Çokundyryjy Ýahýanyn gelsi
1:1 Bu Hudaýyn Ogly Isa Mesih hakdaky Hos Habaryn baslangyjydyr. 2 Pygamberlerin kitabynda seýle ýazylgy: «Ine, Men Öz habarçymy Senin önünden iberýärin. Ol Senin ýoluny taýýarlar». 3 «Çölde gygyrýanyn sesi: Rebbin ýoluny taýýarlan, Onun ýodalaryny dogrulan diýýär». 4 Seýlelikde, Ýahýa peýda boldy. Ol çölde çokundyrýardy, günälerin ötülmegi üçin toba edip çokundyrylmagy wagyz edýärdi. 5 Bütin Ýahuda ýurdy, iýerusalimlilerin bary onun ýanyna çozusýardylar. Olar günälerini boýun alýardy, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda çokundyrýardy. 6 Ýahýanyn düýe ýününden geýimi, bilinde gaýysdan gusagy bardy we çekirtge bilen ýabany bal iýerdi. 7 Ol wagyz edip: «Menden son menden has güýçli Biri geler. Men egilip, Onun çarygynyn bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. 8 Men sizi suw bilen çokundyrdym, emma Ol sizi Mukaddes Ruh bilen çokundyrar» diýýärdi.
Isa wagyz etmäge baslaýar
9 Sol günlerde Isa Jelilänin Nasyra säherinden geldi, Ýahýa Ony Iordan derýasynda çokundyrdy. 10 Isa suwdan çykyp gelýärkä, Gögün ýarylyp açylanyny, Ruhun kepderi kimin Öz üstüne inip gelýänini gördi. 11 Gökden: «Sen Menin söýgüli Oglumsyn, Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi. 12 Ruh Isany derrew çöle ýollady. 13 Ol kyrk günläp çölde boldy; seýtan Ony synady. Isa wagsy haýwanlaryn arasynda boldy, perisdeler Ona hyzmat etdiler. 14 Ýahýa tutulandan son, Isa Hudaýyn Patysalygy baradaky hos habary wagyz edip, Jelilä geldi. 15 Ol: «Wagt doldy, Hudaýyn Patysalygy golaýlady. Toba edin, Hos Habara ynanyn!» diýýärdi. 16 Isa Jelile kölünin kenaryndan geçip barýarka, Simun bilen onun dogany Andreýasyn köle torlaryny zynyp duranlaryny gördi. Bular balykçydylar. 17 Isa olara: «Menin yzyma düsün, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi. 18 Olar-da derrew torlaryny taslap, Onun yzyna düsdüler. 19 Biraz ýöränlerinden son, Isa Zebedeýin ogullary Ýakup bilen onun dogany Ýahýany gördi. Olar gaýygyn içinde torlaryny bejerip otyrdylar. 20 Isa derrew olary çagyrdy. Olar-da kakalary Zebedeýi öz günlükçileri bilen gaýykda galdyryp, Isanyn yzyna düsdüler.
Isa arwahlary kowýar, syrkawlary sagaldýar
21 Kapernauma geldiler. Sabat güni Isa sinagoga baryp, sapak bermäge durdy. 22 Onun taglymatyna haýran galdylar. Çünki Isa olara kanunçylar kimin däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly bolup sapak berýärdi. 23 Sol wagt olaryn sinagogasynda arwaha satasan bir adam bardy. Ol: 24 «Bizin bilen Senin näme isin bar, eý, Nasyraly Isa? Bizi heläk etmäge geldinmi? Men Senin kimdigini bilýärin, Sen Hudaýyn Mukaddesisin» diýip gygyrdy. 25 Isa arwaha käýäp: «Sem bol-da, ondan çyk!» diýdi. 26 Arwah hem ol adamy sandyratdy-da, bagyryp, ondan çykdy. 27 Hemmeler genirgenisip, biri-birlerine: «Bu näme boldugy? Bu täze taglymat näme? Ol al-arwahlara-da ygtyýar bilen buýruk berýär, olar-da aýdanyna gulak asýarlar!» diýisdiler. 28 Seýlelikde, Isa hakdaky gürrünler tiz Jelilänin bütin etrabyna ýaýrady. 29 Sinagogadan çykan batlaryna, Ýakup we Ýahýa bilen bilelikde Simun we Andreýasyn öýüne gitdiler. 30 Simunyn gaýynenesi gyzzyrma tutup ýatyrdy. Muny derrew Isa aýtdylar. 31 Ol-da syrkawyn ýanyna bardy, ony elinden tutup galdyrdy. Aýalyn gyzzyrmasy aýrylyp, olara hyzmat etmäge durdy. 32 Gün ýasyp, agsam düsende, ähli syrkawlary, arwah-jyn uran adamlary Onun ýanyna getirdiler. 33 Bütin säher halky gapynyn agzyna ýygnanysypdy. 34 Isa dürli syrkawçylyklara ýolugan ençeme adamy sagaltdy, ençeme jyny kowup çykardy. Ol jynlary gepletmeýärdi, çünki olar Onun kimdigini bilýärdiler. 35 Ertir irden, sapak entek gyzarmanka, Isa turup, dasaryk çykdy, bir çola ýere baryp, doga etmäge durdy. 36 Simun bilen ýanyndakylar Ony gözlemäge gitdiler. 37 Ony tapanlarynda: «Her kes Seni gözläp ýör» diýdiler. 38 Isa olara: «Basga ýere, golaýdaky säherlere gidelin, Men ol ýerlerde-de wagyz etjek, çünki sonun üçin geldim» diýdi. 39 Seýlelikde, sinagogalarynda wagyz edip, jynlary kowup, bütin Jeliläni gezdi.
Isa heýwere kesellini sagaldýar
40 Isanyn ýanyna heýwere keselli bir adam geldi, dyza çöküp: «Eger islesen, meni tämiz edip bilersin» diýip, Ona ýalbardy. 41 Isanyn ýüregi awady, elini uzatdy-da: «Isleýärin, tämiz bol!» diýip, ona elini degirdi. 42 Heýwere keseli ondan derrew aýrylyp, ol adam tämiz boldy. 43 Isa ona berk tabsyryk berip, ony derrew ugradyp: 44 «Seret, hiç kime aýtma, ýöne bar, özüni ruhana görkez-de, hemmelere güwälik bolar ýaly, tämizligin üçin Musanyn tabsyran gurbanlaryny bagys et» diýdi. 45 Emma ol adam çykdy, köp gürrün berip, bolan zatlary ýaýratmaga baslady. Sonun üçin, Isa, artykmaç, hiç bir sähere aç-açan girip bilmän, dasarda, çola ýerlerde bolýardy. Halk hem her tarapdan Onun ýanyna çozýardy.
Bir ysmazyn sagaldylysy
2:1 Bir näçe gün son ýene Kapernauma gelende, Isanyn öýdedigi esidildi. 2 Üýsüsen adamlar seýle bir köpdi welin, gapynyn agzynda-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyn sözüni aýdyp durdy. 3 Sonda Onun ýanyna dört adam tarapyndan göterilip getirilen bir ysmazy alyp geldiler. 4 Märeke zerarly Isanyn ýanyna ýakynlasyp bilmän, Onun duran jaýynyn üçegini açyp, ysmazy düsegi bilen desikden asak düsürdiler. 5 Isa olaryn imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, senin günälerin ötüldi» diýdi. 6 Ol ýerde oturan kanunçylaryn käbiri bolsa: 7 «Bu Adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýalnyz Hudaýdan basga kim ötüp biljek?» diýip, içlerini gepletdiler. 8 Isa derrew beýle oýlanýandyklaryny ruhunda syzyp, olara seýle diýdi: «Näme içinizi beýle gepledýärsiniz? 9 Ysmaza haýsyny aýtmak ansat: „Günälerin ötüldi" diýmekmi ýa-da „Tur, düsegini al-da ýöre" diýmek? 10 Emma siz Ynsan Oglunyn ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyn barlygyny biler ýaly...» diýdi-de, ysmaz bolan adama: 11 «Sana diýýärin: tur, düsegini al-da, öýüne git» diýdi. 12 Ol hem ýokaryk turdy-da, derrew düsegini alyp, hemmelerin gözünin alnynda çykyp gitdi. Bary haýran galysyp, Hudaýy söhratlandyryp: «Biz beýle zady asla görmändik» diýisdiler. Lewinin sägirtlere gosulysy 13 Isa çykyp, ýene kölün ýakasyna gitdi. Bütin halaýyk Onun ýanyna geldi, Ol hem olara sapak berdi. 14 Ol geçip barýarka, gümrükhanada oturan Alfaýyn ogly Lewini görüp ona: «Menin yzyma düs!» diýdi. Ol hem turup, Onun yzyna düsdi. 15 Ol Lewinin öýünde saçak basynda otyrka, Isa we Onun sägirtleri bilen birlikde birentek salgytçylar we günäkärler-de otyrdylar. Çünki Onun yzyna düsüp gidenlerin sany köpdi. 16 Fariseýler we kanunçylar Isanyn günäkärdir salgytçylar bilen bile nahar iýip oturanyny görenlerinde, sägirtlerinden: «Ol näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen bile iýip-içýär?» diýip soradylar. 17 Isa muny esideninde olara: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir. Men dogry adamlary däl, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýdi.
Oraza barada sorag
18 Ýahýanyn sägirtlerinin we fariseýlerin agyzlary orazaka, käbir adamlar gelip, Ona: «Näme üçin Ýahýanyn sägirtleri, fariseýlerin sägirtleri oraza tutýarlar-da, Senin sägirtlerin oraza tutmaýarlar?» diýdiler. 19 Isa olara su gaýtargyny berdi: «Giýew ýanlarynda barka, toýdakylar oraza tutup bilermi? Giýew ýanlaryndaka, oraza tutup bilmezler. 20 Emma giýewin olardan alynjak günleri geler, sonda, sol gün olar oraza tutarlar. 21 Hiç kim köne esige täze matadan ýama salmaz. Ýogsa, täze ýama köne esikden gopup, ýyrtyk has hem erbet bolar. 22 Hiç kim-de täze seraby köne mesiklere guýmaz. Ýogsa, serap mesikleri ýaryp döküler, mesikler-de zaýalanar. Täze serap täze mesiklere guýulýandyr».
Sabat güni barada sorag
23 Bir Sabat güni Isa bugdaýlygyn arasyndan geçip barýardy. Onun sägirtleri ýolda barýarkalar, bugdaý baslaryny ýolmaga basladylar. 24 Fariseýler Isa: «Seret, näme üçin Sabat güni etmesiz zady edýärler?» diýdiler. 25 Isa olara seýle gaýtargy berdi: «Siz özi we ýanyndakylar aç hem mätäç galanlarynda, Dawudyn näme edenini asla okamadynyzmy? 26 Ol bas ruhany Abiýataryn zamanynda Hudaýyn öýüne bardy, Hudaýa hödürlenen, ruhanylardan basga hiç kimin iýmeli däl çöreklerini alyp iýdi, ýanyndakylara hem berdi». 27 Ýene olara: «Adam Sabat güni üçin däl, eýsem, Sabat güni adam üçin döredildi. 28 Sonun üçin, Ynsan Ogly Sabat gününin-de Rebbidir» diýdi.
Eli gurap, inçelen adam
3:1 Isa ýene sinagoga bardy. Ol ýerde eli gurap inçelen bir adam bardy. 2 Käbirleri Isany aýyplajak bolup, «Sabat güni sypa edermikä?» diýip antaýardylar. 3 Isa eli gurap inçelen adama: «Orta çyk!» diýdi. 4 Onson olardan sorady: «Sabat güni haýsysy dogry, ýagsylyk etmekmi ýa ýamanlyk etmek? Jan halas etmekmi ýa öldürmek?» Olardan ses çykmady. 5 Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryn donýürekdigine gynanyp, ýanky adama: «Elini uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy, eli sagaldy. 6 Fariseýler dasaryk çykyp, Ony nähili heläk etmek barada Hirodesin tarapdarlary bilen maslahat geçirdiler.
Isa Jelile kölünin ýakasynda
7 Isa sägirtleri bilen bile kölün ýakasyna gitdi. Jelileden bir uly märeke hem Onun yzyna düsüp barýardy. 8 Onun eden ähli islerini esidip, Ýahudadan, Iýerusalimden, Idumeýadan, Iordan derýasynyn anyrsyndan, Sur we Saýda töwereklerinden-de uly märeke ýanyna çozusdy. 9 Isa märekänin içinde gysylmazlyk üçin, Öz sägirtlerine bir gaýygy taýýarlap goýmagy buýurdy. 10 Bir toparlaryny sagaldany üçin hemme syrkawlar Ona ellerini degirjek bolup, ýanyna iteklesip gelýärdiler. 11 Al-arwahlar Ony görenlerinde, Önünde ýere ýykylyp: «Sen Hudaýyn Oglusyn!» diýip gygyrýardylar. 12 Emma Ol Özünin kimdigini mälim etmezligi olara berk tabsyrdy.
Isa on iki resulyny saýlaýar
13 Onson Isa daga çykyp, Öz islän adamlaryny ýanyna çagyrdy, olar-da Onun ýanyna bardylar. 14 Ol Özi bilen bile bolar ýaly on iki adamy belledi. Onun wagyz etmäge iberen, syrkawlary sagaldyp, jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki adamy sulardyr: 17 Petrus lakamyny bereni Simun, Beni-Regos, ýagny «Gök gürrüldisinin Ogullary» lakamyny bereni Zebedeýin ogly Ýakup bilen onun dogany Ýahýa, Andreas, Filipus, Bartolomeus, Matta, Tomas, Alfeusyn ogly Ýakup, Taddeus, watançy Simun we Isa haýynlyk eden Iuda Iskariot.
Isa we Beýelzebul
20 Onson bir öýe bardylar. Ýene seýle uly märeke ýygnandy welin, Isa bilen sägirtlerinin nahar iýmäge-de eli ýetmedi. 21 Isanyn ýakynlary muny esidip, Ony alyp gaýtmaga bardylar. Çünki Ona üýtgäpdir diýýärdiler. 22 Iýerusalimden gelen kanunçylar bolsa: «Ony Beýelzebul eýeläpdir, Ol jynlary jynlaryn hany arkaly kowup çykarýar» diýisýärdiler. 23 Sonun üçin Isa halky ýanyna çagyryp, olara tymsal bilen seýle diýdi: «Seýtan seýtany nähili kowup çykarsyn? 24 Bir patysalygyn içinde bölünisik bolsa, ol patysalyk berk durup bilmez. 25 Bir öýün içinde bölünisik bolsa, ol öý berk durup bilmez. 26 Seýtan öz-özüne garsy çykyp bölünse, berk durup bilmez, onun sonunyn geldigidir. 27 Hiç kim bir güýçli adamyn öýüne girip, malyny talap bilmez; önürti ony baglamaly bolar, onson öýüni talar. 28 Size dogrusyny aýdýaryn, ynsanlaryn hemme günäleri, her bir zada dil ýetirmeleri bagyslanar. 29 Emma Mukaddes Ruha dil ýetirene asla bagyslanma ýokdur. Ol ebedi höküme sezewar bolar». 30 Isa muny: «Ol arwahly» diýenleri üçin aýtdy.
Isanyn ejesi we doganlary
31 Onson Onun ejesi bilen doganlary geldi. Dasarda durup, ýanyna adam iberip, Ony çagyrdylar. 32 Märeke Isanyn dasyny alyp otyrdy. Ona: «Ejen bilen doganlaryn, uýalaryn dasarda Seni soraýarlar» diýdiler. 33 Isa olara jogap berip: «Menin ejem, doganlarym kim?» diýdi. 34 Onson dasyny alyp oturanlara seredip, seýle diýdi: «Ine, Menin ejem, Menin doganlarym! 35 Hudaýyn islegini kim berjaý etse, sol Menin doganym, uýam we ejemdir».
Ekin tymsaly
4:1 Isa ýene-de kölün ýakasynda halka sapak bermäge baslady. Dasyna üýsüsen märeke seýle uludy welin, Ol köldäki bir gaýyga münüp oturdy. Bütin märeke bolsa kölün ýakasynda, gury ýerde durdy. 2 Olara tymsallar bilen köp zatlar öwretdi. 3 Olara öwredip otyrka, seýle diýdi: «Gulak asyn! Ine, bir daýhan ekin ekmäge gidýär. 4 Ekip ýörkä, tohumlaryn birnäçesi ýolun kenaryna düsýär. Guslar hem gelip, ony iýýärler. 5 Birnäçesi topragy az, daslyk ýere düsüp, tiz gögerip çykýar, çünki toprak çun däl eken. 6 Ýöne olar Gün galanda, köklerinin ýoklugy zerarly, ýanyp, gurap gidýär. 7 Birnäçe tohumlar tikenlerin arasyna düsýär. Tikenler ösüp, olary basýar. Seýlelikde, olar hasyl bermeýär. 8 Birnäçesi bolsa gowy ýere düsýär. Ösüp, köpelip, käbiri otuz, käbiri altmys, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär». 9 Isa onson olara: «Gulagy barlar esitsin!» diýdi.
Tymsallaryn maksady
10 Ol ýeke galanda, Onkiler bilen dasyndakylar Ondan bu tymsallaryn manysyny soradylar. 11 Isa olara seýle diýdi: «Hudaýyn Patysalygynyn syry size berildi, ýöne dasardakylara hemme zat tymsallar bilen aýdylýar. 12 Bu bolsa gözleýänler gözleri bilen seredip görmesinler, esidýänler gulaklary bilen esidip düsünmesinler diýlip edilýär. Beýle bolmasa, Hudaýa tarap öwrülip bagyslanarlar».
Ekin tymsaly düsündirilýär
13 Isa olara seýle diýdi: «Siz bu tymsala düsünmeýärsinizmi? Onda bütin tymsallara nähili düsünjek? 14 Daýhanyn ekýäni Hudaýyn sözüdir. 15 Sözün ekilen ýerinde, ýolun kenaryndakylar sözi esiden, ýöne ýüreklerine ekilen bu sözi tiz seýtana aldyran adamlardyr. 16 Sonun ýaly-da, daslyk ýere ekilenler sözi esidip, ony derrew satlyk bilen garsylan adamlardyr. 17 Emma olarda kök ýokdur, çydamsyzdyrlar. Bu söz üçin musakgat ýa-da yzarlama bolanda, derrew ýüz döndererler. 18 Tikenler arasyna düsen beýlekiler bolsa, sözi esiden adamlardyr. 19 Emma dünýänin gaýgylary, baýlygyn aldawçylygy, basga höwesler ara girip, sözi bogýar, ol hasylsyz bolýar. 20 Gowy topraga ekilen bolsa, sözi esidip, kabul eden, käbiri otuz, käbiri altmys, käbiri hem ýüz esse hasyl berenlerdir».
Çyra çyradanda goýulýandyr
21 Isa olara seýle diýdi: «Çyra galla ölçeginin ýa çarpaýanyn asagynda goýmak üçin getirilýärmi? Çyradanyn üstünde goýmak üçin dälmi? 22 Gizlin bolup-da, belli bolmajak zat ýokdur, ýasyryn bolup-da, üsti açylmajak zat ýokdur. 23 Gulagy barlar esitsin!» 24 Isa olara ýene seýle diýdi: «Esidýänlerinize üns berin. Haýsy ölçeg bilen ölçeseniz, size-de sol ölçeg bilen ölçeler. Siz ? üns berýänler hatda köpräk hem alarsynyz. 25 Çünki kimde bar bolsa, ona berler, kimde ýok bolsa, elindäki hem ondan alnar».
Biten tohum
26 Onson Isa seýle diýdi: «Hudaýyn Patysalygy ýere tohum sepýän adam ýalydyr. 27 Gije-gündiz ýatar, turar; tohum biter, öser. Ol munun nähili bolýanyny bilmez. 28 Toprak öz-özünden hasyl berer. Önürti baldagy, sonra basy, sonra-da basdaky doly däneleri berer. 29 Hasyl bisende, ýanky adam derrew oragy ise salar. Çünki orak wagty gelendir».
Gorçisa tohumy hakda tymsal
30 Olara ýene-de seýle diýdi: «Hudaýyn Patysalygyny nämä menzedeli ýa ony haýsy tymsal bilen düsündireli? 31 Hudaýyn Patysalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Ýer ýüzünde topraga ekilýän ähli tohumlaryn in maýdasy bolan bu tohum ekilenden son ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Seýle uly sahalar çykarýar welin, gögün guslary kölegesinde höwürtgeläp bilýärler». 33 Isa sözi olara esidip biljek möçberlerinde sunun ýaly köp tymsallar bilen aýdardy. 34 Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy, ýöne ýeke galanlarynda, Öz sägirtlerine ähli zady düsündirerdi.
Isa tupany ýatyrýar
35 Sol gün, agsam bolanda sägirtlerine: «Beýleki kenara geçelin» diýdi. 36 Märekäni ugradyp, Ony sol oturysyna gaýyk bilen alyp gitdiler. Ýanynda beýleki gaýyklar-da bardy. 37 Bir güýçli ýel turup, tolkunlar gaýyga seýle urdy welin, gaýyk eýýäm suwdan dolup ugrady. 38 Ol bolsa gaýygyn artky tarapynda bir ýassygy ýassanyp, uklap ýatyrdy. Sägirtler Ony oýaryp: «Mugallym, heläklenip barýarys! Senin perwaýyna-da dälmi?» diýdiler. 39 Isa turup, ýele käýäp, köle: «Sem bol, dek otur!» diýdi. Seýlelikde, ýel ýatyp, imi-salalyk boldy. 40 Isa sägirtlere: «Näme üçin gorkýarsynyz? Näme üçin imanynyz ýok?» diýdi. 41 Olar gaty gorkusyp, biri-birlerine: «Bu kim? Ýel-de, köl-de Onun sözüne gulak asýar!» diýisdiler.
Arwahly adam sagaldylýar
5:1 Olar kölün beýleki kenaryna, gadaralylaryn ýurduna geldiler. 2 Isa gaýykdan düsen badyna, Ona mazarlardan çykan bir arwahly adam gabat geldi. 3 Bu adam mazarlaryn içinde ýasardy. Ony, artykmaç, hiç kim zynjyr bilen-de baglap bilmezdi. 4 Telim gezek kündelenip zynjyrlanypdy, ýöne ol zynjyrlary gyryp, kündeleri bölek-bölek ederdi. Hiç kim ony ýola getirip bilmezdi. 5 Hemise ? gije-gündiz mazarlar arasynda, daglarda gygyryp, özüni daslar bilen ýaralar ýörerdi. 6 Ol Isany uzakdan görüp, ylgap geldi-de, Ona sežde etdi. 7 Batly ses bilen gygyryp: «Eý Isa! Hemmeden beýik bolan Hudaýyn Ogly, menin bilen näme isin bar? Hudaýyn haky üçin Sana ýalbarýaryn, meni gynama!» diýdi. 8 Çünki Isa ona: «Eý arwah, bu adamdan çyk» diýipdi. 9 Onson ondan: «Adyn näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Legion, çünki biz köpdüris» diýip jogap berdi. 10 Özlerini ol ýurtdan kowup goýbermezligi üçin Isa köp ýalbardy. 11 Sol ýerde dagyn eteginde bir uly donuz sürüsi otlap ýördi. 12 Arwahlar: «Bizi bu donuzlaryn arasyna goýber, olaryn içine gireli» diýip, Isa ýalbardylar. 13 Isa olara rugsat berdi. Al-arwahlar çykyp, donuzlara girdiler. Iki müne golaý donuzdan ybarat bu süri uçutdan asak kölün içine paýyrdasyp gark boldy. 14 Çopanlar bolsa gaçyp, säherdir obalara bu wakany habar berdiler. Halaýyk hem näme bolanyny görmäge geldi. 15 Olar Isanyn ýanyna gelenlerinde, bir legion jyn tarapyndan eýelenen adamyn egin-esikli oturanyny, akylynyn hem ýerindedigini görüp gorkdular. 16 Wakany görenler jynlaryn eýelän adamyna hem donuzlara näme bolanyny olara aýtdylar. 17 Onson halk öz ülkelerinden gitmegi üçin Isa ýalbarmaga baslady. 18 Ol gaýyga münende, jynlardan halas bolan adam Onun bilen bile gitmek üçin Isa ýalbardy. 19 Ol muna rugsat bermän, ol adama: «Öýüne, özünkilerin arasyna git, Rebbin sana edenlerinin baryny, sana nähili rehim edenini olara aýt» diýdi. 20 Ol hem gidip, Isanyn özüne edenlerinin baryny Dekapolisde jar etmäge baslady. Hemme adamlar muna haýran galdy.
Direlen gyz, sagalan aýal
21 Isa gaýyk bilen ýene beýleki kenara geçende, dasyna uly märeke üýsdi. Isa kölün kenaryndady. 22 Sinagoga baslyklaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Isany görüp, Onun aýagyna ýykyldy. 23 Ona köp ýalbaryp: «Menin gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, ellerini onun üstünde goý, sagalsyn, ýasasyn!» diýdi. 24 Isa bu adam bilen gitdi. Uly märeke-de yzyna düsüp, Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy. 25 Sol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy bolan bir aýal bardy. 26 Ol ençeme tebibin elinden köp ezetler çekip, bar-ýoguny harç edipdi, ýöne hiç bir peýda görmän, gaýtam, haly has erbetlesipdi. 27 Bu aýal Isa hakda aýdylýan zatlary esidip, märekänin içi bilen Onun ýensesinden gelip, geýimine elini degirdi. 28 Çünki ol öz içinden: «Dine geýimine elimi degirsem-de, sagalaryn» diýýärdi. 29 Sol bada-da gan akmasy kesilip, derdinden açylandygyny endamynda duýdy. 30 Isa Özünden bir güýjün çykandygyny derrew anyp, märekänin içinde öwrülip: «Menin geýimime kim el degirdi!» diýdi. 31 Sägirtleri Ona: «Sen Özüni gysyp-gowrup gelýän märekäni görýärsin, ýene-de: „Mana kim el degirdi?" diýýärsin» diýdiler. 32 Emma Isa muny edeni görjek bolup, das-töweregine seredýärdi. 33 Ýanky aýal özüne näme bolandygyny bileninden son gorkup, titräp geldi. Isanyn önünde ýere ýykylyp, Ona hemme zadyn dogrusyny aýtdy. 34 Isa ona: «Gyzym, imanyn sana sypa berdi. Sag-aman git-de, derdinden açyl» diýdi. 35 Ol bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baslygynyn öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyn aýryldy. Näme üçin Mugallyma artykmaç zähmet berýärsin?» diýdiler. 36 Isa muny esiden badyna, sinagoga baslygyna: «Gorkma, dine iman et!» diýdi. 37 Isa Petrus, Ýakup we Ýakubyn dogany Ýahýadan basga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi. 38 Sinagoga baslygynyn öýüne gelenlerinde, Isa galmagaly, aglasyp, dady-perýat edip oturanlary gördi. 39 Içerik girip, olara: «Näme üçin galmagal edip, aglasyp otyrsynyz? Çaga ölenok, ol dine uklap ýatyr» diýdi. 40 Olar Ona gülüsdiler. Emma Isa hemmesini dasarda goýup, çaganyn ata-enesi bilen Öz ýanyndakylary ýanyna alyp, çaganyn ýatan ýerine bardy. 41 Çaganyn elinden tutup, ona: «Talita kumi!» diýdi. Bu bolsa «Gyzjagaz, sana gal diýýärin» diýmekdir. 42 Gyz derrew galyp, ýöräp baslady. Ol on iki ýasyndady. Ol ýerdäkilerin ählisi gaty gen galdylar. 43 Isa olara muny hiç kime bildirmezligi berk tabsyryp, gyza nahar berilmelidigini aýtdy.
Isa ret edilýär
6:1 Isa ol ýeri terk edip, Öz önüp-ösen mekanyna gitdi. Sägirtleri hem Onun yzyna düsüp gitdiler. 2 Sabat güni gelende, sinagoga baryp, sapak bermäge durdy. Onun aýdýanlaryny esiden köp adamlar genirgenisip: «Bu Adam bu zatlary nireden aldy? Muna berlen bu akyldarlyk näme? Beýle mugjyzalary nähili edýärkä? diýdiler. 3 Bu agaç ussasy dälmi? Bu Meremin ogly, Ýakup, Ioses, Iuda we Simunyn dogany dälmi? Munun aýal doganlary bizin ýanymyzda dälmi?» Seýlelikde, öýke-kine bilen Ony ret etdiler. 4 Isa olara: «Pygamber öz ýurdundan, garyndaslarynyn arasyndan, öz öýünden basga hiç ýerde gadyrsyz däldir» diýdi. 5 Ol birnäçe syrkawy üstlerine ellerini goýup sagaltmakdan basga ol ýerde hiç bir mugjyza edip bilmedi. 6 Olaryn imansyzdygyna gen galdy. Sondan son Isa töwerekdäki obalara aýlanyp sapak bererdi.
Isa on iki resulyny il arasyna iberýär
7 Ol Onkileri ýanyna çagyryp, olary iki-ikiden ýollamaga baslady, olara al-arwahlary kowmaga ygtyýar berdi. 8 Ýol üçin ýanlaryna bir taýakdan basga hiç bir zat almazlygy tabsyrdy. Ne çörek, ne torba, ne-de gusaklarynda pul bolmalydy. 9 Olar dine çaryk geýmelidiler, iki köýnek geýmeli däldiler. 10 Isa olara seýle diýdi: «Haýsy ýerde bir öýe barsanyz, ol ýerden gidýänçäniz sol öýde bolun. 11 Haýsy ýer sizi kabul etmese, sizi dinlemese, ol ýerden çykyp barýarkanyz, olara garsy güwälik bolar ýaly, aýaklarynyzyn tozuny kakyn». 12 Sunluk bilen, olar ýola düsüp, adamlaryn toba etmek gerekdigini wagyz etmäge basladylar. 13 Olar köp jynlary kowup çykardylar, köp syrkawlary ýag çalyp sagaltdylar.
Ýahýa pygamberin öldürilmegi
14 Hirodes patysa-da bolup-geçýän zatlary esitdi. Çünki Isanyn at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Hirodes hem: «Çokundyryjy Ýahýa ölümden direlendir. Bu mugjyzalaryn ondan çykmagynyn sebäbi budur» diýýärdi. 15 Beýlekiler bolsa: «Bu ? Ylýas», käbirleri-de: «Bu sol önki pygamberlerin biri ýaly pygamberdir» diýisýärdiler. 16 Hirodes bulary esidip: «Menin basyny kesen Ýahýam direlipdir!» diýdi. 17 Çünki Hirodesin özi adam iberip Ýahýany tutduryp, el-aýagyny bagladyp, ony zyndana saldyrypdy. Ol muny öz dogany Filipusyn aýaly Hirodiýanyn hatyrasyna edipdi. Çünki Hirodes bu aýala öýlenende, Ýahýa ona: «Senin öz doganynyn aýalyny almagyn dogry däl» diýipdi. 19 Seýlelikde, Hirodiýa Ýahýa garsy ýüreginde kine saklap, ony öldürmek isleýärdi, ýöne bu elinden gelmeýärdi. 20 Çünki Hirodes Ýahýanyn dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder ederdi, ony gorardy. Ony dinledigiçe, howsala düserdi, muna garamazdan, guwanç bilen Ony dinlärdi. 21 Ýöne welin Hirodes öz doglan güni mynasybetli kösk emeldarlaryny, münbasylary we Jelilänin uly adamlaryny çagyryp, toý tutanda, amatly pursat hem gelip ýetdi. 22 Hirodiýanyn gyzy içerik girip, tans edip, Hirodesin we onun myhmanlarynyn göwnüni çaglady. Patysa gyza: «Näme dilesen dile, sana bereýin» diýdi. 23 Ona: «Menden näme dilesen, patysalygymyn ýarysy-da bolsa, sana bererin» diýip ant içdi. 24 Gyz hem dasaryk çykyp ejesine: «Näme diläýin?» diýdi. Ol hem: «Çokundyryjy Ýahýanyn basyny» diýip jogap berdi. 25 Gyz derrew patysanyn ýanyna ylgap geldi-de: «Häzirin özünde Çokundyryjy Ýahýanyn basyny bir tabakda goýup, mana bermegini isleýärin» diýdi. 26 Patysa gaty gamgyn boldy, ýöne myhmanlaryn ýanynda ant içenson, gyzyn dilegini yzyna gaýtarmak islemedi. 27 Derrew bir jellady ýollap, Ýahýanyn basyny getirmegi buýurdy. Jellat-da baryp, zyndanda Ýahýanyn basyny kesdi. 28 Kesilen basy bir tabakda getirip, gyza berdi. Gyz-da ony ejesine berdi. 29 Ýahýanyn sägirtleri muny esidip geldiler-de, onun jesedini äkidip, bir mazarda jaýladylar.
Isa bäs mün adamy doýurýar
30 Resullar Isanyn ýanyna ýygnanyp, öz eden islerinin, öwreden zatlarynyn baryny Ona habar berdiler. 31 Isa olara: «Sizin ýeke özüniz bir çola ýere gelin-de, biraz dem-dynç alyn» diýdi. Çünki gelip-gidýänlerin köpdüginden ýana, nahar edinmäge-de elleri ýetmeýärdi. 32 Olar-da ýeke özleri gaýyga münüp, bir çola ýere gitdiler. 33 Gidip barýanlaryny görenlerinde, köp adamlar olary tanap, bütin säherlerden paý-pyýada ylgasyp, olaryn özlerinden ön ol ýere bardylar we Isanyn önünden çykdylar. 34 Isa gaýykdan düsende, uly märekäni görüp, olara haýpy geldi. Çünki olar çopansyz goýunlar ýalydy. Sonun üçin, olara köp zatlary öwretmäge baslady. 35 Wagt gijigenden son, sägirtleri Onun ýanyna gelip, seýle diýdiler: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi. 36 Märekäni goýber, töwerekdäki ekin meýdanlaryna, obalara gidip, özlerine iýere zat satyn alsynlar». 37 Emma Isa: «Olara siz iýere zat berin» diýdi. Ona: «Biz gidip, iki ýüz dinara çörek satyn alyp-da, olara iýdirelimi?» diýdiler. 38 Isa: «Näçe çöreginiz bar? Gidin-de, görün» diýdi. Görenlerinden son: «Bäs çörek bilen iki balygymyz bar» diýdiler. 39 Sonda olara halaýygy topar-topar edip, gök otun üstünde oturtmagy buýurdy. 40 Sunluk bilen, olar ýüz-ýüzden, elli-elliden topar-topar bolup oturdylar. 41 Isa bäs çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp sükür etdi-de, märekänin önünde goýar ýaly, bölüsdirip sägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryn hemmesine paýlady. 42 Hemmeler iýip doýdular. 43 Sägirtler artyp galan çöregin döwümlerini, balyklaryn ownuklaryny ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. 44 Çörekleri iýenler bäs mün adamdy. Isa suwun ýüzünden ýöreýär 45 Isa märekäni urgadyp durka, sägirtlerine derrew gaýyga münüp, Özünden ön beýleki kenardaky Betsaýda geçmegi buýurdy. 46 Märeke bilen hoslasanyndan son, Ol doga etmäge daga çykdy. 47 Agsam düsende, gaýyk kölün ortasynda, Ol bolsa, ýeke Özi ýerdedi. 48 Isa olaryn kynlyk bilen kürekläp barýandyklaryny gördi. Çünki ýel olaryn garsysyndandy. Gijänin dördünji nobaty uçurlarynda kölün ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi we ýanlaryndan geçip gitjek boldy. 49 Emma olar Onun kölün ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde, gözlerine görünýändir öýdüp gygyrysdylar. 50 Çünki hemmeler Ony görüp gorkdular. Emma Isa derrew olara söz gatyp: «Batyr bolun! Bu ? Men, gorkman!» diýdi. 51 Onson olaryn ýanyna gaýyga mündi, ýel hem ýatdy. Olar has beter genirgenisip, haýran galdylar. 52 Çünki çörekli mugjyza düsünmändiler, sebäbi ýürekleri gatasypdy.
Isa Jenesaretde syrkawlary sagaldýar
53 Kölün anyrsyna geçenson, Jenesaret ýurduna baryp, ol ýerde labyr tasladylar. 54 Gaýykdan inen batlaryna halk Isany tanap, 55 Ylgasyp sol jelegaýlara uçdantutma aýlandylar. Isanyn nirededigini esidenler syrkawlary düsekleri bilen bile sol ýere getirmäge basladylar. 56 Oba bolsun, säher ýa düz bolsun, Ol nirä barsa, syrkawlary bazar ýerinde ýatyryp, dine geýiminin syýnlaryna ellerini degirmäge rugsat etsin diýip, Ona ýalbarýardylar. El degrenlerin hemmesi-de sagaldy.
Adamy näme murdar edýär?
7:1 Iýerusalimden gelen fariseýler bilen birnäçe kanunçylar Onun dasyna üýsüsdiler. 2 Olar Onun sägirtlerinden käbirlerinin hapa eli bilen, ýagny dini adat boýunça elini ýuwman, nahar iýýänini gördüler. 3 Fariseýler we bütin ýehudylar ata-babalarynyn adatlaryny saklap, ellerini ýagsy ýuwman nahar iýmeýärler. 4 Bazardan gelenlerinde ýuwunman, nahar iýmeýärler. Basga-da käse, gap-çanak, mis gaplary ýuwma ýaly adatlary saklaýarlar. 5 Fariseýler bilen kanunçylar Ona sorag berip: «Näme üçin Senin sägirtlerin ata-babalaryn adatyna görä gezmän, hapa elleri bilen nahar iýýärler?» diýdiler. 6 Isa olara seýle diýdi: «„Bu halk dilinde Meni sylaýar, emma ýürekleri Menden uzakdyr. 7 Biderek ýere Mana sežde edýärler, çünki taglymat hökmünde öwredýänleri ynsan buýruklary" diýip ýazylysy ýaly, Isaýa pygamber siz ikiýüzlüler hakda onat welilik edipdir. 8 Siz Hudaýyn tabsyryklaryny terk edýärsiniz, küýzedir käsäni ýuwmak ýaly köp zatlary edip, adamlaryn adatlaryny berjaý edýärsiniz». 9 Ýene olara seýle diýdi: «Öz adatlarynyzy berjaý etmek üçin, Hudaýyn buýruklaryndan ýüz dönderýärsiniz! 10 Musa: „Atany, eneni syla", „Atasyna ýa enesine ýokus söz aýdan hökman öldürilsin" diýip aýdypdyr. 11 Emma siz: Eger bir adam atasyna ýa enesine: „Menden görjek peýdan gurbandyr, Hudaýa pesgesdir" diýse, 12 siz ona artykmaç ata ýa enesine hiç hili kömek etmäge rugsat etmeýärsiniz. 13 Seýdip, nesilden-nesle galdyrýan adatlarynyz arkaly Hudaýyn sözüni bozýarsynyz. Sunun ýaly zatlary köp edýärsiniz». 14 Ol märekäni ýene ýanyna çagyryp, olara seýle diýdi: «Hemmäniz Meni dinlän, düsünin: 15 adamyn içine dasardan girip-de, ony murdar edip biljek hiç bir zat ýokdur, ýöne adamy murdar edýän adamdan çykýan zatlardyr. 16 Kimin esitmäge gulagy bar bolsa, esitsin!» 17 Ol märekänin ýanyndan aýrylyp, öýe girende, sägirtleri Ondan bu tymsalyn manysyny soradylar. 18 Isa-da olara seýle jogap berdi: «Eýsem siz hem düsünenzokmy? Adamyn içine dasardan giren hiç bir zadyn ony murdar edip bilmejegine düsünmeýärsinizmi? 19 Bular adamyn ýüregine däl-de, garnyna girýär, ol ýerden-de dasaryk çykýar». Seýlelik bilen, Isa ähli iýmitlerin tämizdigini aýdypdyr. 20 Ol ýene seýle diýdi: «Adamy murdar edýän onun öz içinden çykýan zatdyr. 21 Çünki içden, adamyn ýüreginden erbet pikirler, zynahorluk, ogrulyk, adam öldürme, azgynlyk, açgözlülik, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, bahyllyk, sögünç, tekepbirlik we akylsyzlyk çykýar. 23 Bu erbet zatlaryn ählisi içden çykyp, adamy murdar edýär».
Finikiýaly aýalyn imany
24 Isa ol ýerden aýrylyp, Sur we Saýda etrabyna gitdi. Bu ýerde bir öýe bardy. Ol muny hiç kimin bilmegini islemeýärdi, ýöne muny gizlin saklap bilmedi. 25 Kiçijik gyzyna arwah ýolugan bir aýal Isa hakdaky habarlary esiden badyna gelip, Onun aýagyna ýykyldy. 26 Bu aýal grek, siriýa-finikiýalydy. Ol gyzyndaky jyny kowup çykarmagy üçin, Isa ýalbardy. 27 Isa ona: «Goý, önürti çagalar doýsun. Çagalaryn çöregini alyp-da, itlere zynmak dogry däldir» diýdi. 28 Aýal hem: «Hawa, ýa Reb! Ýöne itler hem saçagyn asagynda çagalaryn çöreklerinden gaçan owuntyklary iýýändir» diýdi. 29 Isa ona: «Bu sözün üçin bar, gidiber, jyn senin gyzyndan çykdy» diýdi. 30 Aýal öýüne baranda, jyn çykyp, gyzy düseginde ýatan eken.
Ker adam sagaldylýar
31 Onson Isa Sur we Saýda etrabyndan gaýdyp, Dekapolis sebitlerinin üsti bilen Jelile kölüne geldi. 32 Onun ýanyna hem ker, hem peltek adamy getirip, onun üstünde elini goýmagy üçin Isa ýalbardylar. 33 Isa ol adamy märekänin içinden bir çete çekip, barmaklaryny onun gulaklaryna sokdy, tüýkürip, onun diline elini degirdi. 34 Onson Göge bakyp, ah çekdi-de: «Effata!», ýagny: «Açyl» diýdi. 35 Ýanky adamyn gulaklary derrew açylyp, dili dogry geplemäge baslady. 36 Isa olara muny hiç kime aýtmazlygy tabsyrdy. Emma ol näçe tabsyran bolsa, olar habary sonça köp ýaýratdylar. 37 Olar çakdanasa genirgenisip: «Ol hemme zady ýagsy edýär. Kerlerin gulagyny açýar, dilsizleri gepledýär» diýisýärdiler.
Isa dört mün adamy doýurýar
8:1 Sol günlerde ýene bir uly märeke ýygnanypdy. Iýmäge hiç bir zatlary bolmanson, Isa sägirtlerini ýanyna çagyryp, olara seýle diýdi: 2 Bu märekä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Menin ýanymda, iýmäge hem hiç bir zatlary ýok. 3 Bulary öýlerine aç goýbersem, ýolda ysgyndan gaçarlar, çünki käbiri uzak ýerden gelipdir». 4 Sägirtleri: «Bu çola ýerde bu adamlary doýrar ýaly çöregi nireden tapyp bolar?» diýip, Ondan soradylar. 5 Isa: «Näçe çöreginiz bar?» diýip, olaryn özlerinden sorady. Olar: «Ýedi» diýip jogap berdiler. 6 Ol märekä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çöregi alyp, sükür edeninden son, bölüsdirdi-de, paýlasynlar diýip, sägirtlerine berdi. Olar hem märekä paýladylar. 7 Olaryn biraz balyklary hem bardy. Isa sükür edeninden son, bulary-da paýlamagy buýurdy. 8 Olar iýip doýdular, artyp galan döwümleri hem ýygnap, ýedi sebedi doldurdylar. 9 Iýenler dört müne golaý adamdy. Onson Isa olary ugratdy. 10 Özi bolsa derrew sägirtleri bilen gaýyga münüp, Dalmanuta etrabyna gitdi.
Fariseýlerin we Hirodesin hamyrmaýasy
11 Fariseýler gelip, Onun bilen jedellesmäge basladylar. Ony synajak bolup, Gökden bir alamat görkezmegini talap etdiler. 12 Ol hem ruhundan ah çekip: «Näme üçin bu nesil alamat talap edýär? Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesle hiç bir alamat görkeziljek däldir» diýdi. 13 Isa olary ol ýerde taslady-da, gaýyga münüp, beýleki kenara geçdi. 14 Sägirtleri çörek almagy unudan ekenler. Gaýykda ýanlarynda dine ýekeje çörek bardy. 15 «Sak bolun! Fariseýlerin hamyrmaýasyndan, Hirodesin hamyrmaýasyndan ägä bolun» diýip, Isa olara duýdurys berdi. 16 Olar bolsa özara çekisip: «Çöregimiz ýok» diýisýärdiler. 17 Isa muny bilip, olara seýle diýdi: «Näme üçin çöregimiz ýok diýsip çekisýärsiniz? Entek-de, akyl ýetirmeýärsinizmi, düsünmeýärsinizmi? Ýürekleriniz entek-de gatymy? 18 Gözli bolup, görmeýärsinizmi? Gulakly bolup, esitmeýärsinizmi? Bolup geçenler ýadynyza düsmeýärmi? 19 Men bäs çöregi bäs mün adama bölenimde, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdynyz?» Olar: «On iki» diýdiler. 20 «Ýedi çöregi dört mün adama bölenimde, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdynyz?» Olar: «Ýedi» diýdiler. 21 Isa: «Entek hem düsünmeýärsinizmi?» diýdi.
Betsaýdada kör adam sagaldylýar
22 Onson Betsaýda geldiler. Ol ýerde bir kör adamy Onun ýanyna getirip, ona elini degirsin diýip ýalbardylar. 23 Isa kör adamyn elinden tutup, ony obanyn dasyna çykardy. Onun gözlerine tüýkürip, ellerini üstünde goýup: «Bir zat görýärsinmi?» diýip sorady. 24 Ol hem ýokaryk seredip: «Adamlary görýärin, olar ýöräp barýan agaçlar ýaly bolup görünýär» diýdi. 25 Onson Isa ýene-de ellerini onun gözlerine goýdy. Kör çinerilip seretdi, sypa tapyp, bar zady aýyl-saýyl gördi. 26 Isa: «Oba barma, muny obada hiç kime aýtma» diýip, ony öýüne iberdi.
Petrusyn Mesihi tanamagy
27 Isa sägirtleri bilen Kaýsariýa-Filipi etrabyndaky obalara gitdi. Ýolda sägirtlerinden: «Adamlar Mana kim diýýärler?» diýip sorady. 28 Olar-da: «Çokundyryjy Ýahýa, käbiri Ylýas, käbiri-de pygamberlerin biri diýýärler» diýip jogap berdiler. 29 Isa olardan: «Siz Mana kim diýýärsiniz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Mesih» diýip jogap berdi. 30 Onson Isa olara Özi hakda hiç kime hiç zat aýtmazlygy tabsyrdy.
Isa ölüp direljegini önünden aýdýar
31 Ynsan Oglunyn köp görgi görmelidigi, ýasulular, bas ruhanylar we kanunçylar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi, üç günden son direlmelidigi hakda olara sapak bermäge baslady. 32 Ol bu sözleri açyk aýtdy. Petrus bolsa Ony bir çete çekip, Onun aýdanlaryna garsy çykmaga baslady. 33 Emma Isa öwrülip, sägirtlerine seredip: «Çekil önümden, seýtan! Sen Hudaý islerini däl, ynsan islerini oýlanýarsyn» diýip, Petrusa käýedi. 34 Isa märeke bilen Öz sägirtlerini ýanyna çagyryp, olara seýle diýdi: «Kim Menin yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp yzyma düssün. 35 Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Menin we Hos Habaryn ugrunda ýitirse, ony halas eder. 36 Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, öz janyny ýogaltsa, ona näme peýdasy bar? 37 Adam öz janyna derek näme berip biler? 38 Bu zynahor, günäkär neslin içinde kim Menden we Menin sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da mukaddes perisdeleri bilen bilelikde Atasynyn söhraty bilen gelen mahaly ondan utanar».
9:1 Ol olara seýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde duranlaryn arasynda Hudaýyn Patysalygynyn gudrat bilen gelenini görmezden ön ölümi datmajak käbir adamlar bar».
Isanyn görnüsi üýtgeýär
2 Isa alty günden son Petrusy, Ýakuby we Ýahýany ýanyna alyp, aýratyn olary bir beýik dagyn üstüne çykardy. Sol ýerde olaryn gözlerinin alnynda Onun görnüsi üýtgedi. 3 Egin-esigi ýaldyrap, seýle bir agardy welin, ýer ýüzünde hiç bir ýuwujynyn ony beýle agardyp biljek gümany ýokdy. 4 Olara Ylýas bilen Musa göründi. Olar Isa bilen geplesip durdular. 5 Petrus Isa: «Mugallym! Bize bu ýerde bolmak gowy, üç çadyr guraly: biri Sana, biri Musa, biri Ylýasa» diýdi. 6 Ol näme diýjegini bilmeýärdi, çünki gaty gorkupdylar. 7 Bir bulut gelip, olara kölege saldy. Bulutdan: «Bu Menin söýgüli oglum! Ony dinlän» diýen owaz geldi. 8 Birden, töwereklerine seredenlerinde, ýanlarynda Isadan basga hiç kime gözleri düsmedi. 9 Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara Ynsan Ogly ölümden direlýänçä gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy buýurdy. 10 Olar bu sözi ýüreklerinde saklap, Onun näme diýmek isleýänini biri-birlerinden sorasýardylar. 11 Olar Isadan: «Näme üçin kanunçylar önürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar. 12 Ol hem olara seýle diýdi: «Dogrudan-da, Ylýas önürti gelip, hemme zady düzeder, ýöne näme üçin Ynsan Oglunyn köp görgi görüp-de, ret edilmegi ýazylypdyr? 13 Men size aýdýaryn: Ylýas geldi, ol hakda ýazylysy ýaly, ona halanlaryny etdiler».
Dilsiz ruh ýolugan oglanyn sagaldylysy
14 Beýleki sägirtlerin ýanlaryna gelenlerinde, olaryn dasyny alyp duran märekäni, olar bilen jedellesip duran kanunçylary gördüler. 15 Isany görende, märeke gaty genirgendi, hemmeler derrew ylgasyp gelip, Ona salam berdiler. 16 Isa olardan: «Bular bilen näme hakda jedellesýärsiniz?» diýip sorady. 17 Märekänin içinden biri Ona seýle jogap berdi: «Mugallym, Sana oglumy getirdim, ona bir dilsiz ruh ýolugypdyr. 18 Ony tutan ýerinde ýere urýar. Oglan agzyny köpürjikledip, dislerini gyjyrdadyp, gatap galýar. Senin sägirtlerinden ruhy çykarmaklaryny haýys etdim, ýöne olar basarmadylar». 19 Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siz bilen bile bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Menin ýanyma getirin» diýdi. 20 Olar ony Isanyn ýanyna getirdiler. Ruh Isany gören badyna, oglany gaty silterledi. Oglan ýere ýykylyp, agzyny köpürjikledip, togalanmaga baslady. 21 Isa oglanyn kakasyndan: «Munun beýle bolanyna näçe wagt boldy?» diýip sorady. Kakasy: «Çagalygyndan bäri seýle. 22 Ruh ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atdy. Elinden bir zat gelse, bize haýpyn gelsin, kömek et!» diýdi. 23 Isa ona: «Imanyn bar bolsa, iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi. 24 Sol bada oglanyn kakasy aglap gygyrdy: «Iman edýärin, imansyz bolmazlygym üçin mana kömek et!» 25 Isa märekänin ylgasyp gelýänini görüp: «Eý, gün hem lal ruh! Sana buýurýaryn, oglandan çyk, ona gaýdyp girme!» diýip, arwaha käýedi. 26 Arwah-da gygyryp, oglany has beter silterläp, dasyna çykdy. Oglan ölene menzeýärdi, sonun üçin märekänin köpüsi: «Ol öldi» diýisýärdi. 27 Emma Isa onun elinden tutup galdyrdy, ol hem ör turdy. 28 Isa öýe girenden son, sägirtleri öz-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin ruhy çykaryp bilmedik?» diýip soradylar. 29 Isa olara: «Bu hili ruhlary dogadan, orazadan basga hiç bir zat bilen çykaryp bolýan däldir» diýdi. 30 Ol ýerden çykyp, Jelilänin üstünden geçdiler. Isa muny hiç kimin bilmegini islemeýärdi. 31 Ol sägirtlerine sapak berýärkä seýle diýipdi: «Ynsan Ogly ynsan eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç gün son Ol direler». 32 Emma olar bu söze düsünmediler, soramaga-da çekindiler.
In uly kim?
33 Olar Kapernauma bardylar. Öýe girenden son, Isa olardan: «Ýolda näme hakda jedellesýärdiniz?» diýip sorady. 34 Emma olaryn hiç birinden ses çykmady. Çünki ýolda biri-birleri bilen kimin uludygy hakda jedellesýärdiler. 35 Isa oturyp, Onkileri ýanyna çagyrdy. Olara: «Biri ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmänin sonkusy, hemmänin hyzmatkäri bolmalydyr» diýdi. 36 Onson bir çagany alyp, olaryn ortasynda duruzdy-da, ony gujaklap, olara seýle diýdi: 37 «Kim sunun ýaly çagalaryn birini Menin adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni däl, Meni Ýollany kabul eder».
Bize garsy bolmadyk bizin tarapdarymyzdyr
38 Ýahýa Ona seýle diýdi: «Mugallym! Biz Senin adyn bilen jynlary çykarýan, ýöne bizin yzymyza eýermeýän bir adamy görüp, ony bökdedik, çünki ol bizin yzymyza eýerenok». 39 Isa ona seýle diýdi: «Ony bökdemän! Çünki Menin adym bilen mugjyza edip-de, derrew yzysüre Meni ýamanlap biljek adam ýokdur. 40 Kim bize garsy bolmasa, bizin tarapdarymyzdyr. 41 Size dogrusyny aýdýaryn, Mesihe baglydygynyz üçin, kim Menin adym bilen size bir käse suw berse, ol asla sylagsyz galmaz».
Bir adama günä etdirmegin jezasy
42 Kim Mana iman eden bu çagalardan birinin günä etmegine sebäp bolsa, boýnundan uly degirmen dasy asylyp, denze zynylmak onun üçin has gowy bolar. 43 Elin senin günä etmegine sebäp bolsa, ony kes. Sana çolak bolup ýasaýsa gowusmak, iki elli bolup sönmez oda, dowzaha gitmekden gowudyr. 44 Ol ýerde olaryn gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir. 45 Eger aýagyn senin günä etmegine sebäp bolsa, ony kes. Sana agsak bolup ýasaýsa gowusmak, iki aýakly bolup dowzaha, sönmez oda zynylmakdan gowudyr. 46 Ol ýerde olaryn gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir. 47 Gözün senin günä etmegine sebäp bolsa, ony oýup çykar. Sana ýeke gözli bolup Hudaýyn Patysalygyna girmek, iki gözli bolup dowzaha zynylmakdan gowudyr. 48 Ol ýerde olaryn gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir. 49 Çünki hemmeler ot bilen duzlanar, hemme gurbanlar duz bilen duzlanar. 50 Duz gowy zatdyr, ýöne duz sorlugyny ýitirse, onda ona näme bilen tagam berler? Içinizde duz bolup, aranyzda parahatlyk bolsun».
Talak barada sorag
10:1 Isa ol ýerden gidip, Ýahuda çäklerine, Iordan derýasynyn anyrsyna bardy. Onun dasyna ýene-de bir topar märeke ýygnanysyp, Ol ýene-de adaty boýunça olara sapak bermäge durdy. 2 Birnäçe fariseý gelip, Ony synamak üçin: «Bir adamyn aýalyny aýyrmagy dogrumydyr?» diýip sorady. 3 «Musa size nähili tabsyryk beripdir?» diýip, Isa olaryn özlerinden sorady. 4 Olar-da: «Musa talak hatyny ýazyp, aýyrmaga ygtyýar beripdir» diýdiler. 5 Isa olara seýle diýdi: «Musa bu tabsyrygy sizin donýürekdiniz zerarly ýazdy. 6 Emma ýaradylysyn basynda Hudaý olary „erkek we aýal edip ýaratdy". 7 Sonun üçin erkek adam ata-enesini terk edip, aýalyna gosular. 8 Onson ikisi bir ten bolar". Sunluk bilen, olar indi iki däl, bir tendir. 9 Seýlelikde, Hudaýyn gosanyny adam aýyrmasyn». 10 Sägirtleri Ona öýde bu barada ýene sorag berdiler. 11 Isa olara: «Kim aýalyny aýryp, basga aýala öýlense, ona garsy zyna edýändir. 12 Aýal-da ärinden aýrylyp, basga erkege barsa, zyna edýändir» diýip jogap berdi.
Isa çagalara ak pata berýär
13 Olara elini degirsin diýip, çagalary Isanyn ýanyna getirdiler. Sägirtleri bolsa olary getirenlere käýediler. 14 Isa muny görende, gaharlanyp, olara seýle diýdi: «Degmän, çagalar Menin ýanyma gelsin, olary bökdemän, çünki Hudaýyn Patysalygy sular ýalylarynkydyr. 15 Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyn Patysalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez». 16 Ol çagalary gujaklap, elini üstlerinde goýup, olara ak pata berdi.
Baýlyk we ebedi ýasaýys
17 Isa ýola düsüp barýarka, bir adam ylgap geldi-de, önünde dyza çöküp: «Eý, ýagsy Mugallym! Men ebedi ýasaýsy miras alar ýaly näme etmeli?» diýip, Ondan sorady. 18 Isa ona seýle jogap berdi: «Näme üçin Mana ýagsy diýýärsin? Bir Hudaýdan basga hiç kim ýagsy däldir. 19 Sen tabsyryklary bilýänsin: „Adam öldürme, zyna etme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, hiç kimi talama, atany, eneni syla"». 20 Ýanky adam Ona: «Men ýaslygymdan bäri bularyn baryny berjaý edip gelýärin» diýdi. 21 Isa ona söýgi bilen seredip: «Senin bir zadyn kem, bar, nämän bar bolsa sat-da, garyplara ber, Gökde hazynan bolar. Onson gel-de, Menin yzyma düs» diýdi. 22 Bu sözlere ýanky adamyn mazasy gaçyp, ol ýerden tukat bolup gitdi. Çünki onun köp mal-mülki bardy. 23 Isa töweregine seredip, sägirtlerine: «Barlylara Hudaýyn Patysalygyna girmek nähili çetin!» diýdi. 24 Sägirtler Onun sözlerine genirgenisdiler. Isa ýene olara seýle diýdi: «Oglanlar, baýlyga bil baglaýanlara Hudaýyn Patysalygyna girmek nähili çetin! 25 Bir düýänin innänin gözünden geçmegi barly adamyn Hudaýyn Patysalygyna girmeginden ansatdyr». 26 Sägirtler çakdanasa genirgenisip, biri-birlerine: «Onda, kim halas bolup biler?» diýisdiler. 27 Isa olara seredip: «Ynsanlaryn muna mümkinçiligi ýok, ýöne Hudaý üçin beýle däl ? Hudaý üçin ähli zat mümkin» diýdi. 28 Petrus Ona: «Ine, biz ähli zadymyzy taslap, Senin yzyna düsdük» diýip baslady. 29 Isa seýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, Menin hatyram üçin, Hos Habaryn hatyrasy üçin öýüni, doganlaryny, uýalaryny, enesini, atasyny, oglan-usagyny ýa ýerlerini taslap-da, 30 sindi, bu zamanda çekjek azaplary bilen birlikde, ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, eneler, atalar, oglan-usaklar, ýerler we geljek döwürde ebedi ýasaýys almajak ýokdur. 31 Ýöne köp ilkinjiler in sonkular, in sonkular hem ilkinjiler bolar».
Isa ölüp direljegini ýene aýdýar
32 Olar ýola düsüp, Iýerusalime bakan barýardylar. Isa önlerinden ýöräp barýardy. Sägirtler genirgenisýärdi, yzyna düsüp barýanlar hem gorky içindediler. Ol ýene-de Onkileri bir çete çekdi-de, Özüne näme boljagy hakda gürrün bermäge baslap, 33 Seýle diýdi: «Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly bas ruhanylara, kanunçylara tabsyrylar. Ony ölüme höküm edip, milletlere tabsyrarlar. 34 Ona gülerler, üstüne tüýkürerler, Ony gamçylap, öldürerler we üçünji günde Ol direler».
Ýakup bilen Ýahýanyn dilegi
35 Zebedeýin ogullary Ýakup bilen Ýahýa Isanyn ýanyna baryp, Ona: «Mugallym! Biz Senden näme dilesek, sony ýerine ýetirmegini isleýäris» diýdiler. 36 «Sizin üçin näme etmegimi isleýärsiniz?» diýip, Isa olardan sorady. 37 Olar hem: «Öz söhratynda birimizin sagynda, birimizin çepinde oturmagymyza rugsat et» diýdiler. 38 Emma Isa olara: «Siz näme dileýäninizi bilmeýärsiniz. Siz Menin içjek käsämden içip bilersinizmi? Ýa Menin çokunysym bilen çokunyp bilersinizmi?» diýdi. 39 Olar-da Ona: «Muny edip bileris» diýdiler. Isa olara seýle diýdi: «Siz Menin içjek käsämden içersiniz. Menin çokunysym bilen çokunarsynyz. 40 Ýöne size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Menin elimde däl. Bu kimler üçin taýynlanan bolsa, solar üçindir». 41 Beýleki on sägirt muny esidip, Ýakup bilen Ýahýa gaharlanmaga basladylar. 42 Isa olary ýanyna çagyryp, seýle diýdi: «Özüniz bilýärsiniz, milletlerin arasynda baslyk saýylýanlar olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen bastutanlyk edýär. 43 Sizin aranyzda beýle bolmasyn. Aranyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekilerin hyzmatkäri bolsun. 44 Aranyzda kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmänizin guly bolsun. 45 Çünki Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem, hyzmat etmek üçin, köplerin ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi».
Bartimaý körün gözi açylýar
46 Onson Eriha geldiler. Isa sägirtleri we uly märeke bilen Erihadan çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimaý atly bir kör ýolun kenarynda dilegçilik edip otyrdy. 47 Ol bu gelýänin nasyraly Isadygyny esidip: «Eý, Dawut Ogly Isa! Mana rehim et!» diýip, gygyrmaga durdy. 48 Köp adamlar sesini çykarmasyn diýip, ona käýediler, emma ol önküden hem gaty ses bilen: «Eý, Dawut Ogly! Mana rehim et!» diýip gygyrdy. 49 Isa aýak çekip: «Ony çagyryn» diýdi. Köri çagyryp ona: «Batyr bol, tur, seni çagyrýar» diýdiler. 50 Ol hem donuny taslap turdy-da, Isanyn ýanyna geldi. 51 Isa ondan: «Senin üçin näme etmegimi isleýärsin?» diýip sorady. Kör adam: «Ussat, gözüm görsün» diýdi. 52 Isa hem ona: «Bar, imanyn sana sypa berdi» diýdi. Onun gözleri derrew görüp, ýol bilen Isanyn yzyna düsüp gidiberdi.
Isanyn Iýerusalime girisi
11:1 Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyn etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa gelip ýetenlerinde, Isa öz sägirtlerinden ikisini ýollap, 2 olara seýle diýdi: «Önünizdäki oba baryn. Obanyn içine giren badynyza danylgy duran bir taýhar taparsynyz, üstüne su wagta çenli hiç kim münen däldir. Ony çözün-de, alyp gelin. 3 Eger biri size: „Näme üçin beýle edýärsiniz?" diýse, „Bu taýhar Rebbe gerek, ynha yzyna iberer" diýip aýdyn». 4 Olar gitdiler. Köçede bir gapynyn ýanynda danylgy duran bir taýhary tapyp, ony çözdüler. 5 Ol ýerde duranlaryn käbiri olara: «Näme üçin taýhary çözýärsiniz?» diýdiler. 6 Olar-da Isanyn aýdanyny aýtdylar. Onson ýanky adamlar olary goýberdiler. 7 Taýhary Isanyn ýanyna getirip, öz egin-esiklerini onun üstüne atdylar. Isa-da taýharyn üstüne mündi. 8 Köp adamlar egin-esiklerini, käbirleri-de baglardaky agaçlardan kesen sahalaryny ýola düsediler. 9 Önden barýanlar, yzdan gelýänler: «Hosanna! Rebbin adyndan gelýän gutly bolsun! 10 Atamyz Dawudyn golaýlap gelýän patysalygy gutly bolsun! In ýokarlarda hosanna!» diýip gygyrysýardylar. 11 Isa Iýerusalime baryp, ybadathana girdi. Das-töweregindäki ähli zatlara göz aýlasdyrandan son, wagt hem gijigeni üçin, Onkiler bilen bilelikde Beýtaniýa gitdi.
Injir agajyna gargys
12 Ertesi gün Beýtaniýadan çykanlarynda, Isa ajykdy. 13 Uzagrakda ýaprakly bir injir agajyna gözi düsende, ondan bir zat tapmazmykam diýip, agaja tarap gitdi. Onun ýanyna gelende, ýapraklardan basga hiç zat tapmady. Çünki injirin wagty däldi. 14 Isa agaja: «Mundan beýläk hiç kim senden asla iýmis iýmesin!» diýdi. Sägirtleri hem muny esitdiler.
Isa satyjylary ybadathanadan kowýar
15 Iýerusalime geldiler. Isa ybadathana girip, içerdäki satyjylary, alyjylary kowmaga durdy. Pul çalysýanlaryn tekjelerini, kepderi satýanlaryn oturgyçlaryny dünderdi. 16 Hiç kimin ybadathananyn içinden gos gatnatmagyna rugsat etmedi. 17 Olara sapak berip, seýle diýdi: «„Menin öýüme bütin milletlerin doga öýi diýler" diýip ýazylgy dälmi? Emma siz muny garakçylaryn sürenine dönderdiniz». 18 Bas ruhanylar we kanunçylar muny esidip, Ony heläk etmegin küýüne düsdüler. Olar Isadan gorkýardylar, çünki bütin halk Onun taglymatyna täsin galýardy. 19 Agsam düsende, Isa säherden çykyp gitdi.
Injir agajyndan alynmaly sapak
20 Ertir ir bilen geçip barýarkalar, injir agajynyn köki bilen gurandygyny gördüler. 21 Petrus bolup geçeni ýatlap: «Mugallym! Ine, Senin gargan injir agajyn gurapdyr» diýdi. 22 Isa olara seýle jogap berdi: «Hudaýa imanynyz bolsun. 23 Size dogrusyny aýdýaryn, kim ýüreginde sübhä ýol bermän, diýýäninin boljakdygyna iman edip, su daga: „Göteril-de, denze zynyl" diýse-de, onun diýeni bolar. 24 Munun üçin size diýýärin: doga bilen dilän ähli zadynyzy aljagynyza iman edin, ol size berler. 25 Gökdäki Atanyz sizin ýazyklarynyzy bagyslar ýaly, birinden öýke-kinäniz bar bolsa, doga etmäge duran mahalynyz siz-de ony bagyslan. 26 Siz bagyslamasanyz, Gökdäki Atanyz hem sizin ýazyklarynyzy bagyslamaz».
Isanyn ygtyýary
27 Olar ýene Iýerusalime geldiler. Isa ybadathanada gezmeläp ýörkä, bas ruhanylar, kanunçylar we ýasulular ýanyna gelip, 28 Ona: «Sen haýsy ygtyýar bilen bu zatlary edýärsin? Ýa bulary etmäge Sana bu ygtyýary kim berdi?» diýdiler. 29 Isa-da olara seýle diýdi: «Men sizden bir zat sorajak. Mana jogap berin, Men-de size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn: 30 Ýahýanyn çokundyrmasy Gökdenmidi ýa ynsandan?» 31 Olar-da özara pikir alsyp, seýle diýdiler: «Biz: „Gökden" diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin ona iman getirmediniz?" diýer. 32 Emma ynsandan diýsek...» Olar halkdan gorkýardylar. Çünki hemmeler Ýahýany çyn pygamber saýýardy. 33 Olar Isa jogap berip: «Biz bilmeýäris» diýdiler. Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtmaryn» diýdi.
Üzümlik we bagbanlar tymsaly
12:1 Isa olara tymsallar bilen gürrün bermäge durdy: «Bir adam üzüm agaçlaryny oturdyp, dasyna haýat aýlaýar. Üzümi sykmak üçin bir çukur gazýar, bir-de din salyp, üzümligi bagbanlara ekerine berýär-de, uzak ýola gidýär. 2 Möwsümi gelende, üzümligin miwesinden alyp gel diýip, bir hyzmatkärini bagbanlara iberýär. 3 Emma olar ony tutup ýenjip, bos kowup goýberýärler. 4 Üzümligin eýesi ýene basga bir hyzmatkärini iberýär. Olar onun kellesini ýaryp, biabraý edýärler. 5 Ýene birini iberýär, muny öldürýärler. Ýene köp hyzmatkärini iberýär. Bularyn-da käbirini ýenjip, käbirini hem öldürýärler. 6 Üzümligin eýesinin ýene bir adamy bar eken, ol-da özünin söýýän ýekeje ogly eken. „Oglumy sylarlar" diýip, in sony bagbanlara ogluny iberýär. 7 Emma bagbanlar biri-birlerine: „Mirasdar su, gelin, suny öldürelin, miras bize galar" diýisýärler. 8 Ony tutup öldürýärler-de, üzümlikden dasaryk taslaýarlar. 9 Indi üzümligin eýesi näme eder? Ol gelip, bu bagbanlary heläk eder-de, üzümligi basgalaryna berer. 10 Siz bu Ýazgyny okamadynyzmy? „Ussalaryn ret eden dasy, burçun basy boldy. 11 Bu Rebbin edenidi, bizin gözümize bir täsinlik"». 12 Ony tutjak boldular, çünki bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny andylar. Ýöne halkdan gorkup, Ony taslap gitdiler.
Kaýsarynky kaýsara
13 Isany gepde tutjak bolup, fariseýlerin, hirodesçilerin birnäçesini Onun ýanyna iberdiler. 14 Olar hem gelip, Ona seýle diýdiler: «Mugallym! Biz Senin dogruçyldygyny, hiç kime ýaranjak bolmaýandygyny bilýäris, çünki Sen adamlaryn derejesine bakman, Hudaýyn ýoluny hakykat ýüzünden öwredýärsin. Kaýsara salgyt tölemek dogrumy ýa dälmi? Tölälimi ýa tölemälimi?» 15 Isa olaryn ikiýüzlüligini bilip, seýle diýdi: «Meni näme üçin synaýarsynyz? Mana bir dinar getirin, göreýin». 16 Olar hem getirdiler. Isa olara: «Bu surat bilen ýazgy kiminki?» diýdi. Olar-da Ona: «Kaýsarynky» diýdiler. 17 Isa olara: «Kaýsarynkyny kaýsara, Hudaýynkyny Hudaýa berin» diýdi. Olar Ona anka-tanka boldular.
Direlis barada sorag
18 Isanyn ýanyna ölümden direlme ýokdur diýýän saddukeýler gelip, Ona seýle sorag berdiler: 19 Mugallym! Musa bize, bir adamyn dogany zürýatsyz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onun aýalyny alyp, doganyna nesil ýetisdirmelidir diýip ýazypdyr. 20 Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal aldy, ýöne yzynda nesil galdyrman öldi. 21 Ikinjisi sol aýaly aldy, ol hem yzynda nesil galdyrman öldi. Olaryn üçünjisi hem seýle boldy. 22 Ýedisi-de nesil galdyrmady. Olardan son aýal hem öldi. 23 Ölülerin direlen mahaly, olar direlenlerinde, ol haýsysynyn aýaly bolar? Çünki ýedisi hem ony aýal edinipdiler». 24 Isa olara seýle jogap berdi: «Siz Mukaddes Ýazgylary we Hudaýyn gudratyny bilmän ýalnysmaýarsynyzmy? 25 Çünki ölümden direlen mahallary olar öýlenmän, äre çykman, Gökdäki perisdeler ýaly bolarlar. 26 Ölülerin direlisine gelenimizde bolsa, Musanyn kitabynyn ýanan çaly baradaky babynda siz Hudaýyn ona: „Men Ybraýymyn, Yshagyn, Ýakubyn Hudaýydyryn" diýip ýazanyny okamadynyzmy? 27 Ol ölülerin däl, dirilerin Hudaýydyr; siz gaty ýalnysýarsynyz».
In uly tabsyryk
28 Golaýa gelip, olaryn çekismelerini esiden kanunçylardan biri Isanyn olara gowy jogap berenini görüp, Ondan: «Haýsy tabsyryk ähli tabsyryklaryn birinjisidir?» diýip sorady. 29 Isa seýle jogap berdi: «Birinji tabsyryk su: „Dinle, eý Ysraýyl! Hudaýymyz Reb ýalnyz Rebdir. 30 Öz Hudaýyn Rebbi bütin ýüregin, bütin janyn, bütin düsünjän, bütin güýjün bilen söý!" 31 Ikinjisi su: „Gonsyny özün ýaly söý!" Bulardan uly tabsyryk bolmaz». 32 Kanunçy Ona seýle diýdi: «Eý, ýagsy Mugallym! Sen „Ol birdir, Ondan basgasy ýokdur" diýip, dogry aýtdyn. 33 Ony bütin ýürek bilen, bütin düsünje bilen, bütin güýç bilen söýmeklik, gonsyny özün ýaly söýmeklik ýakylýan sowgatlaryn, kesilýän gurbanlaryn hemmesinden artykdyr». 34 Isa onun paýhasly jogap berenini görüp: «Sen Hudaýyn Patysalygyndan uzak dälsin» diýdi. Sondan son Ondan bir zat soramaga hiç kim ýürek etmedi.
Mesih kimin ogly?
35 Isa ybadathanada sapak berip otyrka, seýle diýdi: «Kanunçylar nähili Mesih Dawudyn Ogludyr diýýärler? 36 Dawudyn özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, seýle diýipdir: „Reb Menin Rebbime diýdi: Dusmanlaryny aýaklaryn astynda basgançak edip goýýançam, Menin sagymda otur". 37 Dawudyn özi Ona Reb diýýär. Ol nähili onun ogly bolýar?» Uly märeke Ony hezil edip dinleýärdi.
Isa ikiýüzli kanunçylary ýazgarýar
38 Isa öwredip diýýärdi: «Kanunçylardan ägä bolun! Olar uzyn geýimler geýnip gezmegi, bazar ýerinde salam almagy, 39 sinagogalarda bas kürsüleri, zyýapatlarda töri halaýandyr. 40 Olar dul hatynlaryn öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Bular has agyr jeza sezewar bolarlar».
Dul hatynyn leptasy
41 Isa hazynanyn garsysynda hazyna pul atýan halky synlap otyrdy. Köp baý adamlar kän pul atdylar. 42 Bir garyp dul hatyn gelip, hazyna iki lepta, ýagny bir kodrant atdy. 43 Isa sägirtlerini ýanyna çagyryp, olara seýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, su garyp dul hatyn hazyna pul atýanlaryn hemmesinden kän atdy. 44 Çünki olaryn hemmesi özlerinden artany atdylar, ýöne bu hatyn garyplygyna garamazdan, bütin elde baryny, bütin çörek puluny atdy».
Ahyrzamanyn alamatlary
13:1 Isa ybadathanadan çykanda, sägirtlerinin biri Ona: «Mugallym! Gör, ne ajap daslar, ne ajap jaýlar!» diýdi. 2 Isa ona: «Bu uly jaýlary görýänmi? Bu ýerde das üstünde das galmaz, hemmesi dargar» diýdi. 3 Ol Zeýtun dagynda ybadathananyn garsysynda otyrka, Petrus, Ýakup, Ýahýa we Andreas dagy ýekelikde Ondan: 4 «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Bularyn ählisinin ýerine ýetjek mahaly näme alamat peýda bolar?» diýip soradylar. 5 Isa-da olara gürrün bermäge durdy: «Habardar bolun, sizi aldaýmasynlar! 6 Köpler Menin adym bilen gelip: „Men ? Ol" diýer. Olar köp adamy aldarlar. 7 Urus seslerini, urus turanlygy barada habar esidenizde gorkman. Bular bolmalydyr, ýöne entek dünýänin sony däldir. 8 Çünki millet-millete, patysalyk-patysalyga garsy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar we belalar ýüze çykar. Bu wakalar burgularyn baslangyjydyr. 9 Emma siz özünize habardar bolun! Sebäbi sizi mejlislere tabsyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Olara güwälik üçin Men sebäpli sizi hökümdarlaryn, patysalaryn alnynda durzarlar. 10 Önürti Hos Habar bütin milletlere wagyz edilmelidir. 11 Sizi suda tabsyrjak bolup alyp barýarkalar, näme diýjeginizi önünden gaýgy etmän, sol sagatda size näme berilse, sony diýin. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur. 12 Dogan ? dogany, ata ? çagasyny ölüme tabsyrar. Çagalar hem ata-enelerine garsy bolup, olary öldürderler. 13 Menin adym üçin hemmeler sizi ýigrener, ýöne sonuna çenli çydan halas bolar. 14 Weýrançylyk getirýän, Daniýel pygamberin aýdan ýigrenjisinin bolmaly däl ýerinde duranyny göreninizde, (okyjy düsünsin) Ýahudadakylar daglara gaçsyn. 15 Öýün üçegindäki asak inip, bir zat almak üçin, içerik girmesin. 16 Ekin meýdanyndaky donuny almak üçin, yzyna öwrülmesin. 17 Ol günlerde göwreli, çaga emdirýän aýallaryn gününe waý! 18 Siz bu waka gysda bolmasyn diýip doga edin. 19 Çünki ol günlerde seýle bir musakgat bolar welin, beýle musakgat Hudaýyn bar eden ýaradylysynyn basyndan tä su wagta çenli ne bolandyr, ne-de bolar. 20 Reb ol günleri gysgaltmadyk bolsady, onda hiç kim halas bolmazdy. Emma Ol saýlan saýlantgylarynyn hatyrasyna ol günleri gysgaltdy. 21 Sonda biri size: „Ine, Mesih su ýerde" ýa „Ine, ol ýerde" diýse, ynanman. 22 Çünki ýalan mesihler, ýalan pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlar, mugjyzalar görkezer. 23 Ägä bolun. Men hemme zady size önünden aýtdym».
Mesihin gelsi
24 Sol günlerde ol musakgatdan son, Gün garalar, Aý ysygyny bermez. 25 Ýyldyzlar Gökden gaçar, Gökdäki güýçler titreser. 26 Sonda Ynsan Oglunyn bulutlar içinde uly gudrat hem söhrat bilen gelýänini görerler. 27 Sonda Ol perisdelerini ýollap, Öz saýlanlaryny dört tarapdan Ýerin ujundan tä Gögün ujuna çenli ýygnar».
Injir agajyndan alynmaly sapak
28 Injir agajyndan sapak alyn: onun sahalary ýumsap, ýaprak çykaran mahaly tomsun golaýdygyny bilýärsiniz. 29 Sonun ýaly-da, bu zatlaryn bolýanyny göreninizde, Ynsan Oglunyn golaýdygyny, gapynyn agzyndadygyny bilin. 30 Size dogrusyny aýdýaryn, bütin bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. 31 Gök hem ýer öter, ýöne Menin sözlerim ötmez».
Bilinmeýän gün we sagat
32 Emma ol güni hem ol sagady hiç kim bilýän däldir, ne Gökdäki perisdeler, ne-de Ogul, dine Ata bilýändir. 33 Ägä, oýa bolun, doga edin! Çünki siz ol wagtyn haçandygyny bilmeýärsiniz. 34 Bu uzak ýola çykan adam kimindir. Ol öýünden aýrylyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar, her haýsyna-da öz isini berip, gapynyn garawulyna-da oýa bolmagy tabsyrýandyr. 35 Seýlelikde, oýa bolun, çünki siz öý eýesinin agsammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, ertir irdenmi ? haçan geljegini bilmeýärsiniz. 36 Ol birden gelip-de, ukuda üstünizi basaýmasyn. 37 Size aýdýanlarymy hemmelere aýdýaryn: oýa bolun!»
Isanyn ölümi ýakynlasýar
14:1 Pesaha ? Petir baýramyna iki gün galypdy. Bas ruhanylar, kanunçylar Isany hile bilen tutup öldürmegin ýoluny agtarýardylar. 2 Ýöne welin biri-birlerine: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýisýärdiler. 3 Isa Beýtaniýada heýwere keselli Simunyn öýünde saçak basynda otyrka, bir aýal içi gymmatbaha sap-arassa nard ýagly ak mermer gap bilen gelip, gaby döwdi-de, ýagy Onun depesinden guýdy. 4 Käbirleri gaharlanyp, biri-birlerine: «Näme üçin bu ýag beýle isrip edildi? 5 Bu ýagy üç ýüz dinardan ýokara satyp, garyplara-da paýlap bolardy» diýsip, aýala igendiler. 6 Emma Isa seýle diýdi: «Ona degmän, näme üçin ony ynjydýarsynyz? Ol Mana ýagsylyk etdi. 7 Çünki garyplar hemise sizin ýanynyzda, olara halan mahalynyz ýagsylyk edip bilýärsiniz, ýöne Men hemise ýanynyzda bolmaryn. 8 Ol elde baryny etdi, jaýlanmagyma taýýarlyk hökmünde bedenimi önünden ýaglady. 9 Size dogrusyny aýdýaryn, Hos Habar bütin dünýänin niresinde wagyz edilse, bu aýalyn edeni-de ony ýatlamak üçin aýdylar». 10 Onson Onkilerin biri bolan Iuda Iskariot Isa dönüklik etmek üçin, bas ruhanylaryn ýanyna bardy. 11 Olar hem muny esidip begenisdiler, ona pul bermäge söz berdiler. Ol-da Isany olara tabsyrmak üçin amatly pursat peýläp gezdi.
Pesah nahary
12 Pesah gurbanynyn kesilýän wagty bolan Petir baýramynyn ilkinji güni sägirtleri Isa: «Pesah gurbanlygyny iýmegin üçin, nirä baryp taýýarlyk görmegimizi isleýärsin?» diýdiler. 13 Isa sägirtlerinin ikisini ýollap, olara seýle diýdi: «Sähere baryn, küýze bilen suw alyp barýan bir adama satasarsynyz, sonun yzyna düsüp gidin. 14 Ol baryp nirä girse, sol öýün eýesine: „Mugallym: 'Sägirtlerim bilen Pesah baýramyny geçirer ýaly, Menin myhman otagym nirede?' diýip soraýar" diýin. 15 Ol hem ýokarky mertebede düsek düselgi, taýýar gin bir otagy görkezer, sol ýerde bize taýýarlyk görün». 16 Sägirtler ýola düsüp, sähere geldiler, ähli zady Isanyn özlerine aýdysy ýaly, tapyp, Pesahy taýýarladylar. 17 Agsam düsende, Isa Onkiler bilen bilelikde geldi. 18 Saçak basynda nahar iýip otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn: sizin biriniz ? Menin bilen nahar iýip oturan biri Mana haýynlyk eder» diýdi. 19 Olar hem tukatlanyp, yzly-yzyna Ona: «Menmi?» diýmäge basladylar. 20 Isa olara seýle diýdi: «Onkilerden biri ? Menin bilen tabaga çörek batyryp oturanyn biri. 21 Çünki Ynsan Ogly Özi hakda ýazylysy ýaly barýar, ýöne Ynsan Ogluna haýynlyk edenin gününe waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onun üçin has onat bolardy». 22 Nahar iýip otyrkalar, Isa çörek alyp, sükür etdi-de, ony döwüp sägirtlere berdi we: «Alyn, bu Menin bedenimdir» diýdi. 23 Onson bir käse alyp, sükür edeninden son, olara berdi, hemmesi ondan içdiler. 24 Sonra Isa olara seýle diýdi: «Bu Menin ganym, Täze ähtin köp adamlar üçin dökülen ganydyr. 25 Size dogrusyny aýdýaryn, Hudaýyn Patysalygynda täzesini içjek günüme deneç, üzüm siresini gaýtadan içmerin». 26 Olar bir öwgüli aýdym aýdyp bolanlaryndan son, Zeýtun dagyna çykdylar.
Petrusyn Isany inkär etjekdigi önünden aýdylýar
27 Isa olara seýle diýdi: «Sizin hemmäniz Menden ýüz dönderersiniz, çünki: „Çopany uraryn, goýunlar dagar" diýip ýazylgydyr. 28 Emma Men ölümden direlenimden son, sizden ön Jelilä bararyn». 29 Petrus Ona: «Hemmeler Senden ýüz dönderse-de, men döndermerin» diýdi. 30 Isa-da ona: «Sana dogrusyny aýdýaryn: su gün, su gije horaz iki gezek gygyrmazyndan ön, sen Meni üç gezek inkär edersin» diýdi. 31 Emma Petrus janygyp: «Men Senin bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Hemmesi-de seýle diýdiler.
Isa Getsemanide doga edýär
32 Olar Getsemani diýen bir ýere geldiler. Isa sägirtlerine: «Men doga edip bolýançam, siz su ýerde oturyn» diýdi. 33 Petrusy, Ýakuby we Ýahýany Özi bilen äkitdi, uly galagopluga düsüp, gaýgylanmaga baslady. 34 Olara: «Menin janym öler ýaly tukat, siz su ýerde galyn-da, oýa bolun» diýdi. 35 Isa biraz öne gidip, ýere ýykylyp: «Mümkin bolsa, su sagat Menden geçsin» diýip doga etdi. 36 Ol: «Abba, Ata, Senin üçin hemme zat mümkin. Bu käsäni Menden geçir, ýöne Menin islegim däl, Senin islegin bolsun» diýdi. 37 Gaýdyp gelse, sägirtleri uklap ýatan eken. Petrusa seýle diýdi: «Uklap ýatyrsynmy? Bir sagat-da oýa bolup bilmedinmi? 38 Synaga düsmez ýaly, oýa bolun, doga edin. Ruh islegli, ýöne beden ejizdir». 39 Isa ýene gidip, sol önki sözleri aýdyp doga etdi. 40 Ýene gelende, sägirtleri uklap ýatan eken, çünki olaryn gözleri gaty ýumlup gelýärdi. Ona näme diýjeklerini bilmediler. 41 Üçünji gezek gelip, olara seýle diýdi: «Siz entek-de uklap ýatyrsynyzmy? Dynjynyzy alýarsynyzmy? Bu ýeterlik, sagat geldi, Ynsan Ogly günäkärlerin eline berilýär. 42 Turun, gidelin, ine, Mana haýynlyk eden golaýlady».
Isa tutulýar
43 Edil sol pursatda, Isa entek gepläp durka, Onkilerin biri bolan Iuda we onun bilen bilelikde bas ruhanylardan, kanunçylar we ýasulular tarapyndan gylyçly, taýakly bir märeke geldi. 44 Ona haýynlyk eden Iuda olara: «Men kimi öpsem, Soldur. Ony tutun-da, seresap alyp gidin» diýip geplesipdi. 45 Ol gelip, derrew Isanyn ýanyna bardy-da: «Mugallym» diýip, Ony öpdi. 46 Olar hem el urup, Ony tutdular. 47 Ýanynda duranlaryn biri gylyjyny syrdy, bas ruhanynyn hyzmatkärini urup, onun gulagyny kesdi. 48 Isa olara seýle diýdi: «Bir talançynyn garsysyna çykýan ýaly, Meni tutmak üçin gylyç hem taýak bilen geldinizmi? 49 Her gün ybadathanada, siz bilen bile bolup sapak berenimde, Meni tutmandynyz. Ýöne, goý, Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun». 50 Sägirtlerinin bary Ony taslap, gaçyp gitdiler. 51 Ýalanaç bedenini dine bir kendir mata bilen bürän bir ýas ýigit Onun yzyna düsdi, ony hem tutdular. 52 Emma ol kendir matany taslap, ýalanaç halda olardan gaçyp gitdi.
Isa mejlisin önünde
53 Isany bas ruhanynyn ýanyna getirdiler. Hemme bas ruhanylar, ýasulular we kanunçylar ýygnanypdylar. 54 Petrus bas ruhanynyn howlusyna çenli gara görnümden Isanyn yzyna düsüp gitdi, baryp hem hyzmatkärler bilen bile oda çoýunyp oturdy. 55 Bas ruhanylar we bütin mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Ona garsy güwäler agtardylar, ýöne tapyp bilmediler. 56 Köpler Ona garsy ýalan güwälik berseler-de, olaryn güwälikleri bir çykmady. 57 Käbirleri turup, Ona garsy ýalan güwälik berip, seýle diýdiler: 58 «Biz Onun: „Men el bilen salnan su ybadathanany ýykyp, üç günün içinde, el bilen salynmadyk basga bir ybadathana salaryn" diýenini esitdik». 59 Barybir, olaryn güwälikleri bir çykmady. 60 Bas ruhany mejlisin ortasynda ýokaryk galyp, Isa sorag berip, seýle diýdi: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryn Sana garsy berýän güwäligi näme?» 61 Ol dymdy, hiç bir jogap bermedi. Bas ruhany ýene Ondan: «Mübärek Hudaýyn Ogly Mesih Senmi?» diýip sorady. 62 Isa: «Mendirin, siz Ynsan Oglunyn gudratly Hudaýyn sagynda oturanyny, Gögün bulutlary bilen gelýänini görersiniz!» diýdi. 63 Bas ruhany sonda öz egin-esigini ýyrtyp: «Bize basga güwä nämä gerek? 64 Onun Hudaýa dil ýetirenini özüniz esitdiniz. Näme diýýärsiniz?» diýdi. Olaryn hemmesi höküm edip, Ony ölüme laýyk bildiler. 65 Käbirleri hem Onun üstüne tüýkürip basladylar, ýüzüni örtüp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýisýärdiler. Hyzmatkärler-de Ona sapbat urýardylar.
Petrus Isany inkär edýär
66 Petrus howluda asakda durka, bas ruhanynyn kenizlerinden biri geldi. 67 Çoýunyp oturan Petrusy görende, ona seredip: «Sen-de so-o-l Nasyradan dörän Isa bilen biledin» diýdi. 68 Emma ol muny inkär edip: «Men senin näme diýýänini ne bilýärin, ne-de ona düsünýärin» diýip, dasaryk, howlynyn ön tarapyna gitdi. Sol wagt hem horaz gygyrdy. 69 Ony gören keniz ol ýerde duranlara ýene-de: «Bu solardan» diýip baslady. 70 Emma ol muny ýene-de inkär etdi. Az salymdan son, ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Dogrudan-da, sen hem solardan, çünki sen jelileli, gepleýsinden bildirip dur» diýdiler. 71 Emma ol: «Men sizin aýdýan bu Adamynyzy tanamaýaryn» diýip, ant içip, awy ýalamaga durdy. 72 Edil sol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy. Petrus Isanyn özüne: «Horaz iki gezek gygyrmazyndan ön, sen Meni üç gezek inkär edersin» diýen sözüni ýatlady-da, mönnürip aglady.
Isa Pilatusyn önünde
15:1 Ertir irden bas ruhanylar, ýasulular, kanunçylar we bütin mejlis maslahat geçirip, Isany danyp, Pilatusa eltip tabsyrdylar. 2 Pilatus Ondan: «Sen ýehudylaryn patysasymy?» diýip sorady. Ol jogap berdi: «Senin aýdysyn ýalydyr» diýip jogap berdi. 3 Bas ruhanylar Ony köp zatlarda aýypladylar. 4 Pilatus ýene-de Ona: «Sen hiç hili jogap berjek dälmi? Gör, näçe zatlarda Seni aýyplaýarlar» diýdi. 5 Emma Isa basga hiç hili jogap bermedi. Pilatus gen galdy.
Isa ölüme höküm edilýär
6 Pilatus her Pesah baýramynda halkyn dilän tussagyny bosadardy. 7 Pitnede adam öldüren gozgalançylar bilen bile tussaga salnan Barabbas atly biri bardy. 8 Halk Pilatusdan hemiseki edýän zadyny özleri üçin ýerine ýetirmegini gygyrysyp haýys etdi. 9 Pilatus bolsa olara: «Ýehudylaryn patysasyny bosatmagymy isleýärsinizmi?» diýdi. 10 Çünki ol bas ruhanylaryn Ony göriplikden tabsyrandyklaryny bilýärdi. 11 Emma Munun ýerine Barabbasy bosatmagyny talap edin diýip, bas ruhanylar halky dürtgülediler. 12 Pilatus ýene olara: «Onda, men sizin ýehudylaryn patysasy diýýän Adamynyzy näme edeýin?» diýdi. 13 Olar bolsa: «Ony haça çüýle!» diýip, ýene gygyrysdylar. 14 Pilatus olara: «Ol näme ýaman is etdi?» diýdi. Emma Olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyrysdylar. 15 Sonda Pilatus halky kanagatlandyrma kararyna gelip, Barabbasy bosatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemäge berdi.
Esgerlerin Isany masgaralaýsy
16 Esgerler Ony Pretorium diýen hökümet kösgüne eltip, bütin gosun bölümlerini çagyrdylar. 17 Onun egnine gyrmyzy don, basyna hem tikenden täç geýdirdiler. 18 «Salam, eý, ýehudylaryn patysasy» diýip, Ona salam beren boldular. 19 Basyna taýak bilen urdular, üstüne tüýkürdiler, önünde dyza çöküp, Ona sežde eden boldular. 20 Ony masgaralanlaryndan son, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-esigini geýdirip, haça çüýlemäge äkitdiler.
Isa haça çüýlenýär
21 Isgender bilen Rufusyn kakasy kireneli Simun meýdandan gelsine, sol ýerden geçip barýardy. Ony Isanyn haçyny götermäge mejbur etdiler. 22 Isany Golgata, ýagny «Kelleçanak» diýen ýere eltdiler. 23 Ona mür gatylan serap berdiler, ýöne Ol almady. 24 Ony haça çüýlediler, kim näme alarka diýip bije atysyp, Onun egin-esigini özara paýlasdylar. 25 Ony haça çüýlänlerinde günortan bolmaga üç sagat wagt galypdy. 26 Depesindäki etmis ýazgysynda bolsa: «ÝeHUDYLARYN PATYSASY» diýip ýazylgydy. 27 Isa bilen bile iki garakçyny haça çüýlediler, olaryn biri Onun sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady. 28 Seýlelik bilen, «ol ser is edýänlerden saýyldy» diýen Ýazgy berjaý boldy. 29 Geçip barýanlar baslaryny ýaýkap, Ona sögüp: «Päheý-de welin, ybadathanany ýykyp-da, üç günde saljak Sen, 30 haçdan asak in-de, Özüni halas et!» diýisýärdiler. 31 Sonun ýaly, bas ruhanylar bilen kanunçylar-da Isany masgaralap, biri-birlerine: «Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär. 32 Biz görüp iman eder ýaly, Ysraýylyn Patysasy Mesih häzir haçdan asak insin» diýisýärdiler. Onun bilen bile haça çüýlenenler-de Ona sögýärdiler.
Isanyn ölümi
33 Günortan bütin ýurda garanky düsüp, üç sagatlap dowam etdi. 34 Öýlän sagat üçde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lama sabaktani?» ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdin?» diýdi. 35 Ol ýerde duranlaryn käbiri muny esidenlerinde: «Ine, Ylýasy çagyrýar» diýisdiler. 36 Biri ylgap, bir gubkany sirkeden dolduryp, gamsyn basyna dakdy-da, içirjek bolup, Isa uzadyp: «Durun görelin, Ylýas Ony asak indermäge gelermikä?» diýdi. 37 Emma Isa gaty gygyryp jan berdi. 38 Ybadathananyn tutusy ýokardan asaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi. 39 Isanyn garsysynda duran ýüzbasy Onun seýle gygyryp jan berenini görende: «Bu Adam, dogrudan hem, Hudaýyn Ogly eken» diýdi. 40 Ol ýerde uzakdan seredisip duran aýallar hem bardy. Hem magdalaly Merem hem-de kiçi Ýakupdyr Iosesin ejesi Merem we Salome olaryn arasyndady. 41 Bular Isa Jeliledekä yzyna düsüp, Ona hyzmat edýärdiler. Ol ýerde Onun bilen bile Iýerusalime gelen basga köp aýallar hem bardy.
Isanyn jaýlanysy
42 Agsam düsende, Taýýarlyk güni, ýagny Sabatdan bir gün ön bolany üçin, 43 Mejlisin sylanýan agzasy, Hudaýyn Patysalygyna garasyp ýören arimatiýaly Ýusup Pilatusyn ýanyna barmaga batyrlyk edip, ondan Isanyn jesedini diledi. 44 Pilatus Onun eýýäm ölenine gen galdy, ýüzbasyny çagyryp: «Ölenine köp wagt boldumy?» diýip sorady. 45 Muny ýüzbasydan bilenson, jesedi Ýusuba berdi. 46 Ol hem kepen mata satyn aldy, jesedi asak inderip, kepene dolady-da, gaýada oýulan bir mazarda jaýlap, mazaryn agzyna hem bir das togalady. 47 Magdalaly Merem bilen Iosesin ejesi Merem Onun nirede jaýlananyny gördüler.
Isanyn direlisi
16:1 Sabat güni geçenden son, magdalaly Merem, Ýakubyn ejesi Merem we Salome dagylar gidip, Isanyn meýidini ýaglamak üçin, ýakymly ysly ýaglar satyn aldylar. 2 Hepdänin ilkinji güni dan bilen, Gün doganda, mazaryn basyna geldiler. 3 Olar biri-birlerine: «Dasy mazaryn agzyndan bize kim aýryp bererkä?» diýisýärdiler. 4 Gabaklaryny galdyranlarynda, dasyn bir çete togalanandygyny gördüler. Das gaty uludy. 5 Mazara girenlerinde bolsa, sag tarapda ak don geýnip oturan bir ýas ýigidi görüp genirgenisdiler. 6 Ol olara seýle diýdi: «Genirgenismän! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiniz. Ol direldi. Ol bu ýerde däl. Ine, Onun jaýlanan ýeri. 7 Ýöne baryn-da, Onun sägirtlerine, Petrusa: „Ol sizden ön Jelilä barýar, Özünin size aýdysy ýaly, Ony sol ýerde görersiniz" diýin». 8 Olar mazardan çykyp gaçdylar. Olara sandyrama hem aljyrannylyk aralasypdy, hiç kime-de hiç zat aýtmadylar, çünki gorkýardylar.
Isa sägirtlerine görünýär
9 Isa hepdänin ilkinji güni ir bilen direlip, ilki magdalaly Mereme göründi. Isa onun içinden ýedi jyny kowup çykarypdy. 10 Ol hem muny Isa bilen bile bolanlara habar berdi. Olar ýas tutup, aglasyp otyrdylar. 11 Isanyn diridigini, Mereme görnendigini esidenlerinde, Olar ynanmadylar. 12 Sondan son Isa olaryn ikisi oba barýarka, basga kespde göründi. 13 Olar-da yzlaryna öwrülip, beýlekilere habar berdiler, ýöne bulara-da ynanmadylar. 14 Sonra Isa saçak basynda oturan Onbirlerin özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýüreklerinin gatydygy üçin olary ýazgardy. Çünki olar Onun direlendigini görenlere ynanmandylar.
Isa sägirtlerini bütin dünýä iberýär
15 Olara seýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyn-da, Hos Habary hemme adamlara wagyz edin. 16 Kim iman edip çokundyrylsa, halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler. 17 Su alamatlar iman edýänlerin hemrasy bolar: Menin adym bilen jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler. 18 Ýylanlary tutarlar, öldürýän zäher içseler-de, olara zyýan ýetmez. Syrkawlaryn üstüne ellerini goýarlar, olar hem sagalar». 19 Reb olara gürrün bereninden son, Göge alyndy we Hudaýyn sagynda oturdy. 20 Olar-da çykyp, hemme ýerde wagyz edýärdiler, Reb hem olar bilen isläp, olara hemralyk edýän alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy. Omyn.