysly ýag bilen ýaglady. 47 Sonun üçin sana aýdýaryn: onun köp bolan günäleri geçildi. Onun köp söýýändiginin sebäbi, ine, sunda. Emma kimin az günäsi geçilse, ol az söýer». 48 Aýala bolsa: «Senin günälerin geçildi» diýdi. 49 Onun bilen bile saçak basynda oturanlar: «Günäleri-de geçýän bu kimkä?» diýsip, içlerini gepletmäge basladylar. 50 Isa bolsa aýala: «Imanyn seni halas etdi. Sag-aman git» diýdi.
Isanyn yzyna eýeren aýallar
8:1 Sundan son, Isa säherme-säher, obama-oba aýlanyp, wagyz edip, Hudaýyn Patysalygynyn hos habaryny bildirýärdi. 2 On iki sägirt we erbet ruhlardan hem syrkawlyklardan gutulan käbir aýallar, içinden ýedi jyn çykan Magdalaly diýilýän Merem, 3 Hirodesin öýüni dolandyrýan Huzanyn aýaly Ýuhanna, Suzanna we basga-da birtopar aýallar Onun ýanyndady. Olar öz emläkleri bilen Ona gulluk edýärdiler.
Ekin tymsaly
4 Köp halaýyk üýsüp, her säherden Isanyn ýanyna ýygnananlarynda, Ol tymsal bilen gürrün berdi: 5 Bir daýhan ekin ekmäge gidýär. Ekip ýörkä, tohumlaryn birnäçesi ýolun ýakasyna düsýär, olar depelenýär we guslar gelip, olary çokalaýarlar. 6 Birnäçesi hem daslyga düsüp, gögeren badyna guraýar, çünki yzgar ýok eken. 7 Birnäçesi tikenlerin arasyna düsýär, tikenler olar bilen ösüp, olary basýar. 8 Birnäçesi-de gowy ýere düsenson, gögerip, ýüz esse hasyl berýär». Bulary aýdanson: «Gulagy barlar esitsin!» diýip gygyrdy. 9 Sägirtleri Ondan: «Bu tymsalyn manysy näme?» diýip soradylar. 10 Ol seýle diýdi: «Hudaýyn Patysalygynyn syrlaryna düsünmek ukyby size berildi, ýöne basgalaryna gözläp görmesinler, esidip düsünmesinler diýip, tymsallar bilen aýdylýar. 11 Tymsalyn manysy seýle: Tohum Hudaýyn sözüdir. 12 Ýolun ýakasyna düsen däneler sözi esidýän adamlary anladýar. Ýöne son gutulmazlyklary üçin seýtan olaryn kalbyndan sözi sogrup alar. 13 Daslyk ýere düsenler bolsa sözi esidenlerinde satlyk bilen kabul edýän adamlary anladýar. Ýöne olar köklerinin ýoklugy üçin, az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler. 14 Tikenler arasyna düsenler bolsa sözi esidýänleri anladýar, ýöne bu ýasaýsyn gaýgylary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler. 15 Gowy topraga düsenler bolsa, Sözi esidip, ony ýagsy hem ak ýürekde saklap, sabyr bilen miwe berýänleri anladýar.
Ähli zat ýagtylyga çykar
16 Hiç kim çyrany ýakyp, onun üstüni bir gap bilen örtýän däldir ýa-da ony çarpaýanyn asagynda goýýan däldir. Gaýtam, içerik girenler ysygy görer ýaly, ony çyradanyn üstünde goýýandyr. 17 Çünki belli bolmajak gizlin zat ýokdur, bilnip üsti açylmajak ýasyryn zat ýokdur. 18 Sonun üçin, esidisinize üns berin, çünki kimde bar bolsa, ona berler, ýöne kimde ýok bolsa, özünde bardyr diýip güman edýäni hem ondan alnar». Isanyn ejesi we doganlary 19 Isanyn ejesi bilen doganlary Ony görmäge geldi, ýöne märeke zerarly, olar Onun ýanyna baryp bilmediler. 20 Ona: «Ejen bilen doganlaryn dasarda durlar, Seni görmek isleýärler» diýip habar berildi. 21 Emma Isa: «Menin ejem, doganlarym ? Hudaýyn Sözüni dinläp, ony berjaý edýänlerdir» diýdi.
Isa tupany ýatyrýar
22 Bir gün Isa sägirtleri bilen bir gaýyga münüp, olara: «Kölün anyrsyna geçelin» diýdi. Seýlelikde, ugradylar. 23 Barýarkalar, Ol uka gitdi. Kölde birden güýçli ýel turup, gaýyga suw dolup baslady, olar howply ýagdaýa düsdüler. 24 Sägirtler baryp, Ony oýaryp: «Ussat, Ussat, heläklenip barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem çaýkanýan suwa käýedi, olar-da ýatdy, seýle imi-salalyk boldy. 25 Ol sägirtlerine: «Sizin imanynyz hany?» diýdi. Olar bolsa genirgenisip, gorkusyp, biri-birlerine: «Bu kim? Bu ýele hem suwa buýruk berýär, olar-da gulak asýar» diýisdiler.
Jynly adamyn sagaldylysy
26 Olar Jelilänin garsysynda ýerlesen gadaralylaryn ýurduna geldiler. 27 Isa kenarda gaýykdan düsende, Ona sol säherden bolan we kän wagt bäri jyny bar bir adam gabat geldi. Bu eginbas geýmän, öýde ýasaman, mazarlaryn içinde ýasardy. 28 Ol Isany görende gygyryp, Onun önünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen seýle diýdi: «Eý Isa! hemmelerden beýik Hudaýyn Ogly, menin bilen näme isin bar? Sana ýalbarýaryn, meni gynama». 29 Çünki Isa arwaha ol adamdan çykmagy buýrupdy, sebäbi arwah ony ýygy-ýygydan tutýardy. Munun üçin ol adamy zynjyrlap, kündeläp saklardylar. Emma ol baglary gyrardy, jyn ony çöllere çekerdi. 30 Isa ondan: «Adyn näme?» diýip sorady. Ol hem: «Legion» diýip jogap berdi. Çünki ona köp jyn giripdi. 31 Jynlar özlerine dowzah çukuryna gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar. 32 Sol ýerde dagyn üstünde bir uly donuz sürüsi otlap ýördi. Jynlar donuzlaryn içine girmäge rugsat bermegi üçin, Ona ýalbardylar. Ol hem rugsat berdi. 33 Olar ýanky adamdan çykyp, donuzlara girdiler. Süri bolsa uçutdan kölün içine paýyrdasyp gark boldy. 34 Çopanlar bolan zady görenlerinde gaçyp, säherdir obalara muny habar berdiler. 35 Halaýyk-da bolan zady görmek üçin çykyp, Isanyn ýanyna geldi. Olar içinden jynlaryn çykan adamynyn geýnip, Isanyn aýaklarynyn düýbünde oturanyny, akylynyn hem ýerindedigini görüp gorkdular. 36 Bu wakany görenler bolsa jyn uran adamyn nähili sagalanyny olara gürrün berdiler. 37 Onson gadaralylar ýurdunyn bütin ilaty Isadan ýanlaryndan gitmegini haýys etdiler, sebäbi olara uly gorky aralasypdy. Isa-da gaýyga münüp, yzyna gaýtdy. 38 Emma içinden jynlar çykan adam Onun ýanynda bolmak üçin, Isa ýalbardy. 39 Isa-da: «Bar, öýüne gaýt, Hudaýyn sana edenlerini gürrün ber» diýip, ony ugratdy. Ol hem gidip, Isanyn özüne edenlerini bütin sähere jar etdi.
Direlen gyz, sagalan aýal
40 Isa yzyna öwrülip gelende, halk Ony garsylady, çünki hemmeler Ona garasýardy. 41 Ine, sinagoganyn baslygy bolan Ýaýrus atly bir adam gelip, Isanyn aýagyna ýykylyp, Ondan öýüne barmagy haýys etdi. 42 Çünki onun on iki ýaslaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere barýarka, halaýyk her ýandan Ony gysýardy. 43 Ol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy tutup, bar-ýoguny tebiplere harç etse-de, hiç birisinden sypa tapmadyk bir aýal bardy. 44 Ol Isanyn ýensesinden baryp, Onun geýiminin syýyna elini degirdi welin, sol bada onun gan akmasy kesildi. 45 Isa: «Mana kim el degirdi!» diýdi. Hemmeler inkär edende, Petrus bilen ýanyndakylar: «Ussat! Halk dasyny alyp, Seni gysyp-gowrup barýar, Sen bolsan: „Mana kim el degirdi?" diýýärsin» diýdiler. 46 Emma Isa: «Mana biri elini degirdi, çünki Men Özümden bir güýjün çykanyny andym» diýdi. 47 Aýal gizlin galyp bilmänini görüp, titräp, Onun önünde ýere ýykyldy. Bütin halkyn önünde näme üçin Ona elini degrenini, sol bada hem sypa tapanyny aýtdy. 48 Isa ona: «Gyzym! Imanyn sana sypa berdi. Sag-aman git» diýdi. 49 Isa bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baslygynyn öýünden biri gelip: «Gyzyn aýryldy, Mugallymy azara goýma» diýdi. 50 Emma Isa muny esidende, ona: «Gorkma, dine iman et, ol gutular» diýdi. 51 Öýe gelip ýetenlerinde bolsa, Petrus, Ýahýa, Ýakup we gyzyn ene-atasyndan basga hiç kime Özi bilen içerik girmäge rugsat etmedi. 52 Hemmeler aglasyp, ýas tutup otyrdylar. Isa: «Aglaman, ol ölenok, ol uklap ýatyr» diýdi. 53 Gyzyn ölüdigini bilýändikleri üçin, Ona gülüsdiler. 54 Emma Isa hemmeleri dasaryk kowup, gyzyn elinden tutdy-da, gygyryp: «Gyzym, gal!» diýdi. 55 Onun ruhy yzyna gelip, gyz solbada ýokary galdy. Isa ona nahar berilmegini buýurdy. 56 Gyzyn ene-atasy gen galdy. Isa bolsa näme bolanyny hiç kime aýtmazlygy tabsyrdy.
Isa on iki resulyny il arasyna iberýär
9:1 Isa on iki sägirdini bir ýere çagyryp, olara bütin jynlary kowmaga, syrkawlyklara em etmäge, güýç hem ygtyýar berip, 2 olary Hudaýyn Patysalygyny wagyz etmäge, syrkawlara sypa bermäge ýollady. 3 Olara seýle diýdi: «Ýol üçin hiç zat alman: ne taýak, ne torba, ne çörek, ne pul, ne-de iki köýnek. 4 Haýsy öýe barsanyz, sol ýerde galyp, sol ýerden hem ýola çykyn. 5 Sizi nirede kabul etmeseler, sol säherden çykyp barýarkanyz, olara güwälik bolar ýaly, aýagynyzyn tozuny kakyn». 6 Olar-da ýola düsüp, obama-oba aýlandylar, Hos Habary yglan edip, hemme ýerde sypa berdiler. 7 Tetrarh Hirodes bolan wakalaryn baryny esidip, gaty aljyrady. Çünki käbirleri: «Ýahýa ölümden direlipdir», 8 käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr», basgalary hem: «Gadym pygamberlerin biri direlipdir» diýisýärdiler. 9 Hirodes bolsa: «Men Ýahýanyn basyny kesdim, ýöne bu habarlaryny esidýän Adamym kimkä?» diýip, Ony görjek bolýardy.
Isa bäs mün adamy doýurýar
10 Resullar yzlaryna öwrülip gelenlerinde, öz eden islerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen säherin golaýynda bir çola ýere çekildi. 11 Halaýyk muny bilip, Onun yzyndan bardy. Ol hem olary onat garsylap, Hudaýyn Patysalygy hakda gürrün berip, sypa mätäçleri sagaltdy. 12 Gün ýasyp barýarka, Onkiler Isanyn ýanyna gelip, seýle diýdiler: «Halky goýber, töwerekdäki obalara, meýdanlara gidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar. Çünki biz bir çola ýerde». 13 Emma Ol: «Olara siz iýere zat berin» diýdi. Olar hem: «Gidip, bütin bu halaýyga iýmit satyn almasak, bizin bäs çörek bilen iki balykdan basga zadymyz ýok» diýdiler. 14 Sebäbi olar bäs müne golaý adamdy. Emma Isa sägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar bölün-de oturdyn» diýip tabsyrdy. 15 Olar hem seýle edip, hemmeleri oturtdylar. 16 Isa bolsa bäs çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp, olar üçin sükür etdi-de, halka paýlar ýaly, bölüsdirip, sägirtlerine berdi. 17 Hemmeler iýip doýdy, artyp galan çöregin döwümlerini bolsa ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
Petrusyn Mesihi tanamagy
18 Bir gün Isa ýekelikde doga edýärdi, sägirtleri hem Onun ýanyndady. Isa olardan: «Halk Mana kim diýýär?» diýip sorady. 19 Olar seýle jogap berdiler: «Çokundyryjy Ýahýa diýýärler. Käbirleri-de Ylýas, käbirleri hem gadym pygamberlerin biri direlipdir diýýär». 20 Olara: «Siz Mana kim diýýärsiniz?» diýdi. Petrus: «Sen Hudaýyn Mesihisin» diýdi. 21 Isa bolsa muny hiç kime aýtman diýip, olara berk tabsyrdy. 22 Ol ýene seýle diýdi: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýasulular, bas ruhanylar we kanunçylar tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we ölenden üç günden son direlmelidir». 23 Hemmelere seýle diýdi: «Kim Menin yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düssün. 24 Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Menin ugrumda ýitirse, ony halas eder. 25 Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, özüni ýogaltsa ýa özüne zyýan ýetirse, ona näme peýdasy bar? 26 Kim Menden we Menin sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özünin, Atasynyn we mukaddes perisdelerin söhraty bilen gelen mahaly ondan utanar. 27 Emma size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryn arasynda Hudaýyn Patysalygyny görmezden ön ölümi datmajak käbir adamlar bar».
Isanyn görnüsi üýtgeýär
28 Bu sözleri aýdanyndan sekiz güne golaý wagt geçenson, Isa Petrusy, Ýahýany we Ýakuby ýanyna alyp, doga etmäge daga çykdy. 29 Doga edip otyrka, Onun ýüz kesbi üýtgäp, eginbasy ýaldyrap agardy. 30 Ine, iki adam Onun bilen gürrün edip durdular. Bu Musa bilen Ylýasdy. 31 Olar söhrat bilen peýda bolup, Onun Iýerusalimde amala asjak aýrylysy hakda gürrün edýärdiler. 32 Petrus bilen onun ýanyndakylary uky basmarlaýardy, ýöne ukudan açylanlarynda, Isanyn söhratyny hem Onun ýanynda duran iki adamy gördüler. 33 Musa bilen Ylýas Isanyn ýanyndan aýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini bilmän Ona: «Ussat, Bize bu ýerde bolmak gowy, üç çadyr guraly: biri ? Sana, biri ? Musa, biri ? Ylýasa» diýdi. 34 Petrus bulary aýdyp durka, bir bulut gelip, olara kölege saldy. Olar buluda girenlerinde gorkdular. 35 Bulutdan: «Menin söýgüli Oglum Bu! Ony dinlän» diýen owaz geldi. 36 Bu owaz gelen wagty, Isa ýeke galdy. Sägirtler bolsa dymyp, gören zatlary barada sol günlerde hiç kime gürrün bermediler.
Arwah ýolugan oglanyn sagaldylysy
37 Sol günün ertesi dagdan inenlerinde, bir uly märeke Isany garsylady. 38 Märekänin içinden bir adam gygyryp, seýle diýdi: «Mugallym! Sana ýalbarýaryn, menin ogluma bir seret, çünki ol menin ýalnyz çagam. 39 Ine, ony bir ruh tutýar-da, çaga birden çygyrýar. Ruh silterläp, onun agzyndan ak köpük getirip, pagys-para edenden son, ondan zordan aýrylýar. 40 Ony çykarmaklary üçin, Senin sägirtlerine ýalbardym, ýöne olar basarmadylar». 41 Isa ona: «Eý, ýoldan çykan imansyz nesil! Men haçana çenli siz bilen bile bolup, size çydaýyn? Ogluny bärik getir» diýdi. 42 Çaga Isanyn ýanyna gelýärkä, jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwaha käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowsurdy. 43 Hemmeler Hudaýyn beýikdigine gen galdylar. Hemmeler Isanyn bütin islerine gen galysyp durkalar, Ol Öz sägirtlerine: 44 «Bu sözler gulagynyzda galsyn: Ynsan Ogly ynsan eline berler» diýdi. 45 Emma olar bu söze düsünmediler. Söz olar akyl ýetirmez ýaly ýasyryndy, olar hem bu barada Isadan soramaga çekindiler.
In uly kim?
46 Sägirtlerin arasynda olaryn haýsynyn uludygy barada jedel ýüze çykdy. 47 Isa olaryn ýüregindäki pikiri anyp, bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy. 48 Onson olara seýle diýdi: «Kim bu çagany Menin adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni Ýollany kabul etdigidir. Sizin aranyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar». 49 Ýahýa seýle diýdi: «Mugallym! Biz Senin adyn bilen jynlary çykarýan bir adamy görüp, ony bökdedik, çünki ol bizin bilen birlikde Senin yzyna eýerenok». 50 Isa ona: «Ony bökdemän! Çünki kim size garsy bolmasa, sizin tarapdarynyzdyr» diýdi.
Samariýalylar Isany islemeýär
51 Göge alynmaly mahaly golaýlanda, Isa Iýerusalime tarap aýgytly ýola düsdi. 52 Ol Özünden ön birnäçe çapary ýollady. Olar hem Ona taýýarlyk görmek üçin baryp, samariýalylaryn bir obasyna girdiler. 53 Emma Ony ol ýerde kabul etmediler, çünki ugry Iýerusalime tarapdy. 54 Sägirtleri Ýakup bilen Ýahýa muny görüp: «Ýa Reb! Olary heläk etsin diýip, Ylýasyn edisi ýaly, Gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsinmi?» diýdiler. 55 Isa öwrülip, olara käýedi: «Siz haýsy ruhdandygynyzy bilmeýärsiniz. 56 Ynsan ogly adamlary heläk etmäge däl-de, halas etmäge geldi». Onson basga oba gitdiler.
Isanyn yzyna eýermek
57 Ýol bilen barýarkalar, bir adam Ona: «Ýa Reb! Sen nirä gitsen, men-de yzyna düserin» diýdi. 58 Isa ona: «Tilkilerin süreni, guslaryn höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyn basyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi. 59 Basga birine: «Menin yzyma düs» diýdi. Emma ol: «Ýa Reb! Rugsat et, önürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi. 60 Emma Isa ona: «Goý, ölüler öz ölülerini jaýlasynlar, ýöne sen git-de, Hudaýyn Patysalygyny wagyz et» diýdi. 61 Ýene birisi: «Ýa Reb! Senin yzyna düseýin, ýöne rugsat ber, önürti öz masgalam bilen hoslasaýyn» diýdi. 62 Isa ona: «Eline azaly alanson, yzyna seredýän adam Hudaýyn Patysalygyna ýarasmaz» diýdi.
Ýetmisler il arasyna iberilýär
10:1 Sundan son Reb basga ýetmis adamy belläp, olary Öz gitjek bolup ýören ähli säherlerine, ýerlerine iki-ikiden önünden ýollady. 2 Olara seýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne isgär az. Hasylyny ýygmaga isgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryn. 3 Gidin! Ine, Men sizi möjekler arasyna guzular ýaly ýollaýaryn. 4 Ýanynyza ne halta, ne torba, ne-de çaryk alyn. Ýolda hiç kime salam bermän. 5 Haýsy öýe barsanyz, önürti: „Bu öýe parahatlyk!" diýin. 6 Ol öýde parahatlygy söýýän adam bar bolsa, salamynyz onun üstüne gonar, ýok-da bolsa, ýene özünize öwrüler. 7 Ol öýde galyp, olaryn berenlerini iýip-için, çünki isgär öz muzduna mynasypdyr. Öýden-öýe gitmän. 8 Bir sähere baryp, kabul edileninizde, önünizde näme goýulsa, sony iýin. 9 Ol ýerdäki syrkawlara sypa berin-de: „Hudaýyn Patysalygy size golaýlady" diýin. 10 Emma bir sähere baryp, kabul edilmäninizde, onun köçelerine çykyn-da, seýle diýin: 11 „Säherinizde aýagymyza ýapysan tozany-da size garsy kakýarys. Ýöne Hudaýyn Patysalygynyn özünize golaýlasanyny bilin". 12 Men size sol günde Sodomyn ýagdaýynyn ol säherin ýagdaýyndan has ýenil boljagyny aýdýaryn. 13 Waý sana, eý Horazin! Waý sana, eý Betsaýda! Sizde ýüze çykan mugjyzalar Surda we Saýdada ýüze çykan bolsady, onda olar eýýäm jul hem külün içinde oturyp toba ederdiler. 14 Emma magsar güni Surun we Saýdanyn ýagdaýy sizin ýagdaýynyzdan has ýenil bolar. 15 Sen, eý Kapernaum, arsa göterilersinmi? Ýok, dowzaha çenli asak taslanarsyn. 16 Sizi dinlän Meni dinlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa, Meni Ýollany ret eder». 17 Ol ýetmis sägirt satlyk bilen öwrülip: «Ýa Reb! Senin adyny agzanymyzda, jynlar hem bize boýun bolýarlar» diýdiler. 18 Isa olara seýle diýdi: «Men seýtanyn Gökden ýyldyrym ýaly bolup asak inenini gördüm. 19 Ine, size ýylanlary, içýanlary we dusmanyn bütin güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zyýan ýetirmez. 20 Ýöne ruhlaryn size boýun bolmagyna däl-de, atlarynyzyn Gökde ýazylmagyna begenin». 21 Sol sagatda Isa Mukaddes Ruh arkaly satlanyp, seýle diýdi: «Eý, Ýerin-gögün Rebbi Atam, Senin bu zatlary akyldarlardan, düsünjelilerden ýasyryp, kiçijik çagalara aýan edenine sükür edýärin! Hawa, Ata! Çünki Senin halaýsyn seýledi». 22 Onson sägirtlerine seýle ýüzlendi: «Hemme zady Mana Atam tabsyrdy, Oglun kimdigini Atadan basga hiç kim bilmez. Atanyn hem kimdigini Oguldan we Oglun äsgär etmek isleýän adamlaryndan basga hiç kim bilmez». 23 Ýörite sägirtlere ýüzlenip, seýle diýdi: «Sizin görýän zatlarynyzy görýän gözler ne bagtly! 24 Size aýdýaryn: köp pygamberler, patysalar sizin görýänlerinizi görmek islediler, ýöne görmediler, sizin esidýänlerinizi esitmek islediler, ýöne esitmediler».
Onat samariýaly
25 Ine, bir kanunçy turup, Isany synamak üçin: «Mugallym! Ebedi ýasaýsy miras almak üçin, menin näme etmegim gerek?» diýip. Ondan sorady. 26 Isa ona sorag bilen ýüzlendi: «Kanunda näme ýazylypdyr? Sen nähili okaýarsyn?» 27 Ol: «Hudaýyn Rebbi bütin kalbyn, bütin janyn, bütin güýjün we bütin düsünjän bilen söý, gonsyny özün ýaly söý» diýdi. 28 Isa ona: «Dogry jogap berdin, suny et, ýasarsyn» diýdi. 29 Emma ol özüni aklajak bolup: «Menin gonsym kim?» diýip, Isadan sorady. 30 Isa ona seýle jogap berdi: «Bir adam Iýerusalimden Eriha barýarka, garakçylaryn eline düsýär. Olar onun esiklerini egninden sypyryp alýarlar-da, ony ýenjip, çalajan taslap gidýärler. 31 Tötänlikde bir ruhany sol ýoldan barýarka, ol adamy görende, ýolun ol tarapy bilen geçip gidýär. 32 Onson bir lewili-de sol ýere gelip, ony görende, ýolun ol tarapy bilen geçip gidýär. 33 Ýöne sol ýoldan geçip barýan bir samariýaly onun üstünden gelýär, ony görüp ýüregi awaýar. 34 Onun ýanyna baryp, zeýtun ýagy bilen serap guýup, ýaralaryny saraýar. Onson ol adamy öz esegine mündürip, bir myhmanhana getirip, ona garasyk edýär. 35 Sol günün ertesi çykaryp myhmanhanaça iki dinar berip: „Muna garasyk et, artykmaç harajadyny öwrülip gelýärkäm bererin" diýýär. 36 Senin pikirinçe, bu üç adamyn haýsysy garakçylaryn eline düsen adamyn gonsusy bolýar?» 37 Kanunçy: «Ona rehim eden adam» diýip jogap berdi. Isa hem ona: «Bar, sen-de sonun ýaly et» diýdi.
Isa Marta bilen Meremin öýünde
38 Isa bilen sägirtleri ýollaryna dowam edip barýarkalar, Ol bir oba girdi. Ol obada Marta atly bir aýal Ony öýüne myhman aldy. 39 Bu aýalyn Merem atly bir gyz dogany bardy. Ol Isanyn aýagyna ýakyn oturyp, Onun sözlerine gulak asýardy. 40 Marta hyzmat bilen basagaý bolup ýörsüne, Isanyn ýanyna gelip, seýle diýdi: «Ýa Reb! Gyz doganymyn menin ýeke özüme hyzmat etdirip ýörmegi senin perwaýyna dälmi? Ona aýt, mana kömeklessin». 41 Isa ona seýle diýdi: «Marta, Marta! Sen köp zatlara aladalanyp, biynjalyk bolýarsyn. 42 Ýöne dine bir zat gerek. Merem özünden alynmajak onat paýy saýlady».
Nähili doga etmeli
11:1 Günlerin birinde Isa bir ýerde doga edýärdi. Dogasyny gutaranda, sägirtlerinin biri Ona: «Ýa Reb! Ýahýanyn öz sägirtlerine öwredisi ýaly, Sen hem bize doga etmegi öwret» diýdi. 2 Olara seýle diýdi: «Doga edeninizde seýle diýin: Eý, Gökdäki Atamyz! Adyn mukaddes bolsun. Patysalygyn gelsin, Gökde bolsy ýaly, Ýerde-de Senin islegin amala assyn. 3 Gündelik çöregimizi bize günde ber. 4 Günälerimizi geç. Çünki biz hem özümize garsy günä edenlerin barynyn günäsini geçýäris. Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et». 5 Onson Isa olara seýle diýdi: «Aýdaly, sizin birinizin bir dostunyz bar. Ol ýarygije ona baryp, seýle diýýär: „Dost! Mana üç çörek karz ber. 6 Çünki bir dostum ýoldan meninkä geldi. Onun önünde goýara zadym ýok". 7 Ol hem içerden seýle diýýär: „Mana zähmet berme, gapy eýýäm ýapyldy, çagalarym menin bilen bile düsekde ýatyr, men turup, sana zat berip biljek däl". 8 Size diýýärin, ýanky dostluk hatyrasyna turup, ona çörek bermese-de, onun höçjetligi üçin näçe islese berer. 9 Size diýýärin, dilän, size berler. Agtaryn, taparsynyz. Gapyny kakyn, size açylar. 10 Çünki her dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana gapy açylar. 11 Sizden haýsy ata ogly çörek dilände, ona das berer? Ýa-da balyk dilände, balyk ýerine ona ýylan berer? 12 Ýa-da ýumurtga dilände, ona içýan berer? 13 Seýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlarynyza onat sylaglar bermegi bilýän bolsanyz, Gökdäki Atanyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berer!»
Isa we Beýelzebul
14 Bir gezek Isa bir lal jyny kowýardy. Jyn çykan badyna, lal adam geplemäge baslady, halaýyk muna genirgendi. 15 Ýöne olaryn käbiri: «Ol jynlaryn hany Beýelzebul arkaly jynlary kowýar» diýdiler. 16 Beýlekiler hem Gökden bir alamat görkezmegini talap edip, Ony synamakçy boldular. 17 Emma Isa olaryn pikirlerini bilip, seýle diýdi: «Içinde bölünisik bolan patysalyk dargar, öz içinden bölnen öý ýykylar. 18 Seýtan öz içinden bölünse, onun patysalygy nähili durar? Muny sizin „Jynlary Beýelzebul arkaly kowýar" diýýäniniz üçin aýdýaryn. 19 Men jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda sizin adamlarynyz olary kim arkaly kowýar? Munun üçin, olar size kazylyk ederler. 20 Men jynlary Hudaýyn barmagy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyn Patysalygy size gelendir. 21 Doly ýaraglanan bir güýçli adam öz öýüni goraýan bolsa, onun mal-mülki howpsuzlykdadyr. 22 Emma özünden güýçli adam hüjüm edip, ony ýense, onda onun buýsanýan hemme ýaraglaryny alyp, oljasyny paýlar. 23 Menin bilen bile bolmadyk Mana garsydyr, Menin bilen bile ýygmadyk dagadar. 24 Al-arwah adamdan çykanda, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, ýöne ony tapmanda: „Çykan öýüme öwrüleýin" diýýär. 25 Dolanyp gelende, öýün süpürilgi, ýerbe-ýerdigini görýär. 26 Onson gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, sol ýere baryp, mesgen tutýar. Seýlelikde, ol adamyn sonky ýagdaýy ozalkysyndan hem erbet bolýar». 27 Isa bu zatlary aýdyp durka, halaýygyn arasyndan bir aýal sesini gataldyp: «Seni dogran, Seni emdiren ene ne bagtly!» diýdi. 28 Ol bolsa seýle jogap berdi: «Hawa, Hudaýyn sözüni esidip, ony ýerine ýetirýänler has hem bagtlydyr!»
Ýunusyn alamaty
29 Halaýyk ýygnanyberende, Isa seýle diýdi: «Bu nesil erbet nesil, ol alamat talap edýär, ýöne ona Ýunus pygamberinkiden basga alamat berilmez. 30 Ýunus Ninewiýa halkyna nähili alamat bolan bolsa, sonun ýaly-da, Ynsan Ogly bu nesle alamat bolar. 31 Günortanyn aýal patysasy höküm gününde bu neslin adamlary bilen bilelikde galyp, olary höküm eder. Çünki ol Süleýmanyn pähimini dinlemek üçin, Ýerin ol ujundan geldi, ine, bu ýerde Süleýmandan-da uly Biri bar. 32 Ninewiýa halky höküm gününde bu nesil bilen bilelikde galyp, ony höküm eder, çünki olar Ýunusyn wagzy bilen toba etdiler, ine, bu ýerde Ýunusdan-da uly Biri bar». Bedenin ysygy 33 Hiç kim çyrany ýakyp, gizlin ýerde ýa-da galla ölçeginin asagynda goýýan däldir, tersine, içeri girenler ysygy görer ýaly, ony çyradanyn üstünde goýýandyr. 34 Senin bedenin çyrasy gözündir. Gözün sag bolsa, bütin bedenin hem ýagty bolar, gözün sikesli bolsa, bütin bedenin hem garanky bolar. 35 Seýlelikde, ägä bol, sendäki ysyk garanky bolaýmasyn. 36 Senin bütin bedenin ýagty bolup, hiç bir garanky ýeri ýok bolsa, çyra seni öz söhlesi bilen ýagtyldýan ýaly, bedenin bütinleý ýagty bolar».
Waý gününize, fariseýler!
37 Isa bu zatlary aýdyp durka, bir fariseý Ony öýüne nahara çagyrdy. Ol baryp, saçak basynda oturdy. 38 Fariseý Onun nahardan ön ýuwunmanlygyny görende genirgendi. 39 Emma Reb ona seýle diýdi: «Ine, siz fariseýler käsedir gap-çanagyn dasyny arassalaýarsynyz, ýöne içiniz ogrulyk hem ýamanlykdan doly. 40 Akmaklar! Dasaryny ýaradan içerini-de ýaratmadymy? 41 Bar zadynyzdan sadaka berin, ine, hemmesi sizin üçin arassa bolar. 42 Waý gününize, eý fariseýler! Çünki siz narpyzdan, sadap otundan, her hili gök önümden zekat berýärsiniz, ýöne adyllyk we Hudaýyn söýgüsini äsgermezlik edýärsiniz. Siz bulary etmeli, beýlekileri-de äsgermezlik etmeli däldiniz. 43 Waý gününize, eý fariseýler! Çünki siz sinagogalarda bas kürsüleri, bazar ýerlerinde salam almagy söýýärsiniz. 44 Waý gününize! Çünki siz belgisiz gabyrlar ýalysynyz. Bu gabyrlaryn üstünde gezýän adamlar olaryn barlygyny bilýän däldir». 45 Kanunçylaryn biri Ona: «Eý Mugallym! Sen bu zatlary aýtmak bilen, bizin hem göwnümize degýärsin» diýdi. 46 Isa hem seýle diýdi: «Waý sizin hem gününize, eý kanunçylar! Çünki siz götermegi kyn ýükleri adamlara ýükleýärsiniz, özüniz bolsa ol ýüklere bir barmagynyzy hem degirmeýärsiniz. 47 Waý gününize! Çünki siz pygamberlerin guburlaryny salýarsynyz, olary öldürenler bolsa sizin atalarynyz. 48 Seýdip hem, atalarynyzyn eden islerine güwälik berip, olar bilen ylalasýarsynyz. Olar pygamberleri öldürdiler, siz hem olaryn guburlaryny salýarsynyz. 49 Su sebäpden hem Hudaýyn hikmeti aýdypdyr: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryn käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar". 50 Sonun üçin, dünýä gurlaly dökülen bütin pygamberlerin gany su nesilden soralar. 51 Hawa, Men size aýdýaryn: Habylyn ganyndan baslap, tä gurbanlyk edilýän ýer bilen ybadathana arasynda öldürilen Zekerýanyn ganyna çenli dökülen ganlar su nesilden soralar. 52 Waý gününize, eý kanunçylar! Çünki siz bilimin açaryny alyp gitdiniz, ne özüniz girdiniz, ne-de girjeklere ýol berdiniz». 53 Isa ol ýerden gidenson, kanunçylar bilen fariseýler Ony gaty gyssap, birentek zatlara jogap bermegini islediler. 54 Seýlelikde, Onun agzyndan bir zat gapjak bolup, duzak gurdular.
Duýdurys we hyjuwlandyrys
12:1 Bu aralykda halkdan münlerçe adam üýsüsip, biri-birlerine gysylysyp durkalar, Isa önürti Öz sägirtlerine gürrün bermäge baslady: «Özünizi fariseýlerin hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goran. 2 Üsti açylmajak ýapyk zat, bilinmejek gizlin zat ýokdur. 3 Garankylykda näme aýtsanyz, ýagtylykda esidiler, içki otaglarda çakan çawusynyz tamlaryn üstünden yglan ediler. 4 Emma Men, eý dostlarym, size aýdýaryn, teni öldürip-de, basga zat etmegi basarmaýanlardan gorkman. 5 Kimden gorkmalydygynyzy Men size aýdaýyn: öldürenden son dowzaha zynmaga gudraty güýçli Hudaýdan gorkun. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkun. 6 Bäs serçe iki köpüge satylmaýarmy? Muna garamazdan, Hudaý olaryn hiç birini unutmaýar. 7 Sizin basynyzyn saçlary hem bütinleý sanalgydyr. Gorkman, siz köp serçelerden gymmatlysynyz. 8 Size diýýärin, kim Meni adamlaryn önünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyn perisdelerinin önünde ykrar eder. 9 Kim Meni adamlaryn önünde inkär etse, ol Hudaýyn perisdelerinin önünde inkär ediler. 10 Kim Ynsan Ogluna garsy bir söz aýtsa, bagyslanar, ýöne kim Mukaddes Ruha dil ýetirse, bagyslanmaz. 11 Sizi sinagogalara, baslyklaryn, hökümdarlaryn önüne getirenlerinde, nähili, näme jogap berjeginizi, näme diýjeginizi gaýgy etmän. 12 Çünki Mukaddes Ruh näme diýmelidiginizi sol sagadyn özünde size öwreder».
Baý akmak
13 Halaýygyn arasyndan biri Ona: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy menin bilen bölüssin» diýdi. 14 Isa ona: «Eý adam, kim Meni sizin kazynyz ýa miras bölüjiniz edip belledi?» diýdi. 15 Onson olara: «Habardar bolun! Özünizi her hili betnebislikden goran, çünki birinin ýasaýsy onun mal-mülkünin bollugyna bagly däldir» diýdi. 16 Olara bir tymsal aýtdy: «Bir baý adamyn ýeri bol hasyl berýär. 17 Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymy goýmaga jaýym ýok" diýip içini gepledýär. 18 Onson seýle diýýär: „Seýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaryn-da, bütin gallamy, bar zadymy sol ýere ýygnap, 19 özüme: Eý janym, köp ýyl üçin ýygnalan birtopar zadym bar, dynjyny al, iý, iç, keýp çek" diýerin. 20 Emma Hudaý ona: „Eý akmak! Edil su gijänin özünde janyn senden alnar. Onson taýýarlan zatlaryn kime galar?" diýýär. 21 Hudaýyn nazarynda baý bolman, özi üçin döwlet ýygnaýan adamyn ýagdaýy seýledir».
Gaýgy etmän
22 Onson Isa sägirtlerine seýle nesihat berdi: «Sonun üçin size diýýärin: näme iýerkäm diýip janynyzy, näme geýerkäm diýip teninizi gaýgy etmän. 23 Jan ? iýmitden, ten egin-esikden ýokarydyr. 24 Gargalara seredin, olar ne ekýär, ne-de orýar. Olaryn ne ammarlary, ne-de azyk saklanýan jaýlary bar. Muna garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guslardan näçe gymmatlysynyz! 25 Sizin haýsy biriniz alada edip, öz boýunyzy tirsek boýy artdyryp bilýärsiniz? 26 Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsanyz, onda nämä galan zatlaryn gaýgysyny edýärsiniz? 27 Liliýalaryn ösüsine seredin, olar ne zähmet çekýär, ne-de ýüp egirýär. Emma size diýýärin: Süleýman özünin bütin san-söhratynda hem bularyn biri ýaly-da geýinmändi. 28 Bu gün meýdanda bolup, ertir ojaga taslanýan oty Hudaý seýle geýindirýän bolsa, sizi nähili artyk geýindirer, eý, imany azlar! 29 Siz-de näme iýjeginizi, näme içjeginizi agtarman, gaýgy etmän. 30 Çünki dünýänin milletleri bularyn hemmesini agtarýarlar, Atanyz hem bularyn size gerekdigini bilýär. 31 Hudaýyn patysalygyny agtaryn, bu zatlaryn hem bary size onun üstüne gosulyp berler. 32 Gorkma, eý kiçijik süri! Çünki Atanyz Patysalygy size bermäge razy boldy. 33 Nämäniz bar bolsa satyn, sadaka berin. Özünize Gökde könelmeýän kiseler, tükenmeýän hazyna taýýarlan. Ol ýere ogry golaýlasýan däldir, güýe degýän däldir. 34 Hazynanyz nirede bolsa, ýüreginiz hem sol ýerde bolar».
Oýa hem taýýarlykly bolun
35 Billeriniz gusalgy, çyralarynyz ýakylgy bolsun. 36 Agalary toýdan gelip, gapyny kakanda, tiz ona açmak üçin garasýan adamlar ýaly bolun. 37 Agasy gelende, oýadygyny görjek hyzmatkärleri nähili bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, ol bilini gusap, olary saçak basynda oturdyp, geler-de, olara hyzmat eder. 38 Ikinji nobatda ýa-da üçünji nobatda gelip-de, olaryn oýadygyny görse, ol hyzmatkärler bagtlydyr. 39 Emma muny bilin: öý eýesi ogrynyn haýsy sagatda geljegini bilsedi, oýa galardy we öýüni ýardyrmazdy. 40 Siz hem taýýar bolun. Çünki Ynsan Ogly oslamaýan sagadynyzda geler». 41 Sonda Petrus: «Ýa Reb! Bu tymsaly dine bize aýdýarsynmy ýa-da hemmelere?» diýdi. 42 Reb seýle diýdi: «Onda, wagtly-wagtynda hyzmatkärlere nahar paýlaryny bermek üçin, agasynyn olaryn üstünden goýan sadyk hem akylly is dolandyryjysy kim? 43 Agasy gelende, onun seýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri ne bagtly! 44 Size dogrusyny aýdýaryn: agasy bütin mal-mülküni sona ynanar. 45 Bu hyzmatkär öz içinden: „Agam giç geler" diýip, hyzmatkärleri, kenizleri urmaga, iýip-içip serhos bolmaga baslasa, 46 Ol hyzmatkärin agasy onun oslamaýan gününde, bilmeýän sagadynda gelip, ony iki böler-de, paýyny imansyzlarynky bilen den eder. 47 Agasynyn islegini bilip, taýynlanmadyk, onun islegini ýerine ýetirmedik hyzmatkär köp ýenjiler. 48 Ýöne bilmän, taýaga mynasyp is eden az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler, kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp hem islener. 49 Men dünýä ot ýagdyrmaga geldim, artykmaç tutasyp ýanmagyny nähili arzuw edýärin! 50 Menin ýerine ýetirmeli bir çokunmam bar, bu bolýança nähili darygýaryn! 51 Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýdýärsinizmi? Ýok, size aýdýaryn: tersine, bölünisik getirmäge geldim. 52 Mundan beýläk bir öýde ýasaýan bäs adam bölünisip, üçüsi ikisine garsy, ikisi hem üçüsine garsy bolar. 53 Ata ogla garsy, ogul ata garsy, ene gyza garsy, gyz hem enä garsy, gaýynene gelne garsy, gelin hem gaýynenä garsy bolar».
Alamatlara düsünmek
54 Isa halaýyga hem seýle diýdi: «Siz bir buludyn günbatardan galanyny gören badynyza: „Ýagys gelýär" diýýärsiniz, seýle hem bolýar. 55 Ýel ilerden öwsende: „Yssy boljak" diýýärsiniz, seýle hem bolýar. 56 Eý ikiýüzlüler! Ýerin, Gögün ýüzüni tanap bilýän siz, nähili bolýar-da, häzirki wagty tanap bilmeýärsiniz? 57 Näme üçin öz ýanynyzdan dogryny saýgaryp bilmeýärsiniz? 58 Dawagärin bilen häkime barýarkan, ýolda onun bilen ýarasjak bol, ol seni kazynyn önüne sürmesin, kazy hem seni nobatçynyn eline bermesin, nobatçy hem seni zyndana salmasyn. 59 Sana aýdýaryn, sonkuja köpügini berýänçän, ol ýerden çykmarsyn».
Toba edin
13:1 Sol wagt birnäçe adam gelip, Pilatusyn gurbanlaryny öz ganlaryna garan jelilelileri hakda Ona gürrün berdiler. 2 Isa seýle jogap berdi: «Bu görgüleri görendikleri üçin, siz ol jelilelileri beýleki bütin jelilelilerden günäkärdir öýdýärsinizmi? 3 Men size diýýärin: ýok! Ýöne toba etmeseniz, sizin hemmäniz seýle heläk bolarsynyz. 4 Ýa-da üstlerine Siloam minarasy ýykylyp ölen ol on sekiz adamy Iýerusalimde ýasaýan ähli adamlardan ýazyklydyr öýdýärsinizmi? 5 Men size diýýärin: ýok! Ýöne toba etmeseniz, sizin hemmäniz solar ýaly heläk bolarsynyz».
Miwe bermeýän agaç
6 Onson Isa olara su tymsaly aýtdy: «Bir adamyn bagynda bitip oturan bir injir agajy bar eken. Ol gelip, ondan miwe agtarýar, ýöne tapmaýar. 7 Bagbana: „Ine, üç ýyldyr, men gelip, bu agaçdan miwe agtarýaryn, emma tapmaýaryn. Ony kes, nämä ýeri biderek tutup otyr?" diýýär. 8 Emma bagban ona seýle diýýär: „Aga, ona bu ýyl hem degme, men onun töweregini gazyp, dökünläýin. 9 Miwe bersä onat, bermese-de, geljek ýyl kesäýersin"».
Bir aýalyn sagaldylysy
10 Isa Sabat güni sinagogalaryn birinde sapak berip otyrdy. 11 Ol ýerde on sekiz ýyl bäri içinde ejizlik ruhy bolan bir aýal bardy. Ol iki eplenip, asla gönelip bilmeýärdi. 12 Isa ony görende, ýanyna çagyryp, ona: «Naçar! Sen öz ejizliginden halas edildin» diýdi. 13 Onson elini onun üstünde goýdy welin, aýal derrew göneldi-de, Hudaýy söhratlandyrmaga baslady. 14 Sinagoganyn baslygy Isanyn Sabat güni sypa berenine gahary geldi, halaýyga ýüzlenip: «Is etmek üçin alty gün bardyr, sypa tapmaga Sabat güni däl-de, sol günlerde gelin» diýdi. 15 Reb hem ona seýle diýdi: «Ikiýüzlüler! Sizin haýsy biriniz Sabat güni öküz ýa esegini ahyryn basyndan çözüp, suwa ýakmaga äkitmeýär? 16 Bu bolsa Ybraýymyn on sekiz ýyllap seýtan tarapyndan baglanan gyzy. Ol Sabat güni bu danydan halas edilmeli dälmi?» 17 Isa bu sözleri aýdanda, Ona garsy çykýanlaryn hemmesi utandylar, Onun edýän dabaraly islerine bütin halaýyk begendi.
Gorçisa tohumy we hamyrmaýa
18 Onson Isa seýle diýdi: «Hudaýyn Patysalygy nämä menzeýär? Men ony nämä menzedeýin? 19 Ol bir adamyn alyp, öz bagynda eken gorçisa tohumy ýalydyr. Ol ösüp, bir uly agaç boldy, gögün guslary sahalarynda höwürtgelediler». 20 Ýene-de seýle diýdi: «Hudaýyn Patysalygyny nämä menzedeýin? 21 Ol bir aýalyn alyp, bütin hamyr tursaýança üç çanak una gosan hamyrmaýasy ýalydyr».
Dar gapy
22 Isa Iýerusalime tarap barsyna, säherlerin, obalaryn içinden geçip, sapak berýärdi. 23 Bir adam Ona: «Ýa Reb! Halas boljaklar azmy?» diýdi. Isa olara seýle diýdi: 24 Dar gapydan girmäge çalsyn, çünki size diýýärin: birentekler girjek bolar, ýöne basarmaz. 25 Öý eýesi turup, gapyny ýapanda, siz dasarda galyp: „Ýa Reb, gapyny bize aç" diýip, gapyny kakmaga durarsynyz. Emma Ol size: „Men sizi tanamaýaryn, nireden gelendiginizi bilmeýärin" diýip jogap berer. 26 Sonda siz seýle diýersiniz: „Biz Senin önünde iýip-içdik, Sen bizin köçelerimizde sapak berdin". 27 Emma Ol: „Men sizi tanamaýaryn, niredendiginizi bilmeýärin diýip aýdýaryn ahyryn. Barynyz ýanymdan aýrylyn, eý, nähak is edenler" diýer. 28 Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleri Hudaýyn Patysalygynda, özünizin bolsa dasaryk kowulanynyzy göreninizde, ol ýerde aglama we dis gyjama bolar. 29 Gündogardan, günbatardan, demirgazykdan, günortadan adamlar gelip, Hudaýyn Patysalygynda saçak basynda oturarlar. 30 Ine, ilkinjiler boljak ahyrkylar bar we ahyrkylar boljak ilkinjiler bar».
Eý Iýerusalim!
31 Sol wagt käbir fariseýler gelip, Ona: «Bu ýerden aýryl, git, Hirodes Seni öldürmek isleýär» diýdiler. 32 Isa olara seýle diýdi: «Gidin-de, ol tilkä aýdyn, ine, Men bu gün we ertir jynlary kowup, sypa bererin, üçünji güni isimi bitirerin. 33 Ýöne Men bu gün, ertir we birigün ýol ýöremeli. Çünki bir pygamberin Iýerusalimden dasarda ölmegi bolup biljek zat däldir. 34 Eý Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne iberilenleri daslaýan Iýerusalim! Bir towugyn jüýjelerini ganatlarynyn asagyna ýygnaýsy ýaly, Men hem näçe gezek senin çagalaryny üýsürjek boldum, emma siz islemediniz! 35 Ine, öýüniz size haraba bolup galýar. Men size aýdýaryn: siz: „Rebbin adyndan gelen gutly bolsun" diýene deneç Meni görmersiniz».
Isa bir fariseýin öýünde
14:1 Bir Sabat güni Isa fariseýlerin baslyklaryndan birinin öýüne nahara geldi. Olar hem Ony göz astyna alýardylar. 2 Ine, suw ýygnanma keselli bir adam Onun garsysyna geldi. 3 Isa kanunçylara, fariseýlere ýüzlenip: «Sabat güni sypa bermek dogrumy ýa dogry dälmi?» diýdi. 4 Olar seslerini çykarmadylar. Isa hem ýanky adamy ýanyna çekip, ony sagaldyp goýberdi. 5 Onson olardan: «Sabat güni sizden birinin esegi ýa-da öküzi guýa gaçsa, ony derrew çykarmazmy?» diýip sorady. 6 Olar bu soraglara jogap berip bilmediler. 7 Isa çagyrylanlaryn töri saýlaýandyklaryny görüp, olara bir tymsal aýtdy: 8 Biri seni toýa çagyranda, baryp, töre geçme, ol senden has gadyrly birini hem çagyran bolaýmasyn. 9 Seni çagyran gelip, sana: „Ýerini muna ber" diýäýmesin. Onson sen utanyp, in pes ýerde oturmaly bolarsyn. 10 Çagyrylanynda, seni çagyran ýanyna gelip: „Eý dost! Töre geç" diýer ýaly, baryp, in pes ýerde otur. Onson saçak basynda özün bilen oturanlaryn ýanynda hormatyn bolar. 11 Çünki kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler».
Kimleri nahara çagyrmaly
12 Onson Isa Özüni çagyrana seýle diýdi: «Öýlänlik ýa-da agsamlyk naharyny berende dostlaryny, doganlaryny ýa garyndaslaryny, ýa-da baý gonsularyny çagyrma. Çagyrsan, olar hem seni çagyryp, öwezini dolar. 13 Zyýapat berende garyplary, maýyplary, agsaklary, körleri çagyr. 14 Olar sana öwezini dolup bilmedikleri üçin, sen bagtly bolarsyn, çünki dogrularyn direlen wagty, sana onun öwezi berler». 15 Isa bilen bile saçak basynda oturanlaryn biri muny esidende Ona: «Hudaýyn patysalygynda çörek iýjek ne bagtly!» diýdi. 16 Ol hem ona seýle diýdi: «Bir adam uly zyýapat berip, birtopar adamy çagyrýar. 17 Nahar wagty bolanda çagyrylanlara: „Gelin, ähli zat taýýar" diýip, hyzmatkärini iberýär. 18 Emma olaryn bary, dillesen ýaly, ötünç soramaga baslaýarlar. Ilkinjisi ona: „Men bir bölek ýer satyn aldym, gidip sony görmeli. Haýys edýärin, meni bagysla" diýýär. 19 Beýlekisi: „Men bäs jübüt öküz satyn aldym, solary barlamaga barýaryn. Haýys edýärin, meni bagysla" diýýär. 20 Ýene biri: „Men ýany öýlendim, sonun üçin gelip bilmeýärin" diýýär. 21 Hyzmatkär gelip, bulary agasyna habar berýär. Onson öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Tiz säherin köçelerine, ýollaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary, su ýere getir" diýýär. 22 Hyzmatkär: „Aga! Senin aýdanyn ýerine ýetirildi, ýöne entek hem ýer bar" diýýär. 23 Onson aga hyzmatkärine: „Ýollara, haýatlara bar-da, adamlary güýç bilen getir, öýüm dolsun" diýýär. 24 Size aýdýaryn, çagyrylan adamlaryn ýekejesi hem Menin zyýapat naharymdan datmaz».
Isanyn sägirtleri
25 Uly märeke Isa bilen bile barýardy. Isa yzyna öwrülip, olara seýle diýdi: 26 Kim Menin ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-usagyny, doganyny, uýasyny hatda öz janyny hem ýigrenmese, Menin sägirdim bolup bilmez. 27 Kim öz haçyny göterip, Menin yzyma düsmese, Menin sägirdim bolup bilmez. 28 Sizden biri bir minara saljak bolýar diýeli. Ol: „Muny tamamlamaga pulum ýetermikä?" diýip, ilki oturyp, harjyny hasaplamazmy? 29 Çünki binany tutup, son isi tamamlap bilmese, muny görenlerin hemmesi ona gülüp: 30 „Bu adam salmaga baslady welin, ýöne tamamlap bilmedi" diýer. 31 Ýa-da bir patysa basga bir patysa bilen urus etmäge barýar diýeli. On mün esger bilen üstüme gelýän ýigrimi müne garsylyk görkezmegi basararynmy diýip, ilki oturyp maslahatlasmazmy? 32 Basarmajak bolsa, ol dusman entek uzakdaka, ilçi iberip, ýarasyk sertlerini sorar. 33 Seýlelikde, sizin her biriniz bar zadynyzdan el çekmeseniz, Menin sägirdim bolup bilmersiniz. 34 Duz gowy zatdyr, ýöne ol öz tagamyny ýitirse, onda ona näme bilen tagam berler? 35 Ol ne ýere, ne-de döküne ýarar, ony dasaryk zynarlar. Gulagy barlar esitsin!»
Ýiten goýun tymsaly
15:1 Bütin salgytçylardyr günäkärler Isanyn aýdýanlaryny dinlejek bolup, Onun dasyna üýsüsýärdiler. 2 Fariseýler bilen kanunçylar bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen bile nahar iýýär» diýip hünürdesýärdiler. 3 Onson Isa olara su tymsaly aýtdy: 4 Sizden birinin ýüz goýny bar we olaryn birini ýitirýär diýeli. Ol togsan dokuzysyny düzde goýup, tapýança, ýitenin yzyndan gitmezmi? 5 Tapanda bolsa ony begenç bilen gersine alyp, 6 öýüne geler. Onson dostlaryny, gonsularyny çagyryp: „Menin bilen bile satlanyn. Men ýiten goýnumy tapdym" diýer. 7 Size aýdýaryn: sunun ýaly, toba eden ýeke günäkär üçin, Gökde boljak satlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin bolan satlykdan uly bolar».
Ýiten pul tymsaly
8 Ýa-da bir aýalyn on sany kümüs puly bar we olaryn birini ýitirýär diýeli. Ol çyrany ýakyp, öýi süpürip, tapýança, dykgat bilen ony gözlemezmi? 9 Tapanda bolsa öz joralaryny, gonsularyny çagyryp: „Menin bilen bile satlanyn. Men ýitiren pulumy tapdym" diýer. 10 Sonun ýaly, Men hem size aýdýaryn: toba eden ýeke günäkär üçin Hudaýyn perisdelerinin arasynda satlyk bolar».
Ýiten ogul tymsaly
11 Isa ýene-de seýle diýdi: «Bir adamyn iki ogly bar eken. 12 Kiçi ogly kakasyna: „Kaka, mal-mülkden mana ýetenini ber" diýýär. Kakasy hem baýlygyny ogullarynyn arasynda bölýär. 13 Birnäçe günden son kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir das ýurda gidýär, ol ýerde aýsy-esretde ýasap, mal-mülküni sowurýar. 14 Baryny sowandan son, ýanky ýurda gaty açlyk düsüp, ol mätäçlik çekmäge baslaýar. 15 Seýlelikde, baryp, sol ýurtlularyn birine günlükçi bolýar. Ol hem ony öz örülerine donuz bakmaga ýollaýar. 16 Oglanyn donuzlaryn iýýän kösükleri bilen garnyny doýrasy gelýär, ýöne ona hiç kim bermeýär. 17 Ol ahyrsony aýnalyp, öz-özüne seýle diýýär: „Kakamyn günlükçilerinden birenteginin artykmaç çörekleri bar, men bolsam bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün! 18 Kakamyn ýanyna baryp ona: kaka, Men Hudaýa hem sana garsy günä etdim. 19 Men indi senin oglun diýilmäge mynasyp däl, meni öz günlükçilerinden biri ýaly et" diýeýin. 20 Turup, kakasynyn ýanyna gidýär. Entek dasdaka, kakasy ony görüp, ona ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyn boýnundan gujaklap, ony ogsaýar. 21 Ogly ona: „Kaka, men Hudaýa hem sana garsy günä etdim. Men indi senin oglun diýilmäge mynasyp däl" diýýär. 22 Emma kakasy hyzmatkärlerine seýle tabsyryk berýär: „Derrew in gowy dony getirin-de, ona geýdirin. Ellerine ýüzük, aýaklaryna çaryk berin. 23 Baga bakylan göläni getirin-de, damagyny çalyn, iýip satlanalyn! 24 Çünki menin bu oglum ölüdi, direldi, ýitipdi, tapyldy". Seýdip, olar toý etmäge baslaýarlar. 25 Onun uly ogly ekin meýdanynda eken. Gelip, öýe golaýlanda, aýdym-saz hem tans sesi gulagyna ilýär. 26 Hyzmatkärlerin birini ýanyna çagyryp, munun nämedigini soraýar. 27 Ol hem ona: „Doganyn geldi. Kakan ony sag-aman yzyna alany üçin, baga bakylan gölänin damagyny çaldy" diýýär. 28 Ol gaharlanyp, içerik girmejek bolýar. Kakasy dasaryk çykyp, ona ýalbarýar. 29 Emma ol kakasyna jogap berip diýýär: „Ine, näçe ýyldyr men sana hyzmat edýärin, senin buýruklaryna hiç haçan garsy çykamok. Muna garamazdan, öz dostlarym bilen satlyk eder ýaly, sen mana hiç haçan bir çebis hem bermedin. 30 Emma bütin baýlygyny ahlaksyz aýallara ýoklan bu oglun gelende, sen onun üçin baga bakylan gölänin damagyny çalýarsyn". 31 Kakasy ona: „Oglum, sen hemise menin ýanymda, menin bar zadym seninki. 32 Ýöne satlyk edip, begenismek gerek, çünki doganyn ölüdi, direldi, ýitipdi, tapyldy"» diýýär.
Hilegär is dolandyryjynyn tymsaly
16:1 Isa sägirtlerine ýüzlenip seýle diýdi: «Bir baý adamyn is dolandyryjysy bar eken. Ona: „Is dolandyryjyn senin mal-mülküni dargadýar" diýip sikaýat edýärler. 2 Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen barada menin bu esidýänlerim näme! Is dolandyrysyn babatda hasabat ber, çünki sen indi is dolandyryjy bolup bilmeýärsin" diýýär. 3 Is dolandyryjy öz-özüne seýle diýýär: „Näme ederkäm? Agam menin isimi elimden alýar. Gazy gazmagy basarmaýaryn, dilenmäge utanýaryn. 4 Isimi elden beremde, halk meni öýüne kabul eder ýaly, näme etjegimi bilýärin". 5 Seýlelikde, agasyna bergili adamlary ýekän-ýekän çagyryp, birinjisine: „Menin agama näçe bergin bar?" diýýär. 6 Ol: „Ýüz çanak zeýtun ýagy" diýýär. Ona: „Borçnamany al, derrew otur-da, sony elli edip ýaz" diýýär. 7 Onson basga birine: „Senin näçe bergin bar?" diýýär. Ol hem: „Ýüz çanak bugdaý" diýip jogap berýär. Ona-da: „Borçnamany al-da, sony segsen edip ýaz" diýýär. 8 Agasy bu hilegär is dolandyryjyny paýhasly hereket edeni üçin öwýär. Çünki bu döwrün ogullary öz nesline garsy hereket etmekde nur ogullaryndan paýhaslydyr. 9 Size aýdýaryn: mal-mülküniz tükenende, olar sizi ebedi mesgenlere kabul eder ýaly, dünýänin hileli baýlygy bilen dost gazanyn».
Baýlyk we ynamlylyk
10 Az zatda ynamly bolan köp zatda hem ynamlydyr, az zatda hilegär bolan köp zatda hem hilegärdir. 11 Seýlelikde, dünýänin hileli baýlygynda ynamly bolmadyk bolsanyz, çyn baýlygy size kim ynanar? 12 Kesekinin maly barada ynamly bolmadyk bolsanyz, özünizinkini size kim berer? 13 Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Çünki ol ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem mammona hyzmat edip bilmersiniz». 14 Puly söýýän fariseýler bu sözleri esidip, Isa güldüler. 15 Isa olara seýle diýdi: «Siz özünizi adamlaryn ýanynda aklaýarsynyz, ýöne Hudaý ýüreginizi bilýändir. Adamlar arasynda ýokary saýylýan zat Hudaý ýanynda ýigrenjidir. 16 Kanun we Pygamberler ýazgylary Ýahýanyn zamanyna çenli bildirildi. Hudaýyn Patysalygynyn hos habary sondan bäri wagyz edilip gelinýär, her kim zor bilen ona girýär. 17 Emma Gök bilen Ýerin geçip gitmegi Mukaddes Kanundan ýekeje nokadyn gaçyp galmagyndan ansatdyr. 18 Aýalyny aýryp, basga aýala öýlenen her kes zyna edýändir, ärinden aýrylan aýala öýlenen-de zyna edýändir».
Baý we gedaý
19 Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy we nepis keteniden tikilen esikler geýnip, her gününi toý-meýlisde geçirer eken. 20 Onun gapysynyn agzynda tutus bedenini bas tutan Lazar atly bir gedaý ýatar eken. 21 Ol baýyn saçagyndan dökülen owuntyklary iýmegin arzuwynda eken. Itler hem gelip, onun basyny ýalar eken. 22 Gedaý ölende, perisdeler ony Ybraýymyn gujagyna äkidýärler. Son baý hem ölüp, jaýlanýar. 23 Ol dowzahda gynalyp ýörkä, gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy, onun gujagyndaky Lazary görýär. 24 Sonda gygyryp: „Eý, Ybraýym ata! Mana rehim et, Lazary iber, barmagynyn basyny suw bilen ölläp, menin dilimi sowatsyn. Çünki bu ýalynda azap çekýärin" diýýär. 25 Emma Ybraýym seýle diýýär: „Eý ogul! Sen öz ýasaýsynda onat zatlar alanyny, Lazaryn bolsa erbet zatlar alanyny ýadyna sal, indi ol bu ýerde rahatlyk görýär, sen azap çekýärsin. 26 Mundan basga hem, bu ýerden siz tarapa geçjek bolýanlar, ol ýerden hem biz tarapa geçjek bolýanlar geçip bilmez ýaly, biz bilen sizin aranyzda uly uçut goýlupdyr". 27 Ol-da seýle diýýär: „Eý ata! Haýys edýärin, ony menin atamyn öýüne iber. 28 Çünki menin bäs doganym bar. Olar bu gynalýan ýere gelmez ýaly, Lazar baryp habar etsin". 29 Emma Ybraýym: „Olarda Musanyn, pygamberlerin ýazgylary bar, solara gulak assynlar" diýýär. 30 Ol hem: „Ýok, eý Ybraýym ata! Olar dine ölülerden biri ýanlaryna barsa, toba ederler" diýýär. 31 Ybraýym ona seýle diýýär: „Olar Musa hem pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar"».
Günä, iman we wezipe
17:1 Isa sägirtlerine seýle diýdi: «Adamlaryn günä etmegine sebäp bolýan zatlaryn gelmezligi mümkin däl, ýöne olary getiren adamyn gününe waý! 2 Bu çagalaryn birinin günä etmegine sebäp bolmakdan boýnundan bir degirmen dasy asylyp, denze taslanmak onun üçin onat bolardy. 3 Habardar bolun! Doganyn günä etse, ona käýe, toba etse, ony bagysla. 4 Ol sana garsy günde ýedi gezek günä etse, ýedi gezek-de ýanyna gelip: „Toba edýärin!" diýse, ony bagysla». 5 Resullar Rebbe: «Bizin imanymyzy köpelt!» diýdiler. 6 Reb seýle diýdi: «Eger sizin bir gorçisa dänesi ýaly imanynyz bolup, su tut agajyna: „Su ýerden goparyl-da, denizde göger!" diýsediniz, ol size gulak asar. 7 Emma sizden kim ýer sürýän ýa-da çopançylyk edýän hyzmatkäri bolup, ol düzden öýe gelende: „Tiz gel-de, saçak basyna geç" diýer? 8 Gaýtam, ona: „Menin agsamlygymy taýýarla, bilini gusa-da, iýip-içýänçäm, mana gulluk et, sen onson iýip-içersin" diýmezmi? 9 Buýruklaryny berjaý edeni üçin, ol hyzmatkäre minnetdarlyk bildirermi? Güman etmeýärin. 10 Siz hem özünize buýrulan ähli zady berjaý edeninizden son: „Biz dereksiz hyzmatkärlerdiris, biz dine öz wezipämizi berjaý etdik" diýin».
On heýwere keselli
11 Isa Iýerusalime tarap barýarka, Samariýa bilen Jelile arasyndaky serhedin boýy bilen gitdi. 12 Baryp bir oba girende, Ona endamy pis açan on adam satasdy. Olar dasda durup, 13 gaty ses bilen: «Isa Ussat, bize rehim et!» diýdiler. 14 Isa olary görüp: «Baryn, ruhanylara görnün» diýdi. Olar ýoldakalar keselden gutuldylar. 15 Olaryn biri sagalanyny görende, gaty ses bilen Hudaýy söhratlandyryp yzyna öwrüldi. 16 Ol Isanyn aýagyna ýüzin ýykylyp, Ona minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy. 17 Isa seýle diýdi: «Keselden gutulanlar on dälmidi? Galan dokuzy hany? 18 Bu ýat adamdan basga yzyna öwrülip, Hudaýy söhratlandyran bolmadymy?» 19 Onson ona: «Tur, git, imanyn seni halas etdi» diýdi.
Hudaýyn Patysalygy haçan geler?
20 Fariseýler Hudaýyn Patysalygynyn haçan geljegini ondan soranlarynda, Isa olara seýle jogap berdi: «Hudaýyn Patysalygy ne göze görnüp geler, 21 ne-de „Ine, bu ýerde!" ýa-da „Ine, ol ýerde!" diýerler. Çünki Hudaýyn Patysalygy sizin içinizdedir». 22 Onson sägirtlerine seýle diýdi: «Ynsan Oglunyn günlerinden birini görmegi küýsejek wagtynyz gelýär, ýöne ony görmersiniz. 23 Size: „Ine, su ýerde" ýa-da „Ine, ol ýerde" diýerler. Gitmän, olaryn yzyna düsmän! 24 Çünki ýyldyrym Gögün bir ujundan çakyp, ol ujuny-da nähili ýagtyldýan bolsa, Ynsan Ogly hem Öz gününde seýle bolar. 25 Ýöne Ol önürti köp görgi görmeli, bu nesil tarapyndan ret edilmelidir. 26 Nuhun günlerinde nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyn günlerinde-de seýle bolar. 27 Adamlar Nuhun gämä münen gününe deneç iýýär, içýär, öýlenýär we äre çykýardylar. Son tupan turup, hemmesini dargatdy. 28 Lutun günlerinde hem sonun ýaly boldy: adamlar iýýär, içýär, alýar, satýar, ekýär we dikýärdiler. 29 Emma Lutun Sodomdan çykan güni Gökden ot bilen kükürt ýagyp, hemmesini dargatdy. 30 Ynsan Oglunyn görünjek gününde hem seýle bolar. 31 Sol gün özi öýün üçeginde bolup, zatlary öýün içinde bolan adam olary aljak bolup, asak inmesin. Sonun ýaly, ekin meýdanyndaky hem yzyna öwrülmesin. 32 Lutun aýalyny ýada salyn! 33 Kim janyny saklamaga çalyssa, ony ýitirer, kim janyny ýitirse, ony diri saklar. 34 Size aýdýaryn: ol gije bir düsekde iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar. 35 Bilelikde galla üweýän iki aýal bolar, biri alnar, ol biri goýlar. 36 Ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar». 37 Ona ýüzlenip: «Ýa Reb, nirede?» diýdiler. Ol hem: «Maslyk nirede bolsa, garaguslar hem sol ýere üýsüsýändir» diýip jogap berdi.
Hemise doga
18:1 Hemise doga edip, asla ruhdan düsmezligin zerurlygy hakda hem Isa Öz sägirtlerine bir tymsal aýtdy: 2 Bir säherde Hudaýdan gorkmaýan, adamlary äsgermeýän bir kazy bar eken. 3 Sol säherde bir dul hatyn hem bar eken. Ol gelip: „Dawagärimden menin hakymy alyp ber" diýýär. 4 Kazy birnäçe wagtlap etmeýär. Son bolsa öz-özüne seýle diýýär: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de, 5 üznüksiz gelip, meni bizar etmez ýaly, bu dul hatynyn hakyny alyp bereýin. Çünki mana köp ezet berýär"». 6 Reb seýle diýdi: «Adalatsyz kazynyn aýdýanyna gulak asyn. 7 Hudaý gije-gündiz Özüne ýüz tutup, perýat edýän saýlananlarynyn hakyny almazmy? Olaryn hakyny almagy gijikdirermi? 8 Size diýýärin: haklaryny tiz alar. Emma Ynsan Ogly gelende ýerin ýüzünden iman taparmy?» Fariseý we salgytçy 9 Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa su tymsaly aýtdy: 10 Iki adam doga etjek bolup, ybadathana gidýär. Olaryn biri fariseý, biri-de salgytçy eken. 11 Fariseý durup, öz içinden seýle doga edýär: „Eý Hudaý! Men basga adamlar kimin talançy, egri, zynagär we bu salgytçy ýaly-da däldigime sükür edýärin. 12 Men hepdede iki gezek oraza tutýaryn, bütin girdejimden zekat berýärin". 13 Salgytçy bolsa dasda durýar. Ol gabagyny Göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, ýöne gursagyna urup: „Eý Hudaý! Men günäkäre rehim et!" diýýär. 14 Size aýdýaryn, fariseý däl, su adam aklanyp, öýüne gidýär, çünki her kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler».
Isa çagalara ak pata berýär
15 Kiçijik çagalara elini degirsin diýip, olary Isanyn ýanyna getirýärdiler. Sägirtleri muny görenlerinde olara käýediler. 16 Emma Isa olary ýanyna çagyryp, seýle diýdi: «Degmän, çagalar Menin ýanyma gelsin, olary bökdemän. Çünki Hudaýyn Patysalygy sular ýalylarynkydyr. 17 Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyn Patysalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez».
Baýlyk hem ebedi ýasaýys
18 Bir baslyk Ondan: «Ýagsy Mugallym! Men ebedi ýasaýsy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady. 19 Isa ona seýle jogap berdi: «Näme üçin Mana ýagsy diýýärsin? Bir Hudaýdan basga hiç kim ýagsy däldir. 20 Sen tabsyryklary bilýänsin: zyna etme, adam öldürme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, atany, eneni syla». 21 Ol: «Men bularyn hemmesini ýaslygymdan bäri berjaý edip gelýärin» diýdi. 22 Isa muny esidende ona: «Senin ýene bir zadyn kem. Nämän bar bolsa, baryny sat-da, garyplara paýla, Gökde hazynan bolar. Onson gel, Menin yzyma düs» diýdi. 23 Ol bu sözleri esidende, gaty tukat boldy, çünki çakdanasa baýdy. 24 Isa onun tukatlygyny görüp, seýle diýdi: «Barlylara Hudaýyn Patysalygyna girmek nähili çetin! 25 Bir düýänin innänin gözünden geçmegi, barly adamyn Hudaýyn Patysalygyna girmeginden ansatdyr». 26 Muny esidenler: «Onda kim gutulyp biler?» diýdiler. 27 Ol: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar, Hudaý üçin mümkindir» diýdi. 28 Petrus Ona: «Ine, biz ähli zadymyzy taslap, Senin yzyna düsdük» diýdi. 29 Isa olara seýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyn Patysalygynyn hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny ýa-da oglan-usagyny taslap, 30 bu zamanda köp essesini we geljek döwürde ebedi ýasaýsy almajak ýokdur».
Isa ölüp direljegini ýene aýdýar
31 Isa on iki sägirdi çete çekip, seýle diýdi: «Ine, biz Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly hakda pygamberler arkaly ýazylanlaryn hemmesi berjaý bolar! 32 Çünki Ol milletlere tabsyrylar. Olar Ona gülerler, masgaralarlar, Onun üstüne tüýkürerler we Ony gamçylap öldürerler. 33 Ýöne ölenden üç günden son Ol direler». 34 Sägirtler bu zatlaryn hiç birine düsünmediler. Bu sözlerin manysy olardan gizlenipdi. Olar Onun näme hakda gürrün edýänini bilmediler.
Bir körün gözi açylýar
35 Isa Eriha golaýlanda, ýolun kenarynda bir kör adam dilegçilik edip otyrdy. 36 Ol halaýygyn gapdalyndan geçip barýanyny esidip: «Bu näme?» diýip sorady. 37 Ona: «Nasyraly Isa geçip barýar» diýip habar berdiler. 38 Ol hem: «Eý, Dawut Ogly Isa! Mana rehim et!» diýip gygyrdy. 39 Önden barýanlar sesini çykarmasyn diýip, ona käýediler, ýöne ol önküden hem gaty: «Dawut Ogly! Mana rehim et!» diýip gygyrdy. 40 Isa durdy-da, ol adamy getirsinler diýip, buýruk berdi. Ol golaý gelende, Isa ondan: 41 «Senin üçin näme etmegimi isleýärsin?» diýip sorady. Ol: «Ýa Reb! Gözüm görsün» diýdi. 42 Isa ona: «Gözün görsün! Imanyn sana sypa berdi» diýdi. 43 Onun gözleri derrew görenson, Hudaýy söhratlandyrdy-da, Isanyn yzyna düsüp gidiberdi. Bütin halaýyk muny görüp, Hudaýa alkys okady.
Isa bilen Zakkaý
19:1 Isa Eriha girip, onun içinden geçip barýardy. 2 Ine, ol ýerde bas salgytçy bolan Zakkaý atly bir baý adam bardy. 3 Zakkaý Isanyn kimdigini görjek boldy, ýöne märeke zerarly görüp bilmedi, çünki boýy gysgady. 4 Seýlelikde, Ony görmek üçin ylgap, öne geçdi-de, bir ýabany injir agajynyn üstüne çykdy, çünki Isa sol ýoldan gelýärdi. 5 Isa ol ýere gelende, ýokary seredip, Ona: «Zakkaý! Tiz asak düs, çünki Men bu gün senin öýünde galmaly» diýdi. 6 Ol hem tiz asak düsüp, Ony satlyk bilen kabul etdi. 7 Halaýyk muny görüp: «Bir günäkärin öýüne myhman boldy» diýsip, hünürdemäge basladylar. 8 Zakkaý bolsa galyp, Rebbe: «Ine, ýa Reb! Men baýlygymyn ýarysyny garyplara berýärin. Kimin-de zadyny aldaw bilen alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp bereýin» diýdi. 9 Isa ona seýle diýdi: «Bu gün bu öýe gutulys geldi, çünki bu adam hem Ybraýymyn ogullarynyn biri. 10 Ynsan Ogly ýitenleri agtaryp, halas etmäge gelendir».
Sadyklyk synagy
11 Bu zatlary dinläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözünin üstüni ýetirdi. Çünki Ol Iýerusalimin golaýyndady, halaýyk hem Hudaýyn Patysalygy tiz görner diýip güman edýärdi. 12 Isa sonun üçin seýle diýdi: «Bir asylzada özüne patysalyk alyp geljek bolup, bir uzak ýurda ýola düsýär. 13 Ol hyzmatkärlerinden onusyny çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, su puly isledin" diýip, on mina pul berýär. 14 Emma ildesleri ony ýigrenýän eken. Onun yzyndan ilçiler iberip: „Bu adamyn bizin üstümizden patysalyk etmegini islemeýäris" diýýärler. 15 Ol patysalygy alyp, yzyna gelende, kimin näme gazananyny biljek bolup, pul beren hyzmatkärlerini ýanyna çagyrýar. 16 Birinjisi gelip, seýle diýýär: „Aga! Senin bir minan ýene on mina gazandy". 17 Ona: „Berekella, ýagsy hyzmatkär! Az zatda sadyk bolanyn üçin, on sähere häkim bol" diýýär. 18 Ikinjisi gelip: „Aga! Senin bir minan ýene bäs mina gazandy" diýýär. 19 Muna hem: „Sen-de bäs sähere häkim bol" diýýär. 20 Onson beýlekisi gelip, seýle diýýär: „Aga! Ine, senin bir minan, men ony elýaglyga düwüp sakladym. 21 Çünki hyrsyz adamdygyn üçin senden gorkdum. Sen goýmadygyny alýarsyn, ekmedigini orýarsyn". 22 Agasy ona seýle diýýär: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyn bilen höküm ederin! Sen menin hyrsyz adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidin? 23 Onda öwrülip gelenimde, peýdasy bilen alar ýaly, pulumy näme üçin pul isledýänlere bermedin?" 24 Onson ol ýerde duranlara diýýär: „Minany ondan alyn-da, on minala berin". 25 Ona: „Aga, onun özünde on mina bar!" diýýärler. 26 Ol jogap berýär: „Men size diýýärin, kimde bar bolsa, ona berler, kimde ýok bolsa, onun elindäki hem alnar. 27 Üstlerinden patysalyk etmegimi islemeýän dusmanlarymy bolsa su ýere getirin-de, gözümin alnynda öldürin"».
Isanyn Iýerusalime girisi
28 Isa bulary aýdyp bolanson, öne düsüp, Iýerusalime tarap ugrady. 29 Zeýtun diýen dagyn etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa golaýlanda, sägirtlerinden ikisini ýollap, seýle diýdi: 30 Önünizdäki oba baryn. Oba gireninizde danylgy duran bir taýhar taparsynyz, üstüne su wagta çenli hiç kim münen däldir. Sony çözün-de, alyp gelin. 31 Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiniz?" diýip sorasa: „Bu taýhar Rebbe gerek" diýin». 32 Ýollananlar gidip, baryny Onun aýdysy ýaly tapdylar. 33 Taýhary çözüp durkalar, onun eýeleri: «Taýhary näme üçin çözýärsiniz?» diýip soradylar. 34 Olar hem: «Bu taýhar Rebbe gerek» diýdiler. 35 Taýhary Isanyn ýanyna getirip, öz egin-esiklerini onun üstüne atdylar-da, Isany ona mündürdiler. 36 Ol gidip barýarka, halk öz eginbaslaryny ýola düseýärdi. 37 Isa Zeýtun dagynyn ennidine golaýlanda, sägirtlerin bary gören bütin mugjyzalaryna begenip, Hudaýy söhratlandyrmaga basladylar. 38 Olar: «Rebbin adyndan gelýän Patysa gutly bolsun! Gökde parahatlyk, in ýokarlarda söhrat!» diýýärdiler. 39 Halaýygyn arasyndan käbir fariseýler Isa: «Mugallym! Sägirtlerine käýe!» diýdiler. 40 Emma Ol: «Size aýdýaryn: olar dymsa, daslar gygyrysar» diýdi.
Isa Iýerusalim üçin aglaýar
41 Isa Iýerusalim säherine golaýlanda, ony görüp aglady. 42 Diýdi: «Wah, sen, hawa, sen nämänin özüne parahatlyk getirjegini su gününde bir bilsendin! Ýöne ol entek senin gözlerinden gizlin. 43 Senin basyna seýle günler geler: dusmanlaryn dasyna garymlar gazyp, seni gursar, her ýandan gysyp-gowrar. 44 Seni, içindäki çagalary ýere ýegsan eder, içinde das üstünde das goýmaz, çünki sen Hudaýyn özüne gelen wagtyny bilmedin».
Isa satyjylary ybadathanadan kowýar
45 Onson Isa ybadathana girip, ol ýerdäki satyjylary kowmaga baslady. 46 Olara: «„Menin öýüm doga öýüdir" diýip ýazylgydyr, siz muny garakçylaryn sürenine öwürdiniz» diýdi. 47 Ol her gün ybadathanada sapak berýärdi. Bas ruhanylar, kanunçylar we halkyn bastutanlary bolsa Ony heläk etmegin küýündediler. 48 Ýöne munun ýoluny tapyp bilmeýärdiler, çünki bütin halk Onun agzyna garaýardy.
Isanyn ygtyýary
20:1 Günlerin birinde Isa ybadathanada halka sapak berip, Hos Habary wagyz edip otyrka, bas ruhanylar, kanunçylar we ýasulular Onun üstüne gelip, 2 Ona: «Bize aýt, göreli, Sen haýsy ygtyýar bilen bu zatlary edýärsin? Bu ygtyýary Sana kim berdi?» diýdiler. 3 Ol seýle diýdi: «Men-de sizden bir zat sorajak. Mana aýdyn, göreýin, 4 Ýahýanyn çokundyrmasy Gökdenmidi ýa-da ynsandan?» 5 Olar hem özara pikir alsyp, seýle diýisdiler: «Eger: „Gökden" diýsek, Ol bize: „Onda, näme üçin ona iman getirmediniz?" diýer. 6 Eger-de: „Ynsandan" diýsek, bütin halaýyk bizi daslar, çünki Ýahýanyn pygamberdigine halkyn ynamy bar». 7 Seýlelikde: «Biz onun niredendigini bilmeýäris» diýip jogap berdiler. 8 Isa hem: «Men-de size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtmaryn» diýdi.
Üzümlik we bagbanlar tymsaly
9 Sonra halka su tymsaly aýtmaga durdy: «Bir adam üzümlik gurap, ony bagbanlara ekerine berip, uzak wagtlaýyn ýola gidýär. 10 Möwsümi gelende, üzümligin miwesinden bersinler diýip, bagbanlara bir hyzmatkärini iberýär. Emma bagbanlar ony ýenjip, bos kowup goýberýärler. 11 Ol basga bir hyzmatkärini iberýär, bagbanlar ony-da ýenjip, biabraý edip, bos kowup goýberýärler. 12 Ol üçünjini-de iberýär. Olar ony hem ýaralap, dasaryk taslaýarlar. 13 Onson üzümligin eýesi: „Men näme etmeli? Gel, öz söýgüli oglumy ibereýin, belki, ony sylarlar" diýýär. 14 Bagbanlar bolsa ony görenlerinden, özara pikir alsyp: „Mirasdar su, suny öldürelin, miras bize galar" diýisýärler. 15 Seýlelikde, ony-da üzümlikden dasaryk taslaýarlar we öldürýärler. Indi üzümligin eýesi bulara näme eder? 16 Ol gelip bu bagbanlary heläk eder-de, üzümligi basgalaryna berer». Halk muny esidip: «Hernä, beýle bolmasyn!» diýdi. 17 Isa olara bakyp, seýle diýdi: «Onda, „Ussalaryn ret eden dasy, burçun basy boldy" diýen ýazgynyn manysy näme? 18 Kim bu dasyn üstüne ýykylsa, bölek-bölek bolar, ol birinin üstüne gaçsa, ony mynjyradar». 19 Kanunçylar bilen bas ruhanylar Ony sol sagatda tutmagyn ýoluny agtardylar, çünki bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny andylar. Ýöne halkdan gorkýardylar.
Kaýsarynky kaýsara
20 Ony göz astyna aldylar we gepde tutup, häkimin höküm hem ygtyýaryna bersinler diýip, dogrusyraýan birnäçe içalyny Onun yzyna saldylar. 21 Seýlelikde, içalylar Ona sorag berip, seýle diýdiler: «Mugallym! Biz Senin dogry zady aýdyp öwredýänini, adamlaryn derejesine bakman, Hudaýyn ýoluny hakykat ýüzünden öwredýänini bilýäris. 22 Bizin kaýsara salgyt tölemegimiz dogrumy ýa dälmi?» 23 Isa olaryn hilesine düsünip: 24 «Mana bir dinary görkezin. Onun ýüzündäki surat bilen ýazgy kiminki?» diýdi. Olar: «Kaýsarynky» diýip jogap berdiler. 25 Ol: «Onda, kaýsarynkyny kaýsara, Hudaýynkyny Hudaýa berin» diýdi. 26 Olar halkyn ýanynda Ony sözünde tutup bilmän, beren jogabyna genirgenisip, seslerini çykarmadylar.
Direlis barada sorag
27 Ölümden direlme ýokdur diýýän saddukeýlerin käbiri Isanyn ýanyna gelip, Ona seýle sorag berdiler: 28 Mugallym! Musa bize bir adamyn dogany zürýatsyz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onun aýalyny alyp, doganyna nesil ýetisdirmelidir diýip ýazypdyr. 29 Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal alyp, zürýatsyz öldi. 30 Ikinjisi we üçünjisi hem sol aýaly aldy. 31 Seýdip, ýedisi hem yzlarynda zürýat galdyrman öldüler. 32 Ahyrsony aýal hem öldi. 33 Indi ölüler direlende, bu aýal olaryn haýsysynyn aýaly bolar? Çünki ýedisi hem ony aýal edinipdiler». 34 Isa olara seýle diýdi: «Bu döwrün adamlary öýlenýändir, äre çykýandyr. 35 Ýöne ol döwre, ölülerden direlise ýetmäge mynasyp görlenler ne öýlener, ne-de äre çykar. 36 Artykmaç, ölüp hem bilmez, çünki olar perisdeler ýalydyr. Direlisin ogludyklary üçin Hudaýyn ogludyrlar. 37 Musa-da ölülerin direlýändigini ýanan çaly baradaky bapda görkezýär. Ol sol ýerde Rebbi „Ybraýymyn Hudaýy, Yshagyn Hudaýy we Ýakubyn Hudaýy" diýip atlandyrýar. 38 Ol ölülerin däl-de, dirilerin Hudaýydyr, çünki Onun ýanynda hemmeler diridir». 39 Kanunçylaryn käbirleri: «Mugallym, gowy aýtdyn!» diýdiler. 40 Ona gaýtadan sorag bermäge ýürek etmediler.
Mesih kimin ogly?
41 Onson Isa olara diýdi: «Nämüçin Mesih Dawudyn Ogludyr diýýärler? 42 Dawudyn özi Zebur kitabynda seýle diýýär: „Reb menin Rebbime diýdi: Dusmanlaryny aýaklaryna basgançak edýänçäm, 43 Menin sagymda otur". 44 Dawut Ona Reb diýýär. Ol nähili onun ogly bolýar?» 45 Bütin halk Ona gulak asyp otyrka, Isa sägirtlerine seýle diýdi: 46 Kanunçylardan ägä bolun! Olar uzyn geýimler geýnip gezmegi halaýandyr, bazar ýerinde salam almagy, sinagogalarda bas kürsüleri, zyýapatlarda töri halaýandyr. 47 Olar dul hatynlaryn öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyr. Bular has agyr jeza sezewar bolar».
Dul hatynyn çörek puly
21:1 Isa gabagyny galdyranda, baý adamlaryn öz pesgeslerini ybadathananyn hazynasyna atyp duranyny gördi. 2 Ol bir garyp dul hatynyn hem pul atanyny görüp, 3 seýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul hatyn hemmeden kän atdy. 4 Çünki olaryn hemmesi Hudaýyn sandygyna özlerinden artany atdylar, bu hatyn bolsa garyplygyna garamazdan, bütin çörek puluny atdy».
Ahyrzaman alamatlary
5 Sägirtlerinin käbiri ybadathananyn gymmatbaha daslar hem pesgesler bilen bezelgidigini aýdanlarynda, Isa: 6 «Seýlelikde, günler geler welin, sonda bu ýerde görýän zatlarynyzdan das üstünde das galmaz, hemmesi dargar» diýdi. 7 Ondan: «Mugallym! Bu zatlar haçan bolar? Bularyn boljak mahalynda näme alamat peýda bolar?» diýip soradylar. 8 Ol seýle jogap berdi: «Habardar bolun, sizi aldaýmasynlar! Çünki köpler Menin adym bilen gelip, „Men ? Ol" we „Wagt golaýlady" diýerler. Olaryn yzyna düsmän. 9 Uruslar hem gozgalanlar barada habar esideninizde gorkman. Bu zatlar önürti bolmalydyr, ýöne dünýänin sony tiz gelmez». 10 Onson Isa olara seýle diýdi: «Millet-millete, patysalyk-patysalyga garsy çykar. 11 Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýer titremeler, açlyk hem gyrgynçylyk, gorkunç wakalar, Gökden uly alamatlar bolar. 12 Ýöne bulardan ön, Menin adym üçin size el urarlar, yzarlarlar, eltip sinagogalara, zyndanlara tabsyrarlar, patysalaryn, hökümdarlaryn alnyna getirerler. 13 Bu bolsa güwälik etmek üçin size bir pursat bolar. 14 Munun üçin berjek jogabynyzy önünden gaýgy etmezligi ýüreginize düwün. 15 Çünki Men size dil hem akyldarlyk bererin. Size garsy çykýanlaryn hiç biri muna ne garsy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler. 16 Size ene-atanyz, doganlarynyz, garyndaslarynyz, dostlarynyz hem haýynlyk ederler, käbirinizi öldürerler. 17 Menin adym üçin hemmeler sizi ýigrener. 18 Ýöne kellänizden bir gyl hem kemelmez. 19 Siz çydamak bilen, janynyzy halas edersiniz. 20 Iýerusalimi gosunlaryn gursanyny göreninizde, onun weýran ediljek wagtynyn golaýdygyny bilin. 21 Sonda Ýahudadakylar daglara gaçsyn, säherin içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler sähere girmesin. 22 Çünki sol günler ähli ýazylanlaryn berjaý bolmagy üçin jeza günleridir. 23 Sol günlerde göwreli we çaga emdirýän aýallaryn gününe waý! Çünki ýurtda uly horluk bolup, bu halk gazaba sezewar bolar. 24 Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, bütin milletlerin arasyna sürgün ediler. Olar möwritleri dolanýança, Iýerusalimi basgylar. 25 Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar bolar. Ýer ýüzünde bolsa deniz hem tolkunlaryn gürrüldisi zerarly, aljyranny ýagdaýdaky milletler galagopluga düsdüler. 26 Adamlar gorkudan, dünýänin basyna gelýän belalara garasmakdan ýana huslaryny gaçyrar, çünki gögün gudratlary titrär. 27 Sonda olar Ynsan Oglunyn bulut içinde gudrat hem uly söhrat bilen gelýänini görerler. 28 Bu zatlar bolmaga duranda, ýokaryk galyp basynyzy galdyryn, çünki gutulysynyz golaýlap gelýändir». 29 Isa olara bir tymsal aýtdy: «Injire, ähli agaçlara seredin. 30 Olaryn ýapraklandyklaryny görüp, tomsun golaýdygyny öz-özünizden bilýärsiniz. 31 Sonun ýaly hem bu zatlaryn bolanyny göreninizde, Hudaýyn Patysalygynyn golaýdygyny bilin. 32 Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. 33 Gök hem ýer öter, ýöne Menin sözlerim asla ötmez. 34 Habardar bolun! Horanlyk, serhosluk, ýasaýsyn gaýgylary ýüreginize ýük bolup, ol gün duýdansyzlykda üstünize abanaýmasyn. 35 Çünki ol gün bütin ýer ýüzünde ýasaýanlaryn ählisinin üstüne duzak kimin geler. 36 Bu boljak zatlaryn baryndan gaçyp biler ýaly, Ynsan Oglunyn huzurynda durup biler ýaly, hemise oýa bolup, doga edin». 37 Isa gündizleri ybadathanada sapak berip, gijelerini bolsa dasaryk çykyp, Zeýtun dagynda geçirerdi. 38 Bütin halk Onun aýdýanlaryny dinlejek bolup, ertir ir bilen ybadathana gelerdiler.
Isa garsy dildüwsük
22:1 Pesah, ýagny Petir baýramy golaýlapdy. 2 Bas ruhanylar bilen kanunçylar Isany öldürmegin ýoluny agtarýardylar, ýöne halkdan gorkýardylar. 3 Seýtan Onkilerin biri bolan Iskariot diýilýän Iudanyn ýüregine girdi. 4 Iuda bas ruhanylar we serkerdelerin ýanyna baryp, Isany nähili tabsyrjagy barada olar bilen gürrün etdi. 5 Olar hem begenisip, ona pul bermäge razy boldular. 6 Iuda ylalasdy. Halk ýokka, Isany olara tabsyrmak maksady bilen, pursat peýläp gezdi.
Pesah nahary
7 Pesah gurbanynyn kesilmeli güni bolan Petir güni geldi. 8 Isa: «Gidin-de, Pesah baýramyny geçirer ýaly, taýýarlyk görün» diýip, Petrus bilen Ýahýany iberdi. 9 Olar: «Ony nirede taýýarlamagymyzy isleýärsin?» diýip soradylar. 10 Olara seýle diýdi: «Ine, sähere gireninizde, küýze bilen suw alyp barýan bir adama satasarsynyz. Girjek öýüne barýança onun yzyna düsüp gidin-de, 11 öý eýesine baryp: „Mugallym senden sägirtlerim bilen Pesah naharyny iýer ýaly, myhman otagy nirede diýip soraýar" diýin. 12 Ol hem size ýokarky mertebede düsek düselgi gin bir otagy görkezer. Sol ýerde taýýarlyk görün». 13 Olar gitdiler, ähli zady Isanyn aýdysy ýaly tapyp, Pesah naharyny taýýarladylar. 14 Sagady gelende, Isa resullary bilen birlikde saçak basynda oturdy. 15 Olara seýle diýdi: «Men bu Pesahy görgi görmezimden ön, sizin bilen birlikde iýmegi gaty arzuw edipdim. 16 Çünki size diýýärin: Pesahyn maksady Hudaýyn Patysalygynda amala asýança, Men ony gaýdyp iýmerin». 17 Bir käse alyp, sükür etdi-de, seýle diýdi: «Muny alyn-da, özara paýlasyn. 18 Çünki size diýýärin: Hudaýyn Patysalygy gelýänçä, men gaýtadan üzüm siresini içmerin». 19 Onson çöregi aldy-da, sükür etdi, ony döwüp, sägirtlere berip: «Bu Menin sizin üçin berlen bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý edin» diýdi. 20 Sonun ýaly, agsamlyk naharyndan son hem, bir käsäni alyp, seýle diýdi: «Bu käse Menin sizin üçin dökülen ganym bilen berkidilen Täze ähtdir. 21 Ýöne, ine, Mana haýynlyk etjegin eli Menin elim bilen birlikde saçak basynda dur. 22 Ynsan Ogly önünden bellenisi ýaly gidýär, ýöne Ona haýynlyk edenin gününe waý!» 23 Olar bu isi etjegin öz aralaryndan kim bolup biljegini biri-birlerinden sorap basladylar. 24 Sunluk bilen, aralarynda haýsysynyn uly saýylmalydygy barada jedel turdy. 25 Isa olara seýle diýdi: «Milletlerin patysalary olara agalyk edýär, hökümdarlary özlerine haýyr ediji diýýär. 26 Emma siz beýle bolman. Aranyzda in uly in kiçi kimin bolsun, ýolbasçylyk edýän hyzmat edýän kimin bolsun. 27 Haýsysy has uly, saçak basynda oturanmy ýa-da hyzmat edýän? Saçak basynda oturan dälmi? Ýöne Men sizin aranyzda bir hyzmat edýän kimindirin. 28 Synaglarymda Menin bilen birlikde durnuklylyk görkezenler sizsiniz. 29 Siz Menin Patysalygymda saçagymyn basynda oturyp, iýip-içer ýaly, tagtlarda oturyp, Ysraýylyn on iki taýpasynyn üstünden höküm çykarar ýaly, 30 Atamyn Mana belleýsi kimin, Men-de size bir patysalyk belleýärin. 31 Simun, Simun! Bugdaý kimin galbir bilen elejek bolup, seýtan sizi diledi. 32 Emma Men imanyn kemelmesin diýip, senin üçin doga etdim. Sen hem bir wagt öwrülip gelende, doganlara goltgy ber». 33 Ol: «Ýa Reb! Men Senin bilen hem zyndana düsmäge, hem-de ölüme gitmäge taýýar» diýdi. 34 Isa: «Petrus, sana diýýärin, sen bu gün horaz gygyrmazdan ön Meni tanaýanlygyny üç gezek inkär edersin» diýdi. 35 Onson Isa olardan: «Men sizi haltasyz, torbasyz we çaryksyz ýollanymda, kem zadynyz barmydy?» diýip sorady. Olar: «Ýokdy» diýip jogap berdiler. 36 Olara seýle diýdi: «Indi haltanyz bar bolsa, ýanynyza alyn, bir torba hem alyn. Gylyjynyz ýok bolsa, egin-esiginizi satyn-da, bir gylyç edinin. 37 „Ol ser is edýänlerden saýyldy" diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar». 38 Sägirtler: «Ýa Reb! Ine, bu ýerde iki gylyç bar» diýdiler. Ol hem olara: «Sol ýeterlik» diýdi.
Zeýtun dagynda okalan doga
39 Isa çykyp, hemisekisi ýaly, Zeýtun dagyna gitdi, sägirtleri hem Onun yzyna düsdüler. 40 Ol ýere baranlarynda, Isa olara: «Synaga düsmez ýaly, doga edin!» diýdi. 41 Özi bolsa olardan bir das atyma golaý anryk çekildi-de, dyza çöküp: 42 «Eý Ata! Isleýän bolsan, bu käsäni Menden geçir, ýöne Menin islegim däl, Senin islegin bolsun» diýip, doga etmäge durdy. 43 Gökden bir perisde Isa görnüp, Ony güýçlendirdi. 44 Ol agyr ynja düsüp, gaty yhlas bilen doga etdi. Isanyn deri ýere daman gan damjalary ýalydy. 45 Dogadan son turup, sägirtlerin ýanyna gelse, olar tukatlykdan ýana uklap ýatan eken. 46 Isa olara: «Näme üçin uklap ýatyrsynyz? Synaga düsmez ýaly, turun-da, doga edin!» diýdi.
Isa tutulýar
47 Ol entek gepläp durka, ine, bir märeke göründi. Iuda atly Onkilerin biri märekänin önüne düsüp gelýärdi. Iuda Isany ogsajak bolup, Onun golaýyna geldi. 48 Isa ona: «Iuda! Sen Ynsan Ogluna ogsuk bilen haýynlyk edýärsinmi?» diýdi. 49 Onun ýanyndakylar näme boljagyny görüp: «Ýa Reb! Gylyç bilen uralymy?» diýdiler. 50 Olaryn biri bas ruhanynyn hyzmatkärini urup, onun sag gulagyny kesdi. 51 Emma Isa jogap berip: «Bolýar, bes edin!» diýdi. Onson hyzmatkärin gulagyna elini degrip, ony sagaltdy. 52 Onson Isa Özüni ele salmaga gelen bas ruhanylara, ybadathananyn serkerdelerine, ýasululara ýüzlenip, seýle diýdi: «Bir talançynyn garsysyna çykýan ýaly, gylyç hem taýak bilen geldinizmi? 53 Men her gün sizin bilen birlikde ybadathanadakam, mana el uzatmandynyz, ýöne indi sizin sagadynyz, garankylygyn höküm sürýän sagadydyr». 54 Isany tutup, bas ruhanynyn öýüne alyp gitdiler. Petrus hem gara görnümden olaryn yzyna düsüp gitdi. 55 Olar howlynyn ortasynda ot ýakyp, bile otyrkalar, Petrus-da olaryn arasynda oturdy. 56 Petrusyn odun ýagtysynda oturanyny görüp, bir keniz ona sine seretdi-de: «Bu adam hem Onun bilen biledi» diýdi. 57 Emma Petrus: «Men ony tanamaýaryn, aýal» diýip inkär etdi. 58 Az salymdan son basga biri ony görüp: «Sen-de solardan» diýdi. Emma Petrus: «Olardan däl, aga» diýdi. 59 Aradan bir sagada golaý wagt geçende, basga bir adam hötjetlik bilen: «Dogrudan-da, bu adam Onun bilen bile bolandyr, çünki bu jelileli» diýdi. 60 Emma Petrus: «Eý aga, men senin näme aýdýanyny bilmeýärin» diýdi. Edil sol wagt ? Petrus gepläp durka, horaz gygyrdy. 61 Reb öwrülip, Petrusa seretdi. Petrus Rebbin: «Horaz gygyrmazdan ön, sen Meni üç gezek inkär edersin» diýen sözüni ýatlady. 62 Dasaryk çykyp, mönnürip aglady. 63 Isany saklap duran adamlar Ony masgaralap, urmaga basladylar. 64 Gözüni danyp: «Welilik et! Seni uran kim?» diýip soradylar. 65 Ýene-de Ona ençeme hapa sözler aýtdylar.
Isa ýehudylaryn mejlisinin önünde
66 Dan atanda, halkyn ýasululary, bas ruhanylar we kanunçylar ýygnanysyp, Ony öz mejlislerine getirdiler. 67 Ona: «Sen Mesih bolsan, bize aýt» diýdiler. Isa olara seýle diýdi: «Aýtsam, ynanmarsynyz. 68 Sorasam, jogap bermersiniz, Meni goýbermersiniz. 69 Emma mundan beýläk Ynsan Ogly gudratly Hudaýyn sagynda oturar». 70 Hemmeler: «Onda, Sen Hudaýyn Oglumy?» diýdiler. Ol hem olara jogap berdi: «Hudaýyn Ogludygymy siz aýdyp otyrsynyz». 71 Olar bolsa: «Bize artykmaç güwälik nämä gerek? Biz muny Onun Öz agzyndan esitdik» diýdiler.
Isa Pilatusyn önünde
23:1 Olaryn mejlisindäkilerin ählisi turup, Isany Pilatusyn huzuryna eltdiler-de: 2 «Biz bu Adamy milletimizi azdyrmakda ýazykly tapdyk. Ol kaýsara salgyt bermäge garsy çykyp, Özüne Mesih, ýagny bir patysa diýýär» diýip, Ony aýyplamaga durdular. 3 Pilatus Ondan sorady: «Sen ýehudylaryn patysasymy?» Isa jogap berdi: «Senin aýdysyn ýalydyr». 4 Onson Pilatus bas ruhanylar bilen halka: «Men bu Adamdan hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi. 5 Emma olar hötjetlik edip: «Bu Adam Öz taglymaty bilen bütin Ýahudadaky halky öjükdirýär. Ol Jelileden baslap, su ýere çenli geldi» diýdiler. 6 Pilatus muny esidende: «Bu Adam jelilelimi?» diýip sorady. 7 Isanyn Hirodesin welaýatyndandygyny bilende, Ony Hirodesin ýanyna iberdi, çünki sol günlerde onun özi hem Iýerusalimde bolýardy. 8 Hirodes Isany görüp, gaty begendi, çünki köp wagt bäri Ony görmek isleýärdi. Sebäbi Ol barada köp zatlar esidipdi, Ondan bir alamat görerin diýen umydy bardy. 9 Hirodes Ondan köp soraglar etdi, emma Isa ona hiç bir jogap bermedi. 10 Bas ruhanylar bilen kanunçylar bolsa ol ýerde durup, Ony gaty aýyplaýardylar. 11 Onson Hirodes esgerleri bilen birlikde Ony kemsidip, masgaralap, egnine bir nepis geýim geýdirip, yzyna, Pilatusyn ýanyna iberdi. 12 Sol gün Pilatus bilen Hirodes dost boldy; ozal aralarynda dusmançylyk bardy.
Isa ölüme höküm edilýär
13 Pilatus bas ruhanylary, baslyklary hem halky üýsürip, 14 olara seýle diýdi: «Siz mana bu Adamy halky azdyrýar diýip getirdiniz. Ine, men sizin gözünizin alnynda barlag geçirip, Ondan hiç bir ýazyk tapmadym. 15 Hirodes hem tapmandyr, çünki men Ony Hirodesin ýanyna iberipdim. Sizin görsüniz ýaly, Onun ölüme laýyk eden hiç bir zady ýok. 16 Munun üçin, men Ony jezalandyryp bosatjak». 17 Pilatus baýram mynasybetli halka bir adamy bosatmalydy. 18 Emma bütin halk: «Bu Adamy ýok et! Bize Barabbasy bosat!» diýip gygyrysdylar. 19 Barabbas säherde ýüze çykan bir gozgalana gatnasany we adam öldüreni üçin zyndana salnypdy. 20 Pilatus Isany bosatmak niýeti bilen ýene-de halka ýüzlendi. 21 Emma olar: «Ony haça çüýle, haça çüýle!» diýip gygyrysdylar. 22 Pilatus üçünji gezek olara: «Bu Adam näme ýaman is etdi? Men Ondan ölüme laýyk hiç bir zat tapmadym. Munun üçin, Ony jezalandyryp bosatjak» diýdi. 23 Emma olar seslerini gataldyp, hötjetlik bilen Onun haça çüýlenmegini talap etdiler. Seýlelikde, olaryn we bas ruhanylaryn sesi üstün çykdy. 24 Sunluk bilen, Pilatus olaryn islegini ýerine ýetirme kararyna geldi. 25 Olaryn islän adamyny, gozgalan turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy bosadyp, Isany olaryn erkine berdi.
Isa haça çüýlenýär
26 Olar Isany alyp barýarkalar, düzden öwrülip gelýän kireneli Simuny tutup, Isanyn yzyndan göterip äkitsin diýip, arkasyna haç ýüklediler. 27 Halkdan uly märeke, Onun üçin zarynlap aglaýan aýallar hem yzyna düsüp gitdiler. 28 Isa öwrülip, olara diýdi: «Eý Iýerusalim gyzlary! Menin üçin aglaman, özüniz, çagalarynyz üçin aglan. 29 Çünki, ine, „Önelgesiz aýallar, çaga dogurmadyk göwreler, çaga emdirmedik göwüsler ne bagtly!" diýiljek günler geler. 30 Sonda daglara: „Bizin üstümize ýykylyn!" Depelere: „Bizin üstümizi örtün!" diýerler. 31 Çünki gök agaja bu zatlar edilse, onda gury agaja näme ediler?» 32 Iki jenaýatçyny hem dardan asjak bolup, Isa bilen bile alyp barýardylar. 33 Kelleçanak diýen ýere gelenlerinde Isany ýanky jenaýatçylar bilen birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryn biri Onun sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady. 34 Isa: «Ata! Olary bagysla, çünki näme edýänlerini bilmeýärler» diýdi. Onun egin-esigini bolsa bije atysyp paýlasdylar. 35 Halk Ona bakysyp durdy. Baslyklar hem gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Hudaýyn saýlan Mesihi bolsa, Özüni halas etsin» diýisýärdiler. 36 Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Ona sirke hödür edip: 37 «Ýehudylaryn patysasy bolsan, Özüni halas et» diýisýärdiler. 38 Onun depesinde bolsa grekçe, latynça we ýewreýçe «BU ADAM ÝeHUDYLARYN PATYSASY» diýen ýazgy bardy. 39 Asylan jenaýatçylaryn biri Ona sögüp: «Sen Mesih dälmi? Özüni hem-de bizi halas et!» diýdi. 40 Beýlekisi bolsa ona käýäp, seýle diýdi: «Onunky bilen bir höküme sezewar bolanyn üçin Hudaýdan gorkmaýarsynmy? 41 Biz adalatlylyk bilen, öz etmisimize laýyk jeza aldyk. Bu Adamyn bolsa hiç bir eden etmisi ýok». 42 Onson: «Isa, Patysalygyna baryp gireninde, meni ýatla!» diýdi. 43 Isa hem ona: «Sana dogrusyny aýdýaryn, sen su gün Menin bilen bile behistde bolarsyn» diýdi.
Isanyn ölümi
44 Wagt günortana golaýdy, sondan son üç sagatlap ýurda garanky düsdi. 45 Gün garaldy, ybadathananyn tutusy ortarasyndan ýyrtylyp, ikä bölündi. 46 Isa gaty ses bilen gygyryp: «Eý Ata! Ruhumy Senin eline berýärin!» diýdi, muny aýdandan son jan berdi. 47 Ýüzbasy bolan wakany görende, Hudaýy söhratlandyryp: «Bu, hakykatdan-da, dogry Adam eken!» diýdi. 48 Bu tomasa üçin üýsüsen halaýygyn bary bolan wakalary görüp, gursaklaryna ura-ura yzlaryna gaýtdylar. 49 Isany tanaýan adamlaryn bary, Jelileden Onun yzyna düsüp gelen aýallar dasrakda durup, bu wakalara syn etdiler. Isanyn jaýlanysy 50 Ine, mejlis agzalaryndan Ýusup atly biri bardy. Ol gowy hem dogry adamdy. 51 Özi-de mejlisin kararyna we isine razyçylyk bermändi. Ýahudanyn Arimatiýa säherinden bolan bu Ýusup Hudaýyn Patysalygyna garasýardy. 52 Bu adam Pilatusyn ýanyna baryp, Isanyn jesedini diledi. 53 Onson Ony asak düsürip, kepene dolap, gaýada oýulan we sol wagta çenli hiç kimin jaýlanmadyk mazarynda jaýlady. 54 Ol güni taýýarlyk güni bolup, sabat güni baslanmaga golaýdy. 55 Isa bilen bile Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyn yzyna düsüp, baryp, mazary we Onun jesedinin nähili jaýlananyny gördüler. 56 Onson öýlerine gaýdyp, ýakymly ysly ýag, atyrlar taýýarlap, sabat güni Hudaýyn buýrugy boýunça dynç aldylar.
Isanyn direlisi
24:1 Hepdänin ilkinji güni ertir ir bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly ýaglaryny alyp, mazara bardylar; ýanlarynda basga aýallar hem bardy. 2 Ine, mazaryn agzyndaky das bir çete togalanan eken. 3 Olar içerik girenlerinde, Reb Isanyn jesedini tapmadylar. 4 Muna genirgenisip durkalar, birdenkä, garsylarynda ýalkym salýan esikli iki sany adam peýda boldy. 5 Aýallar gorkup, ýüzlerini ýere egenlerinde, ýanky adamlar olara seýle diýdiler: «Siz näme üçin dirini ölülerin arasyndan gözleýärsiniz? 6 Ol bu ýerde däl, direldi! Onun entek Jeliledekä size aýdanlaryny ýatlan. 7 Ol: „Ynsan Ogly günäkär adamlara tabsyrylmaly, haça çüýlenmeli, ölenden üç günden son direlmelidir" diýipdi». 8 Onson Isanyn bu sözleri olaryn ýatlaryna düsdi. 9 Aýallar mazardan öwrülip gelip, bularyn baryny Onbirlere we beýlekilerin hemmesine habar berdiler. 10 Resullara bu habary ýetirenler Magdalaly Merem, Ýuhanna, Ýakubyn ejesi Merem we olaryn ýanyndaky beýleki aýallardy. 11 Bu sözler resullaryn göwnüne manysyz geldi, olar aýallaryn gepine ynanmadylar. 12 Onson Petrus turup, mazara ylgady-da, egilip, kepen matalaryn bos ýatanyny görende, bolan waka genirgenip, yzyna gaýtdy.
Emmaus ýolundaky iki sägirt
13 Ine, sol gün olaryn ikisi Emmaus diýen oba barýardy. Bu obanyn Iýerusalimden on bir kilometre golaý aralygy bardy. 14 Olar bolan bu wakalar hakda özara gürlesýärdiler. 15 Seýlelikde, gürlesip, pikir alsyp barýarkalar, Isanyn Özi ýakyna gelip, olar bilen bile ýöräberdi. 16 Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryn gözleri baglanypdy. 17 Isa olardan sorady: «Bu barsynyza näme hakda gürrün edisýärsiniz?» Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler. 18 Olaryn Kleopas atlysy: «Iýerusalimde bolup-da, su günler ol ýerde bolan wakalary bilmeýän keseki ýeke Senmi?» diýdi. 19 Isa olardan: «Haýsy wakalary?» diýip sorady. Olar seýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalary. Ol Hudaýyn we bütin halkyn ýanynda sözde hem isde güýçli pygamberdi. 20 Bas ruhanylar bilen baslyklarymyz ölüm jezasy berilsin diýip, Ony häkime tabsyrdylar, haça çüýlediler. 21 Biz Ysraýyly halas etjek Soldur diýip umyt ederdik. Mundan basga hem, bu zatlaryn bolanyna üç gün boldy. 22 Üstesine-de, aýallarymyzyn käbiri hem bizi genirgendirdi. Olar su gün ir bilen mazara baryp, 23 Onun jesedini tapmandyrlar. Gelip, gözlerine perisdelerin görnenini aýtdylar. Perisdeler Ona diri diýýärmis. 24 Onson bizinkilerin käbiri mazara baryp, ýagdaýyn edil aýallaryn aýdysy ýalydygyny görüpdirler, ýöne Isany görmändiler». 25 Isa olara seýle diýdi: «Eý akmak adamlar, pygamberlerin ähli aýdanlaryna giç ynanýanlar! 26 Mesih bu görgüleri görüp, söhratyna girmeli dälmidi?» 27 Onson Musa bilen ähli pygamberlerden baslap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düsündirdi. 28 Olar barýan obalaryna golaýlanlarynda, Isa uzagrak giderli göründi. 29 Emma olar Ony saklap: «Bizin ýanymyzda galaý, çünki agsam golaýlap, Gün ýasyp barýar» diýdiler. Seýlelikde, Isa olaryn ýanynda galdy. 30 Isa olar bilen saçak basynda otyrka, çörek alyp, sükür etdi-de, bölüp olara berdi. 31 Sonda olaryn gözleri açylyp, Ony tanadylar, emma Ol gözlerinden gaýyp boldy. 32 Olar biri-birlerine: «Ýolda bizin bilen geplesip gelýärkä, bize Ýazgylary düsündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy?» diýisdiler. 33 Turup, sol sagadyn özünde Iýerusalime öwrüldiler. Görseler, on bir resul bilen olaryn ýanyndakylar üýsüsip oturan eken. 34 Bular: «Çyn! Reb direlipdir, Simuna görnüpdir» diýisýärdiler. 35 Onson olar-da ýolda bolan wakalary, Isa çöregi bölende, Ony tanandyklaryny aýtdylar.
Isa Onbirlere görünýär
36 Olar heniz bu barada gürrün berip durkalar, Isanyn Özi ortalarynda durup: «Size parahatlyk!» diýdi. 37 Olar ruh görýändiris öýdüp, tisginip gorka düsdüler. 38 Isa olara seýle diýdi: «Näme üçin aljyrasýarsynyz? Näme sebäpden göwnünize beýle pikirler gelýär? 39 Menin ellerime, aýaklaryma seredin. Bu Menin Özüm! Mana ellerinizi degrip görün. Ruhun et bilen sünki bolmaz, ýöne sizin görsüniz ýaly, Meninki bar». 40 Muny aýdyp, ellerini, aýaklaryny olara görkezdi. 41 Olar satlykdan ýana entek ynanman, genirgenisip durkalar, Isa olara: «Bu ýerde iýmäge bir zadynyz barmy?» diýdi. 42 Ona bisirilen balygyn bir bölegi bilen biraz bal berdiler. 43 Isa alyp, olaryn gözlerinin alnynda ony iýdi. 44 Olara seýle diýdi: «Men hakda Musanyn Kanunynda, pygamberlerin ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryn bary berjaý bolmalydyr diýip, entek sizin ýanynyzdakam aýdan sözlerim sulardyr». 45 Onson Ýazgylara düsünmekleri üçin, olaryn anlaryny açdy. 46 Isa olara seýle diýdi: «Seýle ýazylgydyr: Mesih görgi görüp, ölenden üç günden son direljekdir. 47 Iýerusalimden baslap, bütin milletler günälerin geçilmegi üçin, Onun adyndan toba çagyryljakdyr. 48 Siz bu zatlara saýat bolarsynyz. 49 Ine, Men Atamyn wada edenini size ýollaryn. Siz özünize ýokardan güýç geýdirilýänçä, Iýerusalim säherinde bolun». 50 Onson olary dasaryk çykaryp, Beýtaniýanyn golaýyna getirdi, ellerini galdyryp, olara ak pata berdi. 51 Ak pata berip dursuna olardan aýrylyp, Göge göterildi. 52 Olar hem Ona sežde edip, uly satlyk bilen Iýerusalime tarap öwrüldiler. 53 Elmydama ybadathanada bolup, Hudaýa öwgi aýdyp, alkys okaýardylar. Omyn.