Isa Mesihin nesil sejeresi

1:1 Bu kitap Ybraýymyn ogly bolan Dawudyn ogly Isa Mesihin nesil sejere kitabydyr. 2 Ybraýym Yshagyn atasydy. Yshak Ýakubyn atasydy. Ýakup Iuda we onun doganlarynyn atasydy. 3 Iuda Tamaradan doglan Peresin we Zerahyn atasydy. Peres Hesronyn atasydy. Hesron Ramyn atasydy. 4 Ram Aminadabyn atasydy. Aminadap Nahsonyn atasydy. Nahson Salmonyn atasydy. 5 Salmon Rahawdan doglan Boazyn atasydy. Boaz Rutdan doglan Obedin atasydy. Obed Ýessänin atasydy. 6 Ýesse Dawut patysanyn atasydy. Dawut Uriýanyn aýalyndan bolan Süleýmanyn atasydy. 7 Süleýman Rehawamyn atasydy. Rehawam Abiýanyn atasydy. Abiýa Asanyn atasydy. 8 Asa Ýehosafatyn atasydy. Ýehosafat Ýoramyn atasydy. Ýoram Uziýanyn atasydy. 9 Uziýa Ýotamyn atasydy. Ýotam Ahazyn atasydy. Ahaz Hizkiýanyn atasydy. 10 Hizkiýa Manasänin atasydy. Manase Amonyn atasydy. Amon Ýosiýanyn atasydy. 11 Ýosiýa Babyl sürgüni wagtynda doglan Ýehoniýanyn we onun doganlarynyn atasydy. 12 Ýehoniýa Babyl sürgüninden son doglan Sealtiýelin atasydy. Sealtiýel Zerubabelin atasydy. 13 Zerubabel Abihudyn atasydy. Abihud Elýakimin atasydy. Elýakim Azoryn atasydy. 14 Azor Sadokyn atasydy. Sadok Ahimin atasydy. Ahim Elihudyn atasydy. 15 Elihud Eliýazaryn atasydy. Eliýazar Mattanyn atasydy. Mattan Ýakubyn atasydy. 16 Ýakup Meremin adamsy Ýusubyn atasydy. Meremden hem Mesih diýlen Isa doguldy. 17 Seýlelikde, Ybraýymdan Dawuda çenli bolan nesiller jemi on dört arkadyr. Dawutdan Babyl sürgünine çenli hem on dört, Babyl sürgüninden Mesihe çenli hem on dört arkadyr.

Isa Mesihin doglusy

18 Isa Mesihin doglusy seýle boldy: Onun ejesi Meremin Ýusup bilen adaglyka, biri-birleri bilen ýassykdas bolmazlaryndan ön, Mukaddes Ruhdan göwreli bolanlygy äsgär boldy. 19 Onun adamsy Ýusup bir dogry adam bolanson, ony utanja goýmak islemän, ýasyrynlyk bilen bosatmagy ýüregine düwdi. 20 Emma ol bu zatlar hakda oýlanyp ýörkä, Rebbin bir perisdesi onun düýsüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Meremi özüne aýallyga almakdan gorkma, çünki onun göwresinde dörän zat Mukaddes Ruhdandyr. 21 Ol bir Ogul dograr, sen Onun adyna Isa dakarsyn, çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi. 22 Bularyn hemmesi Rebbin pygamber arkaly aýdan su sözünin ýerine ýetmegi üçin boldy: 23 «Ine, bir gyz göwreli bolup, bir ogul dograr, Onun adyna Emmanuýel dakarlar». Bu ? «Hudaý bizin bilendir» diýen manyny berýär. 24 Ýusup ukudan oýananyndan son, Rebbin perisdesinin tabsyrysy ýaly, aýalyny aldy. 25 Aýaly ilkinji ogluny dogurýança, onun ýanynda ýatmady, çaganyn adyna bolsa Isa dakdy.

Müneçjimlerin gelmegi

2:1 Hirodes patysanyn zamanynda Ýahudanyn Beýtullaham säherinde Isa eneden doglanynda, ine, Iýerusalime gündogardan müneçjimler gelip: 2 «Ýehudylaryn Patysasy bolup doglan nirede? Biz gündogarda Onun ýyldyzyny görüp, Ona sežde etmäge geldik» diýdiler. 3 Muny esidip, Hirodes patysa we onun bilen birlikde tutus Iýerusalim galagopluga düsdi. 4 Ol ähli bas ruhanylary, halkyn kanunçylaryny ýygnap, olardan Mesih nirede dogulmaly diýip sorady. 5 Olar seýle jogap berdiler: «Ýahudanyn Beýtullahamynda, çünki pygamber arkaly seýle ýazylypdyr: 6 „Eý, Ýahuda ülkesindäki Beýtullaham, sen Ýahuda hökümdarlary arasynda asla in kiçisi dälsin. Çünki halkym Ysraýyla çopançylyk etjek Hökümdar senden çykjakdyr"». 7 Onson Hirodes müneçjimleri ýasyryn ýanyna çagyryp, ýyldyzyn haçan görnenini çintgäp sorady. 8 «Baryn, çaga hakda ýagsyja sorag-ideg edin, tapanyzda mana hem habar berin, men hem baryp, Ona sežde etjek» diýip, olary Beýtullahama iberdi. 9 Olar patysany dinläp, ýola rowana boldular. Ine, gündogarda gören ýyldyzlary önlerine düsüp, çaganyn bolan ýerinin üstüne gelip durdy. 10 Olar ýyldyzy görüp, juda begendiler. 11 Öýe girip, çaga bilen ejesi Meremi gördüler. Dyzlaryna çöküp, Ona sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, ladan we mür sowgat berdiler. 12 Hirodesin ýanyna öwrülmezlik hakda düýs üsti bilen duýdurys berlenson, olar öz ýurtlaryna basga ýol bilen gaýtdylar.

Müsüre gaçys

13 Müneçjimler ugranlaryndan son, Rebbin bir perisdesi Ýusubyn düýsüne girip: «Tur, çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç, sana aýdýançam sol ýerde gal, çünki Hirodes çagany öldürmek üçin Ony agtarjak bolup ýör» diýdi. 14 Ýusup turdy-da, çaga bilen Onun ejesini alyp, gije Müsüre gitdi. 15 Rebbin pygamber arkaly: «Men Oglumy Müsürden çagyrdym» diýip aýdany ýerine ýeter ýaly, Hirodesin ölümine deneç sol ýerde galdy. Oglanlaryn öldürilmegi 16 Müneçjimlerin aldanyny bilenson, Hirodes gaty gaharlanyp, Beýtullahama we onun etrabyndaky ähli obalara adam iberdi-de, müneçjimlerden sorap anyklan wagtynda bolan oglanlaryn iki ýaslysyna çenli hemmesini öldürtdi. 17 Seýlelikde, Ýeremiýa pygamber arkaly aýdylan su söz ýerine ýetdi: 18 «Ramadan bir ses esidildi, agy we çun matam sesi. Çagalary üçin aglaýan Rahel özüne teselli berilmegini islemeýär, çünki olar ýok».

Nasyra öwrülis

19 Hirodes ölende, Rebbin bir perisdesi Müsürde Ýusubyn düýsüne girip: 20 «Tur, çaga bilen Onun ejesini al-da, Ysraýyl ýurduna gaýt, çünki çaganyn janynyn kastyna çykanlar öldi» diýdi. 21 Ol turdy, çagadyr ejesini alyp, Ysraýyl ýurduna gaýtdy. 22 Ýöne Arhelasyn öz atasy Hirodesin ýerine Ýahudanyn patysasy bolanyny esidip, ol ýere barmaga gorkdy, düýs bilen duýdurys berlenson bolsa, Jelile etraplaryna ýola düsdi. 23 Gelip, Nasyra diýen bir säherde mesgen tutdy, seýdip, pygamber arkaly: «Ona nasyraly diýler» diýip aýdylan söz ýerine ýetdi.

Ýahýanyn wagzy

3:1 Sol günlerde Ýahudanyn çölünde wagyz edip, çokundyryjy Ýahýa peýda boldy. 2 Ol: «Toba edin, çünki Gögün Patysalygy golaýlady» diýýärdi. 3 Sebäbi ol Isaýa pygamberin: «Çölde gygyrýanyn sesi: „Rebbin ýoluny taýýarlan, Onun ýodalaryny dogrulan" diýýär» diýenidir. 4 Ýahýanyn düýe ýününden geýimi, bilinde gaýys gusagy bardy, iýmiti bolsa ýabany bal bilen çekirtgedi. 5 Sonda Iýerusalim, tutus Ýahuda we bütin Iordan etraby onun ýanyna endi. 6 Olar günälerini boýun alýardylar, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda çokundyrýardy. 7 Ýahýa köp fariseýlerin we saddukeýlerin-de çokundyrylmaga gelýändiklerini görüp, olara seýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçmagy size kim salgy berdi? 8 Indi toba mynasyp hasyl berin. 9 Içinizden: „Bizin atamyz Ybraýymdyr" diýip oýlanman. Çünki men size aýdýaryn, Hudaý bu daslardan-da Ybraýyma perzent ýaratmagy basarýandyr. 10 Palta eýýäm agaçlaryn düýbünde ýatyr: onat miwe bermeýän agaç kesilip, oda taslanar. 11 Men sizi toba üçin suw bilen çokundyrýaryn, ýöne menden sonra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onun çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruh hem-de ot bilen çokundyrar. 12 Onun küregi elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy Öz ammaryna ýygnap, samany sönmez otda ýakar».

Isa çokundyrylýar

13 Onson Isa Ýahýa tarapyndan çokundyrylmak üçin, Jelileden Iordana, Ýahýanyn ýanyna geldi. 14 Emma Ýahýa Ony saklap: «Meni Sen çokundyrmaly welin, Sen menin ýanyma gelýärsinmi?» diýdi. 15 Isa ona: «Häzir, goý, seýle bolsun, çünki bize hak zady berjaý etmek ýarasýandyr» diýip jogap berdi. 16 Isa çokundyrylyp, derrew suwdan çykdy. Ine, Gök açyldy, Ol Hudaýyn Ruhunyn kepderi kimin Öz üstüne inip gelýänini gördi. 17 Sonda Gökden bir ses: «Bu Menin söýgüli Oglum. Men Ondan köp razydyryn» diýdi.

Isa synalýar

4:1 Onson, Ruh Isany iblisin synamagy üçin, çöle äkitdi. 2 Isa kyrk gije-gündizläp oraza tutanson ajykdy. 3 Synagçy ýanyna gelip, Ona: «Sen Hudaýyn Ogly bolsan, su daslar çörek bolsun diýip buýur» diýdi. 4 Emma Isa: «Adam dine bir çörek bilen däl-de, eýsem, Hudaýyn agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýasaýandyr diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi. 5 Onson iblis Ony mukaddes sähere getirip, ybadathananyn künresinde oturtdy-da, 6 Ona seýle diýdi: «Sen Hudaýyn Ogly bolsan, Özüni asak zyn. Sebäbi: „Ol Öz perisdelerine Sen hakda buýruk berer, olar aýagyn dasa degäýmesin diýip, Seni ellerinde götererler"». 7 Isa ona: «„Öz Hudaýyn Rebbi synama" diýip-de ýazylgydyr» diýdi. 8 Iblis ýene Isany äpet belent daga eltdi, dünýänin bütin patysalyklaryny, olaryn san-söhratyny görkezip, 9 Ona: «Dyza çöküp, mana sežde etsen, men su zatlaryn hemmesini Sana bereýin» diýdi. 10 Sonda Isa ona: «Ýanymdan aýryl, seýtan! „Öz Hudaýyn Rebbe sežde et, dine Ona gulluk et" diýip ýazylgydyr» diýdi. 11 Onson iblis Ony terk edip gitdi. Perisdeler gelip, Ona hyzmat etdiler.

Isa Hos Habary yglan etmäge baslaýar

12 Isa Ýahýanyn tutulanyny esidende, Jelilä gitdi. 13 Ol Nasyradan aýrylyp, Zebulun we Naftaly etrabyna bardy, deniz ýakasynda bolan Kapernaumda mekan tutdy. 14 Seýdip, Isaýa pygamber arkaly aýdylan su sözler ýerine ýetdi: 15 «Zebulun ýurdy we Naftaly ýurdy, Iordanyn anyrsynda, Deniz ýakasyndaky ýolda, Milletlerin Jelilesinde, 16 Garankyda oturan halk Bir uly ysyk gördi. Ölüm ýurdunda we kölegesinde Oturanlara ysyk ýalpyldady». 17 Sondan son Isa: «Toba edin, çünki Gögün Patysalygy golaýlasdy» diýip, wagyz etmäge baslady. Isa ilkinji sägirtlerini saýlaýar 18 Ol Jelile kölünin ýakasyndan geçip barýarka, iki doganyn ? Petrus diýilýän Simun bilen dogany Andreýasyn denze torlaryny zynyp duranlaryny gördi. Olar balykçydylar. 19 Isa olara: «Menin yzyma düsün, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi. 20 Olar-da derrew torlaryny taslap, Onun yzyna düsdüler. 21 Isa ol ýerden önräk gidenson, basga bir iki doganyn ? Zebedeýin ogly Ýakup bilen onun dogany Ýahýanyn öz kakalary Zebedeý bilen gaýykda torlaryny bejerip oturanlaryny görüp, olary çagyrdy. 22 Olar hem derrew gaýykdyr kakalaryny taslap, Onun yzyna düsdüler.

Isa uly märekä hyzmat edýär

23 Isa Jelilänin her tarapyna aýlanyp, ol ýerlerdäki sinagogalarda sapak bererdi. Patysalygyn Hos Habaryny wagyz ederdi, halkyn arasyndaky her hili syrkawlary, hassalary bejererdi. 24 Onun at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli syrkawlygy, keseli bar hassalary, jynly, tutgaýly we oturalary Onun ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy. 25 Jelileden, Dekapolisden, Iýerusalimden, Ýahuda we Iordanyn anyrsyndan uly märekeler Onun yzyna düsdi.

Hakyky bagtlylyk

5:1 Isa märekäni görüp, daga çykdy, oturanynda sägirtleri Onun ýanyna geldiler. 2 Ol söze baslady, olara sapak berip, seýle diýdi: 3 Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gögün Patysalygy olarynkydyr. 4 Ýaslylar bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler. 5 Ýumsak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýeri miras alarlar. 6 Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar. 7 Rehimliler bagtlydyr, çünki olara rehim ediler. 8 Ýüregi päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler. 9 Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyn ogullary diýler. 10 Dogrulyk ugrunda yzarlananlar bagtlydyr, çünki Gögün Patysalygy olarynkydyr. 11 Men zerarly sögülen, yzarlanan, nähak ýere her hili gybatynyz edilen mahaly siz bagtlysynyz! 12 Sat bolun, begenin, Gökde aljak sylagynyz uludyr, çünki sizden önki pygamberler-de seýle yzarlandylar».

Duz we ysyk

13 Siz ýerin duzusynyz, emma duz tagamyny ýitirse, ol näme bilen duzlanar? Dasaryk taslanmakdan we aýak astynda depelenmekden basga hiç bir zada ýaramaz. 14 Siz dünýänin ysygysynyz. Dagyn depesinde gurlan säher gizlin galyp bilmez. 15 Çyrany ýakyp-da, gabyn asagynda goýman, çyradanyn üstünde goýýandyrlar, sonda ol öýdäkilerin hemmesine ysyk berýändir. 16 Sizin ysygynyz adamlaryn önünde seýle bir parlasyn welin, olar gowy islerinizi görüp, Gökdäki Atanyzy söhratlandyrsynlar».

Mukaddes Kanun

17 Meni Mukaddes Kanuny ýa pygamberlerin ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmän. Men bozmaga däl-de, olary berjaý etmäge geldim. 18 Çünki size dogrusyny aýdýaryn, Gök bilen ýer geçip gidýänçä, ähli zat berjaý bolýança, Kanunyn bir harpy-da, bir nokady-da kemelmez. 19 Muna görä, kim su in kiçi tabsyryklardan birini bozsa we seýle etmegi öwretse, Gögün Patysalygynda in kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý etse we öwretse, ol Gögün Patysalygynda uly saýylar. 20 Çünki Men size aýdýaryn: dogrulygynyz kanunçylarynky bilen fariseýlerinkiden artyk bolmasa, Gögün Patysalygyna asla girmersiniz».

Gahar we jenaýat

21 Siz gadymkylara: „Adam öldürme, kim adam öldürse, höküme sezewar bolar" diýlenini esidensiniz. 22 Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna nähak gaharlanan kisi hökümine sezewar bolar. Kim öz doganyna „Raka" diýse, mejlisin hökümine sezewar bolar. Kim „Samsyk" diýse, dowzahyn oduna sezewar bolar. 23 Sonun üçin gurbanyny gurbanlyk edilýän ýere alyp baranynda, doganyn senden öýke-kinesinin bardygy ýadyna düsse, 24 gurbanyny sol ýerde, gurbanlyk edilýän ýerin önünde goý-da, gidip önürti doganyn bilen barlys, onson gelip gurbanyny bagys et. 25 Dawagärin bilen entek ýoldakan derrew ýaras, dawagärin seni kaza, kazy hem seni garawula berip, zyndana salaýmasyn. 26 Sana dogrusyny aýdýaryn, in sonky köpügi töleýänçän, ol ýerden çykmarsyn».

Zyna we talak

27 Siz: „Zyna etme" diýlenini esidensiniz. 28 Men welin size diýýärin, bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onun bilen zyna edendir. 29 Sag gözün senin günä etmegine sebäp bolsa, ony oýup çykar-da tasla, sana bir synan ýok bolmagy bütin göwrän dowzaha zynylmagyndan gowudyr. 30 Sag elin senin günä etmegine sebäp bolsa, ony kes-de tasla, sana bir synan ýok bolmagy bütin göwrän dowzaha gitmeginden gowudyr. 31 Seýle hem, „Kim aýalyny goýberse, ona talak hatyny bersin" diýlendir. 32 Men welin size diýýärin, zynadan basga sebäp bilen aýalyny aýyran adam onun zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylan aýala öýlenen-de zyna edýändir». Ant içmek 33 Siz ýene-de gadymkylara: „Ýalan ýere ant içme, antlaryny Rebbin önünde berjaý et" diýlenini esidensiniz. 34 Men welin size asla ant içmän diýýärin ? Gökden ant içme, çünki ol Hudaýyn tagtydyr. 35 Ýerden ant içme, çünki ol Onun aýaklarynyn basgançagydyr. Iýerusalimden ant içme, çünki ol beýik Patysanyn säheridir. 36 Öz basyndan hem ant içme, sebäbi sen onun bir gylyny-da ak ýa gara edip bilýän dälsin. 37 Sizin ? „Hawa" diýen sözüniz „Hawa", „Ýok" diýeniniz „Ýok" bolsun. Mundan artygy iblisdendir».

Göze göz, dise dis

38 Siz: „Göze ? göz, dise ? dis" diýlenini esidensiniz. 39 Men welin size diýýärin, ýamana garsy durma. Gaýta, kim senin sag ýanagyna ursa, ol ýanagyny-da ona öwür. 40 Senin bilen dawalasyp köýnegini aljak bolýana donuny-da ber. 41 Kim seni özi bilen bir çakrym ýol ýöremäge mejbur etse, onun bilen iki çakrym ýol ýöre. 42 Sana dileg salana ber, karz dilejek bolýandan ýüzüni öwürme».

Dusmanlarynyzy söýün

43 Siz: „Gonsyny söý, dusmanyny ýigren" diýlenini hem esidensiniz. 44 Men welin size diýýärin, Gökdäki Atanyzyn ogullary bolar ýaly, dusmanlarynyzy söýün, özünize gargaýanlara alkys okan, ýigrenýänlere ýagsylyk edin, size zulum edýänler, sizi yzarlaýanlar üçin doga edin. 45 Çünki Gökdäki Atanyz Öz Gününi ýamanlaryn hem, ýagsylaryn hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyn hem, egrilerin hem üstüne ýagdyrýar. 46 Siz özünizi söýýänleri söýýän bolsanyz, onda näme sylagynyz bolar? Salgyt ýygnaýanlar-da seýle etmeýärmi? 47 Dine öz gardaslarynyza salam berýän bolsanyz, onda, näme artykmaç is edýärsiniz? Milletler-de seýle etmeýärmi? 48 Seýlelikde, Gökdäki Atanyzyn kämil bolsy ýaly, siz-de kämil bolun».

Garyplara ýardam

6:1 Sak bolun, etjek dogry islerinizi göz üçin adamlaryn önünde etmän, ýogsa, Gökdäki Atanyzdan aljak sylagynyz bolmaz. 2 Sonun üçin, sadaka bereninde ikiýüzli adamlaryn il arasynda taryplanjak bolup, sinagogalarda, köçelerde edisi ýaly, önünde surnaý çaldyrma. Size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar. 3 Sadakan gizlin bolar ýaly, bereninde sag elin näme edýänini sol elin bilmesin. Gizlinlikde edileni görýän Atan sana ony açyk gaýtaryp berer».

Doga

5 Doga edeninde ikiýüzlüler ýaly bolma, çünki olar göz üçin sinagogalarda, köçe burçlarynda durup doga etmegi halaýarlar. Men size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar. 6 Emma sen doga edeninde, öz otagyna girip, gapyny ýap-da, gizlinlikdäki Atana doga et. Gizlinlikde edileni görýän Atan sana ony açyk gaýtaryp berer. 7 Siz doga edeninizde milletler ýaly, bos sözleri gaýtalap durman, çünki olar köp sözlemek bilen esidileris öýdýärler. 8 Olar ýaly bolman, çünki Atanyz size nämelerin gerekdigini, Ondan dilemänkäniz bilýändir. 9 Sonun üçin, seýle doga edin: „Eý, Gökdäki Atamyz! Adyn mukaddes bolsun. 10 Patysalygyn gelsin. Gökde bolsy ýaly, Ýerde-de Senin islegin amala assyn. 11 Gündelik çöregimizi Bize su gün ber. 12 Bize ýamanlyk edýänlerin ýazyklaryny $geçisimiz ýaly, Sen-de bizin ýazyklarymyzy geç. 13 Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et. Çünki patysalyk, gudrat we söhrat Ebedilik Seninkidir. Omyn". 14 Siz adamlaryn ýazyklaryny bagyslasanyz, Gökdäki Atanyz hem sizin ýazyklarynyzy bagyslar. 15 Adamlaryn ýazyklaryny bagyslamasanyz, Atanyz hem sizin ýazyklarynyzy bagyslamaz».

Oraza

16 Oraza tutanynyzda ikiýüzlüler ýaly ýüzünizi çytman, çünki olar adamlara oraza tutýanyny görkezjek bolup, ýüzlerini çytýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar. 17 Emma sen oraza tutanynda adamlara däl-de, gizlinlikdäki Atana oraza tutýanyny görkezer ýaly, basyna ýag çal, ýüzüni ýuw. Gizlinlikde edileni görýän Atan sana ony açyk gaýtaryp berer».

Gökdäki hazynalar

19 Ýer ýüzünde özünize hazyna ýygnaman, bu ýerde güýe bilen pos iýýändir, bu ýere ogrular girip ogurlaýandyr. 20 Özünize Gökde hazyna ýygnan, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr. 21 Hazynanyz nirede bolsa, ýüreginiz hem sol ýerde bolar. 22 Bedenin çyrasy gözdür. Gözün sag bolsa, bütin bedenin hem ýagty bolar. 23 Gözün sikesli bolsa, bütin bedenin garanky bolar. Seýlelik bilen, eger sendäki ysyk garanky bolsa, ol garanky nähili goýy bolar! 24 Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez, çünki ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz-de hem Hudaýa, hem-de mammona hyzmat edip bilmersiniz».

Gaýgy etmän

25 Munun üçin size diýýärin, näme iýip, näme içerin diýip, janynyzy, näme geýerin diýip, teninizi gaýgy etmän. Jan iýmitden, ten egin-esikden ýokary dälmidir? 26 Gögün guslaryna seredin, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara üýsürýärler. Gökdäki Atanyz onda-da olary iýmitlendirýär. Siz olardan gymmatly dälmisiniz? 27 Sizin haýsy biriniz alada edip, öz boýunyzy tirsek boýy artdyryp bilýärsiniz? 28 Näme üçin egin-esik hakda gaýgy edýärsiniz? Meýdan liliýalarynyn ösüsine seredin: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. 29 Emma size diýýärin, Süleýman hem özünin bütin san-söhratynda bularyn biri ýaly-da geýinmändi. 30 Ýöne su gün bolup, ertir ojaga taslanýan meýdan otuny Hudaý seýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar? 31 Sona görä, „Näme iýeris?", „Näme içeris?", „Näme geýeris?" diýip, gaýgy etmän. 32 Bütin bu zatlary basga milletler agtarýarlar, ýöne Gökdäki Atanyz bu zatlaryn barynyn size gerekdigini bilýär. 33 Siz önürti Hudaýyn Patysalygyny, Onun dogrulygyny agtaryn, sonda bu zatlar hem size onun üstüne gosulyp berler. 34 Sonun üçin, ertiri gaýgy etmän, çünki ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günün derdi özüne ýeterlikdir».

Basgalaryn üstünden höküm çykarman

7:1 Üstünizden höküm çykarylmaz ýaly, basgalaryn üstünden höküm çykarman. 2 Çünki nähili höküm çykarsanyz, sizin-de üstünizden sonun ýaly höküm çykarylar; haýsy ölçeg bilen ölçeseniz, size-de sol ölçeg bilen ölçeler. 3 Näme üçin sen doganynyn gözündäki çöpi görýärsin-de, öz gözündäki agajy saýgarmaýarsyn? 4 Ýa-da öz gözünde agaç barka, doganyna nädip: „Gel, gözündäki çöpi çykaraýyn" diýjek? 5 Eý ikiýüzli, ilki öz gözünden agajy çykar, onson doganyn gözünden çöpi çykarmak üçin onat saýgararsyn. 6 Mukaddes zady itlere bermän, dürdänelerinizi donuzlaryn önüne taslaman, olary aýaklary bilen depeläp, öwrülip, sizi tike-tike edäýmesinler».

Hudaýdan dilän

7 Dilän, size berler; agtaryn, taparsynyz; gapyny kakyn, size açylar. 8 Çünki dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar. 9 Sizden haýsy adam ogly çörek dilände, ona das berer? 10 Ýa balyk dilände, ona ýylan berer? 11 Seýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlarynyza onat sylaglar bermegi bilýän bolsanyz, onda Gökdäki Atanyz Özünden dilänlere has-da köp onat zatlar berer! 12 Sona görä, adamlaryn özünize näme etmegini isleýän bolsanyz, siz hem olara sony edin, çünki kanun we pygamberler ýazgylarynyn özeni sudur».

Dar gapy, gin gapy

13 Dar gapydan girin, çünki heläkçilige getirýän gapy gin, ýol inli, ol gapydan girýänler köpdür. 14 Ýöne ýasaýsa getirýän gapy dar, ýol insiz, ony tapýanlar azdyr».

Agaç we onun miwesi

15 Ýalan pygamberlerden ägä bolun. Olar sizin ýanynyza goýun derisine girip gelerler, emma içi ýyrtyjy möjekdirler. 16 Siz olary miwelerinden tanarsynyz. Tikenden üzüm ýa gyzgandan injir ýygylýarmy? 17 Sonun ýaly-da her bir onat agaç onat miwe berýändir, erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir. 18 Onat agaç erbet miwe berip bilmez, erbet agaç-da onat miwe berip bilmez. 19 Onat miwe bermeýän her bir agaç kesilip, oda taslanýandyr. 20 Seýlelik bilen, ýalan pygamberleri miwelerinden tanarsynyz. 21 Mana: „Ýa Reb! Ýa Reb!" diýen her bir adam Gögün Patysalygyna girmez, dine Gökdäki Atamyn islegini berjaý eden girer. 22 Sol günde köpler Mana: „Ýa Reb, ýa Reb, biz senin adyn bilen welilik etmedikmi? Senin adyn bilen jynlary kowmadykmy? Senin adyn bilen köp mugjyzalar etmedikmi?" diýerler. 23 Sonda Men olara: „Eý betkärler, Men sizi asla tanamaýaryn, ýanymdan aýrylyn!" diýip, açyk aýdaryn».

Iki bina

24 Seýlelikde, Men bu sözlerimi esidip, olary berjaý edýän kisini öýüni gaýanyn üstünde salan akylly adama menzedýärin. 25 Ýagys ýagyp siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, çünki ol gaýanyn üstünde gurlupdy. 26 Menin bu sözlerimi esidip, olary berjaý etmedik kisi öýüni çägänin üstünde salan akmak adam ýaly bolar. 27 Ýagys ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy; öý ýykyldy, onun ýykylysy hem gorkunç boldy». 28 Isa bu sözleri aýdyp bolanyndan son, märeke Onun taglymatyna haýran galdy. 29 Çünki Isa olara kanunçylar ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly bolup sapak berýärdi».

Isa heýwere kesellini sagaldýar

8:1 Isa dagdan inende, uly märeke Onun yzyna eýerdi. 2 Ine, heýwere keselli bir adam gelip: «Ýa Reb, eger islesen, meni tämiz edip bilersin» diýip, Ona sežde etdi. 3 Isa hem elini uzadyp, ona degirdi-de: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Ol hem sol bada heýwere keselinden tämiz boldy. 4 Isa ona seýle diýdi: «Ägä bol, muny hiç kime aýtma, ýöne git-de, özüni ruhana görkez, hemmelere güwälik bolar ýaly, Musanyn tabsyran gurbanyny bagys et». Ýüzbasynyn imany 5 Isa Kapernauma girende, bir ýüzbasy Onun ýanyna gelip: 6 «Reb, menin hyzmatkärim öýde ysmaz bolup ýatyr, gaty yza çekýär» diýip, Ona ýalbardy. 7 Isa ona: «Baryp, ony sagaldaryn» diýdi. 8 Ýüzbasy seýle jogap berdi: «Ýa Reb, Senin öýüme gelmegine men mynasyp däl, dine birje söz aýt, hyzmatkärim sagalar. 9 Çünki men-de bir gol astyndaky adam, menin gol astymda hem esgerler bar. Birine „Git" diýsem, gidýär, ýene birine „Gel" diýsem, gelýär, hyzmatkärime „Suny et" diýsem, edýär». 10 Isa muny esidende haýran galdy, yzyna düsüp gelýänlere seýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem beýle imany hiç kimde göremok. 11 Size diýýärin, gündogardan, günbatardan köp adamlar gelip, Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen birlikde Gögün Patysalygynda oturarlar. 12 Patysalygyn mirasçylary bolsa dasaryk garankylyga taslanar, ol ýerde agy we dis gyjama bolar». 13 Isa ýüzbasa: «Git, sana iman edisin ýaly bolsun» diýdi. Onun hyzmatkäri sol sagadyn özünde sagaldy.

Isa köp syrkawlary sagaldýar

14 Isa Petrusyn öýüne baranda, onun gaýynenesinin gyzzyrma tutup ýatanyny gördi. 15 Onun eline elini degirdi. Sol bada aýalyn gyzzyrmasy aýryldy, turup, Isa hyzmat etmäge durdy. 16 Agsam düsende, jyn-arwah uran köp adamlary Onun ýanyna getirdiler. Ol hem bir söz bilen erbet ruhlary çykardy, syrkawlaryn hemmesini sagaltdy. 17 Bularyn hemmesi Isaýa pygamber arkaly aýdylan su sözün ýerine ýetmegi üçin boldy: «Bizin ejizliklerimizi Öz üstüne aldy, syrkawlyklarymyzy Öz gerdeninde çekdi».

Isanyn yzyna eýermek

18 Isa töweregindäki uly märekäni görüp, beýleki kenara geçmekligi buýurdy. 19 Sol wagt bir kanunçy gelip, Ona: «Mugallym! Sen nirä gitsen, men-de Senin yzyna düsjek» diýdi. 20 Isa ona: «Tilkilerin süreni, Gök guslarynyn höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyn basyny ýassyga goýara-da ýeri ýokdur» diýdi. 21 Basga bir sägirdi Isa: «Ýa Reb! Rugsat et, önürti gidip kakamy jaýlaýyn» diýdi. 22 Emma Isa ona: «Menin yzyma düs, goý, ölüler öz ölülerini jaýlasynlar» diýdi.

Isa tupany ýatyrýar

23 Isa gaýyga münende, sägirtleri Onun yzyna eýerdiler. 24 Onson kölde bir uly tupan turup, gaýyk tolkunlara büreldi. Isa bolsa ýatyrdy. 25 Sägirtleri baryp, Ony oýaryp: «Bizi halas et, ýa Reb, heläk bolup barýarys» diýdiler. 26 Isa olara: «Eý, imany azlar, näme üçin gorkýarsynyz?» diýdi. Ol turup, ýele, köle käýänson, imi-salalyk boldy. 27 Hemmeler: «Bu nähili adam, ýel-de, köl-de Onun sözüne gulak asýar!» diýip genirgenisdiler.

Isa jynlary çykarýar

28 Isa beýleki kenara ? gadaralylaryn ýurduna baranda, Ona mazardan çykan iki sany jynly adam gabat geldi. Bular gaty howpludy, hiç kim bu ýoldan geçip bilmezdi. 29 Olar: «Eý Hudaýyn Ogly Isa, bizin bilen näme isin bar? Bu ýere wagtyndan ön bizi gynamaga geldinmi?» diýip gygyrysdylar. 30 Olardan uzagrakda otlap ýören bir donuz sürüsi bardy. 31 Jynlar Isa: «Bizi kowjak bolsan, donuz sürüsine gönder» diýip ýalbardylar. 32 Isa hem olara: «Gidin» diýdi. Olar hem çykyp donuzlara girdiler. Onson tutus süri uçutdan kölün içine paýyrdasyp, suwda gark boldy. 33 Çopanlar bolsa sähere gaçyp gelip, ähli zady, jynlylaryn basyna düsen isi hem habar berdiler. 34 Onson bütin säher Isany garsylamaga çykdy we Ony görenlerinde, ülkelerini terk etmegi üçin, Ona ýalbardylar.

Bir ysmazyn sagaldylysy

9:1 Isa gaýyga mündi-de, beýleki kenara geçip, öz säherine geldi. 2 Ine, Onun ýanyna düsekde ýatan bir ysmazy getirdiler. Isa olaryn imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, batyr bol, senin günälerin ötüldi» diýdi. 3 Sonda kanunçylardan käbirleri öz içlerinden: «Bu adam Hudaýa dil ýetirýär» diýdiler. 4 Emma Isa olaryn pikirlerini bilip, seýle diýdi: «Näme üçin göwnünize erbet pikirler getirýärsiniz? 5 Haýsysy ansat: „Günälerin ötüldi" diýmekmi ýa-da „Tur, ýöre" diýmek? 6 Emma siz Ynsan Oglunyn ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyn bardygyny biler ýaly...» diýdi-de, ysmaz bolan adama: «Tur, düsegini al-da, öýüne git» diýdi. 7 Ol-da turup, öýüne gitdi. 8 Märeke muny görüp haýran galdy. Olar adama beýle ygtyýar beren Hudaýy söhratlandyrdylar.

Mattanyn sägirtlere gosulysy

9 Isa sol ýerden geçip barýarka, Matta atly bir adamyn salgythanada oturanyny görüp, ona: «Menin yzyma düs» diýdi. Ol hem turup, Onun yzyna düsdi. 10 Isa öýde saçak basynda otyrka, ine, köp salgytçylar, günäkärler gelip, Isa we Onun sägirtlerinin ýanynda oturdylar. 11 Fariseýler muny görüp, Onun segirtlerinden: «Näme üçin sizin Mugallymynyz salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar. 12 Isa muny esidip, seýle diýdi: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir. 13 Ýöne siz gidin-de: „Men gurban däl-de, rehimdarlyk isleýärin" diýen sözün manysyny öwrenin, çünki Men dogry adamlary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim». Oraza barada sorag 14 Onson Ýahýanyn sägirtleri Isanyn ýanyna gelip, seýle diýdiler: «Näme üçin biz we fariseýler oraza tutýarys-da, Senin sägirtlerin oraza tutmaýarlar?» 15 Isa olara seýle jogap berdi: «Giýew ýanlaryndaka, toýa çagyrylanlar ýas tutup bilermi? Ýöne giýewin olardan alynjak günleri geler, sonda olar oraza tutarlar. 16 Hiç kim köne esige täze matadan ýama salmaz, çünki salnan ýama köne esikden gopup, ýyrtyk has erbet bolar. 17 Sonun ýaly, täze serap-da köne mesiklere guýulmaz. Seýle edilse, mesikler ýarylyp, serap döküler, mesikler hem zaýalanar. Täze serap täze mesiklere guýulýandyr, seýlelikde, ikisi hem aýawly saklanýandyr».

Direlen gyz, sagaldylan aýal

18 Bu zatlary olara aýdyp durka, ine, bir sinagoga baslygy geldi, Onun aýagyna ýykylyp: «Menin gyzym ýanyja öldi. Muna garamazdan, gel-de, elini onun üstünde goý, ol direler» diýdi. 19 Isa turup, sägirtleri bilen bile onun yzyna düsüp gitdi. 20 Ine, on iki ýyldan bäri gan akma keselinden ezet çekýän bir aýal Isanyn ýensesinden gelip, Onun geýiminin syýyna elini degirdi. 21 Çünki ol aýal öz içinden: «Dine geýimine-de elimi degirsem, sagalaryn» diýýärdi. 22 Isa-da yzyna öwrülip, ony gördi-de: «Batyr bol, gyzym, imanyn sana sypa berdi» diýdi. Aýal sol sagadyn özünde sagaldy. 23 Isa baslygyn öýüne gelende, tüýdükçileri, galmagal edisip duran märekäni görüp, 24 olara: «Aýrylyn, gyz ölenok, dine uklap ýatyr» diýdi. Olar Isa gülüsdiler. 25 Märeke dasaryk çykarylanda, Isa içerik girip, gyzyn elinden tutdy, gyz hem aýaga galdy. 26 Bu habar ol ýurdun ähli ýerine ýaýrady. Iki kör bilen bir lalyn sagaldylysy 27 Isa ol ýerden gelýärkä, iki sany kör adam Onun yzyna düsüp: «Bize rehim et, eý Dawut Ogly» diýip gygyrysdylar. 28 Isa öýe girende, körler Onun ýanyna geldiler. Isa olara: «Menin bu isi basarjagyma ynanýarsynyzmy?» diýdi. Olar hem Ona: «Hawa, ýa Reb» diýdiler. 29 Onson Isa olaryn gözlerine elini degrip: «Size imanynyza görä bolsun» diýdi. 30 Olaryn hem gözleri açyldy. Isa: «Ägä bolun, muny hiç kim bilmesin» diýip, olara berk tabsyrdy. 31 Emma olar çykan batlaryna, Onun at-owazasyny ýurdun ähli ýerine ýaýratdylar. 32 Olar çykyp barýarka, ine, jyn uran bir lal adamy Onun ýanyna getirdiler. 33 Jyn kowlandan son, lal adam geplemäge baslady. Märeke gen galyp: «Ysraýylda hiç haçan beýle zat görlen däldir» diýisdiler. 34 Emma fariseýler: «Ol jynlary jynlaryn hany arkaly kowup çykarýar» diýisdiler.

Hasyl bol, isgär az

35 Isa säherme-säher, obama-oba aýlanyp, olaryn sinagogalarynda sapak bererdi, Patysalygyn Hos Habaryny wagyz edip, her syrkawlygy, her hassalygy bejererdi. 36 Isa märekäni görüp, olara haýpy geldi, çünki olar çopansyz goýunlar ýaly pytrannydy, alaçsyzdy. 37 Sonda, Isa sägirtlerine seýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne isçi az. 38 Munun üçin, Öz hasylyny ýygmaga isçi iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryn».

Isa on iki resulyny il arasyna iberýär

10:1 Isa on iki sägirdini ýanyna çagyryp, olara al-arwahy kowmaga, her hili syrkawlygy, her hili hassalygy bejermäge ygtyýar berdi. 2 On iki resulyn atlary sular: birinjisi Petrus diýlen Simun we dogany Andreas, Zebedeýin ogly Ýakup we dogany Ýahýa, 3 Filipus, Bartolomeus, Tomas we salgytçy Matta, Alfeusyn ogly Ýakup we Taddeus lakamly Lebbeus, 4 Watançy Simun we Isa haýynlyk eden Iuda Iskariot. 5 Isa bu Onkileri ýollap, olara seýle buýruk berdi: «Özge milletlere degisli ýerlere gitmän, samariýalylaryn säherlerinin hiç birine barman, 6 Ysraýyl öýünin ýiten goýunlarynyn ýanyna baryn. 7 Barýarkanyz Gögün Patysalygynyn golaýlandygyny wagyz edin. 8 Syrkawlary sagaldyn, heýwere kesellileri tämiz edin, ölüleri direldin, jynlary çykaryn. Mugt aldynyz, mugt berin. 9 Gusagynyzda ne altyn, ne kümüs, ne-de mis saklan. 10 Ýol üçin ne torba, ne-de iki köýnek, ne çaryk, ne-de taýak alyn. Çünki isgär öz azygyna mynasypdyr. 11 Haýsy sähere ýa oba barsanyz, ol ýerde kimin mynasypdygyny sorap-idän-de, gaýdýançanyz sol ýerde bolun. 12 Bir öýe gireninizde, sol öýe salam berin. 13 Öýdäkiler salama mynasyp bolsa, salamynyz olaryn üstüne geler. Öýdäkiler mynasyp bolmasa, salamynyz özünize döner. 14 Kim sizi kabul etmese, sözlerinizi dinlemese, ol öýden ýa säherden çykyp barýarkanyz aýaklarynyzyn tozanyny kakyn. 15 Size dogrusyny aýdýaryn, magsar güni Sodom we Gomorra säherlerinin ýagdaýy ol säherin ýagdaýyndan has ýenil bolar».

Geljek musakgatlar

16 Ine, Men sizi möjeklerin arasyna goýunlar ýaly ýollaýaryn, sonun üçin ýylanlar ýaly akylly, kepderi ýaly sada bolun. 17 Adamlardan ägä bolun, çünki olar sizi mejlislere tabsyrarlar, sinagogalarynda ýenjerler. 18 Siz olara we milletlere güwälik bolar ýaly, Men sebäpli hökümdarlaryn, patysalaryn huzuryna eltilersiniz. 19 Ýöne olar sizi eltip tabsyranlarynda, nähili ýa näme diýjeginizi gaýgy etmän, çünki näme diýilmelidigi sol sagatda size berler. 20 Çünki gepleýän siz däl-de, siz arkaly gepleýän Atanyzyn Ruhudyr. 21 Dogan dogany, ata çagasyny ölüme tabsyrar, çagalar hem ata-enelerine bas göterip, olary öldürderler. 22 Menin adym sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma sonuna çenli çydan halas bolar. 23 Sizi bir säherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyn. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyn ähli säherlerine asla aýlanyp bilmersiniz. 24 Sägirt öz mugallymyndan, gul öz agasyndan ýokary däldir. 25 Sägirde öz mugallymy ýaly, gula öz agasy ýaly bolmak ýeterlikdir. Öý eýesine Beýelzebul diýen bolsalar, onun içerisindäkilere ondan hem beter diýerler».

Kimden gorkmaly

26 Sonun üçin olardan gorkman. Çünki üsti açylmajak ýapyk zat, bilinmejek gizlin zat ýokdur. 27 Garankylykda size näme aýtsam, sony ýagtylykda aýdyn. Gulagynyza çakylan çawusy tamlaryn üstünden yglan edin. 28 Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkman, eýsem, dowzahda hem teni, hem jany ýok etmäge gudraty bar bolan Hudaýdan gorkun. 29 Iki serçe bir köpüge satylmaýarmy? Muna garamazdan, Atanyzdan rugsatsyz olaryn biri-de ýere gaçýan däldir. 30 Sizin basynyzyn saçlary hem bütinleý sanalgydyr. 31 Munun üçin gorkman, siz köp serçelerden gymmatlysynyz. 32 Kim meni ynsanlaryn önünde ykrar etse, Men-de ony Gökdäki Atamyn önünde ykrar ederin. 33 Kim-de Meni adamlaryn önünde inkär etse, Men-de ony Gökdäki Atamyn önünde inkär ederin».

Parahatlyk däl-de, gylyç getirdim

34 Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýtmän. Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim. 35 Çünki Men ogly atasyndan, gyzy enesinden, gelni gaýyn enesinden aýyrmaga geldim. 36 Adamyn dusmany öz içerisindäkiler bolar. 37 Atasyny, enesini Menden artyk söýen Mana mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Mana mynasyp däldir. 38 Öz haçyny alyp, Menin yzyma düsmedik hem Mana mynasyp däldir. 39 Janyny goran ony ýitirer. Menin ugrumda janyny ýitiren ony gorar. 40 Sizi kabul eden Meni kabul eder, Meni kabul eden hem Meni Ýollany kabul eder. 41 Kim bir pygamberi pygamberligi üçin kabul etse, pygamberin sylagyny alar. Bir dogry adamy dogrulygy üçin kabul eden dogry adamyn sylagyny alar. 42 Kim su kiçilerin birine sägirtligi üçin, içmäge dine bir käse sowuk suw berse hem, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».

Isa we Ýahýa

11:1 Isa on iki sägirdine öwüt-nesihat berip bolanyndan son, ol ýerden olaryn säherlerine sapak bermäge, wagyz etmäge gitdi. 2 Ýahýa hem Mesihin islerini zyndanda esidip, sägirtlerini iberdi. 3 «Sen sol geljek Mesihmi ýa-da biz basga birine garasmalymy?» diýip, olara soratdy. 4 Isa seýle jogap berdi: «Gidin-de, görüp-esidenlerinizi Ýahýa habar berin. 5 Körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler esidýär, ölüler direlýär, garyplara Hos Habar wagyz edilýär. 6 Men sebäpli büdremedik bagtlydyr». 7 Olar gidende, Isa Ýahýa hakda halaýyga gürrün bermäge durdy: «Çöle näme görmäge gitdiniz? Ýelin yraýan gamsynymy? 8 Eýsem, näme görmäge gitdiniz? Nepis esikler geýnen bir adamymy? Nepis esikler geýnenler patysalaryn kösklerindedir. 9 Eýsem, näme görmäge gitdiniz? Bir pygamberimi? Hawa, size aýdýaryn, ol pygamberden hem artykdyr. 10 Ol hakda: „Ine, Men Öz habarçymy Senin önünden iberýärin, ol önden gidip, Senin ýoluny taýýarlar" diýip ýazylan soldur. 11 Size dogrusyny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryn arasynda Çokundyryjy Ýahýadan ulusy bolan däldir, ýöne Hudaýyn Patysalygynda in kiçi hem ondan uludyr. 12 Çokundyryjy Ýahýanyn günlerinden tä su wagta çenli Gögün Patysalygy güýç-gaýrat bilen gazanylýar, ony güýç-gaýratlylar ele salýarlar. 13 Bütin pygamberler we kanun Ýahýa çenli welilik etdi. 14 Ony kabul etmek isleýän bolsanyz, gelmegine garasylýan Ylýas oldur. 15 Gulagy barlar esitsin! 16 Men bu nesli kime menzedeýin? Olar bazar ýerinde oturyp, öz ýoldaslaryna: 17 „Size tüýdük çaldyk, tans etmediniz; agy etdik, aglamadynyz" diýip gygyrýan çagalara menzeýärler. 18 Çünki Ýahýa geldi, ol iýenogam, içenogam. Olar bolsa, onun jyny bar diýýärler. 19 Ynsan Ogly geldi, hem iýýär, hem içýär we olar: „Ine, horan, arakhor, salgytçy we günäkärlerin dosty" diýýärler. Ýöne akyldarlyk öz isleri bilen tassyklanar».

Toba etmedik säherler

20 Onson, Isa mugjyzalarynyn köp ýüze çykan säherlerine käýemäge durdy, çünki olar toba etmändiler. 21 Waý sana, eý Horazin! Waý sana, eý Beýtsaýda! Sizde ýüze çykan mugjyzalar Sur we Saýdada ýüze çykan bolsady, onda, olar eýýäm jul hem külün içinde toba ederdiler. 22 Men size diýýärin, magsar güni Sur we Saýdanyn ýagdaýy sizin ýagdaýynyzdan has ýenil bolar. 23 Eý, arsa göterilen Kapernaum! Sen dowzaha çenli asak taslanarsyn, çünki sende ýüze çykan mugjyzalar Sodomda ýüze çykan bolsady, onda ol su güne çenli galardy. 24 Sana diýýärin, magsar güni Sodomyn ýagdaýy senin ýagdaýyndan has ýenil bolar».

Agyr ýüklüleri çagyrys

25 Sol wagt Isa sözüni dowam edip diýdi: «Sana sükür edýärin, eý, Ýerin-Gögün Rebbi Atam! Çünki Sen bu zatlary akyldarlardan, düsünjelilerden gizläp, su kiçijik çagalara aýan etdin. 26 Hawa, eý Atam, Senin islegin seýledi. 27 Atam ähli zady Mana tabsyrdy. Ogly Atadan basga hiç kim tanaýan däldir, Atany-da Oguldan we Oglun äsgär etmek isleýän adamlaryndan basga hiç kim tanaýan däldir. 28 Eý argynlar, agyr ýüklüler, Menin ýanyma gelin, Men size dynçlyk bereýin. 29 Menin boýuntyrygymy dakynyn-da, Menden öwrenin, çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlarynyz dynçlyk tapar. 30 Çünki Menin boýuntyrygym ýumsakdyr, ýüküm ýenildir».

Sabat güni barada sorag

12:1 Sol wagtlarda Isa bir Sabat güni bugdaýlygyn arasyndan geçip barýardy. Sägirtleri ajygyp, bugdaý baslaryny ýolup iýmäge basladylar. 2 Muny gören fariseýler Ona: «Ine, Senin sägirtlerin Sabat güni etmesiz zady edýärler» diýdiler. 3 Isa olara seýle diýdi: «Siz özi we ýanyndakylar aç galanlarynda, Dawudyn näme edenini okamadynyzmy? 4 Ol Hudaýyn öýüne baryp, Hudaýa hödürlenip goýlan çöreklerden iýdi. Bu bolsa ona-da, ýanyndakylara-da gadagandy, dine ruhanylara gadagan däldi. 5 Ýa-da ybadathanada Sabat gününin kadalaryny bozsalar-da, ruhanylaryn ýazyksyz bolýandyklary hakda Mukaddes Kanundan okamadynyzmy? 6 Men size diýýärin, bu ýerde ybadathanadan-da uly Biri bar. 7 Siz „Men gurban däl-de, rehimdarlyk isleýärin" diýen sözün manysyny bilsediniz, ýazyksyzlara höküm etmezdiniz. 8 Çünki Ynsan Ogly Sabat gününin hem Rebbidir». 9 Isa ol ýerden gitdi, olaryn sinagogasyna bardy. 10 Ine, ol ýerde eli gurap inçelen bir adam bardy. Isany aýyplajak bolup, Ondan: «Sabat güni sypa etmek bolarmy?» diýip soradylar. 11 Isa olara seýle diýdi: «Sizden haýsy adam bir goýny bolup, ol-da Sabat güni çukura gaçsa, goýny alyp çykarmaz? 12 Ynsan goýundan näçe gymmatlydyr! Munun üçin Sabat güni ýagsylyk etmek bolar». 13 Onson Isa ýanky adama: «Elini uzat» diýdi. Ol hem uzatdy, eli beýlekisi ýaly sagaldy. 14 Fariseýler dasaryk çykyp, Isany nähili heläk etmelidigi barada maslahatlasdylar.

Hudaýyn saýlan guly

15 Emma Isa muny bilip, ol ýerden gitdi. Köp adamlar Onun yzyna düsdi, Isa hem olaryn hemmesini sagaltdy. 16 Özünin kimligini mälim etmesinler diýip, olara tabsyrdy. 17 Bu bolsa Isaýa pygamber arkaly aýdylan su sözün ýerine ýetmegi üçindi: 18 «Ine, Menin seçen Gulum, Söýenim, janym Ondan razydyr. Men Ruhumy Onun üstünde goýaryn, Ol hem adalaty milletlere yglan eder. 19 Ol ne çekeleser, ne gygyrar, Ne-de biri köçelerde Onun sesini esider. 20 Adalaty ýense ýetirýänçä, Epilen gamsy döwmez, Tütän peltäni söndürmez. 21 Milletler Onun adyna umyt baglarlar».

Isa we Beýelzebul

22 Onson jyn uran bir kör hem lal adamy Isanyn ýanyna getirdiler. Isa ony sagaltdy. Seýlelikde, ýanky adam hem gepledi, hem gördi. 23 Hemme halk gen galyp: «Bu Dawudyn Ogly dälmi?» diýisdiler. 24 Muny esiden fariseýler: «Bu adam dine jynlaryn hany Beýelzebul arkaly jynlary kowýar» diýdiler. 25 Emma Isa olaryn pikirlerini bilip, seýle diýdi: «Içinde bölünisik bolan islendik patysalyk, säher ýa-da öý berk durmaz. 26 Seýtan seýtany kowýan bolsa, onda içinde bölünisik bardyr, onson onun patysalygy nähili durar? 27 Men jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda sizin adamlarynyz olary kim arkaly kowýarlar? Sona görä-de, olar size kazylyk ederler. 28 Men jynlary Hudaýyn Ruhy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyn Patysalygy size-de gelendir. 29 Biri bir güýçli adamyn öýüne girip, nähili onun malyny talap biler? Önürti ony baglamaly bolar, onson öýüni talar. 30 Menin bilen bile bolmadyk Mana garsydyr, Menin bilen bile ýygmadyk dagadar. 31 Sonun üçin size suny diýýärin: ynsanlaryn her bir günäsi, her bir zada dil ýetirmesi bagyslanar, ýöne Mukaddes Ruha dil ýetirmeklik bagyslanmaz. 32 Ynsan Ogluna garsy aýdylan söz bagyslanar, ýöne Mukaddes Ruha garsy aýdylan söz bagyslanmaz. Ol su döwürde-de, geljekde-de bagyslanmaz. 33 Ýa-ha agajy-da onat, miwesini-de onat edin, ýa-da agajy-da erbet, miwesini-de erbet edin, çünki agaç miwesinden tanalýandyr. 34 Eý, alahöwrenler nesli, siz özüniz erbetkäniz, nähili onat zatlar sözläp bilersiniz? Çünki agyz ýüregin dolulygyndan sözleýändir. 35 Onat adam onat hazynasyndan onat zat çykarar, erbet adam erbet hazynasyndan erbet zat çykarar. 36 Men size diýýärin, adamlar aýdan her bir bos sözi üçin höküm gününde hasap berer. 37 Çünki siz öz sözüniz bilen aklanyp, öz sözüniz bilen höküm edilersiniz».

Ýunusyn alamaty

38 Sonda käbir kanunçylar we fariseýler Ona jogap berip: «Mugallym, biz Senden bir alamat görmek isleýäris» diýdiler. 39 Isa olara seýle jogap berdi: «Erbet, zynahor nesil bir alamat talap edýär, ýöne ona Ýunus pygamberinkiden basga alamat berilmez. 40 Çünki Ýunusyn üç gije-gündiz bir balygyn garnynda galysy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýerin bagrynda galar. 41 Ninewiýa halky magsar güni bu nesil bilen bilelikde galyp, ony höküm eder, çünki olar Ýunusyn wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem uly Biri bar. 42 Günorta tarapyn aýal patysasy magsar güni bu nesil bilen bile galyp, ony höküm eder, çünki ol Süleýmanyn pähimini dinlemek üçin, Ýerin ol ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da uly Biri bar. 43 Al-arwah adamdan çykanson, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, ýöne tapmaýar. 44 Onson: „Çykan öýüme öwrüleýin" diýip gelende, öýün bos, süpürilgi, ýerbe-ýerdigini görýär. 45 Onson gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, sol ýere baryp mesgen tutýar. Seýlelikde, ol adamyn sonky ýagdaýy önküsinden-de erbet bolýar. Bu erbet nesle-de seýle bolar».

Isanyn ejesi we doganlary

46 Isa halaýyga entek gürrün berip durka, ine, ejesi bilen doganlary Onun bilen geplesjek bolup, gelip, dasarda durdular. 47 Biri Isa: «Ejen bilen doganlaryn Senin bilen geplesjek bolup, dasarda durlar» diýdi. 48 Emma Isa muny aýdana seýle jogap berdi: «Menin ejem kim? Doganlarym kimler?» 49 Elini Öz sägirtlerine tarap uzadyp, seýle diýdi: «Ine, Menin ejem, Menin doganlarym. 50 Çünki kim Menin Gökdäki Atamyn islegini berjaý etse, sol Menin doganym, uýam we ejemdir».

Ekin tymsaly

13:1 Sol gün Isa öýden çykyp, kölün ýakasynda oturdy. 2 Onun ýanyna seýle uly märeke ýygnandy welin, Ol gaýyga münüp oturdy, bütin märeke hem kenarda durdy. 3 Isa olara tymsallar bilen köp zatlar aýtdy: «Ine, bir daýhan ekin ekmäge gitdi. 4 Ekip ýörkä, tohumlaryn birnäçesi ýolun kenaryna düsdi. Guslar-da gelip, ony iýdiler. 5 Birnäçesi topragy az daslyk ýere düsüp, tiz gögerip çykdy, çünki toprak galyn däldi. 6 Gün galanda bolsa, köklerinin ýoklugy zerarly ýanyp, gurap gitdiler. 7 Birnäçe tohum tikenlerin arasyna düsdi. Tikenler ösüp, olary basdy. 8 Birnäçe tohum bolsa gowy ýere düsüp, käbiri ýüz, käbiri altmys, käbiri hem otuz esse hasyl berdi. 9 Kimin esitmäge gulagy bar bolsa esitsin». 10 Onson sägirtler Isa: «Näme üçin olara tymsallar bilen gürrün berýärsin?» diýdiler. 11 Ol seýle jogap berdi: «Gögün Patysalygynyn syrlaryna düsünme ukyby size berildi, olara berilmedi. 12 Çünki kimde bar bolsa, ona berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, elindäki hem ondan alnar. 13 Menin olara tymsallar bilen gürrün bermegimin sebäbi su. Çünki olar gözläp görmeýärler, dinläp esitmeýärler, düsünmeýärler. 14 Isaýa pygamberin aýdan su welilik sözleri olarda ýerine ýetýär: „Gulagynyz bilen esidip, düsünmersiniz; Gözleriniz bilen gözläp, görmersiniz; 15 Çünki bu halkyn ýüregi gatady, Gulagy agraldy, Gözlerini-de ýumdular. Beýle bolmadyk bolsady, Gözleri bilen görüp, Gulaklary bilen esidip, Ýürekleri bilen düsünip, Mana tarap öwrülerdiler, Men-de olara sypa bererdim". 16 Sizin gözleriniz ne bagtly, çünki olar görýär, gulaklarynyz ne bagtly, çünki olar esidýär. 17 Size dogrusyny aýdýaryn, köp pygamberler, dogry adamlar sizin görýänlerinizi görmek islediler, ýöne görmediler, sizin esidýänlerinizi esitmek islediler, ýöne esitmediler. 18 Indi daýhan hakdaky tymsalyn manysyny dinlän: 19 Biri Hudaýyn Patysalygy hakdaky sözi esidip, ona düsünmäninde, seýtan gelip, onun ýüreginde ekileni sogrup alýar. Ýolun kenarynda ekilen budur. 20 Daslyk ýere ekilen bolsa, sözi esidip, ony derrew satlyk bilen garsylaýandyr. 21 Ýöne onda kök ýokdur, çydamsyzdyr; bu söz üçin musakgat ýa-da yzarlama bolanda, derrew ýüz dönderer. 22 Tikenler arasyna düsenler bolsa budur: ol sözi esidýär, ýöne dünýänin gaýgylary, baýlygyn aldawçylygy sözi bogýar we söz hasylsyz bolýar. 23 Gowy topraga ekilen bolsa budur: ol sözi esidip, ona düsünýär hem-de hasyl berýär, käbiri ýüz, käbiri altmys, käbiri-de otuz esse hasyl getirýär».

Hasal ot tymsaly

24 Isa olara basga bir tymsal-da aýdyp berdi: «Gögün Patysalygy öz ekin meýdanynda onat tohum eken adam ýalydyr. 25 Emma her kes ýatyrka, onun dusmany gelip, bugdaýlaryn arasyna hasal ot ekip gidýär. 26 Ekin ösüp hasyl berende, hasal ot hem peýda bolýar. 27 Öý eýesinin hyzmatkärleri onun ýanyna gelip: „Aga, sen ekin meýdanyna onat tohum sepmänmidin? Onda hasal ot nireden çykdy?" diýip, ondan soraýarlar. 28 Ol hyzmatkärlerine: „Muny bir dusman edendir" diýýär. Hyzmatkärleri: „Gidip, olary ýygmagymyzy isleýärsinmi?" diýip, ondan soraýarlar. 29 Emma ol seýle jogap berýär: „Ýok, hasal oty ýygjak bolup, gaýtam, bugdaýy köki bilen sograýman. 30 Goý, oraga çenli ikisi bile össün. Orak wagty men orakçylara ilki hasal oty ýygyn-da, desseläp ýakar ýaly edin, bugdaýy hem menin ammaryma üýsürin diýerin"».

Gorçisa tohumy we hamyrmaýa tymsaly

31 Isa olara basga bir tymsaly-da aýdyp berdi: «Gögün Patysalygy bir adamyn alyp, öz mellegine eken gorçisa tohumy ýalydyr. 32 Ol tohumlaryn in ownugydyr, ýöne öseninden son, beýleki ösümliklerden belent bolup, agaç bolýar. Seýlelikde, Gögün guslary gelip, onun sahalarynda höwürtgeleýärler». 33 Isa olara basga bir tymsaly-da aýtdy: «Gögün Patysalygy bir aýalyn alyp, bütin hamyr tursaýança, üç çanak una gosan hamyrmaýasy ýalydyr». 34 Isa bu zatlaryn baryny halaýyga tymsallar bilen aýdardy. Tymsalsyz olara hiç zat aýtmazdy. 35 Bu pygamber arkaly aýdylan su sözün ýerine ýetmegi üçindi: «Agzymy tymsallar bilen açaryn, dünýä gurlaly gizlin galan zatlary beýan ederin».

Isa hasal ot tymsalyny düsündirýär

36 Onson Isa halaýygy taslap öýe girdi. Sägirtleri Onun ýanyna gelip: «Ekin meýdanyndaky hasal otlar hakdaky tymsaly bize düsündir» diýdiler. 37 Ol seýle jogap berdi: «Onat tohumy ekýän Ynsan Ogludyr. 38 Ekin meýdany bolsa dünýädir. Onat tohum Hudaýyn Patysalygynyn ogullary, hasal otlar bolsa iblisin ogullarydyr. 39 Olary eken dusman iblisdir, orak döwrün sonudyr, orakçylar perisdelerdir. 40 Seýlelik bilen, hasal otlar nähili ýyglyp, otda ýakylýan bolsa, bu döwrün sonunda hem seýle bolar. 41 Ynsan Ogly Öz perisdelerini iberer, olar-da günä sebäpkär bolýan ähli zatlary, nähak is edýänleri Onun Patysalygyndan ýygnap, 42 küränin oduna taslarlar. Ol ýerde agy we dis gyjama bolar. 43 Onson dogry adamlar Gökdäki Atalarynyn Patysalygynda Gün kimin parlar. Gulagy barlar esitsin».

Gizlin hazyna we dürdäne tymsaly

44 Gögün Patysalygy bir ekin meýdanynda gizlengi hazyna ýalydyr. Bir adam ony tapyp, gaýtadan gizleýär we begenip baryp, ähli zadyny satýar-da, ýanky ekin meýdanyny satyn alýar. 45 Ýene, Gögün Patysalygy owadan dürdäne agtaran täjir ýalydyr. 46 Ol gymmatbaha bir dürdänäni tapýar we baryp, ähli zadyny satýar-da, ony satyn alýar».

Tor tymsaly

47 Ýene Gögün Patysalygy denze taslanyp, her hili balygy ýygnan tor ýalydyr. 48 Tor dolanda, ony kenara çekýärler-de, oturyp, onat balyklary gaplara salýarlar, erbetlerini hem taslap goýberýärler. 49 Döwrün sonunda hem seýle bolar. Perisdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp, 50 küränin oduna taslarlar. Ol ýerde agy we dis gyjama bolar». 51 Isa olara: «Bu zatlaryn baryna düsündinizmi?» diýdi. Olar hem ona: «Hawa» diýdiler. 52 Isa olara: «Seýlelik bilen, Gögün Patysalygy hakda tälim alan her bir kanunçy hazynasyndan hem täze, hem köne zatlar çykarýan öý eýesi ýalydyr» diýdi.

Isa ret edilýär

53 Isa bu tymsaly aýdyp bolandan son, ol ýerden gitdi. 54 Ol Öz ýurduna gelip, ybadathanalarynda halka seýle onat sapak berdi welin, olar gen galyp diýisdiler: «Bu Adam bu akyldarlygy, bu mugjyzalary nireden aldyka? 55 Bu neçjaryn Ogly dälmi? Ejesinin ady Merem dälmi? Doganlary Ýakup, Ýusup, Simun we Iuda dälmi? 56 Hemme aýal doganlary bizin ýanymyzda dälmi? Onda bu Adam bütin bu zatlary nireden aldyka?» 57 Ony öýke-kine bilen ret etdiler. Emma Isa olara: «Pygamber öz ýurdundan, öýünden basga ýerde gadyrsyz däldir» diýdi. 58 Isa olaryn imansyzdyklary zerarly, ol ýerde köp mugjyza etmedi.

Ýahýa pygamberin öldürilmegi

14:1 Sol wagt Isanyn owazasy tetrarh Hirodesin gulagyna ýetdi. 2 Ol öz nökerlerine: «Bu çokundyryjy Ýahýadyr. Ol ölümden direlendir. Bu mugjyzalaryn ondan çykmagynyn sebäbi seýledir» diýdi. 3 Çünki Hirodes Ýahýany tutduryp, el-aýagyny bagladyp, zyndana saldyrypdy. Ol muny öz dogany Filipusyn aýaly Hirodiýas sebäpli edipdi. 4 Çünki Ýahýa Hirodese: «Senin ony almagyn dogry däl» diýipdi. 5 Hirodes Ýahýany öldürmek isleýärdi, ýöne halkdan gorkýardy, çünki halk Ýahýany pygamber hasaplaýardy. 6 Emma Hirodes öz doglan güni mynasybetli toý tutanda, Hirodiýasyn gyzy ortada tans edip, Hirodesin göwnüni çaglady. 7 Sona görä, Hirodes gyza näme dilese, bererin diýip, ant içip, söz berdi. 8 Gyz hem ejesinin öwretmegi bilen: «Çokundyryjy Ýahýanyn basyny bir tabakda goýup, su ýerde mana ber» diýdi. 9 Patysa gamgyn boldy, ýöne myhmanlaryn ýanynda ant içenson, Ýahýanyn basynyn ona berilmegini buýurdy. 10 Adam iberip, zyndanda Ýahýanyn basyny kesdirdi. 11 Onun basy bir tabakda getirilip, gyza berildi, ol hem ejesine getirdi. 12 Ýahýanyn sägirtleri gelip, jesedi äkitdiler-de jaýladylar. Onson baryp, Isa habar berdiler.

Isa bäs mün adamy doýurýar

13 Isa muny esidende, ol ýerden ýeke Özi gaýyga münüp bir çola ýere çekildi. Halaýyk muny esidip, säherlerden çykyp, paý-pyýada Onun yzyndan gitdiler. 14 Ol gaýykdan düsende, uly märekäni görüp, olara haýpy geldi, syrkawlaryny sagaltdy. 15 Agsam düsende sägirtler Onun ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi, märekäni goýber, obalara gidip, özlerine iýmit satyn alsynlar» diýdiler. 16 Emma Isa olara: «Olara gitmegin geregi ýok, siz iýmäge zat berin» diýdi. 17 Sägirtler hem Isa: «Bizin bu ýerde bäs çörek bilen iki balykdan basga zadymyz ýok» diýdiler. 18 Ol hem: «Olary su ýere, Menin ýanyma getirin» diýdi. 19 Sonda Isa märekä otun üstünde oturmagy buýurdy. Bäs çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp sükür etdi-de, çörekleri bölüsdirip, sägirtlere berdi, sägirtler hem olary märekä paýladylar. 20 Hemmeler iýip doýdular. Artyp galan döwümleri bolsa ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. 21 Iýenler aýallardyr çagalardan basga bäs müne golaý adamdy. Isa suwun ýüzünden ýöreýär 22 Märekäni ugradyp durka, Isa sägirtlerine gaýyga münüp, Özünden ön beýleki kenara geçmegi buýurdy. 23 Märekäni ugradanyndan son, Onun ýeke Özi doga etmek üçin daga çykdy. Ol agsam düsende hem sol ýerde ýekedi. 24 Gaýyk bolsa sol wagt kölün ortasyndady, tolkunlarda eýläk-beýläk zynylýardy. 25 Gijänin dördünji nobatynda Isa kölün ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi. 26 Emma sägirtler Onun denzin ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde: «Bu bir gözümize görünýän zatdyr!» diýsip aljyradylar, gorkudan ýana gygyrysdylar. 27 Emma Isa derrew: «Batyr bolun, bu Men, gorkman» diýip, olara söz gatdy. 28 Petrus Ona jogap berip: «Ýa Reb, bu Sen bolsan, mana suwun ýüzi bilen ýanyna barmagy buýur» diýdi. 29 Isa: «Gel» diýdi. Petrus hem gaýykdan düsüp, Isanyn ýanyna barjak bolup, suwun ýüzi bilen ýöremäge baslady. 30 Emma ýelin güýjüni görüp gorkdy, ýany gark bolup ugranda: «Ýa Reb, meni halas et» diýip gygyrdy. 31 Isa derrew elini uzadyp ony tutdy-da: «Eý, az imanly adam, näme üçin sübhelendin?» diýdi. 32 Olar gaýyga münenlerinde, ýel ýatdy. 33 Gaýykdakylar: «Sen, dogrudan-da, Hudaýyn Oglusyn» diýip, Ona sežde etdiler. 34 Olar denzin anyrsyna geçip, Jenesaret ýurduna bardylar. 35 Ol ýerin adamlary Isany tanap, tutus sol töwereklere adam iberip, syrkawlaryn baryny Onun ýanyna getirdiler. 36 Olar dine geýiminin syýnyna elini degirmäge rugsat sorap, Ona ýalbardylar. El degrenlerin hemmesi-de sagaldy.

Adamy näme murdar edýär?

15:1 Onson fariseýler bilen kanunçylar Iýerusalimden Isanyn ýanyna gelip, seýle diýdiler: 2 «Näme üçin Senin sägirtlerin ata-babalaryn adatyny bozýarlar? Çünki olar nahar iýenlerinde ellerini ýuwmaýarlar». 3 Ol bulara seýle jogap berdi: «Siz näme üçin adatynyzyn hatyrasyna Hudaýyn tabsyrygyny bozýarsynyz? 4 Çünki Hudaý: „Atany, eneni syla", „Atasyna ýa enesine ýokus söz aýdan hökman öldürilsin" diýip tabsyrypdyr. 5 Ýöne siz: „Kim atasyna ýa enesine menden görjek peýdan Hudaýa pesgesdir diýse, 6 atasyny ýa enesini sylamaly däl" diýýärsiniz. Seýdip, adatynyzyn hatyrasyna Hudaýyn tabsyrygyny bozýarsynyz. 7 Eý ikiýüzlüler! Isaýa pygamber: 8 Bu halk dilinde Meni sylaýar, ýöne olaryn ýürekleri Menden uzakda. 9 Biderek ýere Mana sežde edýärler, çünki taglymat hökmünde öwredýänleri ynsan buýruklary" diýip, siz hakda onat welilik edipdir». 10 Isa märekäni ýanyna çagyryp, olara seýle diýdi: «Dinlän, düsünin! 11 Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, agyzdan çykan zat adamy murdar edýändir». 12 Onson sägirtler gelip: «Bu sözi esidenlerinde, fariseýlerin gaharynyn gelenini bilýärsinmi?» diýip, Ondan soradylar. 13 Ol seýle jogap berdi: «Gökdäki Atamyn ekmedik her ösümligi köki bilen sogrular. 14 Olara zat diýmän, olar körleri idýän körlerdir. Kör köri itse, olaryn ikisi hem guýa gaçar». 15 Petrus Ona: «Bize bu tymsaly düsündir» diýdi. 16 Isa hem seýle diýdi: «Siz henizem düsünenzokmy? 17 Agza giren her bir zadyn garna baryp, dasaryk taslanýandygyna düsünmeýärsinizmi? 18 Ýöne agyzdan çykan zatlar ýürekden çykyp, adamy murdar edýär. 19 Çünki erbet pikirler, adam öldürme, azgynlyk, zynahorlyk, ogrulyk, ýalan güwälik, sögünç ýürekden çykýar. 20 Adamy su zatlar murdar edýär, ýuwulmadyk el bilen nahar iýmek adamy murdar etmeýär».

Kenganly aýalyn imany

21 Isa ol ýerden çykyp, Sur we Saýda etrabyna çekildi. 22 Ine, sol jelagaýda bolýan bir kenganly aýal gelip: «Ýa Reb, eý Dawut Ogly, mana rehim et, jyn uranlygy sebäpli, gyzym ejir çekýär» diýdi. 23 Emma Isa ona hiç bir jogap bermedi. Sägirtleri ýanyna gelip: «Ony ugrat, çünki yzymyzdan gygyryp gelýär» diýip ýalbardylar. 24 Ol bolsa: «Men dine Ysraýyl öýünin ýitirim bolan goýunlaryna iberildim» diýip jogap berdi. 25 Emma aýal gelip, Onun önünde ýere ýykylyp: «Ýa Reb, mana kömek et» diýdi. 26 Isa: «Çagalaryn çöregini alyp, itlere zynmak dogry däldir» diýip jogap berdi. 27 Aýal: «Hawa, ýa Reb, Ýöne itler hem eýelerinin saçagyndan gaçan çörek owuntyklaryny iýýändir» diýdi. 28 Sonda Isa ona: «Eý aýal, senin imanyn uly! Sana isleýsin ýaly bolsun» diýdi. Ol aýalyn gyzy sol sagadyn özünde sagaldy.

Isa dört mün adamy doýurýar

29 Isa ol ýeri terk edip, Jelile kölünin golaýyna geldi, bir dagyn üstüne çykyp, sol ýerde oturdy. 30 Onun ýanyna bir uly märeke geldi, olaryn ýanlarynda agsaklar, körler, lallar, çolaklar we ýene-de bir topar syrkawlar bardy. Olary getirip, Isanyn önünde duruzdylar. Ol bulary sagaltdy. 31 Halk lallaryn gepleýändigini, çolaklaryn sagalandygyny, körlerin görýändigini, agsaklaryn ýöreýändigini görüp haýran galdy, Ysraýylyn Hudaýyny söhratlandyrdy. 32 Isa sägirtlerini ýanyna çagyryp, seýle diýdi: «Menin bu märekä haýpym gelýär! Bular indi üç gün bäri Menin ýanymda, iýmäge-de hiç bir zatlary ýok. Ýolda ysgyndan gaçaýmasynlar diýip, olary aç goýberesim gelenok». 33 Sägirtler Ona: «Beýle uly märekäni doýrar ýaly, bu çola ýerde biz çöregi nireden alaly?» diýdiler. 34 Isa olara: «Näçe çöreginiz bar?» diýdi. Olar: «Ýedi, birnäçe hem maýda balygymyz bar» diýdiler. 35 Isa märekä ýerde oturmagy buýurdy. 36 Ýedi çörek bilen balyklary alyp, sükür edeninden son, olary bölüsdirip, sägirtlerine berdi, sägirtleri hem olary märekä paýladylar. 37 Hemmeler iýip doýdular, artyp galan döwümleri bolsa ýygnap, ýedi sebedi doldurdylar. 38 Iýenler aýallardyr çagalardan basga dört mün adamdy. 39 Isa märekäni ugradanyndan son, gaýyga münüp, Magdala etrabyna gitdi.

Bir alamat islenýär

16:1 Fariseýler bilen saddukeýler gelip, Isany synamak üçin, Ondan özlerine Gökden bir alamat görkezmegini haýys etdiler. 2 Ol seýle jogap berdi: «Agsam bolanda siz: „Howa gowy boljak, çünki asmanyn ýüzi gyzyl" diýýärsiniz. 3 Ertir hem: „Bu gün gaý turjak, çünki asmanyn ýüzi gyzyl hem tutuk" diýýärsiniz. Siz asmanyn ýagdaýyny saýgaryp bilýärsiniz-de, döwrün alamatlaryny saýgaryp bilmeýärsinizmi? 4 Erbet we zynahor nesil bir alamat talap edýär, ýöne ona Ýunusynkydan basga alamat berilmez». Seýlelikde, Isa olary taslap gitdi.

Fariseýler bilen saddukeýlerin hamyrmaýasy

5 Sägirtleri ol tarapa geçenlerinde, çörek almagy unudan ekenler. 6 Isa olara: «Sak bolun, fariseýlerin, saddukeýlerin hamyrmaýasyndan ägä bolun» diýdi. 7 Olar bolsa özara çekisip: «Çörek almandyrys» diýisýärdiler. 8 Emma Isa muny bilip, seýle diýdi: «Eý imany azlar! Çörek almandyrys diýsip, nämä özara çekisýärsiniz? 9 Bäs mün adam üçin bäs çörege we näçe sebedi dolduryp ýygnanlygynyza entek hem düsünmeýärmisiniz, ol ýadynyza düsmeýärmi? 10 Dört mün adam üçin ýedi çörek we näçe sebedi dolduryp ýygnanlygynyz-da ýadynyza düsmeýärmi? 11 Men size: „Fariseýlerin, saddukeýlerin hamyrmaýasyndan ägä bolun" diýenimde, çörekden gürrün etmeýänligime näme üçin düsünmeýärsiniz?» 12 Sägirtler özlerine hamyrmaýa däl-de, fariseýler bilen saddukeýlerin taglymatyndan ägä bolun diýýänine sonda düsündiler.

Petrusyn Isany tanamagy

13 Isa Kaýsariýa-Filipi etrabyna gelende sägirtlerinden: «Mana ? Ynsan Ogluna adamlar kim diýýärler?» diýip sorady. 14 Olar: «Käbirleri çokundyryjy Ýahýa, käbirleri Ylýas, basgalary-da Ýeremiýa ýa pygamberlerin biri diýýärler» diýdiler. 15 Isa olara: «Siz Mana kim diýýärsiniz?» diýdi. 16 Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyn Ogly Mesihsin» diýip jogap berdi. 17 Isa Ona seýle diýdi: «Sen bagtlysyn, eý, Ýunus ogly Simun, çünki muny sana aýan eden ynsan däl-de, Gökdäki Atamdyr. 18 Men sana diýýärin, sen Petrussyn, Men ýygnagymy bu gaýanyn üstünde guraryn, dowzahyn derwezeleri ona garsy durup bilmez. 19 Gögün Patysalygynyn açarlaryny sana bererin. Ýer ýüzünde baglan her zadyn Gökde bagly bolar. Ýer ýüzünde açan her zadyn Gökde açyk bolar». 20 Onson sägirtlerine Özünin Isa Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy tabsyrdy.

Isa ölüp direljegini önünden aýdýar

21 Isa sondan beýläk sägirtlerine Özünin Iýerusalime gitmelidigini, ýasulularyn, bas ruhanylaryn we kanunçylaryn elinden görgi görmelidigini, öldürilip, üçünji güni direlmelidigini düsündirmäge baslady. 22 Petrus Ony bir çete çekip: «Ýa Reb, Hudaý saklasyn! Senin basyna asla beýle is düsmez!» diýip, Onun aýdanlaryna garsy çykdy. 23 Ol öwrülip, Petrusa: «Çekil önümden, seýtan! Sen Mana päsgel berýärsin, çünki sen Hudaý islerini däl-de, ynsan islerini oýlanýarsyn» diýdi. 24 Onson Isa sägirtlerine seýle ýüzlendi: «Kim Menin yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düssün. 25 Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim öz janyny Menin ugrumda ýitirse, ony halas eder. 26 Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp, janyny ýogaltsa, ona näme peýdasy bolar? Ýa-da adam janyna derek näme berip biler? 27 Ynsan Ogly Atasynyn söhratynda Öz perisdeleri bilen gelende, her kime eden islerine görä hakyny berer. 28 Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde duranlaryn arasynda Ynsan Oglunyn Öz Patysalygynda gelýänini görmezden ön, ölümi datmajak käbir adamlar bar».

Isanyn görnüsi üýtgeýär

17:1 Isa alty günden son, dine Petrusy, Ýakuby we onun dogany Ýahýany ýanyna alyp, olary bir beýik dagyn üstüne çykardy. 2 Olaryn gözlerinin alnynda Onun görnüsi üýtgedi, ýüzi Gün kimin parlady, egin-esigi ysyk ýaly agardy. 3 Birdenkä, olara Musa bilen Ylýas göründi. Olar Isa bilen geplesip durdular. 4 Petrus Isa seýle diýdi: «Ýa Reb! Bize bu ýerde bolmak ýakymly. Eger Sen islesen, men üç çadyr guraýyn: biri ? Sana, biri ? Musa, biri ? Ylýasa». 5 Ol entek gepläp durka, nurly bir bulut olara kölege saldy. Bulutdan seýle bir owaz geldi: «Bu Menin söýgüli Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Ony dinlän». 6 Sägirtler muny esidenlerinde, gaty gorkup, ýüzin ýykyldylar. 7 Emma Isa gelip, olara elini degrip: «Turun, gorkman» diýdi. 8 Olar gözlerini galdyranlarynda, dine Isadan basga hiç kimi görmediler. 9 Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, göreninizi hiç kime aýtman» diýip tabsyrdy. 10 Sägirtleri Ondan: «Eýse näme üçin kanunçylar önürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar. 11 Ol hem jogap berip diýdi: «Dogrudan-da, Ylýas gelip, hemme zady düzetmelidir. 12 Emma Men size aýdýaryn, Ylýas eýýäm geldi, ony tanamadylar, ona halanlaryny etdiler. Sonun ýaly, Ynsan Ogly-da olaryn elinden görgi görer». 13 Sonda sägirtler Onun özlerine Çokundyryjy Ýahýa barada gürrün berýändigine düsündiler.

Tutgaýly oglan sagalýar

14 Märekänin ýanyna baranlarynda, bir adam gelip, Isanyn önünde dyza çöküp, seýle diýdi: 15 Ýa Reb! Menin ogluma rehim et, sebäbi ol tutgaýly, köp ezet çekýär, ýygy-ýygydan özüni oda, suwa urýar. 16 Men ony Senin sägirtlerine getirdim, ýöne olar sagaldyp bilmediler». 17 Isa seýle jogap berdi: «Eý ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siz bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany su ýere Mana getirin». 18 Isa jyna käýedi, jyn hem oglandan çykdy. Oglan sol sagadyn özünde sagaldy. 19 Onson sägirtler Isanyn ýanyna gelip, öz-özlerikä Ona: «Biz näme üçin ony çykaryp bilmedik?» diýdiler. 20 Isa hem olara diýdi: «Imanynyzyn ýoklugy üçin. Men size dogrusyny aýdýaryn, bir gorçisa dänesi ýaly-da imanynyz bolup, su daga: „Bu ýerden ol ýere göç" diýseniz, ol göçer, size basartmajak zat bolmaz. 21 Bu hili jynlary doga we orazadan basga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir». 22 Jelilede gezip ýörkäler Isa olara seýle diýdi: «Ynsan Ogly ynsan eline berler. 23 Ony öldürerler, Ol üçünji güni direler». Sägirtler gaty gynandylar.

Ybadathana salgydy

24 Kapernauma gelenlerinde iki drahma ýygnaýanlar Petrusa gelip: «Sizin Mugallymynyz iki drahma bermeýärmi?» diýdiler. 25 Petrus: «Hawa, berýär» diýdi. Öýe gelende, Isa ondan önürdip: «Simun, sen näme diýýärsin? Ýer ýüzündäki patysalar gümrük ýa salgydy kimden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa kesekilerdenmi?» diýdi. 26 Petrus Ona: «Kesekilerden» diýende, Isa ona seýle diýdi: «Onda, ogullar erkindir. 27 Ýöne olary büdretmezlik üçin köle git-de, çennek tasla. Ona ilkinji ilen balygy alyp, agzyny açsan, bir tennä gözün düser. Ony al-da, Menin üçinem, özün üçinem olara ber».

In uly kim?

18:1 Sol wagt sägirtler Isanyn ýanyna gelip: «Gögün Patysalygynda in uly kim?» diýdiler. 2 Isa-da bir çagany çagyryp, ony olaryn ortasynda duruzdy-da, seýle diýdi: 3 Size dogrusyny aýdýaryn, toba edip, çagalar ýaly bolmasanyz, Gögün Patysalygyna asla girip bilmersiniz. 4 Kim özüni su çaga ýaly pes göwünli tutýan bolsa, Gögün Patysalygynda in uly soldur. 5 Kim sunun ýaly bir çagany Menin adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. 6 Kim-de Mana iman eden bu çagalardan birinin günä etmegine sebäp bolsa, boýnundan uly degirmen dasy asylyp, denzin düýbünde gark bolmak onun üçin has gowy bolar. 7 Ynsanlaryn günä etmegine sebäp bolan zatlardan ötri, waý, bu dünýänin gününe! Beýle zatlaryn gelmegi zerurdyr, ýöne bularyn gelmegine sebäp bolýan adamyn gününe waý! 8 Elin ýa aýagyn senin günä etmegine sebäp bolsa, ony kes-de, özünden tasla. Sana çolak ýa agsak bolup ýasaýsa girmek, iki elli ýa iki aýakly bolup, ebedi oda zynylmakdan gowudyr. 9 Gözün senin günä etmegine sebäp bolsa, ony oýup çykar-da tasla. Sana ýeke gözli bolup ýasaýsa girmek, iki gözli bolup dowzah oduna zynylmakdan gowudyr. 10 Bu körpelerden birini äsgermezlik etmekden gaça durun, çünki size aýdýaryn, bularyn Gökdäki perisdeleri Menin Gökde bolan Atamyn elmydam ýüzüni görýärler. 11 Ynsan Ogly ýitirim bolanlary halas etmäge gelendir». Ýiten goýun tymsaly 12 Siz näme diýýärsiniz? Bir adamyn ýüz goýny bolup, olaryn biri azassa, ol togsan dokuzyny daglarda galdyryp, azasanyn gözlegine çykmazmy? 13 Ony tapyp biläýse, size dogrusyny aýdýaryn, ol munun üçin azasmadyk togsan dokuzysyna begenenden hem gaty begener. 14 Seýlelikde, bu körpelerden birinin heläk bolmagy Gökdäki Atanyzyn islegi däldir».

Bir dogan günä etse

15 Doganyn sana garsy günä etse, bar-da, ikiçäk gürlesip, aýbyny ona aýt. Senin sözüne gulak assa, bu doganyny gazandygyndyr. 16 Sözüne gulak asmasa, her söz iki ýa üç saýadyn agzyndan tassyklanar ýaly, bir ýa iki adamy ýanyna al. 17 Olara-da gulak asmak islemese, onda ýygnaga aýt. Ona-da gulak asmak islemese, goý, ol senin üçin bir butparaz ýa-da salgytçy bolsun. 18 Size dogrusyny aýdýaryn, ýer ýüzünde danan zadynyz Gökde-de danylgy bolar. Ýer ýüzünde çözen zadynyz Gökde-de çözülgi bolar. 19 Ýene size aýdýaryn, eger sizden iki adam dilejek her bir zady hakda özara ylalassa, Gökdäki Atam dilegleri bitirer. 20 Çünki iki ýa üç adam Menin adymdan haýsy ýerde üýsüsse, Men-de sol ýerde, olaryn arasynda bolaryn».

Rehimsiz hyzmatkär

21 Onson Petrus gelip, Isa seýle diýdi: «Ýa Reb, doganym mana garsy näçe gezek günä etse, men ony bagyslaýyn? Ýedi gezekmi?» 22 Isa ona seýle jogap berdi: «Men sana ýedi gezek däl, ýetmis ýola ýedi gezek diýýärin. 23 Sonun üçin Gögün Patysalygy öz hyzmatkärleri bilen haklasmak islän bir patysa menzeýär. 24 Ol hasaplasmaga duranda, ona on mün talant borçly birini ýanyna getirýärler. 25 Ol bergisini töläp bilmäninde, agasy onun özünin, aýalynyn, oglan-usagynyn we bütin mallarynyn satylyp, bergisinin berilmegini buýurýar. 26 Hyzmatkär ýüzin ýykylyp, ona ýalbaryp: „Eý agam, sabyr et! Baryny töläýin" diýýär. 27 Agasynyn rehimi inip, ol hyzmatkäri bosadýar, algysyny geçýär. 28 Ýanky hyzmatkär dasaryk çykanda, özüne ýüz dinar borçly bolan bir ýoldasyna satasýar. Ony tutup: „Bergini ber" diýip, bokurdagyndan tutýar. 29 Ýoldasy onun aýagyna ýykylyp: „Sabyr et, bergimi bereýin" diýip ona ýalbarýar. 30 Ol etmeýär, gaýtam, bergisini berýänçä, ony zyndana saldyrýar. 31 Ýanky adamyn ýoldaslary bu wakany görüp, gaty gynanýarlar, bolan ähli zady baryp, agalaryna habar berýärler. 32 Onson agasy ony çagyryp diýýär: „Eý, erbet hyzmatkär! Mana ýalbaranyn üçin men sol algynyn baryny geçdim. 33 Menin sana rehim edisim ýaly, sen hem ýoldasyna rehim etmeli dälmidin?" 34 Agasy gazaplanyp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryn eline berýär. 35 Sizin hem her biriniz öz doganynyn ýazyklaryny ýürekden bagyslamasa, Menin Gökdäki Atam hem sizi seýle eder».

Talak barada sorag

19:1 Isa bu sözleri tamamlanyndan son, Jelileden çykyp, Ýahudanyn çäklerine, Iordan derýasynyn anyrsyna gitdi. 2 Uly märeke Onun yzyna düsdi, Isa hem sol ýerde olary sagaltdy. 3 Fariseýler geldiler we Ony synap: «Her bir sebäp bilen aýaly aýyrmak dogrumydyr?» diýip soradylar. 4 Ol hem seýle jogap berdi: «Ýaradanyn olary basda erkek we aýal edip ýaradandygyny, „Sol sebäpden hem erkek ata-enesini goýup, aýaly bilen höwrüger we ikisi bir ten bolar" diýenini siz okamadynyzmy? 6 Sona görä, indi olar iki däl-de, bir ten hasaplanarlar. Hudaýyn gosanyny bendesi aýyrmasyn». 7 Olar Isa seýle diýdiler: «Onda näme üçin Musa aýaly aýranda, onun talak hatyny bermekligi tabsyrypdyr?» 8 Isa olara seýle jogap berdi: «Donýürek adamlar bolanynyz üçin, Musa size aýalynyzy aýyrmaga ygtyýar berdi, ýöne owal-basda beýle däldi. 9 Men size aýdýaryn, kim aýalyny zynadan basga sebäp bilen aýryp, basga aýala öýlense, zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen hem zyna edýändir». 10 Sägirtler Ona: «Erkek bilen aýal arasynda ýagdaý seýle bolsa, onda öýlenmezlik gowudyr» diýisdiler. 11 Emma Isa olara seýle diýdi: «Hemme adamlar bu sözi kabul edip bilmezler, dine özlerine berlenler kabul edip bilerler. 12 Çünki dogabitdi agtalar, adamlar tarapyndan agta edilenler we Gögün Patysalygy ugrunda özlerini agta edenler hem bardyr. Muny kabul edip bilen kabul etsin».

Isa çagalara ak pata berýär

13 Onson olaryn üstüne elini goýup doga etsin diýip, Isanyn ýanyna çagalary getirdiler. Sägirtler çagalary getirenlere käýediler. 14 Emma Isa: «Degmän, çagalar Menin ýanyma gelsin, olary bökdemän, çünki Gögün Patysalygy sular ýalylarynkydyr» diýdi. 15 Isa olaryn üstüne elini goýanyndan son, ol ýerden gitdi.

Baý ýas ýigit

16 Ine, biri Onun ýanyna gelip: «Eý, ýagsy Mugallym, ebedi ýasaýsym bolar ýaly, men näme ýagsy zat etmeli?» diýdi. 17 Isa seýle diýdi: «Näme üçin Mana ýagsy diýýärsin? Ýagsy bolan täk Biri ? Hudaý. Ýöne ebedi ýasaýsa gowusmak isleýän bolsan, tabsyryklary berjaý et». 18 Ol Isadan: «Haýsy tabsyryklary?» diýip sorady. Isa seýle jogap berdi: «Adam öldürme, zyna etme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, 19 ene-atany syla, gonsyny özün ýaly söý». 20 Ýas ýigit: «Men bularyn hemmesini berjaý etdim, ýene näme kemim bar?» diýip, Isadan sorady. 21 Isa ona: «Kämil bolaýyn diýsen, git, nämän bar bolsa, sat-da, garyplara ber, Gökde hazynan bolar, onson gel-de, Menin yzyma düs» diýdi. 22 Ýas ýigit bu sözi esidip, tukat bolup gitdi, çünki onun köp mal-mülki bardy. 23 Isa sägirtlerine diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, barly adam Gögün Patysalygyna çetinlik bilen girer. 24 Size ýene aýdýaryn, bir düýänin innänin gözünden geçmegi barly adamyn Hudaýyn Patysalygyna girmeginden ansatdyr». 25 Muny esidenlerinde sägirtleri: «Onda kim halas bolup biler?» diýip, çakdanasa genirgenisdiler. 26 Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, ýöne Hudaý üçin ähli zat mümkin» diýdi. 27 Onson Petrus Ona seýle diýdi: «Ine, biz ähli zadymyzy taslap, Senin yzyna düsdük, onda bizin nämämiz bolar?» 28 Isa-da olara seýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyn täzelenjek wagty, Ynsan Ogly Öz söhratly tagtynda oturanda Menin yzyma düsen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyn on iki taýpasynyn üstünden höküm çykararsynyz. 29 Menin hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-usagyny ýa ýerlerini taslan her kes ýüz esse edip alar, ebedi ýasaýsyn mirasçysy bolar. 30 Ýöne köp ilkinjiler in sonkular, in sonkular hem ilkinjiler bolar».

Üzümçi tymsaly

20:1 Gögün Patysalygy üzümliginde islär ýaly, ertir ir bilen isçi tutmaga giden ýer eýesi ýalydyr. 2 Ol isçiler bilen günde bir dinara razylasyp, olary öz üzümligine ýollaýar. 3 Gündiz sagat dokuzlarda dasaryk çykanda, bazarda basgalaryn bos duranyny görýär. 4 Olara-da: „Siz hem üzümlige gidin, hakynyz näme bolsa bererin" diýýär. Olar hem gidýärler. 5 Günortan we gündiz sagat üçlerde ýene dasaryk çykýar-da, ýene seýle edýär. 6 Gündiz sagat bäslerde dasaryk çykanda, basga bos duranlary görüp, olara: „Näme üçin günuzyn bu ýerde bos dursunyz?" diýýär. 7 Olar hem: „Çünki hiç kim bizi tutmady" diýýärler. Olara: „Siz-de üzümlige gidin" diýýär. 8 Agsam düsende, üzümligin eýesi öz is dolandyrýanyna seýle diýýär: „Isçileri çagyr-da, in sonkulardan baslap, ilkinjilere çenli haklaryny töle". 9 Seýlelikde, gündiz sagat bäslerde gelenlerin her biri bir dinar alýar. 10 Ilkinjiler gelende köp alarys öýdýärler, ýöne olaryn-da her biri bir dinar alýar. 11 Muny alan wagtlary olar ýer eýesine hünürdesip, 12 „Bu in sonkular dine bir sagat islediler, sen bolsan olary günün ýüküni, yssysyny çeken bizin bilen den etdin" diýýärler. 13 Ýer eýesi olaryn birine jogap berip, seýle diýýär: „Eý dost! Men sana adalatsyzlyk edemok; sen menin bilen bir dinara razylasmadynmy? 14 Öz hakyny al-da git. Men bu in sonka-da sana berenimi bermek isleýärin. 15 Öz malym bilen islänimi etmäge ygtyýarym ýokmy? Ýa-da menin sahylygyma göriplik edýärsinmi?" 16 Seýlelikde, in sonkular ilkinji, ilkinjiler hem in sonkular bolar, çünki çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr».

Isa ölüp direljegini ýene aýdýar

17 Isa Iýerusalime barýarka, on iki sägirdi ýolda çete çekip, olara seýle diýdi: 18 Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly bas ruhanylara, kanunçylara tabsyrylar, olar hem Ony ölüme höküm ederler. 19 Ona gülsünler, gamçylasynlar, haça çüýlesinler diýip, Ony basga milletlere tabsyrarlar, ýöne Ol üçünji güni direler».

Bir enänin haýysy

20 Onson Zebedeý ogullarynyn ejesi öz ogullary bilen Isanyn ýanyna gelip, ýere ýykyldy-da, Ondan bir zat diledi. 21 Isa hem ona: «Näme isleýärsin?» diýdi. Ol-da Isa: «Tabsyr, Patysalygynda menin bu iki oglumyn biri Senin sagynda, biri hem solunda otursyn» diýdi. 22 Emma Isa seýle jogap berdi: «Siz näme dileýäninizi bilmeýärsiniz. Siz Menin içjek käsämden içip bilersinizmi? Menin çokundyryljak çokunysym bilen çokundyrylyp bilermisiniz?» Olar-da Ona: «Muny edip bileris» diýdiler. 23 Isa olara seýle diýdi: «Siz Menin içjek käsämden içersiniz, Menin çokundyryljak çokunysym bilen çokundyrylarsynyz. Ýöne size Menin sagymda ýa solumda oturmaga rugsat bermek Menin elimde däl. Bu orunlary Atam kimler üçin taýynlan bolsa, solar üçindir». 24 Beýleki on sägirt muny esidip, ýanky iki dogana gaharlandylar. 25 Emma Isa olary ýanyna çagyryp, seýle diýdi: «Siz bilýärsiniz, milletlerin baslyklary olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen bastutanlyk edýär. 26 Sizin aranyzda beýle bolmasyn. Aranyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekilerin hyzmatkäri bolsun. 27 Aranyzda kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmänizin guly bolsun. 28 Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem, hyzmat etmek üçin, köplerin ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi».

Iki körün gözi açylýar

29 Olar Erihadan çykanlarynda, uly märeke Isanyn yzyna düsüp gitdi. 30 Ýolun kenarynda oturan iki kör adam Isanyn geçip barýanyny esidenlerinde: «Ýa Reb, eý Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyrysdylar. 31 Märeke seslerini çykarmasynlar diýip, olara käýedi, ýöne olar: «Ýa Reb, eý Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip, önküden hem gaty gygyrysdylar. 32 Isa aýak çekdi-de, olary çagyryp: «Sizin üçin näme etmegimi isleýärsiniz?» diýdi. 33 Olar-da Ona: «Ýa Reb, gözümiz açylsyn» diýdiler. 34 Isanyn haýpy gelip, olaryn gözlerine elini degirdi welin, derrew gözleri açyldy, onson Onun yzyna düsüp gitdiler.

Isanyn Iýerusalime girisi

21:1 Olar Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyn etegindäki Beýtfaja gelip ýetenlerinde, Isa iki sägirde: 2 Önünizdäki oba baryn, salym geçmänkä, danylgy duran ýany taýharly bir esegi taparsynyz, olary çözün-de, Mana getirin. 3 Biri size bir zat diýse: „Bular Rebbe gerek, ynha, yzyna iberer" diýin» diýip, ýollady. 4 Bu-da pygamber arkaly aýdylan su sözün ýerine ýetmegi üçindi: 5 «Sion gyzyna diýin: Ine, senin patysan bir esege münüp, esegin balasy taýhara münüp, pes göwünlilik bilen sana gelýär». 6 Sägirtler hem gidip, Isanyn tabsyrysy ýaly etdiler. 7 Esek bilen taýhary getirdiler-de, egin-esiklerini olaryn üstüne atdylar, Isa-da taýharyn üstüne mündi. 8 Märekänin köpüsi öz egin-esiklerini ýola ýazýardy, käsi-de agaçlardan sahalar kesip, ýola düseýärdi. 9 Onun önünden barýan we yzyndan gelýän märeke: «Dawut Ogluna hosanna! Rebbin adyndan gelýän gutly bolsun, in ýokarlarda hosanna!» diýip gygyrysýardylar. 10 Isa Iýerusalime girende, bütin säher: «Bu kim?» diýip titreýärdi. 11 Märeke hem: «Bu Jelilänin Nasyra säherinden bolan Isa pygamber» diýýärdi.

Isa satyjylary ybadathanadan kowýar

12 Isa Hudaýyn ybadathanasyna girip, içerdäki satyjylary, alyjylary dasaryk kowdy. Pul çalysýanlaryn tekjelerini, kepderi satýanlaryn oturgyçlaryny dünderdi. 13 Olara seýle diýdi: «„Menin öýüme doga öýi diýler" diýip ýazylgydyr, siz muny garakçylaryn sürenine öwürdiniz». 14 Ybadathanada körler, agsaklar Onun ýanyna geldiler, Ol hem olary sagaltdy. 15 Bas ruhanylar bilen kanunçylar Onun eden täsinliklerini, ybadathanada: «Dawut Ogluna hosanna!» diýip gygyrýan çagalary görenlerinde gaharlandylar. 16 Ona: «Bularyn näme diýýänini esidýärsinmi?» diýdiler. Isa-da olara seýle diýdi: «Hawa, siz: „Ýasajyk balalaryn, süýt emýänlerin agzyndan alkyslar aldyn" diýen sözi asla okamadynyzmy?» 17 Isa olaryn ýanyndan gitdi, säherden çykyp hem Beýtaniýa geldi, gijäni sol ýerde geçirdi.

Guran injir agajy

18 Ertesi sähere dolanyp gelýärkä ajykdy. 19 Ýolun gyrasynda bir injir agajyny görüp, onun ýanyna geldi, ýöne ondan ýapraklardan basga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk senden asla iýmis önmesin!» diýdi. Injir agajy bolsa sol pursatyn özünde gurady. 20 Sägirtler muny görüp: «Injir agajy sol pursatyn özünde nähili gurady?» diýsip haýran galdylar. 21 Isa seýle jogap berdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, imanynyz bolup, sübhe etmeseniz, siz dine bu injir agajyna edileni etmek bilen çäklenmän, eýsem, su daga: „Göteril-de, denze zynyl" diýseniz-de, bu bolar. 22 Iman edip, doga bilen her näme dileseniz, alarsynyz».

Isanyn ygtyýary

23 Isa ybadathana gelip, sapak berip durka, bas ruhanylar, halkyn ýasululary Onun ýanyna gelip: «Sen haýsy ygtyýar bilen bu zatlary edýärsin? Sana bu ygtyýary kim berdi?» diýdiler. 24 Isa olara jogap berip diýdi: «Men-de sizden bir zat sorajak, Mana jogap berseniz, Men hem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn. 25 Ýahýanyn çokundyrmasy niredendi? Gökdenmi ýa ynsandan?» Olar-da özara pikir alsyp diýdiler: «Biz: „Gökden" diýsek, Ol bize: „Onda, näme üçin ona iman getirmediniz?" diýer. 26 „Ynsandan" diýmäge-de halkdan gorkýarys, çünki hemmeler Ýahýany bir pygamber saýýar». 27 Olar Isa seýle jogap berdiler: «Biz bilmeýäris». Isa-da olara seýle diýdi: «Men-de size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtmaýaryn».

Iki ogul tymsaly

28 Siz näme diýýärsiniz? Bir adamyn iki ogly bar eken. Ol birinjisine baryp: „Oglum, bu gün git-de, üzümlikde isle" diýýär. 29 Ol hem jogap berip: „Gitjek däl" diýýär. Ýöne son ökünip gidýär. 30 Ýanky adam ikinjisine baryp sol sözi aýdýar; ol: „Bolýar, aga" diýýär, ýöne gitmeýär. 31 Bularyn ikisinden kakasynyn islegini ýerine ýetiren haýsysy?» Olar: «Birinjisi» diýdiler. Isa olara diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylardyr kemçinler Hudaýyn Patysalygyna sizden ön girer. 32 Çünki Ýahýa sizin ýanynyza dogrulyk ýoly bilen geldi, siz ona ynanmadynyz, ýöne salgytçylar, kemçinler ona ynandylar. Siz muny görenizden son hem ökünmediniz, ona ynanmadynyz».

Üzümlik we bagbanlar tymsaly

33 Ýene bir tymsala gulak asyn: Öý eýesi bolan bir adam bar eken. Ol üzüm agaçlaryny oturdyp, dasyna haýat aýlaýar we bir üzüm sykylýan çukur gazýar, bir din salyp, üzümligi bagbanlara ekerine berýär-de, uzak ýola gidýär. 34 Hasyl wagty golaýlanda, miwesini almak üçin hyzmatkärlerini bagbanlara iberýär. 35 Bagbanlar onun hyzmatkärlerini tutup, birini ýençýärler, birini öldürýärler, beýlekisini-de daslaýarlar. 36 Üzümligin eýesi önküden köp hyzmatkär iberýär. Bagbanlar olara-da önkülere edenlerini edýärler. 37 Sonunda üzümligin eýesi: „Oglumy sylarlar" diýip, öz ogluny iberýär. 38 Bagbanlar onun ogluny görenlerinde, biri-birlerine: „Mirasdar su, gelin, muny öldürelin, miras bize galar" diýisýärler. 39 Ony tutup, üzümlikden dasaryk taslap öldürýärler. 40 Indi üzümligin eýesi gelende bu bagbanlara näme eder?» 41 Olar Isa diýdiler: «Bu pis adamlary aýylganç ölüme sezewar edip, üzümligi möwsüminde miwesini özüne berjek bagbanlara ekerine berer». 42 Isa olara seýle diýdi: «Siz Mukaddes Ýazgylarda: „Ussalaryn ret eden dasy, burçun basy boldy. Bu Rebbin edenidi, bizin gözümize bir täsinlik" diýen sözi asla okamadynyzmy? 43 Munun üçin size diýýärin, Hudaýyn Patysalygy sizden alnyp, Onun miwelerini öndürjek millete berler. 44 Bu dasyn üstüne ýykylan bölek-bölek bolar, ol birinin üstüne gaçsa, ony mynjyradar». 45 Bas ruhanylardyr fariseýler Onun tymsallaryny esidenlerinde, özleri hakda gürrün edýänini andylar. 46 Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, çünki halk Isany pygamber saýýardy.

Gelin toýy tymsaly

22:1 Isa olara ýene-de tymsallar bilen gürrün berip, seýle diýdi: 2 Gögün Patysalygy öz ogly üçin gelin toýuny tutan patysa ýalydyr. 3 Ol toýa çagyrylanlara habar etmek üçin hyzmatkärlerini iberýär, ýöne çagyrylanlar gelmek islemeýärler. 4 Patysa ýene basga hyzmatkärleri iberip, olara seýle diýýär: „Çagyrylanlara aýdyn, ine, men naharymy taýýarladym, öküzler, semiz mallar soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler". 5 Emma olar ähmiýet bermeýärler, biri öz ekin meýdanyna, ýene biri öz söwdasynyn ugruna çykýar. 6 Beýlekiler-de onun hyzmatkärlerini tutup, horlaýarlar, olary öldürýärler. 7 Seýlelikde, patysa gazaplanyp, gosun ýollaýar-da, ýanky ganhorlary derbi-dagyn edýär, säherlerini otlaýar. 8 Onson hyzmatkärlerine diýýär: „Toý taýýar, ýöne çagyrylanlar muna mynasyp däl eken. 9 Ýol çatryklaryna baryn-da, kimi tapsanyz, toýa çagyryn". 10 Bu hyzmatkärler hem ýollara çykyp, ýaman diýmän, ýagsy diýmän, tapanlarynyn baryny üýsürýärler, toýhana myhmandan dolýar. 11 Patysa myhmanlara seretjek bolup içerik girende, toý geýimini geýmedik bir adama gözi düsýär. 12 Ona diýýär: „Eý dost, sen toý geýimini geýmän, bu ýere nähili girdin?" Ýöne ol sesini çykarmaýar. 13 Onson patysa hyzmatkärlere diýýär: „El-aýagyny baglan-da, ony dasaryk, garankylyga taslan, ol ýerde agy we dis gyjama bolar". 14 Çünki çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr».

Kaýsarynky kaýsara

15 Onson fariseýler gidip, Ony gepde tutmak barada maslahat geçirdiler. 16 Hirodesçiler bilen öz sägirtlerini Isanyn ýanyna iberip diýdiler: «Mugallym! Biz Senin dogruçyldygyny, Hudaýyn ýoluny hakykat ýüzünden öwredýändigini, hiç kime ýaranjak bolmaýandygyny bilýäris, çünki Sen adamlaryn derejesine bakmaýarsyn. 17 Indi bize aýt, Sen näme diýýärsin, kaýsara salgyt tölemek dogrumy ýa dälmi?» 18 Isa olaryn ýaman niýetlerini bilip diýdi: «Meni näme üçin synaýarsynyz, eý ikiýüzlüler? 19 Mana salgyt puluny görkezin». Olar hem Ona bir dinar getirdiler. 20 Isa olara: «Su surat bilen ýazgy kiminki?» diýdi. 21 Olar: «Kaýsarynky» diýdiler. Sonda Isa olara: «Onda, kaýsarynkyny kaýsara, Hudaýynkyny Hudaýa berin» diýdi. 22 Olar muny esidenlerinde haýran galyp, Onun ýanyndan gitdiler.

Direlis barada sorag

23 Ölümden direlme ýokdur diýýän saddukeýler sol gün Isanyn ýanyna gelip, Ona sorag berdiler: 24 Mugallym, Musa: „Eger bir adamyn zürýady bolman ölse, dogany onun aýalyny alyp, doganyna nesil ýetisdirmelidir" diýipdir. 25 Bizin aramyzda ýedi dogan bardy. Birinjisi öýlendi-de öldi. Zürýady bolmanson, aýalyny doganyna galdyrdy. 26 Ikinjisi, üçünjisi, tä ýedinjisine çenli seýle boldy. 27 Olaryn hemmesinden son hem aýal öldi. 28 Indi, ölüler direlende, bu aýal ol ýedi doganyn haýsysynyn aýaly bolar? Çünki hemmesi ony alypdy». 29 Isa olara seýle jogap berdi: «Siz Mukaddes Ýazgylary, Hudaýyn gudratyny bilmän ýalnysýarsynyz. 30 Ölüler direlenlerinde öýlenmän, äre çykman, Hudaýyn Gökdäki perisdeleri ýaly bolarlar. 31 Ölümden direlmä gelenimizde bolsa, siz Hudaýyn özünize: 32 „Men Ybraýymyn Hudaýy, Yshagyn Hudaýy, Ýakubyn Hudaýydyryn" diýenini okamadynyzmy? Ol ölülerin däl, dirilerin Hudaýydyr». 33 Märeke muny esidip, Onun taglymatyna haýran galdy.

In uly tabsyryk

34 Fariseýler Isanyn saddukeýlerin sesini çykartmanlygyny esidenlerinde, bir ýere ýygnanysdylar. 35 Olardan bir kanunçy Isany synamak üçin: 36 «Mugallym, kanunda in uly tabsyryk näme?» diýip sorady. 37 Isa ona seýle diýdi: «„Hudaýyn Rebbi bütin ýüregin, bütin janyn, bütin düsünjän bilen söý". 38 Su birinji we in uly tabsyrykdyr. 39 Ikinji hem sonun ýaly: „Gonsyny özün ýaly söý". 40 Bütin kanun we pygamberler ýazgylary su iki tabsyryga baglydyr».

Mesih kimin ogly?

41 Fariseýler ýygnanysyp durkalar, Isa olardan: 42 «Mesih barada näme pikir edýärsiniz? Ol kimin Ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyn Ogly» diýdiler. 43 Isa olara seýle diýdi: «Onda, näme üçin Dawut Ruhdan ylham alyp, Ona Reb diýip: 44 „Reb menin Rebbime diýdi: Dusmanlaryny aýaklaryn astynda goýýançam, Menin sagymda otur" diýýär? 45 Eger Dawut Ona Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyn ogly bolýar?» 46 Hiç kim Isa jogap berip ýekeje söz hem aýdyp bilmedi, sol günden beýläk hiç kim Ondan bir zat soramaga ýürek etmedi.

Waý gününize!

23:1 Onson Isa halka, Öz sägirtlerine seýle gürrün berdi: 2 Kanunçylar bilen fariseýler Musanyn ornunda otyrlar. 3 Sonun üçin olaryn size aýdýanlarynyn baryny ýerine ýetirin, berjaý edin, ýöne olaryn edenlerini etmän, çünki aýdyp-da, özleri edýän däldirler. 4 Olar agyr, götermesi kyn ýükleri baglap, adamlaryn gersine goýýandyrlar, ýöne özleri bu ýükleri götermek üçin bir barmaklaryny hem gymyldatmak isleýän däldirler. 5 Olar edýän ähli zatlaryny göz üçin edýändirler. Doga gutularyny gineldip, geýimlerinin pürçügini uzaldýandyrlar. 6 Zyýapatlarda töri, sinagogalarda bas kürsüleri, 7 bazar ýerinde salam almagy, adamlaryn özlerine „mugallym" diýmegini söýýändirler. 8 Siz özünize „mugallym, mugallym" diýdirmän, çünki sizin Mugallymynyz birdir, sizin barynyz dogansynyz. 9 Ýer ýüzünde hiç kime „Ata" diýmän, çünki sizin Atanyz birdir, Ol Gökdedir. 10 Özünize „Ýolbasçy" diýdirmän, çünki sizin Ýolbasçynyz birdir, Ol Mesihdir. 11 Ulynyz hemmänize hyzmatkär bolsun. 12 Çünki özüni beýgelden peseler, özüni peselden beýgeler. 13 Waý gününize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz Gögün Patysalygyny adamlara baglaýarsynyz, ne özüniz girýärsiniz, ne-de girjeklere ýol berýärsiniz. 14 Waý gününize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz dul hatynlaryn öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýarsynyz. Sonun üçin siz has agyr jeza sezewar bolarsynyz. 15 Waý gününize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki birje adamy öz dininize girizjek bolup, denizlere, düzlere aýlanýarsynyz. Girizeninizde bolsa, ony özünizden iki esse dowzah ogly edýärsiniz. 16 „Birinin ybadathanadan ant içmegi möhüm däl, ýöne kim ybadathananyn gyzylyndan ant içse, öz antyna danylgy bolar" diýýän kör ýol görkezijiler, waý gününize! 17 Eý, akmaklar we körler! Haýsysy uly, gyzylmy ýa gyzyly mukaddes edýän ybadathana? 18 Ýene: „Birinin gurbanlyk edilýän ýerden ant içmegi möhüm däl, ýöne kim onun üstündäki gurbandan ant içse, öz antyna danylgy bolar" diýýärsiniz. 19 Eý, akmaklar we körler! Haýsysy uly, gurbanmy ýa gurbany mukaddes edýän gurbanlyk ýeri? 20 Gurbanlyk edilýän ýerden ant içýän ondan hem onun üstündäki zatlaryn hemmesinden ant içýändir. 21 Ybadathanadan ant içýän ondan we onun içinde mekan tutan Hudaýdan ant içýändir. 22 Gökden ant içýän Hudaýyn tagtyndan we onun üstünde Oturandan ant içýändir. 23 Waý gününize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz narpyzdan, anisden we zireden zekat berip, kanunyn wajybrak islerini, adyllygy, rehimdarlygy, imany tasladynyz. Bu zatlary etmeli, beýlekileri-de taslamaly däldiniz. 24 Eý çybyny süzüp aýryp, düýäni ýuwudýan kör ýol görkezijiler! 25 Waý gününize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz käsedir gap-çanagyn dasyny arassalaýarsynyz, olaryn içi bolsa ogurlyk hem nebisjenlikden doly. 26 Eý, kör fariseý! Käsedir gap-çanagyn dasy-da arassa bolar ýaly, öninçä içini arassala. 27 Waý gününize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz agardylyp, dasyndan owadan görünýän, ýöne içi ölülerin sünkleri we her tüýsli murdarlykdan doly mazarlarsynyz. 28 Siz hem dasynyzdan adamlara dogry adam ýaly görünýärsiniz, ýöne içiniz ikiýüzlülikden, erbetlikden doly. 29 Waý gününize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz pygamberlere mazarlar salyp, dogry adamlaryn ýadygärliklerini bezäp: 30 „Biz atalarymyzyn günlerinde bolan bolsak, pygamberlerin ganyny dökmekde olara särik bolmazdyk" diýýärsiniz. 31 Seýlelik bilen, pygamberleri öldürenlerin ogullarydygynyza özüniz güwä geçýärsiniz. 32 Onda, atalarynyzyn baslan islerini tamamlan! 33 Eý ýylanlar we alahöwrenler nesli! Dowzah höküminden nähili gaçjak? 34 Sona görä, ine, Men size pygamberler, akyldarlar we kanunçylar ýollaýaryn. Siz olaryn käbirini öldürersiniz, haça çüýlärsiniz, käbirini-de sinagogalarynyzda ýenjersiniz, säherden-sähere kowalarsynyz. 35 Seýlelikde, dogry adam bolan Habylyn ganyndan tä ybadathana bilen gurbanlyk edilýän ýer arasynda öldüreniniz Berekýanyn ogly Zekerýanyn ganyna çenli, her dogry adamyn ýer ýüzünde dökülen ganyna siz jogapkärsiniz. 36 Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryn ählisine su nesil jogapkärdir. 37 Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daslaýan Iýerusalim! Bir towugyn jüýjelerini ganatlarynyn asagyna ýygnaýsy ýaly, Men hem ençeme gezek senin çagalaryny ýygnajak boldum, emma siz islemediniz. 38 Ine, öýüniz size haraba bolup galýar. 39 Çünki size aýdýaryn, siz „Rebbin adyndan gelen gutly bolsun" diýene deneç Meni gaýtadan görmersiniz».

Ahyrzaman alamaty

24:1 Isa ybadathanadan çykyp barýarka, sägirtleri ýanyna gelip, Ona ybadathananyn jaýlaryny görkezjek boldular. 2 Emma Isa olara seýle jogap berdi: «Bütin bu zatlary görýärmisiniz? Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde das üstünde das galmaz, hemmesi dargar». 3 Isa Zeýtun dagynda otyrka, sägirtleri ýekelikde Onun ýanyna gelip, seýle diýdiler: «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Senin gelmeginin we ahyrzamanyn alamaty näme bolar?» 4 Isa olara seýle jogap berdi: «Ägä bolun, sizi aldaýmasynlar. 5 Çünki köpler: „Men Mesih" diýip, Menin adym bilen gelerler, köp adamlary aldarlar. 6 Urus seslerini, urus turanlygy barada habarlar esidersiniz. Ägä bolun, gorkman, çünki bularyn bary bolmalydyr, ýöne entek dünýänin sony däldir: 7 Çünki millet-millete, patysalyk-patysalyga garsy çykar. Aýry-aýry ýerlerde açlyklar bolar, Ýer titrär. 8 Emma bular burgularyn baslangyjydyr. 9 Onson sizi gaýga basdyrarlar, öldürerler, Menin adym üçin hemme milletler sizi ýigrener. 10 Sonda köpler imandan dänip, biri-birlerine haýynlyk eder, biri-birlerini ýigrenerler. 11 Birentek ýalan pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar. 12 Ser islerin artanlygy zerarly, köplerin söýgüsi sowar. 13 Emma sona çenli çydan halas bolar. 14 Patysalyk baradaky bu Hos Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýänin ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzamana sonda geler. 15 Seýlelik bilen, Daniýel pygamber tarapyndan agzalan weýrançylyk getirýän ýigrenjinin mukaddes ýerde duranyny göreninizde (okyjy düsünsin), 16 Ýahudadakylar daglara gaçsyn. 17 Öýün üçegindäki ? öýünden bir zat almak üçin asak inmesin. 18 Ekin meýdanyndaky ? donuny almak üçin yzyna öwrülmesin. 19 Ol günlerde göwreli, çaga emdirýän aýallaryn gününe waý! 20 Gaça-gaçlygynyz gys ýa Sabat güni bolmasyn diýip doga edin. 21 Çünki sonda uly musakgat bolar, beýle musakgat dünýänin basyndan tä su wagta çenli bolanam däldir, bolmazam. 22 Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda, hiç kim halas bolmazdy, ýöne saýlananlaryn hatyrasyna ol günler gysgaldylar. 23 Sonda biri size: „Ine, Mesih su ýerde" ýa-da „Ine, ol ýerde" diýse ynanman. 24 Çünki ýalan mesihler, ýalan pygamberler döräp, mümkin boldugyça, saýlananlary-da azdyrjak bolup, uly alamatlar, gudratlar görkezerler. 25 Ine, Men size önünden aýtdym. 26 Seýlelikde, size: „Ine, Mesih çölde" diýseler-de çykman, „Ine, içki otaglarda" diýseler-de ynanman. 27 Çünki ýyldyrym nähili gündogardan turup, günbatarda hem görünýän bolsa, Ynsan Oglunyn gelsi hem seýle bolar. 28 Maslyk nirede bolsa, garaguslar sol ýere üýsüsýändir. 29 Ol günlerin musakgatynyn yzysüre Gün garalar, Aý ysygyny bermez, ýyldyzlar Gökden gaçyp, Gök gudratlary titrär. 30 Onson Gökde Ynsan Oglunyn alamaty görner, sonda ýer ýüzünin bütin taýpalary perýat eder, Ynsan Oglunyn Gökdäki bulutlarda gudrat hem uly söhrat bilen gelýänini görer. 31 Ol Öz perisdelerini belent surnaý sesi bilen ýollar. Olar-da Onun saýlananlaryny dört tarapdan, Gögün bir ujundan ol ujuna çenli ýygnarlar. 32 Injir agajyndan sapak alyn: onun sahalary ýumsap, ýaprak çykaran mahaly tomsun golaýdygyny bilýärsiniz. 33 Sonun ýaly-da, bu zatlary göreninizde, Ynsan Oglunyn golaýdygyny, gapynyn agzyndadygyny bilin. 34 Men size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. 35 Gök hem ýer öter, ýöne Menin sözlerim asla ötmez.

Bilinmeýän gün we sagat

36 Emma ol güni hem ol sagady hiç kim, Gökdäki perisdeler-de bilýän däldir, dine Ata bilýändir. 37 Nuhun günleri nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyn gelsi-de seýle bolar. 38 Çünki adamlar Nuhun gämä münen gününe çenli, tupandan önki günlerde iýip, içip, öýlenip, äre çykýardylar. 39 Tupan turup, hemmesini äkidýänçä, olar hiç zady bilmeýärdiler. Ynsan Oglunyn gelsi hem seýle bolar. 40 Sonda ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar. 41 Degirmen basynda galla üweýän iki aýal bolar, biri alnar, biri goýlar. 42 Oýa bolun, çünki siz Rebbinizin haýsy gün geljegini bilmeýärsiniz. 43 Emma muny bilin: öý eýesi ogrynyn haýsy sagatda geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy. 44 Munun üçin, siz hem taýýar bolun, çünki Ynsan Ogly sizin oslamaýan sagadynyzda geler. 45 Hyzmatkärlere wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bersin diýip, agasynyn olaryn üstünden goýan sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? 46 Agasy gelende, seýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri nähili bagtlydyr! 47 Size dogrusyny aýdýaryn, agasy bütin mal-mülküni sona ynanar. 48 Bu ýaramaz hyzmatkär öz içinden: „Agam giç geler" diýip, 49 ýoldaslaryny urmaga, serhoslar bilen iýip-içmäge baslasa, 50 ol hyzmatkärin agasy onun oslamaýan gününde, bilmeýän sagadynda gelip, 51 ony iki bölüp, paýyny ikiýüzlülerinki bilen den eder. Ol ýerde agy we dis gyjama bolar».

On gyz tymsaly

25:1 Sonda Gögün Patysalygy çyralaryny alyp, giýewi garsylamaga çykan on gyz ýaly bolar. 2 Olaryn bäsisi akylsyz, bäsisi-de akylly eken. 3 Akylsyzlar çyralaryny alýarlar, ýöne ýanlaryna ýag almaýarlar. 4 Akyllylar çyralary bilen birlikde gaplarda ýag äkidýärler. 5 Giýew gijä galanda, hemmesi irkilip uklaýarlar. 6 Ýarygije: „Ine, giýew gelýär, garsylamaga çykyn!" diýen batly ses esidilýär. 7 Sonda ýanky gyzlaryn hemmesi turup, çyralaryny taýýarlaýarlar. 8 Akylsyzlar akyllylara: „Bize ýagynyzdan biraz berin, çyralarymyz sönüp barýar" diýýärler. 9 Emma akyllylar jogap berip: „Bize-de, size-de ýetmezlik edäýmesin, gowusy, satyjylara baryn-da, özüniz üçin alaýyn" diýýärler. 10 Olar ýag satyn almaga gidenlerinde, giýew gelýär, taýýar bolup duranlar onun bilen toýhana girýärler welin, gapy ýapylýar. 11 Beýleki gyzlar hem son gelip: „Aga! Aga! Gapyny aç" diýýärler. 12 Emma ol jogap berip: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi tanamok" diýýär. 13 Seýlelik bilen, oýa bolun, çünki siz Ynsan Oglunyn ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiniz».

Amanat pul tymsaly

14 Gögün Patysalygy uzak ýola çykmakçy bolup, hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, mal-mülküni olara tabsyran adam ýalydyr. 15 Bu adam her haýsynyn basarnygyna laýyk: birine ? bäs, birine ? iki, birine ? bir talant berip, derrew ýola düsýär. 16 Bäs talant alan gidip, bu pul bilen söwda etmäge girisýär, ýene bäs talant gazanýar. 17 Iki talant alan-da sonun ýaly, ýene iki talant gazanýar. 18 Bir talant alan bolsa baryp, topragy gazýar-da, agasynyn puluny gizleýär. 19 Köp wagtdan son bu hyzmatkärlerin agasy gelip, olardan hasabat soraýar. 20 Bäs talant alan gelip, ýene bäs talant getirip: „Eý aga! Sen mana bäs talant beripdin, ine, men ýene bäs talant gazandym" diýýär. 21 Agasy ona: „Berekella, ýagsy, sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk boldun, men sana köp zatlary ynanaryn, agan satlygyna särik bol" diýýär. 22 Iki talant alan hem gelip: „Eý aga! Sen mana iki talant beripdin, ine, men ýene iki talant gazandym" diýýär. 23 Agasy ona: „Berekella, ýagsy we sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk boldun, men seni köp zatlara bellärin, agan satlygyna särik bol" diýýär. 24 Bir talant alan hem gelip: „Eý aga, men senin gaty adamdygyny bilýärdim. Sen ekmedik ýerinden orýarsyn, sepmedik ýerinden ýygýarsyn. 25 Sonun üçin gorkdum, gidip, talantyny toprakda gizledim, ine, puluny al!" diýýär. 26 Emma agasy ona seýle diýýär: „Erbet hem ýalta hyzmatkär! Sen menin ekmedik ýerimden orýandygymy, sepmedik ýerimden ýygýandygymy bilýärmidin? 27 Onda, pulumy pul isledýänlere bermelidin, men-de gelip, ony peýdasy bilen alardym. 28 Indi bir talanty ondan alyn-da, on talantla berin. 29 Çünki kimde bar bolsa, ona berler, ondaky bol bolar, kimde ýok bolsa, onun elindäki hem alnar. 30 Peýdasyz hyzmatkäri dasaryk garankylyga taslan. Ol ýerde agy we dis gyjama bolar"».

Goýunlar we geçiler

31 Ynsan Ogly öz söhraty içinde ähli perisdeler bilen gelip, söhratly tagtynda oturar. 32 Ähli milletler Onun önüne ýygnanar, çopanyn goýunlary geçilerden saýlaýsy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar. 33 Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar. 34 Onson Patysa sagyndakylara diýer: „Eý, Atamyn gutlanlary! Gelin, dünýä gurlaly beri sizin üçin taýýarlanan patysalygy miras alyn. 35 Çünki açdym ? iýmäge zat berdiniz, tesnedim ? suw berdiniz, ýatdym ? myhman aldynyz, 36 ýalanaçdym ? geýindirdiniz, syrkawdym ? idetdiniz, zyndandadym ? görmäge geldiniz". 37 Sonda dogry adamlar Ona jogap berip diýerler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç görüp, naharladyk ýa haçan tesne görüp, suw berdik? 38 Haçan Seni ýat görüp, myhman aldyk ýa ýalanaç görüp geýindirdik? 39 Haçan Seni syrkaw ýa-da zyndanda görüp, ýanyna geldik?" 40 Patysa jogap berip olara diýer: „Size dogrusyny aýdýaryn, Menin bu in kiçi doganlarymdan birine edeninizi Mana edensiniz". 41 Onson solundakylara seýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Menin ýanymdan aýrylyn, iblis bilen onun perisdelerine taýýarlanan ebedi oda gidin. 42 Çünki açdym ? iýmäge zat bermediniz, tesnedim ? suw bermediniz, 43 ýatdym ? myhman almadynyz, ýalanaçdym ? geýindirmediniz, syrkawdym we zyndandadym ? ýanyma gelmediniz". 44 Sonda olar seýle jogap bererler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç, tesne, ýat, ýalanaç, syrkaw ýa zyndanda görüp-de, Sana hyzmat etmedik?" 45 Sonda olara seýle jogap berer: „Size dogrusyny aýdýaryn, bu in kiçilerden birine etmediginizi, Mana eden dälsiniz". 46 Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa ebedi ýasaýsa giderler».

Isany öldürmek barada dildüwsük

26:1 Bu sözlerden son Isa sägirtlerine seýle diýdi: 2 «Ýene iki günden Pesah baýramydygyny bilýärsiniz. Ynsan Ogly haça çüýlenmäge tabsyrylar». 3 Sol wagt bas ruhanylar bilen halkyn ýasululary Kaýafa atly bas ruhanynyn howlusyna ýygnanyp, 4 Isany hile bilen tutup öldürmek üçin maslahat geçirdiler. 5 Olar: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýisdiler. Isa Beýtaniýada 6 Isa Beýtaniýada heýwere keselli Simunyn öýündekä, 7 bir aýal içinde gaty gymmat atyr ysly ýag bolan ak mermer gap bilen Isanyn ýanyna gelip, Ol saçak basynda otyrka, ýagy Onun depesinden guýdy. 8 Sägirtler muny görenlerinde gaharlanyp: «Beýle isrip etmek nämä gerek? 9 Bu ýagy köp pula satyp, garyplara berip-de bolardy» diýisdiler. 10 Isa muny bilip, olara seýle diýdi: «Näme üçin aýaly ynjadýarsynyz? Ol Mana ýagsylyk etdi. 11 Çünki garyplar hemise sizin ýanynyzda, ýöne Men hemise sizin ýanynyzda bolmaryn. 12 Ol bu ýagy Menin bedenime guýmak bilen, Meni jaýlanmaga taýýar etdi. 13 Size dogrusyny aýdýaryn, su Hos Habar dünýänin niresinde wagyz edilse, bu aýalyn edeni-de ony ýatlamak üçin aýdylar».

Iudanyn hyýanaty

14 Onson Onkilerden Iuda Iskariot atly biri bas ruhanylaryn ýanyna baryp, 15 olara: «Eger men Ony size tabsyrsam, mana näme berersiniz?» diýdi. Olar hem Iuda otuz bölek kümüs çekip berdiler. 16 Ol sondan beýläk Isany tabsyrmak üçin amatly pursat peýläp gezdi.

Pesah nahary

17 Petir baýramynyn ilkinji güni sägirtler Isanyn ýanyna gelip: «Pesah naharyny iýmegin üçin, nirede taýýarlyk görmegimizi isleýärsin?» diýdiler. 18 Ol seýle diýdi: «Sähere gidin-de, pylanynyn ýanyna baryp: „Mugallym: wagtym golaý, Pesahy sägirtlerim bilen bilelikde senin öýünde geçirjek" diýýär diýin». 19 Sägirtler hem Isanyn özlerine buýrusy ýaly edip, Pesahy taýýarladylar. 20 Agsam düsende, Isa on iki sägirdi bilen bilelikde saçak basynda oturdy. 21 Olar naharlanyp otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri Mana haýynlyk eder» diýdi. 22 Olar gaty tukatlanyp, yzly-yzyna Ona: «Ýa Reb, men-ä däldirin?» diýmäge basladylar. 23 Ol hem seýle jogap berdi: «Elini Menin bilen bile tabaga batyran Mana haýynlyk eder. 24 Ynsan Ogly Özi hakda ýazylysy ýaly barýar, ýöne Ynsan Ogluna haýynlyk edenin gününe waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onun üçin has onat bolardy». 25 Ona haýynlyk eden Iuda: «Mugallym, men-ä däldirin?» diýdi. Isa hem ona: «Senin aýdysyn ýalydyr» diýdi. 26 Olar naharlanyp otyrkalar, Isa çörek alyp, sükür etdi-de, ony döwüp sägirtlere berdi we: «Alyn, iýin, bu Menin tenimdir» diýdi. 27 Onson käsäni aldy, sükür edeninden son, olara berip, seýle diýdi: «Sundan hemmäniz için. 28 Çünki bu Menin ganym, günälerin bagyslanmagy üçin köp adamlaryn hatyrasyna dökülen täze ähtin ganydyr. 29 Size diýýärin, Atamyn Patysalygynda sizin bilen bile täzesini içjek günüme çenli üzüm siresini gaýtadan içmerin». 30 Olar bir öwgüli aýdym aýdyp bolanlaryndan son, Zeýtun dagyna çykdylar.

Petrusyn inkär etjegi önünden aýdylýar

31 Onson Isa olara seýle diýdi: «Bu gije sizin hemmäniz Menden ýüz dönderersiniz, çünki: „Çopany uraryn, sürüdäki goýunlar dagar" diýip ýazylgydyr. 32 Emma Men ölümden direlenimden son, sizden ön Jelilä bararyn». 33 Petrus Ona jogap berip: «Hemmeler Senden ýüz dönderse-de, men asla döndermerin» diýdi. 34 Isa ona: «Sana dogrusyny aýdýaryn, su gije horaz gygyrmazyndan ön, sen Meni üç gezek inkär edersin» diýdi. 35 Petrus Ona: «Men Senin bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Sägirtlerin hemmesi-de seýle diýdiler.

Isa Getsemanide doga edýär

36 Onson Isa sägirtleri bilen Getsemani diýen ýere gitdi. Ol olara: «Men hol ýere baryp, doga edip bolýançam, su ýerde oturyn» diýdi. 37 Petrus bilen Zebedeýin iki ogluny ýanyna aldy-da, tukatlanyp, gaýgylanmaga baslady. 38 Onson olara: «Menin janym öler ýaly tukat, bu ýerde galyp, Menin bilen bile oýa bolun» diýdi. 39 Biraz öne gidip, ýüzin ýatdy-da: «Eý Atam! Mümkin bolsa, bu käsäni Menden geçir; ýöne Menin isleýsim ýaly däl, Senin isleýsin ýaly bolsun» diýip doga etdi. 40 Isa sägirtlerin ýanyna gelse, olar uklap ýatan eken. Ol Petrusa seýle diýdi: «Menin bilen bile bir sagat-da oýa bolup bilmedinizmi? 41 Synaga düsmez ýaly oýa bolun, doga edin. Ruh islegli, ýöne ten ejizdir». 42 Isa ikinji gezek gidip: «Eý Atam, Men içmesem, bu käsänin geçmegi mümkin däl bolsa, onda, Senin islegin bolsun» diýip doga etdi. 43 Ýene gelende, sägirtleri uklap ýatan eken, çünki olaryn gözleri ýumlup gelýärdi. 44 Isa olary galdyryp, ýene gitdi, ýene sol önki sözler bilen üçünji gezek doga etdi. 45 Onson sägirtlerin ýanyna gelip, olara diýdi: «Siz entek-de uklap ýatyrmysynyz? Dynjynyzy alýarmysynyz? Ine, sagat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärlerin eline berilýär. 46 Turun, gidelin, ine, Mana haýynlyk eden golaýlady».

Isa tutulýar

47 Ol entek gepläp durka, ine, Onkilerin biri bolan Iuda, onun bilen bilelikde bas ruhanylar we halkyn ýasululary tarapyndan gylyçly, taýakly bir uly märeke geldi. 48 Ona haýynlyk eden Iuda olara: «Men kimi öpsem, Soldur, Sony tutun» diýip, alamat beripdi. 49 Ol derrew Isanyn ýanyna baryp: «Salam, Mugallym!» diýip, Ony öpdi. 50 Isa hem ona: «Näme üçin geldin, dostum!» diýdi. Onson olar Isa golaý gelip, el urup, Ony tutdular. 51 Ine, Isanyn ýanyndakylardan biri elini uzadyp, gylyjyny syrdy-da, bas ruhanynyn hyzmatkärini urup, gulagyny kesdi. 52 Sonda Isa ona seýle diýdi: «Gylyjyny gynyna sal, çünki gylyç çekenlerin hemmesi gylyç bilenem öldüriler. 53 Ýa Men on iki legiondan köp perisdäni derrew ibersin diýip, Atama ýüz tutup bilmez öýdýärsinmi? 54 Onda, bu seýle bolmalydyr diýen Mukaddes Ýazgylar nähili ýerine ýeter?» 55 Sol sagat Isa märekä ýüzlenip, seýle diýdi: «Bir talançynyn garsysyna çykýan ýaly, Meni tutmak üçin gylyç hem taýak bilen geldinizmi? Her gün ybadathanada oturyp, sapak berenimde, Meni tutmandynyz. 56 Ýöne bularyn hemmesi pygamberlerin ýazgylarynyn ýerine ýetmegi üçin boldy». Sonda sägirtlerin hemmesi Ony taslap gaçdylar.

Isa ýehudylaryn mejlisinin önünde

57 Isany tutanlar Ony bas ruhany Kaýafanyn ýanyna getirdiler, kanunçylar bilen ýasulular-da sol ýere ýygnanypdylar. 58 Petrus bolsa bas ruhanynyn howlusyna çenli gara görnümden Isanyn yzyna düsüp gitdi. Içerik girdi-de, isin sonuny görjek bolup, hyzmatkärler bilen bile oturdy. 59 Bas ruhanylar we bütin mejlis Isa ölüm jezasyny berjek bolup, Ona garsy ýalan saýatlar agtardylar. 60 Köp ýalançy saýatlar geldi, ýöne onda-da tapyp bilmediler. Ahyrsony iki ýalançy saýat gelip, 61 seýle diýdi: «Bu Adam: „Men Hudaýyn ybadathanasyny ýykyp, ony üç günün içinde salyp bilerin" diýdi». 62 Bas ruhany ýokaryk galyp: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryn Senin garsyna berýän güwäligi näme?» diýdi. 63 Emma Isa dymdy. Bas ruhany Ona: «Sana diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyn Ogly Mesih Senmi?» diýdi. 64 Isa ona: «Senin aýdysyn ýalydyr, ýöne size diýýärin, mundan son Ynsan Oglunyn gudratly Hudaýyn sagynda oturanyny, Gögün bulutlary bilen gelýänini görersiniz» diýdi. 65 Sonda bas ruhany öz egin-esigini ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize basga saýat nämä gerek? Ine, Onun Hudaýa dil ýetirenini özüniz esitdiniz. 66 Näme diýýärsiniz?» diýdi. Olar hem jogap berip: «Ol ölüme mynasyp» diýdiler. 67 Onson Isanyn ýüzüne tüýkürdiler, Ony ýumrukladylar, käbirleri Ona: 68 «Eý, Mesih, bize welilik et, Seni uran kim?» diýip, Ony sapbatladylar.

Petrus Isany inkär edýär

69 Petrus bolsa dasarda howluda otyrdy. Bir keniz onun ýanyna gelip: «Sen-de jelileli Isa bilen biledin» diýdi. 70 Emma ol hemmänin ýanynda inkär edip: «Men senin näme diýýänini bilmeýärin» diýdi. 71 Derwezä tarap barýarka, basga bir keniz ony görüp, ol ýerde duranlara: «Bu adam hem Nasyraly Isa bilen biledi» diýdi. 72 Petrus ýene-de inkär edip: «Men ol Adamy tanamaýaryn» diýip ant içdi. 73 Az salymdan son, ol ýerde duranlar gelip, Petrusa: «Dogrudan hem, sen-de olardan, çünki gepleýsin muny bildirip dur» diýdiler. 74 Sonda Petrus: «Men ol Adamy tanamaýaryn» diýip, ant içip, awy ýalamaga durdy. Edil sol wagt horaz gygyrdy. 75 Petrus Isanyn: «Horaz gygyrmazyndan ön, sen Meni üç gezek inkär edersin» diýen sözüni ýatlady-da, dasaryk çykyp, mönnürip aglady.

Iuda özüni dardan asýar

27:1 Ertir irden ähli bas ruhanylardyr halkyn ýasululary Isa ölüm jezasyny bermek üçin maslahat geçirdiler. 2 Ony baglap, eltip, häkim Pontius Pilatusa tabsyrdylar. 3 Onson Ona haýynlyk eden Iuda Isanyn höküm edilenini görüp ökündi, otuz bölek kümsi yzyna ? bas ruhanylara, ýasululara getirip, 4 «Men ýazyksyz gana haýynlyk edip günä etdim» diýdi. Olar-da: «Bu bize näme, özün bilýärsin» diýdiler. 5 Iuda kümüsleri ybadathana zyndy-da, çykyp gitdi, baryp hem, özüni dardan asdy. 6 Bas ruhanylar bolsa kümüsleri alyp: «Hun bolany üçin, bulary ybadathananyn hazynasynda goýmak bolmaz» diýdiler. 7 Seýlelikde, maslahat geçirip, ýatlara gonamçylyk etmek üçin, ol pul bilen küýzegärin ýerini satyn aldylar. 8 Sonun üçin ol ýere su güne çenli «Gan ýeri» diýilýär. 9 Sonda Ýeremiýa pygamber arkaly aýdylan bu söz ýerine ýetdi: 10 «Ysraýyl ogullarynyn ol Baha Kesilene kesen bahasyny, ýagny otuz bölek kümsi alyp, Hudaýyn mana buýrusy ýaly, küýzegärin ýeri üçin berdiler».

Isa Pilatusyn önünde

11 Isa häkimin önünde durdy. Häkim Ondan: «Sen ýehudylaryn patysasymy?» diýip sorady. Isa hem: «Senin aýdysyn ýalydyr» diýdi. 12 Ýöne bas ruhanylar, ýasulular Ony aýyplanlarynda, hiç bir jogap bermedi. 13 Onson Pilatus Ona: «Sana garsy, gör, näçe güwälik berilýär, esitmeýärsinmi?» diýdi. 14 Isa onun ýekeje sözüne hem jogap bermedi. Häkim muna gaty gen galdy. 15 Pesah baýramynda halkyn dilän bir tussagyny bosatmagy häkim adat edinipdi. 16 Sol wagtlar Barabbas atly bir belli tussag bardy. 17 Seýlelikde, halk ýygnanysanda Pilatus olara: «Sizin üçin kimi bosatmagymy isleýärsiniz? Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isany?» diýdi. 18 Çünki ol Isany göripçilikden tabsyrandyklaryny bilýärdi. 19 Pilatus höküm kürsüsinde otyrka, aýaly ona: «Ol dogry Adam bilen senin isin bolmasyn, çünki men su gün düýsümde Ol zerarly köp ezetler çekdim» diýip, habar ýollapdy. 20 Bas ruhanylar, ýasulular Barabbasyn bosadylmagyny we Isanyn öldürilmegini islesinler diýip, halky yrdylar. 21 Häkim olara ýüzlenip: «Siz bu ikisinden haýsynyn bosadylmagyny isleýärsiniz?» diýdi. Olar hem: «Barabbasy» diýdiler. 22 Pilatus olara: «Onda, men Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýdi. Olaryn hemmesi: «Ol haça çüýlensin!» diýdiler. 23 Häkim: «Ol näme ýaman is etdi?» diýdi. Emma olar: «Ol haça çüýlensin!» diýip, has beter gygyrysdylar. 24 Pilatus gep peýda bermän, gaýtam, galmagalyn barha artýandygyny görüp, suw aldy-da, märekänin önünde elini ýuwup: «Bu dogry Adamyn ganynyn dökülmeginde men ýazyksyz, galanyny özüniz bilýärsiniz» diýdi. 25 Hemme halaýyk hem jogap berip: «Onun ganyna biz, bizin çagalarymyz jogapkär!» diýdiler. 26 Sonda Pilatus Barabbasy bosatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemäge berdi.

Esgerlerin Isany masgaralaýsy

27 Onson häkimin esgerleri Isany hökümet kösgüne äkitdiler-de, bütin gosun bölümini Onun dasyna üýsürdiler. 28 Egin-esigini çykaryp, egnine gyrmyzy don geýdirdiler. 29 Tikenden täç örüp, basyna geýdirdiler-de, sag eline bir gamys berdiler. Önünde dyza çöküp: «Salam, eý ýehudylar patysasy» diýip, Ony masgaraladylar. 30 Onun üstüne tüýkürdiler, gamsy alyp, basyna urdular. 31 Ony masgaralanlaryndan son, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-esigini geýdirip, haça çüýlemäge alyp gitdiler.

Isa haça çüýlenýär

32 Dasaryk çykanlarynda, Simun atly kireneli bir adama satasdylar. Olar bu adamy Isanyn haçyny götermäge mejbur etdiler. 33 Golgata, ýagny «Kelleçanak» diýen ýere gelenlerinde, 34 Ona içirjek bolup, öt gatylan serap berdiler, ýöne Isa dadanyndan son, ony içmek islemedi. 35 Ony haça çüýlänlerinden son, bije atysyp egin-esigini özara paýlasdylar. 36 Onson ol ýerde oturyp, Ona garawullyk etdiler. 37 Depesinde bolsa: «BU ÝEHUDYLARYN PATYSASY ISADYR» diýen etmis ýazgysyny goýdular. 38 Onun bilen bile iki garakçy haça çüýlendi. Olaryn biri Isanyn sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady. 39 Geçip barýanlar baslaryny ýaýkap, Isa sögüp: 40 «Ybadathanany ýykyp-da, üç günde saljak Sen Özüni halas et! Hudaýyn Ogly bolsan, haçdan asak in!» diýisýärdiler. 41 Sunun ýaly, bas ruhanylar-da kanunçylar we ýasulular bilen Ony masgaralap, seýle diýisýärdiler: 42 Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär. Ol Ysraýylyn Patysasy bolsa, goý, häzir haçdan asak insin, biz-de Ona iman edeli. 43 Hudaýa sygynýardy. Hudaý Ony halaýan bolsa, goý, häzir Ony halas etsin, çünki Ol: „Men Hudaýyn Ogludyryn" diýýärdi». 44 Onun bilen bile haça çüýlenen garakçylar-da Ona edil sonun ýaly sögýärdiler.

Isanyn ölümi

45 Günortandan baslap, öýlän sagat üçe çenli bütin ýurda garanky düsdi. 46 Öýlän sagat üçlerde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Eli, Eli, lama sabaktani», ýagny: «Hudaýym, Hudaýym, näme üçin Meni terk etdin?» diýdi. 47 Ol ýerde duranlaryn käbiri muny esidenlerinde: «Bu Adam Ylýasy çagyrýar» diýisdiler. 48 Olaryn biri derrew ylgap, bir gubkany aldy-da, ony sirkeden dolduryp, içirjek bolup Isa uzatdy. 49 Beýlekiler-de: «Durun, görelin, Ylýas Ony halas etmäge gelýärmi?» diýisdiler. 50 Isa ýene gaty ses bilen gygyryp jan berdi. 51 Ine, ybadathananyn tutusy ýokardan asaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daslar ýaryldy. 52 Mazarlar açylyp, uka giden ençeme mukaddeslerin jesedi direldi. 53 Olar mazarlardan çykyp, Isanyn direlmeginden son, mukaddes sähere baryp, köplere göründiler. 54 Ýüzbasy we onun bilen bile Isa garawullyk edip duranlar bolsa ýer titremegini, bolan beýleki zatlary görenlerinde: «Dogrudan-da, bu Hudaýyn Ogly eken» diýsip, gaty gorkdular. 55 Isa hyzmat edip, Jelileden Onun yzyna düsüp gelen bir topar aýallar-da ol ýerdediler we uzakdan seredisip durdular. 56 Magdalaly Merem, Ýakupdyr Ýusubyn ejesi Merem we Zebedeý ogullarynyn ejesi olaryn arasyndady. Isanyn jaýlanysy 57 Agsam bolanda, Ýusup atly arimatiýaly bir baý adam geldi, onun özi-de Isanyn sägirtlerindendi. 58 Ol Pilatusyn ýanyna baryp, Isanyn jesedini diledi. Sonda Pilatus jesedin ona berilmegini buýurdy. 59 Ýusup-da meýidi alyp, Ony tämiz kepene dolap, 60 gaýanyn içinde gazan täze mazarynda jaýlady, mazaryn agzyna bolsa bir uly dasy togalady-da, gitdi. 61 Magdalaly Merem bilen beýleki Merem hem sol ýerde mazaryn garsysynda otyrdylar. 62 Ertesi, ýagny Taýýarlyk gününden sonraky gün bas ruhanylar we fariseýler Pilatusyn ýanyna ýygnanysyp, 63 seýle diýdiler: «Jenap, ol aldawçynyn entek dirikä: „Men üç günden son direlerin" diýeni bizin ýadymyzda. 64 Sonun üçin, mazaryn üçünji güne çenli saklanmagyny buýur, sägirtleri gije gelip, jesedi ogurlap, halka bolsa: „Ol direldi" diýäýmesinler. Bu sonky ýalan önküden erbet bolar». 65 Pilatus olara: «Sizin garawullarynyz bar, gidin-de, mazary bilsiniz ýaly sakladyn» diýdi. 66 Olar hem baryp, dasy möhürlediler-de, garawul goýup, mazary saklatdylar.

Isanyn direlisi

28:1 Sabat güni geçenden son, hepdänin ilkinji güni dan bilen magdalaly Merem we beýleki Merem mazary görmäge gitdiler. 2 Ine, birden ýer güýçli titredi, çünki Rebbin bir perisdesi Gökden indi we gelip, dasy bir çete togalady-da, onun üstünde oturdy. 3 Onun görnüsi ýyldyrym kimin, eginbasy gar ýaly akdy. 4 Garawullar gorkularyndan ýana sandyrasyp, öli kimin ýere ýykyldylar. 5 Perisde aýallara seýle diýdi: «Gorkman, çünki men sizin haça çüýlenen Isany gözleýändiginizi bilýärin. 6 Ol bu ýerde däl, aýdysy ýaly, direldi. Gelin, Rebbin ýatan ýerini görün. 7 Tiz gidip sägirtlerine: „Isa direlipdir, ine, sizden ön Jelilä barýar. Ony ol ýerde görersiniz" diýin. Ine, men size aýtdym». 8 Aýallar gorky hem satlyk bilen tiz mazaryn ýanyndan aýrylyp, habary Isanyn sägirtlerine bildirmek üçin ylgasdylar. 9 Onun sägirtlerine habar berjek bolup barýarkalar, Isa olara satasyp: «Salam!» diýdi. Olar hem ýakyna gelip, Onun aýagyna ýapysdylar, Ona sežde etdiler. 10 Onson Isa olara: «Gorkman, baryn, doganlaryma aýdyn, Jelilä gitsinler. Meni sol ýerde görerler» diýdi.

Garawullaryn getiren habary

11 Olar barýarkalar, garawullaryn birnäçesi sähere baryp, bolan ähli zatlary bas ruhanylara habar berdiler. 12 Olar-da ýasulular bilen ýygnanysyp maslahat geçirenlerinden son, esgerlere köp pul berip, 13 seýle diýdiler: «Halka: „Sägirtleri gije gelip, biz ýatyrkak, Onun jesedini ogurlapdyrlar" diýin. 14 Bu söz häkimin gulagyna baryp ýetse, biz ony ynandyryp, sizi ünjüden dyndararys». 15 Garawullar puly alyp, özlerine buýrulysy ýaly etdiler. Bu gürrün ýehudylaryn arasynda su güne çenli dowam edip gelýär.

In sonky tabsyryk

16 Sunluk bilen, on bir sägirt Jelilä ? Isanyn aýdan dagyna gitdi. 17 Isany görüp, Ona sežde etdiler, ýöne olaryn käbiri sübhelendi. 18 Isa hem ýanlaryna gelip, olara seýle diýdi: «Ähli ygtyýar ýerde-Gökde Mana berildi. 19 Sonun üçin, gidin-de, bütin milletleri sägirt edin, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhun ady bilen çokundyryn. 20 Size tabsyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwredin. Men dünýänin sonuna çenli sizin bilen bolaryn. Omyn».